Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Russiýa tarapyndan başlygy Arkadiý Dworkowiçi kabul etdi. Ol bu toparyň nobatdaky maslahatyna gatnaşmak üçin wekilçilikli rus toparyna ýolbaşçylyk edip Aşgabada geldi.
Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, milli Liderimize Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we RF-niň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň mähirli salamlaryny ýetirdi. Olar ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollapdyrlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny ýollap, Türkmenistan Russiýa bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine we ösdürilmegine uly ähmiýet berýär diýip belledi. Şol gatnaşyklar netijelilik, birek-biregiň bähbidine hormat goýmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanandyr.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman döwletara türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alyşdylar. Bu hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin esasda guralýan netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary amala aşyrmagyň, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň netijeli usuly hökmünde bilelikdäki hökümetara toparynyň eýeleýän orny aýratyn nygtaldy.
Şunda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň onuň ähli ugurlary boýunça ösüşiniň okgunly depgini bellenildi. Munuň şeýledigine iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň gyşarnyksyz ýokarlanmagy, şol sanda ýokary tehnologik maşyngurluşyk önümlerini ibermegiň hasabyna ösmegi, bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy, iri rus kompaniýalarynyň türkmen bazarynda uly işleri alyp barmagy, şeýle hem bilelikdäki ykdysady forumlary geçirmegiň tejribesi aýdyň şaýatlyk edýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen bir hatarda, hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlarynyň hatarynda ulag we telekommunikasiýalar, şeýle hem beýleki birnäçe pudaklar görkezildi.
Türkmenistanyň Prezidenti we myhman türkmen-rus gumanitar – medeni hyzmatdaşlyk, şol sanda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerine hem uly üns berdiler. Sport ulgamynda netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Bu ulgamyň ösdürilmegine ýurtlaryň ikisinde hem aýratyn ähmiýet berilýär.
Duşuşygyň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary türkmen döwletiniň Baştutanyna özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara ygrarly bolup galýandygyny tassyklady.
Türkmenistanyň Prezidenti we myhman hoşlaşanlarynda iki döwletiň we halklaryň bähbitlerine gabat gelýän türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.