Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy

view-icon 758
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnalan hasylyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede saklanyşy bilen tanyşmak üçin Ahal welaýatynyň Derweze etrabyndaky tohumlyk dänäni kabul ediş bölüminde we Gökdepe etrabyndaky pagta kabul ediş harmanhanasynda boldy.

Hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň etraplaryna guran iş sapary tohumçylyk işleri, galla ekişiniň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilişi bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler bilen tanyşlykdan başlandy.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzyň etegindäki Ahal welaýatynyň Derweze etrabyna degişli tohumlyk dänäni kabul edýän bölüminiň ýanynda gondy.

Bu bölümiň umumy meýdany 12 müň 500 inedödül metre barabar bolup, onda şu ýyl 1 müň 700 tonna bugdaý kabul edildi. Ol ýerde häzirki döwürde 500 tonna däne ýapyk desgada, 200 tonna galla bolsa açyk meýdanda saklanýar. Hormatly Prezidentimiz öňi bilen bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna syn etmekden başlady.

Bu ýerde tohumlyk dänäni arassalamak işleri birnäçe tapgyrlarda alnyp barylýar. Arassalamagyň ähli tapgyrlaryndan geçirilen tohumlyk galla ýörite agrotehniki çäre esasynda gurplandyrylýar we dänäniň kesele garşy durujylyk ukyby ýokarlandyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dürli görnüşli oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberini artdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirlen syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Bu toplumda soňky ýyllarda oba hojalygyny hemmetaraplaýyn we düýpli özgertmäge tarap alnan ugruň netijesinde oňyn ösüşler gazanyldy. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň işiniň has-da kämilleşdirilmegine gönükdirilen kanunlar kabul edildi. Şolaryň esasynda obada täze ykdysady gatnaşyklar kemala geldi, önümçiligi dolandyrmagyň häzirki zaman usullary we maliýe gurallary işjeň ornaşdyrylýar.

Gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen, daýhan birleşikleri, kärendeçiler we beýleki önüm öndürijiler häzirki zaman tehnikalary, dökünler, tohumlar ýaly zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Pudagyň düzüm birlikleri üçin häzirki zaman kuwwatly tehnikalary, kombaýnlar, oba hojalyk ekinlerini ekýän gurallar we beýleki enjamlar yzygiderli satyn alynýar. Kärendeçi daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmegi baradaky tagalla döwletimiziň hemişelik üns merkezinde durýar.

Şeýle hem ýurdumyzda gallaçylyk pudagynyň has-da ösdürilmegi ugrunda toplumyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýän döwrebap önümçilik desgalary hereket edýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman enjamlary we ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen kämil elewatorlar hereket edýär we olaryň täzeleriniň gurlyşygy güýçli depginde alnyp barylýar.

2011-nji ýylda Türkmenistan öz taryhynda ilkinji gezek azyklyk dänäni eksport edip başlady. Munuň özi döwlet ösüşi nukdaýnazaryndan ägirt uly ähmiýeti bolan taryhy wakadyr. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze döwrebap elewatorlaryň we degirmen toplumlarynyň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygyna giň gerim berildi. Şeýlelikde, bu işler “Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyz boýunça guraýan iş saparlarynda we Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, şeýle hem beýleki iş maslahatlarynda edermen daýhanlaryň der döküp kemala getiren hasylynyň göwnejaý saklanmagy babatda degişli ýolbaşçylara yzygiderli tabşyryklary berýär. Döwlet Baştutanymyz bu babatda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň we agrotehnikanyň talaplaryna laýyk derejede guralmagy ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini nygtaýar.

Ahal welaýatynyň Derweze etrabyndaky tohumlyk däne kabul ediş bölüminde alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu ýerde durmuşa geçirilýän çäreleriň guramaçylyk derejesi döwrüň talabyna we agrotehniki kadalara laýyk gelmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz dänäniň kabul edilişiniň, olaryň ekiş geçiriljek ýere ugradylyşynyň, umuman, harmanyň ýanaşyk ýerlerinde abadançylyk, arassaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy. Soňra milli Liderimiz tohumlyk dänäni ekiş meýdanlaryna ugratmak üçin tohumlyk gallanyň gaplanylyşy bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde tohumlyk galla agrotehniki kada laýyklykda gurplandyrylýar we olarda kesele durnukly bolar ýaly ýörite dermanlamak işleri geçirilýär. Bu işleriň häzirki döwrüň talaplaryna hem-de kadalaryna laýyk derejede guralmagynyň geljekki bol hasylyň ösdürilip ýetişdirilmegine uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, milli Liderimiz bu degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde galla saklanylýan ammara baryp gördi.

Hormatly Prezidentimiz galla saklanýan ammarlaryň häzirki zaman derejesinde bolmalydygyny, olaryň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmelidigini belläp, galla kabul edýän bölümlerde döwrebap desgalary gurmak boýunça degişli işleri geçirmegi oba dahylly ýobaşçylardan berk talap etdi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki galla saklanýan desgalaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmek şu günüň baş wezipesidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň yhlasly zähmetinden kemal bolan hasylyň göwnejaý gaýtadan işlenilmegi, esasan-da, tohumlyk dänäniň döwrüň talabyna laýyk derejede saklanylmagy, olarda ekişe taýýarlyk işlerini agrotehniki kadalara laýyk derejede geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu işlere hemişe gözegçilik etmek barada degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden Gökdepe etrabyndaky pagta kabul ediş harmanhanasyna tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyz dikuçarda Gökdepe etrabyndaky pagta kabul ediş harmanhanasynyň ýanaşyk ýerleriniň abadançylyk derejesiniň pesdigine, bu ýerlerde arassaçylyk işleriniň geçirilmändigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.

Milli Liderimiziň dikuçary harmanhananyň ýanynda gondy.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde bu ýerde alnyp barylýan işleriň gidişi, harmanhanada döredilen iş şertleri, onda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler bilen jikme-jik gyzyklandy. Harmanhananyň umumy 7 gektar meýdany bolup, onda 35 adam işleýär.

Soňky ýyllarda obasenagat toplumynda möhüm pudaklaryň biri bolan pagtaçylygyň ösdürilmegi, pagtaçy-kärendeçiler üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýygnalan hasyl üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegi, şeýle hem pagtanyň satyn alyş narhynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy “ak altyn” ussatlarynyň işe bolan höwesini artdyrdy we ýygnalýan hasylyň mukdarynyň ýokarlanmagyny şertlendirdi.

Döwletimiz kärendeçi daýhanlaryň ýer-suw, tehnika, tohum we dökün bilen bökdençsiz üpjün edilmegi, pudagyň kanynçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy ugrunda oňyn çäreleri durmuşa geçirýär. Bu bolsa ahyrky netijäniň gowulanmagyna ýardam edýär. Şu nukdaýnazardan gowaçanyň ekişinden onuň taýýar haryt görnüşine çenli bolan aralykdaky düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki döwrüde ýurdumyzyň ähli künjekleiinde pagta ýgymy gyzgalaňly alnyp barylýar. Hut şonuň üçin hem pagtaçy kärendeçileriň der döküp kemala getiren hasylynyň saklanylyşynyň, gaýtadan işlenilişiniň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini bellemek bilen, milli Liderimiz harmanhananyň arassaçylygyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Hasyl ösdürip ýetişdirýän daýhanyň, ony kabul edýän gullugyň hem-de gaýtadan işleýän önümçilik ulgamynyň işiniň utgaşykly sazlaşmagynyň örän wajypdygyny bellep, hormaty Prezidentimiz bu işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny degişli ýolbaşçylardan berk talap etdi.

Şeýle hem döwlet Başuttanymyz harmanhanada hereket edýän tehnikalaryň, terezileriň saz işlemegini üpjün etmek, pagtany bökdençsiz kabul etmek, onuň çäklerinde arassaçylygyň hem-de ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini nygtady.

Döwletimiziň ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, daýhanlaryň öndürijilikli zähmetiniň ýola goýulmagy, hasylyň satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy we kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi ugrunda yzygiderli alada edýändigini aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz bu işleriň talabalaýyk guralmagynyň zerurdygyna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz pudaga dahylly işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz milli baýlygymyz bolan pagtanyň, gallanyň ýetişdirilen hasylyny göwnejaý saklamak hem-de olary gaýtadan işlemek we haryt görnüşine getirmek bilen baglanyşykly işleriň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmekde ulgamyň işgärlerine, ýolbaşçylaryna üstünlikler arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Döwlet Baştutanymyz ýolugruna guşuçar belentlikden sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna syn etdi.

Şeýle hem milli Lilderimiz Aşgabat şäherinde häzirki döwürde giň gerimde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň gidişi bilen tanyşdy. Gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň gidişine syn etdi. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda paýtagtymyzda dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna giň gerim berildi. Munuň özi şähergurluşyk-binagärlik ulgamynyň okgunly ösüş depginine eýe bolýandygyny alamatlandyrýar. Bu künjekde alnyp barylýan işler ak mermere beslenen paýtagtymyzyň ösüşiniň uzak geljegi nazarlaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.