Ï Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

view-icon 772
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Niklas Lindkwistden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we oňa dostluk gatnaşyklaryny, döwletara hyzmatdaşlygy berkitmek işinde üstünlik arzuw etdi. Hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, ilçi öz gezeginde Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Sauli Waýnýamýo Niýnistýonyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna aýdan hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda ilçi Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri bilen özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmegi ugur edinýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem oňa ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän we türkmen döwletiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli taslamalar we özgertmeler maksatnamasy barada habar berildi. Hazaryň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän taslama aýratyn üns berildi. Milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işi duşuşygyň baş mowzugyna öwrüldi.

Özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, duşuşyga gatnaşyjylar birnäçe möhüm ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-gumanitar pudaklardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek barada aýtdylar. Oba hojalyk pudagy, bilim we syýahatçylyk ulgamlary özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. Parlamentara gatnaşyklaryny artdyrmagyň zerurdygy barada aýtmak bilen, Mejlisiň Başlygy we jenap Niklas Lindkwist özara gyzyklanma bildirilýän kanunçylyk işi boýunça pikir alyşmak bilen has ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň derwaýysdygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat Finlýandiýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirmek üçin taraplarda bar bolan mümkinçiliklere laýyklykda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ähli zerur şertleriň bardygyny nygtady.

* * *

Şeýle hem şu gün Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Niklas Lindkwist Türkmenistanyň Hökümetinde, şeýle hem Daşary işler ministrliginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde kabul edildi.