Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

view-icon 1131
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň wekilleri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýewe söz berdi, ol öz tabynlygynda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunylygyň berjaý edilmegine gözegçiligi amala aşyrýan düzümleriň geçirýän işleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, Aşgabat şäheriniň ozalky prokurory M.Garaýew barada gozgalan jenaýat işi boýunça geçirilen deslapky derňewiň barşynda anyklanan ýagdaýlar hakynda jikme-jik maglumat berildi.

Şonda bellenilişi ýaly, Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesinde işlän M. Garaýew 1993-nji ýylyň fewral aýyndan 2013-nji ýylyň awgust aýy aralygynda prokuratura edaralarynda dürli ýolbaşçy wezipelerde işläp, wezipeli adam bolup, öz gulluk ygtyýarlyklaryndan şahsy maksatlary üçin hyýanatçylykly peýdalanypdyr. Barlagyň netijesinde Türkmenistanyň kanunlarynyň gödek bozulandygyny, şol sanda para alnandygyny, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýynyň edinilendigini we gymmat bahaly awtoulaglaryň birnäçesiniň satyn alnandygyny görkezýän ýagdaýlar ýüze çykaryldy. Şol sanda köp aýallylygy tassyklaýan ýagdaý äşgär edildi. Neşe serişdeleriniň ulanylmagy ýüze çykarylan düzgün bozmalaryň hatarynda görkezildi.

M.Garaýewiň gulluk ygtyýarlyklaryndan şahsy maksatlar üçin peýdalanandygyny tassyklaýan mysallaryň biri hökmünde, 2013-nji ýylyň ýanwarynda onuň Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň jenaýat agtaryş bölüminiň başlygy W.Geräýewden dessin işleri geçirilende ulanmak üçin niýetlenip, hasapda duran iki sany awtoulagyň döwlet belgilerini talap edip alandygy görkezildi. Soňra şol döwlet belgileri “BMW-X-5” kysymly hususy awtoulag üçin ulanylypdyr.

Şeýle hem barlagyň barşynda daşary ýurt pullary görnüşinde örän köp pul (1 mln. 533 müň 500 amerikan dollary), altyndan we kümüşden edilen gadymy, gymmat bahaly we 157 müň amerikan dollaryna barabar bahaly şaý-sepler ýüze çykaryldy. Şeýle hem M.Garaýewe Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerleşýän has oňaýly we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan 160-njy jaýdaky 70-nji oý, şeýle hem “BMW-X-5” we “Toýota Korolla” kysymly awtoulaglar gozgalmasyz edildi.

Baş prokuroryň aýtmagyna görä, şü düzgün bozmalar ejir çekenleriň we şaýatlaryň görkezmeleri bilen dolulygyna tassyklandy. Baş prokuraturanyň ýolbaşçysy M.Garaýewiň özüne bildirilen günäni doly boýun alyp görkezme berendigini belledi.

Soňra hasabat bermegiň barşynda M.Garaýewiň “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygynyň ýardam bermegi bilen ýol berlen düzgünbozmalar barada aýdyldy.

Şonda M.Garaýew Aşgabat şäheriniň prokurorynyň wezipesinde işlän döwründe öz gulluk ygtyýarlyklarynyň çäginden göz-görtele çykmak we guramalaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini düýpli bozmak arkaly, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy Ý.Çaryýewden “Balkangallaönümleri” önümçilik birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine öz garyndaşy T.Garaýewi işe almagy talap edipdir.

Galyberse-de, M.Garaýew öz wezipe ygtyýarlyklaryndan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda bag ekmek hakyndaky Kararlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça prokuror barlagy geçirilen mahalynda Ý.Çaryýewiň haýyş etmegine görä, ýol berlen kemçilikleri ýaşyrypdyr. Hususan-da, şol barlagyň netijeleri boýunça hasabat taýýarlanyldy, şonda 115 müň 547 düýp agaç nahallarynyň ýetmezçilik edýändigi görkezilmändir.

Şeýle hem Türkmenistanyň Baş prokuraturasy “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginde we onuň garamagyndaky düzümlerde bar bolan düzgün bozulmalardan başga-da, birnäçe ýetmezçilikleri ýüze çykardy.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory M.Garaýewiň “Türkmenpagta” döwlet konserniniň ýolbaşçysynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasarynyň ýardam bermeginde eden jenaýatçylykly hereketi barada habar berdi.

Şeýlelikde, 2011-nji ýylyň iýun aýynda M.Garaýew Daşoguz welaýatynyň prokurory wezipesinde işlän döwründe Daşoguz welaýatynyň Gubadag we S.A.Nyýazow adyndaky etraplarynyň Ak altyn söwda-pagta arassalaýjy kärhanasynyň işgärlerinden umumylykda 25 müň amerikan dollaryny para alypdyr.

Mundan başga-da, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygynyň we Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary A.Seýitgulyýewiň ýardam bermeginde para görnüşinde alnan serişdeleriň hasabyna Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky 70-nji jaýdan ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan, umumy bahasy 550 müň 371 manat bolan öýi satyn alypdyr we ony garyndaşynyň adyna resmileşdiripdir.

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň barlagynyň barşynda başga-da birnäçe düzgün bozmalar we “Türkmenpagta” döwlet konserninde hem-de onuň düzümleýin bölümlerinde bar bolan kemçilikler ýüze çykaryldy.

Soňra Baş prokuror döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunçylygy üpjün etmek, prokuratura işgärleriniň gullugy, durmuşy we dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi we Watanymyza päk ýürekden hyzmat edip, mukaddes borçlaryna wepaly boljakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyny we jogapkärlidigini belledi hem-de Watanynymyza we halkymyza wepaly gulluk etmäge, adalatlylygyň hem-de kanunçylygyň goragynda berk durmaga taýýar işgärleri seçip almagyň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň işi babatda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada durup geçip, işde goýberen kemçilikleri we wezipe borçlaryny şahsy bähbidi üçin ulanandygy sebäpli, Ý.Çaryýewi şu birleşigiň başlygy wezipesinden boşadýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz işde goýberen düýpli kemçilikleri we wezipe borçlaryny şahsy bähbidi üçin ulanandygy sebäpli, H.Annamyradowy “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatdy.

Soňra milli Liderimiz wise-premýer A.Ýazmyradowa ýüzlenip, onuň gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işinde birnäçe kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz garamagyndlaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, hökümet Baştutanynyň orunbasaryna berk käýinç yglan etdi. Milli Liderimiz ýol berlen kemçilikler gysga wagtyň içinde düzedilmese, onda wise-premýeriň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdy we degişli Buýruga gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary A.Seýitgulyýewi eýeleýän wezipesinden boşatmak baradaky Karara gol çekdi.

Mejlisi dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselä geçdi. Milli Liderimiz “Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Ý.Öwezgylyjowy Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary wezipesinden hem-de A.Meredowy Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow A.Rozyýewi Balkan welaýatynyň prokurory wezipesinden we N.Arrykowy Mary welaýatynyň prokurory wezipesinden boşadyp, degişli resminamalara gol çekdi.

Soňra milli Liderimiz P.Akmämmedowy Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň prokurory wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz J.Welihanowy Ahal welaýatynyň prokurory wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň prokurory wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz M.Atageldiýewi Balkan welaýatynyň prokurory wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň prokurory wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz I.Babaýewi Daşoguz welaýatynyň prokurory wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň prokurory wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň prokurory wezipesine S.Berkeliýewi belläp, ony Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň prokurory wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynyň prokurory wezipesine B.Kuliýewi belläp, ony Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň prokurory wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň prokurorlaryny bellemek hakyndaky Permanlara gol çekip, olara işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Öz nobatynda, wezipä bellenilen prokurorlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, özleriniň wezipe borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirjekdiklerine, halkymyza we Watanymyza wepaly gulluk etjekdiklerine milli Liderimizi ynandyrdylar.

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek boýunça geçirilýän işler, şeýle hem içeri işler edaralarynyň hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça görýän çäreleri barada çykyş etdi. Şeýle hem milli Liderimiz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada jikme-jik gürrüň edildi.

Hususan-da, içeri işler ministri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowyň giýewisi E.Garlyýewiň hukuk tertibini bozandygy barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, ol hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine boýun bolman, bidüzgünçilik edipdir. Mundan başga-da, wise-premýer H.Muhammedowyň ogly Ş.Muhammedow öz ýoldaşlary bilen jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň düzgünlerini bozup, bitertiplik edipdir hem-de urşupdyr. Hasabatda bellenilişi ýaly, onuň tertip-düzgüni bozan halatlary başga-da bolupdyr. Şeýle ýagdaýlar onuň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alan döwründe, şeýle hem uçarda uçup barýan mahaly hem hasaba alnypdyr. Uçuş mahaly ol öz dogany O.Muhammedow bilen uçarda özüni alyp barmagyň kadalaryny bozup, bidüzgünçilige ýol beripdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, başga işe geçmegi sebäpli H.Muhammedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy wezipelerinden boşatdy.

Soňra içeri işler ministri Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň işini barlamagyň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etraby boýunça döwlet salgyt gullugynyň şahsy taraplary barlag bölüminiň başlygy B.Atajykow 2013-nji ýylyň 7-nji awgustynda paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň çäginde neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynda güman edilip saklanyp, onuň ýanynda neşe serişdesi bolan tirýegiň 2,6 gramy, şeýle hem ABŞ-nyň 3 müň dollary we 570 manat nagt pul tapylyp alyndy. Bulardan başga-da, howa menziliniň awtoduralgasynda duran, B.Atajykowa degişli “Lexus ES 330” kysymly, AP 77-81 AG döwlet belgili awtoulagyndan neşe serişdesi bolan tirýegiň 1 gramy tapylyp alyndy. Şunuň bilen baglylykda, bu ýagdaýlar boýunça jenaýat işi gozgalyp, onuň ýaşaýan öýünden jenaýatçylyk ýoly bilen gazanylan ABŞ-nyň 129 440 dollary we umumy bahasy 114 552, 46 manatlyk 64 sany dürli görnüşli altyn şaý-sepleri tapylyp alyndy.

Mundan başga-da, deslapky derňewiň dowamynda B.Atajykowyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etraby boýunça döwlet salgyt gullugynyň başlygy B.Bekiýewe özüniň ýolbaşçylyk edýän bölüminde alnyp barylýan işlere gözegçilik etmezligi üçin ABŞ-nyň 1800 dollaryny hem-de 1200 manady para berendigi anyklanyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bu ugurda geçirilen barlaglaryň barşynda döwlet salgyt gullugynyň wezipeli işgärleriniň öz wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanyp, döwlet emlägini eýeländigini tassyklaýan ýagdaýlaryň birnäçesi ýüze çykaryldy. Şol adamlaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň salgyt gullugynyň başlygy Ş.Annaýarow; Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň salgyt gullugynyň başlygy G.Meretgulyýew we şol etrabyň salgyt gullugynyň ykdysadyýetçisi, uly döwlet salgyt inspektory A.Akmämmedow; Daşoguz şäheriniň salgyt gullugynyň döwlet salgyt inspektory I. Hojaýew we şol şäheriň salgyt gullugynyň birinji derejeli hünärmeni A.Arazmedow hem-de şahsy taraplary barlag bölüminiň salgyt inspektory B.Nurbaýew; Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň salgyt gullugynyň barlaglar bölüminiň döwlet salgyt inspektory S.Amanow; Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň salgyt gullugynyň barlagdy bölüminiň döwlet salgyt inspektory H.Hudaýbergenowa we şol etrabyň salgyt gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji B.Jepbarow; Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň salgyt gullugynyň barlaglar bölüminiň 1-nji derejeli hünärmeni B.Ýegenbergenow; Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň salgyt gullugynyň uly döwlet salgyt inspektory I.Durdyýew; Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň salgyt gullugynyň uly döwlet salgyt inspektory A.Hudaýbergenow görkezildi. Ýokarda agzalan 14 döwlet salgyt gullugynyň işgärleriniň garşysyna Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň degişli maddalary bilen jenaýat işleri gozgalyp, olar jenaýat jogapkärçiligine çekildi.

Içeri işler ministriniň hasabat berşi ýaly, döwlet salgyt gullugynyň işgärleriniň neşe serişdelerini ulanýandyklaryna barlag geçirilende, agzalan gullugyň dört işgärinde neşe serişdeleriniň alamatlarynyň bardygy ýüze çykarylyp, olar eýeleýän wezipesinden çetleşdirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, işde düýpli kemçilikleri goýberendigi üçin A.Mämikowy Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy wezipesinden boşatdy.

Şeýle hem Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň häkiminiň işi boýunça geçirilen barlagyň netijeleri barada aýdyldy. Hasabat berlişi ýaly, derňewiň barşynda bu etrabyň häkimi Ç.Öwezow 2012-nji ýylyň iýun aýyndan bäri eýeleýän wezipesinde işläp gelmek bilen, şol ýylyň oktýabr aýynda wezipeli adama ABŞ-nyň 600 müň dollaryny para berip, Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine bellenmek barada netijä gelip, Türkmenabat şäheriniň ýaşýjylary P.Öwezowyň we R.Rahmanowyň üsti bilen Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy G.Nazarowa ABŞ-nyň 300 müň dollaryny para berendigi, onuň hem öz gezeginde ol puly öň hem kezzapçylyk edip, kazyýet jogapkärçiligine çekilen S.Rahimowa berendigi ýüze çykaryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň häkimi Ç.Öwezowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam etmek bilen, düýpli kemçiliklere ýol berendigi üçin D.Akmyradowy Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň başlygy wezipesinden boşatdy. Şu wezipä Ý.Söýegow bellenildi.

Soňra milli Liderimiz wise-premýer A.Ýegeleýewe ýüzlenip, onuň gözegçilik edýän pudaklarynda köp sanly kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde işler ýaramaz alnyp barylýar, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň işinde ýetmezçilikler bar. Şeýle hem milli Liderimiz Awtomobil ulaglary ministrliginiň işiniň hem talaba laýyk guralmandygyny hem-de gözegçilik edilýän pudaklarda möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň talaba laýyk alnyp barylmaýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolagçylara hyzmat edilişiniň hiliniň pesdigini belläp, birentek halatlarda ýolagçylaryň ýol petekleri bilen ýeterlik derejede üpjün edilmeýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işde goýberilen kemçilikler babatda nägilelik bildirip, A.Ýegeleýewi Ministrlder Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakynda degişli Permana gol çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz P.Taganowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda meseleleri boýunça orunbasary wezipesine belledi, şol bir wagtyň özünde P.Taganow Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji edilip bellenildi hem-de Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň wezipesinden boşadyldy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.Satlykowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk meseleleri boýunça orunbasary wezipesine bellemek hem-de ony jemagat hojalygy ministri wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.

“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine N.Sapardurdyýew bellenildi.

“Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy wezipesine M.Ataýew bellenildi.

Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirmek şol gullugyň başlygynyň orunbasary Ş.Hümmedowyň üstüne ýüklenildi.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine K.Durdymyradow bellenildi.

Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministriniň wezipesini ýerine ýetirmek Türkmenistanyň jemagat hojalyk ministriniň orunbasary A.Rejepowyň üstüne ýüklenildi.

Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň häkiminiň wezipesini ýerine ýetirmek şu etrabyň häkiminiň orunbasary B.Joraýewe tabşyryldy.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol şu ýylda Ýaşulularyň Daşoguz şäherinde geçiriljek maslahatyna taýýarlyk görmegiň barşy barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli parlamentiň ýolbaşçysy maslahatyň guramaçylykly geçirilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrylmak barada gürrüň berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ýaşulularyň maslahatyna ykjam taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, bu ählihalk forumyny geçirmegiň ýörelgesiniň çuňňur taryhy köklere eýedigini belledi. Mälim bolşy ýaly, asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň arasynda ähli möhüm meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmak arkaly, durmuşda baý tejribe toplan we watandaşlarymyzyň arasynda uly at-abraýa eýe bolan hormatly ýaşulularyň pikirine gulak asmak asylly ýörelge bolup gelýär. Häzirki wagtda, täze taryhy eýýamda, hakykatdan-da, bu demokratik ýörelge türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda mynasyp orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde uly sarpa goýulýan ýaşulularyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna, türkmen topragynda ýaýbaňlandyrylan uly möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşyp, ýaşlara watançylyk, zähmet we ruhy-ahlak terbiýe bermek işine uly goşant goşýandygyny belledi.

Milli Liderimiz Ýaşulularyň maslahatynyň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli bolan hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de oňyn ösüşi, tutuş türkmen halkynyň abadançylygy we bagtyýar durmuşy üçin wajyp ähmiýetli meseleleriň goşuljakdygyny belläp, bu maslahaty guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirmek maksady bilen ähli çäreleriň görülmeginiň möhümdigini aýtdy.

Soňra mejlise çagyrylan Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew Daşoguzda geçiriljek Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyna görülýän taýýarlyk işleriniň barşy we onuň gün tertibi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi bilen baglanyşykly möhüm ähmiýeti bolan meselelere garaljak ählihalk maslahata görülýän taýýarlyk çärelerine örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Ýaşulular maslahaty Türkmenistanyň jemgyýetçilik-döwlet gurluşynda möhüm orny eýeleýändigini we onuň nesilleriň we döwrüň arabaglanyşygyny, türkmen halkynyň paýhasly pederleriniň däplerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş düzümine degişli täze binalaryň toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegine taýýarlyk görmegiň barşy barada hasabat berdi.

Hazaryň türkmen kenar ýakasynda täze binalaryň gurulmagy netijesinde, halkara syýahatçylyk merkezi ýurdumyzyň dürli künjeklerinden we daşary ýurtlardan gelýän myhmanlary kabul etmek boýunça mümkinçiliklerini has-da giňelder. Türkmenistanyň Mejlisiniň buýurmasy boýunça köpugurly “Berkarar” dynç alyş merkezi hem-de 12 gatly kaşaň myhmanhanalaryň ikisi guruldy. Bularyň birinjisi – “Seýrana” myhmanhanasy Türkmenistanyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň işgärleri üçin bina edildi. Ýokary derejeli “Täjir” atly myhmanhana bolsa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guruldy.

Şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmagyň çäklerinde bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň sütüni guruldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşy diňläp, syýahatçylyk pudagyny we dynç alyş ulgamyny ösdürmegiň häzirki döwürde Türkmenistanyň döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň tebigy we taryhy-medeni kuwwatynyň şu ugur boýunça özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak üçin örän giň mümkinçilikleri döredýändigini nygtady. “Dynç alşyň dürdänesine”, sebitiň iri işewürlik we medeni merkezine öwrülýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy muňa oňat mysal bolup biler.

Döwlet Baştutanymyz Hazaryň kenar ýakasynda täze desgalaryň açylmagy mynasybetli ähli çäreleriň guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirilmeginiň üpjün edilmelidigini aýdyp, wise-premýere bu şanly waka göwnejaý taýýarlyk görülmeligini tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa öz gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýerine ýetirijileriň we zehinli çagalaryň arasynda guralýan Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň jemlerini jemlemek hem-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda sylaglamak dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyza bäsleşige hödürlenen edebi, saz, çeperçilik, amaly-haşam we sahna eserleriniň, makalalaryň jikme-jik gözden geçirilişi bilen baglanyşykly işler barada habar berdi. Hünärmenler topary tarapyndan abraýly baýraklar ugrunda hödürlenen işleriň mazmuny, ideýa-çeperçilik derejesi seljerildi hem-de olaryň içinden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyk gelýän awtorlyk eserleri, toparlaýyn taslamalar seçilip alyndy. Tutuşlygyna alnanda, 11 ugur boýunça has mynasyp eserler kesgitlenildi. Şunlukda, şu ýyl bäsleşige hödürlenen işleriň sanynyň has-da artandygyny aýratyn bellemeli. Munuň özi ýurdumyzyň medeniýetiniň gülläp ösýändiginiň we döredijilik durmuşynyň işjeňleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bäsleşigiň jemleri we onuň ýeňijilerini yglan etmek, şeýle hem döredijilik bäsleşiginiň baýraklaryny gowşurmak dabarasyny geçirmek boýunça degişli resminamanyň taýýarlanylyşy barada hem hasabat berildi. Baýraklaryň gowşurylyş dabarasy Hazaryň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň aýdym-saz merkezinde bolar we ol Türkmenistanyň Garassyzlygynyň 22 ýyllygynyň baýramy mynasybetli guraljak çäreleriň şanly wakalaryny özünde jemläp.

Hasabaty diňläp we milletiň ruhy gymmatlykaryny goramakda, ýaşlaryň estetiki taýdan terbiýelenmeginde, Türkmenistanyň häzirki zaman gazananlaryny wagyz etmekde medeniýet ulgamyna hem-de habar beriş serişdelerine ägirt uly ornuň degişlidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baýramçylyk dabaralarynyň guramaçylyk derejesine aýratyn ünsi çekdi. Gojaman Hazaryň kenarynda dürli döredijilik ugurlarynyň ýüzlerçe wekillerini, ýaş höwesjeň artistleri hem-de zehini çagalary özünde jemleýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak mynasybetli geçirilýän çäreleriň möhüm ähmiýete eýedigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýeňijileri sylaglamak dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Häzirki döwürde medeniýet işgärlerine halkyň taryhy we medeni ýadygärliklerini gorap saklamak, ony dowam etmek hem-de geljek nesillere geçirmek ýaly möhüm wezipe ýüklenýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Çünki olaryň esasy işi ýurdumyzyň okgunly ösüşine, onuň döredijilik we çeperçilik serişdeleriniň peýdalanylyşyna işjeň gatnaşmakdan ybaratdyr we bu ugurda täzeçil çözgütler hem-de çemeleşmeler zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Biz her ýylda döredijilik toparlarynyň iň mynasyplaryny, öz işiniň ussatlaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimiziň gülläp ösmegine goşant goşmaga ägirt uly höwesi bolanlary sylaglaýarys diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz olaryň zähmetleriniň şeýle ýokary derejede ykrar edilmeginiň jemgyýetiň döredijilik mümkinçilikleriniň doly derejede durmuşa geçirilmegini, zehinleriň ýüze çykarylmagyny we olara goldaw berilmegini, ýurdumyzyň dünýäniň medeni we maglumat giňişligine doly derejede goşulyşmagyny şertlendirýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini dowam edip, soňky ýyllarda ýurdumyzda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şerti hökmünde jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunylygy we hukuk tertibini berjaý etmek boýunça uly işleriň geçirilendigini aýtdy. Milli Liderimiz döwletimiziň hukuk esaslarynyň has-da berkidilendigi we onuň kanunçylyk binýadynyň düýpli özgerdilendigini nygtap, bu ugurda geljekde hem netijeli işleriň alnyp baryljakdygyny belledi. Biziň maksadymyz diňe bir ykdysady taýdan kuwwatly döwleti däl-de, eýsem, milli aýratynlyklarymyzy, ýurdumyzyň raýatlarynyň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny nazara alyp, güýçli hukuk döwletini döretmekden ybaratdyr. Biziň köpasyrlyk taryhy bolan halkymyzyň milli däp-dessurlary ýaly, kanunlarymyz hem örän ýönekeýdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

-- Şol däp-dessurlarda ogurlyk etmän, özgäniň malyna göz gyzdyrman, jemgyýetçilik tertibini bozman ýaşamalydygy, asudalygy saklamalydygy, goňşyňa ýaman göz bilen garamaly däldigi, halal zähmetiň bilen gazanç etmelidigi, öz çagalaryňa oňat terbiýe bermelidigi, olara däp-dessurlary berjaý etmegi öwretmelidigi barada aýdylýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde adamlaryň dünýägaraýşy hem özgerdi we has kämilleşdi. Olar erkin we özbaşdak durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar, Garaşsyzlygyň olara näme berýändigini we geljekde näme berjekdigini, öz ykbalyna nähili täsir etjekdigini duýdular. Kanuna we wyždanyňa görä ýaşamak, ak ýürekli, döredijilikli we joşgunly zähmet çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek raýatlarymyzyň aglabasy üçin kada öwrüldi. Zähmet raýatlarymyz üçin ussatlygyň we jemgyýetde özüňi ykrar etdirmegiň hakyky mekdebidir, maşgalanyň bolelin we abadan durmuşda ýaşamagynyň çeşmesidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Emma, gynansak-da, Baş prokuroryň hasabatyndan görnüşi ýaly, hukuk goraýjy edaralaryň käbir işgärleriniň we aýry-aýry hojalyklaryň ýolbaşçylarynyň bikanun we ahlaksyz hereketlerine gabat gelýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy. Olaryň kesekiniň emlägini gorkuzyp alýandyklaryna heniz hem duşýarys. Bu bolsa, halkyň öňünde olaryň abraýyny gaçyrýar. Prokuratura edaralarynyň käbir ýolbaşçylary kanunyň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň deregine, özleri bikanun hereketleri edýärler. Bu bolsa, hukuk goraýjy edaralaryň ähli işgärleri üçin örän erbet we abraýdan düşürýän ýagdaýdyr. Beýleki hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri öz wezipe borçlaryna laýyklykda şunuň ýaly ýol berilýän kanun bozulmalaryň öňüni almaga borçludyrlar. Emma bu edaralaryň käbir işgärleriniň şeýle kanun bozulmalary gizländikleri örän gynandyrýar. Eden şeýle hereketleri üçin, olar öz mynasyp jezasyny hem aldylar. Biz şeýle abraý getirmeýän ýagdaýlar bilen hiç wagt ylalaşyp bilmeris. Kanun bozulmalaryň garşysyna bütin jemgyýet bolup alnyp barylýan göreşi geljekde has-da güýçlendireris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hukuk goraýjy edaralaryň düzüminde mynasyp adamlaryň işlemeklerini gazanmagyň we olaryň işini talaba laýyk guramagyň zerurdygyny belledi. Bu edaralaryň işgärleriniň hataryny wezipe ygtyýarlyklaryndan peýdalanyp, para alýan adamlardan doly arassalamak wezipesi gaýra goýman iň berk çäreleri görmegi talap edýär. Hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary öz garamagyndaky edaralarda işgärleri seçip almak we ýerli-ýerinde goýmak boýunça alnyp barylýan işleri düýpli gowulandyrmaly. Işgärlerden edilýän talaby ýokarlandyrmaly. Şahsy düzüm bilen ideýa-terbiýeçilik işlerini yzygiderli geçirmeli. Şol bir wagtda hem öz işini oňat ýerine ýetirýän, birkemsiz gulluk edýän işgärleriň wezipesini we derejesini ýokarlandyrmak arkaly olary höweslendirip durmaly. Oňat işleýän işgärleri döwlet sylaglaryna hödürlemeli, şeýle hem olary ahlak we maddy taýdan höweslendirmek çärelerini giňden ulanmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hukuk goraýjy edaralaryň üstüne aýratyn möhüm wezipäniň ýüklenendigini aýdyp, ýurdumyzyň islendik ýerinde şahsyýetiň eldegrilmesizligi barada döwletimiziň edýän aladasyny adamlaryň duýmaklary we kanuny bozan islendik adamyň mynasyp jeza çäresinden sypmajakdygyny anyk bilmekleriniň köp derejede hukuk goraýjy edaralaryň alyp barýan işine baglydygyny nygtady. Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen, raýatlarymyzyň howpsuz, asuda we abadan durmuşda ýaşamaklary, parahat, döredijilikli zähmet çekmekleri we oňat dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmelidirler, raýatlarymyzyň şahsy emläginiň goralmagyny üpjün etmelidirler diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Bu gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz hukuk goraýjy edaralaryň alyp barýan işinde esasy wezipäniň jenaýatyň öňüni almakdan ybaratdygyny nygtady. Bu edaralaryň işgärleri adamlar bilen ýakyndan işleşmelidirler, kanunçylygy giňden we hemmetaraplaýyn wagyz etmelidirler, raýatlarymyza kanunlara boýun bolmagy netijeli öwretmelidirler. Şeýle hem, olar jemgyýete ters gelýän islendik hereketleriň we bolup biljek jenaýatlaryň öňüni almalydyrlar, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmalydyrlar. Hukuk goraýyş işiniň esasy maksady kanunlaryň, adalat ýörelgeleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün etmekden, hukuk bozmalaryň öňüni almakdan ybaratdyr. Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň özleri kanuna boýun bolmagyň, ýokary ahlak kadalaryny berjaý etmegiň göreldesini görkezmelidirler. Bu edaralaryň işgärleriniň kalby, eli we ýüregi arassa bolmalydyr! Olar ýaramaz zatlardan, erbet niýetlerden daşda durmalydyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Elbetde, bu işe jemgyýetçilik guramalary, jemgyýetimiziň ähli güýçleri işjeň gatnaşsa, kanunylygy we hukuk tertibini berjaý etmek has doly üpjün ediler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz olar öz alyp barýan ideýa-terbiýeçilik işleriniň hukuk tarapyna ünsi güýçlendirseler, jemgyýetçilik aňyny ösdürmek arkaly hukuk terbiýesini täze derejä çykarsalar maksadalaýyk bolar diýip belledi. Milli Liderimiz jenaýatçylyga garşy aýgytly göreş alyp barmagyň, edilen jenaýat üçin jezanyň gutulgysyzlyk ýörelgesiniň bökdençsiz hereket etmegini, doly aç-açanlyk we adalatlylyk esasynda amala aşyrylmagyny gazanmagyň zerurdygyny nygtady. Gadymy döwürlerden bäri mähriban halkymyz halal bilen haramy tapawutlandyrmagy başarypdyr. Jemgyýetde näme etmäge ygtyýar berilýändigine we näme etmeli däldigine anyk göz ýetiripdir. Gadagan edilen zatlaryň gowulyga eltmejekdigini, soňra ökünmeli boljakdygyny hem-de köp sanly bela-beteriň üstünden eltjekdigini bilipdir. Özge bir adamyň betbagtçylygy hiç wagt beýleki bir adamy bagtly etmez. Islendik erbet zady zorluk ulanyp ýok edip bolmaz. Milli mukaddesliklerimiziň esasynda alnyp barylýan netijeli we asylly terbiýeçilik işlerini erbet zatlaryň garşysyna goýmak wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şunuň ýaly terbiýeçilik çärelerini çagalar baglaryndan geçirip başlamagyň, terbiýeçilik çärelerini mekdeplerde, çagalar edaralarynda we köşklerinde, sport mekdeplerinde, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde alyp barmaga aýratyn üns bermegiň möhümdigini nygtady. Biziň ýaşlarymyzyň sözüň doly manysynda sowatly we ýokary terbiýeli nesil bolup ýetişmegini, dünýä ylmynyň, tehnikasynyň we medeniýetiniň gazananlarynyň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşmaklaryny gazanmak maksady bilen, ähli şertleri döretmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Ylma we bilime daýanyp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň we umumyadamzat gymmatlyklarynyň esasynda ýaşlara bilim we terbiýe bermek boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek möhümdir. Şonuň bilen birlikde, ýaşlaryň syýasy we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak hem örän möhüm wezipeleriň biridir. Bu bolsa, mekdep okuwçylarynyň hukuk bilimleriniň giňelmegine we bu bilimleri özleşdirmegine mümkinçilik döreder. Ýaşlarda işjeň raýat garaýşynyň kemala gelmegine, okuwçylaryň öz hukuklaryna we borçlaryna aň-düşünjeli garamaklaryna has oňat ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Şonuň bilen birlikde, terbiýeçilik işinde, ilkinji nobatda, milli gymmatlyklarymyzdan we bähbitlerimizden ugur alynmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz mähriban halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan we döreden ruhy hem-de maddy gymmatlyklary, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ýörelgeleri, jemgyýetçilik pikiriniň güýji, asylly maşgala däpleri, ululara hormat goýmak, ata-enäni sylamak, myhmansöýerlik, lebzihalallyk, adalatly bolmak ýörelgeleri ýaşlara berilýän terbiýäniň esasyny düzmelidir diýip nygtady. Jemgyýetimiziň demokratik kadalary we ýörelgeleri, psihologiýasy, nesilleriň sazlaşykly gatnaşygy, hoşniýetlilik, açyklyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, halkymyza mahsus özboluşly aýratynlyklar, gözellige söýgi, edermenlik – beýleki köp sanly ajaýyp häsiýetler bilen bir hatarda, biziň zähmetsöýer we döwlet gurujy halkymyzyň milli aýratynlyklarynyň düýpli esaslarydyr. Biziň milli gymmatlyklarymyz umumyadamzat gymmatlyk ölçegleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Şoňa görä-de, biz milli gymmatlyklarymyza örän uly hormat goýmalydyrys. Bu gymmatlyklary aýawly saklamak we baýlaşdyrmak biziň esasy wezipämizdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň aň-düşünjesini özgertmekde, olary açgözlük, göriplik, göwniçökgünlik ýaly ýaramaz häsiýetlerden gutarnykly saplamakda, şeýle hem ruhy-ahlak we gözellik terbiýesini bermekde medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň möhüm ornunyň bardygyny nygtady. Medeniýet, edebiýat we sungat işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri adamyň aňyna täsir etmek, şahsyýetiň ruhuny götermek bilen birlikde, beýik we asylly ideýalary işjeň wagyz etmelidirler, ýaşlarymyzy halkymyzyň iň gowy däpleri esasynda terbiýelemäge ýardam bermelidirler. Döredijilik işgärleri halkymyzyň örän baý taryhy-ruhy mirasyny aýawly saklamalydyrlar, yzygiderli ösdürmelidirler we geljekki nesillerimize ýetirmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, olaryň metbugatyň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen okyjylara, tomaşaçylara we diňleýjilere döwletimiziň kanunlaryny has doly we giňişleýin düşündirmelidigini nygtady. Olar möhüm hukuk meseleleri boýunça maslahatlary guramalydyrlar, kanunylygy pugtalandyrmak we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça özleriniň alyp barýan jogapkärli hem-de kyn işleri barada makalalary we oçerkleri çap etmelidirler. Köpçülikleýin habar serişdeleri bolsa, bu işde olara ýardam bermelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

-- Döwlet Baştutany hökmünde, men ähli döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryny düzgün-nyzamy we jogapkärçiligi pugtalandyrmak meselesine aýratyn üns bermäge, bu möhüm meselä geçirilýän maslahatlarda we ýygnaklarda seretmäge borçly edýärin. Döwlet we häkimiýet edaralary eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi we mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy ugrunda ähli raýatlarymyzyň öz borçlaryny ýerine ýetirmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döretmelidirler. Sebäbi, berk düzgün-nyzam we jemgyýetçilik tertibi bolmasa, döwletiň esaslary pugta bolmaz. Her bir raýatyň öz borçlaryna we halkymyzyň bähbitlerine jogapkärçilikli çemeleşmegi demokratik, ynsanperwerlik we adalat ýörelgelerini has doly üpjün etmek üçin pugta binýady döredýär, şahsyýetiň hakyky erkinligini kepillendirýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky meselä geçip, biz durmuşymyzyň ähli ugurlarynda  ykdysadyýetde, medeniýetde, bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyryp başladyk diýip belledi. Häzirki döwürde bu özgertmeleriň eýýäm käbir netijeleri berip başlandygy aýdyň görünýär. Ýurdumyzy ösdürmekde belli bir tapgyry geçendigimizi hem aýdyp bolar. Ýöne, bu ugurda mundan beýläk-de dogry ýol bilen öňe gitmek üçin biz ýerlerdäki  etraplardaky we şäherçelerdäki ýagdaýa anyk göz ýetirmelidiris. Kabul eden çözgütlerimiziň ýerlerde nähili ýerine ýetirilýändigini, haýsy etraplarda özgertmeleriň umumy maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýandygyny, haýsy etraplaryň bolsa bu ugurda yza galýandygyny bilmelidiris. Bu meselede nämelere aýratyn üns berilmelidigini, aýry-aýry etraplarda haýsy ugurlar boýunça özgertmeleri çaltlandyrmalydygyny düýpli öwrenmelidiris. Ilatyň ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligini we durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýyny anyk bilmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

- Ýöne, esasy zat bolsa, özgertmeleri amala aşyrmak üçin biziň kabul eden maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmek boýunça häkimlikleriň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nähili netijeli işleri alyp barýandyklaryna, olaryň işleriniň netijelerine baha bermelidiris. Hormatly Prezidentimiz öňümizde duran bu wezipeleriň her biriniň nähili çözülmelidigini anyk bilmelidiris – diýdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu işleri amala aşyrmak üçin, Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary A.Goçyýewe, A.Ýazmyradowa, S.Toýlyýewe, B.Nurmyradowa, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe we Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewe Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda alty sany topary döretmegi tabşyrdy. Şunda milli Liderimiz bu toparlaryň ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde bolup, alnyp barylýan işler bilen ýerinde tanyşmagyny tabşyrdy.

Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew bu işlere umumy ýolbaşçylyk eder we ýerlere iberilýän toparlaryň taýýarlan maglumatlaryny jemlär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda bu işleriň geçirilmegi bolsa Ý.Berdiýewe tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz bu mesele boýunça degişli resminama gol çekip, dörediljek toparlaryň düzümlerini kesgitlemek we olary ýerlere ibermek işlerine ertiriň özünde taýýarlyk görüp başlamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.