Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden Çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden Çykyşy

view-icon 790
(Aşgabat, 2013-nji ýylyň 20-nji sentýabry)

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly adamlar!

Soňky ýyllarda ýurdumyzda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şerti hökmünde jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunylygy we hukuk tertibini berjaý etmek boýunça uly işler geçirildi. Döwletimiziň hukuk esaslary has-da berkidildi we onuň kanunçylyk binýady düýpli özgerdildi. Bu ugurda geljekde hem netijeli işler alnyp barlar. Biziň maksadymyz diňe bir ykdysady taýdan kuwwatly döwleti däl-de, eýsem, milli aýratynlyklarymyzy, ýurdumyzyň raýatlarynyň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny nazara alyp, güýçli hukuk döwletini döretmekden ybaratdyr.

Biziň köpasyrlyk taryhy bolan halkymyzyň milli däp-dessurlary ýaly, kanunlarymyz hem örän ýönekeýdir. Şol däp-dessurlarda ogrulyk etmän, özgäniň malyna göz gyzdyrman, jemgyýetçilik tertibini bozman ýaşamalydygy, asudalygy saklamalydygy, goňşyňa ýaman göz bilen garamaly däldigi, halal zähmetiň bilen gazanç etmelidigi, öz çagalaryňa oňat terbiýe bermelidigi, olara däp-dessurlary berjaý etmegi öwretmelidigi barada aýdylýar.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde adamlaryň dünýägaraýşy hem özgerdi we has kämilleşdi. Olar erkin we özbaşdak durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar, Garaşsyzlygyň olara näme berýändigini we geljekde näme berjekdigini, öz ykbalyna nähili täsir etjekdigini duýdular. Kanuna we wyždanyňa görä ýaşamak, ak ýürekli, döredijilikli we joşgunly zähmet çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek raýatlarymyzyň aglabasy üçin kada öwrüldi. Zähmet raýatlarymyz üçin ussatlygyň we jemgyýetde özüňi ykrar etdirmegiň hakyky mekdebidir, maşgalanyň bolelin we abadan durmuşda ýaşamagynyň çeşmesidir.

Emma, gynansak-da, Baş prokuroryň hasabatyndan görnüşi ýaly, hukuk goraýjy edaralaryň käbir işgärleriniň we aýry-aýry hojalyklaryň ýolbaşçylarynyň bikanun we ahlaksyz hereketlerine gabat gelýäris. Olaryň kesekiniň emlägini gorkuzyp alýandyklaryna heniz hem duşýarys. Bu bolsa, halkyň öňünde olaryň abraýyny gaçyrýar. Prokuratura edaralarynyň käbir ýolbaşçylary kanunyň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň deregine, özleri bikanun hereketleri edýärler. Bu bolsa, hukuk goraýjy edaralaryň ähli işgärleri üçin örän erbet we abraýdan düşürýän ýagdaýdyr. Beýleki hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri öz wezipe borçlaryna laýyklykda şunuň ýaly ýol berilýän kanun bozulmalaryň öňüni almaga borçludyrlar. Emma bu edaralaryň käbir işgärleriniň şeýle kanun bozulmalary gizländikleri örän gynandyrýar. Eden şeýle hereketleri üçin, olar öz mynasyp jezasyny hem aldylar. Biz şeýle abraý getirmeýän ýagdaýlar bilen hiç wagt ylalaşyp bilmeris. Kanun bozulmalaryň garşysyna bütin jemgyýet bolup alnyp barylýan göreşi geljekde has-da güýçlendireris.

Hukuk goraýjy edaralaryň düzüminde mynasyp adamlaryň işlemeklerini gazanmak we olaryň işini talabalaýyk guramak zerurdyr. Bu edaralaryň işgärleriniň hataryny wezipe ygtyýarlyklaryndan peýdalanyp, para alýan adamlardan doly arassalamak wezipesi gaýra goýman, iň berk çäreleri görmegi talap edýär. Hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary öz garamagyndaky edaralarda işgärleri seçip almak we ýerli-ýerinde goýmak boýunça alnyp barylýan işleri düýpli gowulandyrmaly. Işgärlerden edilýän talaby ýokarlandyrmaly. Şahsy düzüm bilen ideýa-terbiýeçilik işlerini yzygiderli geçirmeli. Şol bir wagtda hem öz işini oňat ýerine ýetirýän, birkemsiz gulluk edýän işgärleriň wezipesini we derejesini ýokarlandyrmak arkaly olary höweslendirip durmaly. Oňat işleýän işgärleri döwlet sylaglaryna hödürlemeli, şeýle hem olary ruhy we maddy taýdan höweslendirmek çärelerini giňden ulanmaly.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Hukuk goraýjy edaralaryň üstüne aýratyn möhüm wezipe ýüklenendir. Ýurdumyzyň islendik ýerinde şahsyýetiň eldegrilmesizligi barada döwletimiziň edýän aladasyny adamlaryň duýmaklary we kanuny bozan islendik adamyň mynasyp jeza çäresinden sypmajakdygyny anyk bilmekleri köp derejede hukuk goraýjy edaralaryň alyp barýan işine baglydyr. Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen, raýatlarymyzyň howpsuz, asuda we abadan durmuşda ýaşamaklary, parahat, döredijilikli zähmet çekmekleri we oňat dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmelidirler, raýatlarymyzyň şahsy emläginiň goralmagyny üpjün etmelidirler.

Hukuk goraýjy edaralaryň alyp barýan işinde esasy wezipe jenaýatyň öňüni almakdan ybaratdyr. Bu edaralaryň işgärleri adamlar bilen ýakyndan işleşmelidirler, kanunçylygy giňden we hemmetaraplaýyn wagyz etmelidirler, raýatlarymyza kanunlara boýun bolmagy netijeli öwretmelidirler. Şeýle hem, olar jemgyýete ters gelýän islendik hereketleriň we bolup biljek jenaýatlaryň öňüni almalydyrlar, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmalydyrlar. Hukuk goraýyş işiniň esasy maksady kanunlaryň, adalat ýörelgeleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün etmekden, hukuk bozmalaryň öňüni almakdan ybaratdyr. Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň özleri kanuna boýun bolmagyň, ýokary ahlak kadalaryny berjaý etmegiň göreldesini görkezmelidirler. Bu edaralaryň işgärleriniň kalby, eli we ýüregi arassa bolmalydyr! Olar ýaramaz zatlardan, erbet niýetlerden daşda durmalydyrlar.

Elbetde, bu işe jemgyýetçilik guramalary, jemgyýetimiziň ähli güýçleri işjeň gatnaşsa, kanunylygy we hukuk tertibini berjaý etmek has doly üpjün ediler. Olar öz alyp barýan ideýa-terbiýeçilik işleriniň hukuk tarapyna ünsi güýçlendirseler, jemgyýetçilik aňyny ösdürmek arkaly hukuk terbiýesini täze derejä çykarsalar, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. Jenaýatçylyga garşy aýgytly göreş alyp barmaly. Edilen jenaýat üçin jezanyň gutulgysyzlyk ýörelgesiniň bökdençsiz hereket etmegini, doly aç-açanlyk we adalatlylyk esasynda amala aşyrylmagyny gazanmaly.

Gadymy döwürlerden bäri mähriban halkymyz halal bilen haramy tapawutlandyrmagy başarypdyr. Jemgyýetde näme etmäge ygtyýar berilýändigine we näme etmeli däldigine anyk göz ýetiripdir. Gadagan edilen zatlaryň gowulyga eltmejekdigini, soňra ökünmeli boljakdygyny hem-de köp sanly bela-beteriň üstünden eltjekdigini bilipdir. Özge bir adamyň betbagtçylygy hiç wagt beýleki bir adamy bagtly etmez. Islendik erbet zady zorluk ulanyp ýok edip bolmaz. Milli mukaddesliklerimiziň esasynda alnyp barylýan netijeli we asylly terbiýeçilik işlerini erbet zatlaryň garşysyna goýmaly.

Şunuň ýaly terbiýeçilik çärelerini çagalar baglaryndan geçirip başlamaly, terbiýeçilik çärelerini mekdeplerde, çagalar edaralarynda we köşklerinde, sport mekdeplerinde, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde alyp barmaga aýratyn üns bermeli.

Biziň ýaşlarymyzyň sözüň doly manysynda sowatly we ýokary terbiýeli nesil bolup ýetişmegini, dünýä ylmynyň, tehnikasynyň we medeniýetiniň gazananlarynyň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşmaklaryny gazanmak maksady bilen, ähli şertleri döretmeli. Ylma we bilime daýanyp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda ýaşlara bilim we terbiýe bermek boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmeli. Şonuň bilen birlikde, ýaşlaryň syýasy we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak hem örän möhüm wezipeleriň biridir. Bu bolsa, mekdep okuwçylarynyň hukuk bilimleriniň giňelmegine we bu bilimleri özleşdirmegine mümkinçilik döreder. Ýaşlarda işjeň raýat garaýşynyň kemala gelmegine, okuwçylaryň öz hukuklaryna we borçlaryna aň-düşünjeli garamaklaryna has oňat ýardam eder.

Şonuň bilen birlikde, terbiýeçilik işinde, ilkinji nobatda, milli gymmatlyklarymyzdan we bähbitlerimizden ugur almaly. Mähriban halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan we döreden ruhy hem-de maddy gymmatlyklary, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ýörelgeleri, jemgyýetçilik pikiriniň güýji, asylly maşgala däpleri, ululara hormat goýmak, ata-enäni sylamak, myhmansöýerlik, lebzihalallyk, adalatly bolmak ýörelgeleri ýaşlara berilýän terbiýäniň esasyny düzmelidir. Jemgyýetimiziň demokratik kadalary we ýörelgeleri, psihologiýasy, nesilleriň sazlaşykly gatnaşygy, hoşniýetlilik, açyklyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, halkymyza mahsus özboluşly aýratynlyklar, gözellige söýgi, edermenlik — beýleki köp sanly ajaýyp häsiýetler bilen bir hatarda, biziň zähmetsöýer we döwlet gurujy halkymyzyň milli aýratynlyklarynyň düýpli esaslarydyr. Biziň milli gymmatlyklarymyz umumadamzat gymmatlyk ölçegleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Şoňa görä-de, biz milli gymmatlyklarymyza örän uly hormat goýmalydyrys. Bu gymmatlyklary aýawly saklamak we baýlaşdyrmak biziň esasy wezipämizdir.

Adamlaryň aň-düşünjesini özgertmekde, olary açgözlük, göriplik, göwnüçökgünlik ýaly ýaramaz häsiýetlerden gutarnykly saplamakda, şeýle hem ruhy-ahlak we gözellik terbiýesini bermekde medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň möhüm orny bardyr. Medeniýet, edebiýat we sungat işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri adamyň aňyna täsir etmek, şahsyýetiň ruhuny götermek bilen birlikde, beýik we asylly ideýalary işjeň wagyz etmelidirler, ýaşlarymyzy halkymyzyň iň gowy däpleri esasynda terbiýelemäge ýardam bermelidirler. Döredijilik işgärleri halkymyzyň örän baý taryhy-ruhy mirasyny aýawly saklamalydyrlar, yzygiderli ösdürmelidirler we geljekki nesillerimize ýetirmelidirler.

Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri metbugatyň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen okyjylara, tomaşaçylara we diňleýjilere döwletimiziň kanunlaryny has doly we giňişleýin düşündirmeli. Olar möhüm hukuk meseleleri boýunça maslahatlary guramalydyrlar, kanunylygy pugtalandyrmak we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça özleriniň alyp barýan jogapkärli hem-de kyn işleri barada makalalary we oçerkleri çap etmelidirler. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolsa, bu işde olara ýardam bermelidirler.

Döwlet Baştutany hökmünde, men ähli döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralaryny düzgün-nyzamy we jogapkärçiligi pugtalandyrmak meselesine aýratyn üns bermäge, bu möhüm meselä geçirilýän maslahatlarda we ýygnaklarda seretmäge borçly edýärin. Döwlet we häkimiýet edaralary eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi we mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy ugrunda ähli raýatlarymyzyň öz borçlaryny ýerine ýetirmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döretmelidirler. Sebäbi, berk düzgün-nyzam we jemgyýetçilik tertibi bolmasa, döwletiň esaslary pugta bolmaz. Her bir raýatyň öz borçlaryna we halkymyzyň bähbitlerine jogapkärçilikli çemeleşmegi demokratik, ynsanperwerlik we adalat ýörelgelerini has doly üpjün etmek üçin pugta binýady döredýär, şahsyýetiň hakyky erkinligini kepillendirýär.

Men ýene-de bir meseläniň üstünde durup geçmek isleýärin. Biz durmuşymyzyň ähli ugurlarynda — ykdysadyýetde, medeniýetde, bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyryp başladyk. Häzirki döwürde bu özgertmeleriň eýýäm käbir netijeleri berip başlandygy aýdyň görünýär. Ýurdumyzy ösdürmekde belli bir tapgyry geçendigimizi hem aýdyp bolar. Ýöne, bu ugurda mundan beýläk-de dogry ýol bilen öňe gitmek üçin biz ýerlerdäki — etraplardaky we şäherçelerdäki ýagdaýa anyk göz ýetirmelidiris. Kabul eden çözgütlerimiziň ýerlerde nähili ýerine ýetirilýändigini, haýsy etraplarda özgertmeleriň umumy maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýandygyny, haýsy etraplaryň bolsa bu ugurda yza galýandygyny bilmelidiris. Bu meselede nämelere aýratyn üns berilmelidigini, aýry-aýry etraplarda haýsy ugurlar boýunça özgertmeleri çaltlandyrmalydygyny düýpli öwrenmelidiris. Ilatyň ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligini we durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýyny anyk bilmelidiris.

Ýöne, esasy zat bolsa, özgertmeleri amala aşyrmak üçin biziň kabul eden maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmek boýunça häkimlikleriň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nähili netijeli işleri alyp barýandyklaryna, olaryň işleriniň netijelerine baha bermelidiris. Biz öňümizde duran bu wezipeleriň her biriniň nähili çözülmelidigini anyk bilmelidiris.

Bu işleri amala aşyrmak üçin, men A.Nurberdiýewa, A.Goçyýew, A.Ýazmyradow, S.Toýlyýew, B.Nurmyradowa, Ý.Berdiýew we B.Atdaýew, size Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda alty sany topary döretmegi tabşyrýaryn. Bu toparlar ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde bolup, alnyp barylýan işler bilen ýerinde tanyşsynlar.

Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew bu işlere umumy ýolbaşçylyk eder we ýerlere iberilýän toparlaryň taýýarlan maglumatlaryny jemlär. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda bu işleri geçirmegi bolsa, men Ý.Berdiýewe tabşyrýaryn. Men bu mesele boýunça degişli resminama hem gol çekýärin. Bu işleri uzaga çekdirmeli däl. Dörediljek toparlaryň düzümlerini kesgitlemek we olary ýerlere ibermek işlerine ertiriň özünde taýýarlyk görüp başlaň!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Şunuň bilen Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisini geçirip gutarýarys. Siziň ähliňize berk jan saglyk we abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! Sag boluň!