Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 717
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine, şeýle hem ýurdumyzdaky oba hojalyk möwsüminiň barşyna, milli we sebit ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen baglylykda ýerlerdäki işleriň ýagdaýyna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny açyp, oňa ilki Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, häkim welaýatda Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan işler şeýle hem, sebitde gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün edýän ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, oba hojalyk tehnikalarynyň we beýleki gurallaryň netijeli işledilmegini gazanmak boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini nygtady. Möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyz welaýatyň Tejen etrabynda (häkimi O.Amandurdyýew), Babadaýhan etrabynda (häkimi A.Kakabaýew) we Altyn asyr etrabynda (häkimi G.Orazmämmedow) bugdaý ekişiniň pes derejede guralandygyny, şoňa görä-de bu etraplarda bugdaý ekişiniň depgininiň häzirki döwrüň talabyny ödemeýändigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz geçen ýyl bilen deňeşdirilende welaýatda, esasan-da, Kaka etrabynda (häkimi D.Hezretgulyýew), Derweze etrabynda (häkimi B.Mämmedow) we Ak bugdaý etrabynda (häkimi R.Gurtow) pagta ýygymynyň guramaçylyk derejesiniň pesdigini we ýygymy talaba laýyk guramak boýunça alnyp barylýan işleri seljerip, onuň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmegi, şeýle hem Garaşsyzlyk baýramyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda pagta ýygymynyň maşynlaryň güýji bilen alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy. Häkim sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem Serdar şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän 300 orunlyk çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň gurluşygyna başlamak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler hakynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerine ünsi çekmek bilen, bu işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işlere hemişe gözegçilik etmegiň zerurdygyny bellemek bilen Serdar şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezini gurmak üçin ýerli gurluşyk kärhanasy bilen şertnama baglaşmak baradaky teklibi oňlaýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz mukaddes Garşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygy mynasybetli welaýatda, hususan-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine ykjam taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew öz çykyşyny welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler baradaky hasabatdan başlady. Şeýle hem ol häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Ýaşulularyň maslahatyny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleriniň meýilnamasy, şeýle hem Daşoguz şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän 300 orunlyk çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň taslamalary barada habar berdi.

Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň yzygiderli ösmegi üçin ähli şertleri döredýändigini bellemek bilen, häzirki döwürde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna ünsi çekdi. Esasan-da, hormatly Prezidentimiz welaýatyň Görogly etrabynda (häkimi M.Mämedow), Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda (häkimi O.Muhaýew) we Akdepe etrabynda (häkimi A.Jumageldiýew) bugdaý ekişiniň guramaçylyk derejesiniň pesdigini aýdyp, bu etraplarda bugdaý ekişini talaba laýyk guramak boýunça alnyp barylýan işleri seljerip, ekişiň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna hem-de Ýaşulularyň maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulýan çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň taslamasy boýunça birnäçe maslahatlary we tabşyryklary berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de gurluşygy alnyp barylýan desgalarda amala aşyrylýan işleriň barşy, şeýle hem welaýatyň çäklerinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli gurlup ulanmaga beriljek desgalaryň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk çäreleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda bugdaý ekişiniň barşyna ünsi çekip, sebitiň Farap etrabynda (häkimi H.Metkulyýew), Sakar etrabynda (häkimi R.Jumamyradow) we Birata etrabynda (häkimi A.Baýramgulyýew) bugdaý ekişiniň pes derejede alnyp barylýandygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň Döwletli etrabynda (häkimi I.Işankulyýew), Galkynyş etrabynda (häkimi B.Kadyrow) we Sakar etrabynda (häkimi R.Jumamyradow) pagta ýygymynyň depginleriniň pesdigini aýtdy we bu işleri talabalaýyk guramak boýunça alnyp barylýan çäreleri seljerip, möwsümleýin işleriň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatda desgalaryň gurluşygynda işleriň gidişine hemişelik gözegçilik etmegiň zerurdygyny bellemek bilen, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramçylygyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda Mary welaýatynyň häkimi B.Annargurbanow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymynyň barşy we güýzlük bugdaý ekişiniň depginleri barada hasabat berdi. Hususan-da, häkim welaýatyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi. Şeýle hem ol ýurdumyzyň baş baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan çäreler barada durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň derejesine ünsi çekip, welaýatyň Mary etrabynda (häkimi I.Kullaýew), Altyn sähra etrabynda (häkimi M.Gurbanmuhammedow) we Murgap etrabynda (häkimi T.Myratlyýew) bugdaý ekişiniň depginleriniň pesdigini, şeýle hem welaýatda geçen ýyl bilen deňeşdirilende pagta ýygymynyň yza galýandygyny belledi we bu işleri talaba laýyk guramak boýunça zerur çäreleri görmegi talap etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan binalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyny we olaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna göwnejaý taýýarlyk görmek boýunça ähli tagallalaryň görülmelidigini belledi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmak, ony has-da abadanlaşdyrmak we ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol paýtagtymyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, täze ýaşaýyş jaýlaryny, ýollary we köprüleri gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň nusgalyk derejä eýe bolmalydygyny bellemek bilen, şäher düzümini has-da kämilleşdirmek, degişli ugurlarda öňdebaryjy tehnologiýalary we ösen tejribeleri ulanmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi. Milli Liderimiz şäheriň durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça ähli tagallalaryň görülmelidigini nygtap we paýtagtymyzda gurulýan desgalaryň ähli ugurlar, şol sanda binagärlik we bezeg işleri boýunça häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şäheriň çäklerinde düzgün-tertibiň, abadançylygyň, arassaçylygyň berk berjaý edilişine yzygiderli gözegçiligi alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, Buýruga gol çekendigini aýtdy. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisine gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine (ABŞ) iberilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýetini hem-de biziň ýurdumyzyň geljekde sebit we dünýä möçberinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksadynda halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny belläp, wise-premýere sessiýada çykyş etmegi tabşyrdy. Bütindünýä forumynyň gün tertibine dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, ýaragsyzlanmak, okgunly ykdysady ösüşe we durnukly ösüşe hem-de beýlekilere ýardam etmek bilen bagly esasy meseleleriň birnäçesi girizildi. Forumyň münberinden ählumumy meseleler boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary, biziň döwletimiziň daşary syýasy doktrinasyna we Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanan parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň esasynda işlenip taýýarlanan başlangyçlar we teklipler beýan ediler. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu syýasatyň esasy maksady netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, dünýäde parahatçylygy we agzybirligi, gapma-garşylyksyz ýagdaýy üpjün etmäge gönükdirilendir. Islendik ýagdaýy parahatçylykly serişdeler we halkara diplomatiýasynyň usullary bilen kadalaşdyrmaga uly ähmiýet bermek bilen, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde Halkara meseleleri çözülende syýasy-diplomatik serişdeleri we usullary ileri tutup ulanmak hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Jarnamasyny kabul etmek we oňa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde garamak hakynda başlangyjy öňe sürdi.

Öz başlangyçlaryny ilerletmäge Türkmenistanyň yzygiderli çemeleşýändigini hem-de bu Jarnamanyň kabul edilmeginiň dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri bilen meşgullanýan guramalaryň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň işiniň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmäge hem-de berkitmäge ýardam berjekdigine bolan ynamyny äşgär etmek bilen degişli ugurda işleri dowam etmek gerek.

Türkmenistan ýaragsyzlanmak işlerine ýardam etmek boýunça döwletleriň we halkara guramalaryň netijeli gatnaşyklaryny dowam etmegi ugrunda çykyş edýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň münberinden ýaragsyzlanmak meselesi boýunça ýokary derejedäki Halkara duşuşygyny 2014-nji ýylda geçirmek baradaky teklibi hem öňe sürmek zerurdyr. Aşgabat bu duşuşygy geçirmek üçin gerek bolan degişli üpjünçilik ulgamlaryny bermäge hem-de ähli şertleri döretmäge taýýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz Merkezi Aziýada syýasy gatnaşyklaryň hemişelik hereket edýän guralyny – Parahatçylyk we hyzmatdaşlyk forumyny döretmek baradaky meseläni hem gozgap, bu forumyň geljekde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw Geňeşini döretmek üçin gowy esas bolup biljekdigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz energiýa howpsuzlygy meselesine geçip, bu meseläni çözmek boýunça ähli döwletleriň bilelikde we sazlaşykly işlemeginde guralmalydyr diýip belledi. Bu meselede esasy zat täze halkara-hukuk guralyny döretmekden ybaratdyr. Täze halkara-hukuk guralynyň esasyny energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ibermekde ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk binýady bolup hyzmat etjek Birleşen Milletler Guramasynyň köptaraplaýyn resminamasy, bu Guramanyň degişli edarasy, maglumatlary toplamak we seljermek boýunça halkara maglumatlar binýady onuň esasyny düzer.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biziň teklibimiz boyunça kabul eden «Energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň orny» atly Rezolýusiýasyny ýerine ýetirmek boyunça alnyp barylýan işleri hem dowam etmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Şu maksat bilen, energiýa howpsuzlygy boyunça täze usuly işläp taýýarlaýan Halkara bilermenler toparyny döretmäge girişmegi teklip etmeli.Mundan başga-da, bu mesele boyunça Bilermenleriň halkara maslahatyny 2014-nji yylda çagyrmak baradaky teklibi öňe sürmek gerek. Bu dünýäniň energetika giňişliginde özara gatnaşyklar meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döwletleriň çemeleşmelerini we garaýyşlaryny ýakynlaşdyrmaga we ylalaşmaga ýardam eder.

Şeýle hem, ulag meselesi boyunça başlanan köp taraply gepleşikleri dowam etmek maksada laýyk bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz halkara hyzmatdaşlygyny, durnuklylygy we yzygiderli ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýetine bagyşlanan Halkara maslahatyny 2014-nji yylda Aşgabat şäherinde geçirmäge Turkmenistanyň taýýardyrgyny belledi.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň köp taraplydygyny göz öňünde tutup, Türkmenistan onuň ýaramaz netijeleriniň öňüni almaga gönükdirilen halkara gurallarynyn hyzmatyny berkitmäge öz goşandyny goşmaga taýýardyr. Biziň ýurdumyz BMG bilen özara gatnaşyklarynda ýöriteleşdirilen düzümi -- Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi diýip, döwlet baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, 2014-nji ýylda BMG-niň Çölleşmäge garşy göreşmek hakynda Konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatyny geçirmegi teklip edýändigini aýtdy.

BMG-niň mejlisinde Türkmenistanyň garaýşyny beýan etmek bilen, ýene bir möhüm meseläni--bosgunlaryň we raýatlygy ýok adamlaryň ykbaly bilen bagly meseläni gozgamak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bizde bu meseleleri çözmek boýunça belli bir tejribe bar, şoňa görä-de, bu tejribe bilen beýleki ýurtlar tanyşdyrylsa, maksadalaýyk bolar diýip, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi bilen bilelikde hyzmatdaşlyk edip, 2014-nji ýylda Aşgabatda şu meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýokary derejeli duşuşygy geçirmek teklibi barada aýtdy.

Milletler Bileleşiginiň forumynda Türkmenistanyň adyndan çykyş edilende biziň Birleşen Milletler Guramasynyň dünýädäki orny baradaky pikirimiz, parahatçylygy söýüjilik, deň hukuklylyk, halklary, halklaryň hukuklaryny we öz ygtyýarlylygyny hormatlamak ýörelgelerine esaslanan halkara hukugy we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy XXI asyrda dünýäniň gurluşynyň binýady bolup galmalydygyna bolan ynamymyz takyk beýan edilmelidir. Şunda biziň döwletimiz Milletler Bileleşigi häzirki döwrüň möhüm meselelerini bilelikde çözmekde we halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekde köp ugurly usuly bolan halkara düzüm bolup durýandygy baradaky ýörelgeden ugur almak bilen, geljekde hem BMG-niň abraýynyň we onuň dünýä ýüzündäki täsiriniň has-da berkemegine hemmetaraplaýyn ýardam eder.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekilleri Goşulmazlyk hereketine girýän ýurtlaryň wekiliýetleriniň duşuşygyna gatnaşarlar. Ol ýerde Goşulmazlyk hereketine gatnaşýan döwletleriň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we adam ösüşiniň bähbitleriniň hatyrasyna ählumumy gatnaşyklary berkitmäge bagyşlanan maslahaty 2015-nji ýylda Aşgabatda geçirmek baradaky teklip beýan ediler.

Döwlet Baştutanymyz türkmen wekiliýetiniň «Ykjamlyk we özara baglylyk - 2015-nji ýyldan soň Ösüş maksatnamasynyň hereketlendiriji güýji» atly ýokary derejeli çärä gatnaşmagy bilen bagly meseläni gozgap, onuň Türkmenistanda ulag- üstaşyr ulgamlaryny ösdürmegiň, iri halkara we sebit taslamalaryny durmuşa geçirmegiň tejribesini alyşmaga hyzmat etjekdigini belledi. Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň, Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň tejribesi esasynda Merkezi Aziýa üçin Nusgalyk ýoly döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edersiňiz diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, öz kärdeşleri - Daşary işler ministrleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirmegi tabşyrdy. Bu duşuşyklarda özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen wekiliýetine BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji sessiýasynda üstünlikli we netijeli işlemegi arzuw edip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geljek aýda Aşgabat şäherinde Serhetlerde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjynyň nobatdaky 11-nji halkara maslahatyny hem-de “Energiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş – Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň geljegi” atly halkara maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görmek barada görkezme berdi.

Milletler Bileleşiginiň bütindünýä forumynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny beýan etmek hormaty we bildirilen ýokary ynam üçin milli Liderimize çuňňur hoşallygyny bildirmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow türkmen wekiliýetiniň agzalary biziň Bitarap, Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýyny has-da artdyrmak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk we agzybirlik, howpsuzlyk we durnukly ösüş ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Miniňstrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewiň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýewiň hasabatlary bilen dowam etdi.

Wise-premýer ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynyň guramalarynda we bank edaralarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Maliýe hasabatlylyk ulgamynyň bazar ykdysadyýetiniň we halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyk getirilmegi ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şerti bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz degişli ugurda işleriň geçirilmeginiň biziň ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam etjekdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz işgärleri seçip almak hem-de maliýe düzümleriniň we bank edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy öz nobatynda özüne ynanylan düzümde işleriň ýagdaýy hem-de eziz Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek maksadynda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň hem-de Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň çäklerinde geçirilýän işler barada hem habar berildi.

Türkmenistanyň Döwlet serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça geçirilýän işleriň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň döwlet serhediniň parahatçylyk we dostluk serhedine öwrülmegine ýardam etmegiň bu düzümiň işgärleriniň öňünde durýan asylly we jogapkärli wezipeleriň biri bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Döwlet serhet gullugynyň işini kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak işleriniň toplumlaýyn geçirilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty dowam edip, Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan Watana bolan söýgi, abraý we mertebe hakynda gürrüň berýän “Serhet” atly filmiň surata düşürilendigini belledi. Biziň Watanymyz öz edermen ogullaryna tüýs ýürekden buýsanýar, olar ata – babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam edip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda eserdeň durup, harby we watançylyk borçlaryny abraý bilen berjaý edýärler diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu filmiň mazmuny barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz şahsy düzümde watançylyk we harby borja wepalylyk duýgularyny kemala getirmek meselelerine ünsi çekdi.

Öz mukaddes borjuňy gyşarnyksyz berjaý etmekde edermen pederlerimiziň göreldesine eýermek bilen, hünär ussatlygyny ýokarlandyryp we iş ýüzünde kasama wepalylygyny subut edip, serhetçiler eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň bähbidine döredýän türkmen halkynyň asuda we abadan durmuşynyň goralmagyny üpjün etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Watan goragçylaryny watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik duýgularynda terbiýelemek işinde baý mazmunly kitaplar, filmler uly orun eýeleýär, olar esgerlere jogapkärli harby gullukda we adaty durmuşda nusga bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby bölümiň şahsy düzümi bilen jemgyýetçilik-syýasy taýýarlygy boýunça okuwlary yzygiderli geçirmegi we serhetçilerde Watana wepalylyk, edermenlik we ynsaplylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň başlygyna paýtagtymyzyň kinoteatrlarynda, şeýle hem gullugyň düzümine girýän ähli harby bölümlerde “Serhet” atly filme tomaşa edilmegini guramagy tabşyrdy.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowyň hasabaty hem diňlenildi, ol ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzüm birliklerinde işleriň ýagdaýy we gözegçilik edýän pudaklarynda iri maýa goýum taslamalarynyň birnäçesiniň dowam edýändigi hakynda hasabat berdi. Wise-premýer çykyşynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler hakynda hem habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolup durýandygyny belläp, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin milli maksatnamasyny” mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam etjek wezipelere ünsi çekdi. Olaryň hatarynda uglewodorod ýangyjyny çykarmagy artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna eksport etmegi diwersifikasiýalaşdyrmagy üpjün etmek, nebithimiýa kärhanalaryny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek, şu esasda önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça täze önümçilikleri gurmak bar.

Şunuň bilen baglanyşyklylykda milli Liderimiz wise-premýere anyk görkezmeleriň birnäçesini, şol sanda täze nebitgaz ýataklaryny gurmaga, geologiýa-gözleg we buraw işlerini işjeňleşdirmäge, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ýangyç-energetika toplumyna ornaşdyrylmagyna, bu pudakda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge degişli görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Goranmak ministri B.Gündogdyýewi hem çagyrdy. Ministr Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna şanly senäniň -- Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň hormatyna geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmegiň barşy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ählihalk toýuna -- eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralaryň aýratyn ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz Milli goşunymyzyň söweşjeň kuwwatynyň, maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny nygtap, baýramçylyk çärelereni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur bolan ähli şertleri döretmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Ol gurluşyk pudagynda işleriň ýagdaýy we Türkmenistanda durmuş-ykdysady maksatly desgalary gurmak boýunça işleriň barşy, şol sanda milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer Aşgabadyň ýol-gurluşyk düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň hem-de ösdürmegiň meýilnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şähergurluşyk syýasatyny durmuşa geçirmek, hususan-da, paýtagtymyzy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe binagärligiň özboluşly nusgasy hökmünde gurmak meselelerine täzeçe, häzirki zaman çemeleşmelerini işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady. Bu maksatnamany durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň kärhanalary barha işjeň gatnaşýarlar, olar häzirki zaman ýokary netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen işleriň hil taýdan ýokary derejesini üpjün etmelidirler. Biziň ýurdumyzda gurulýan desgalaryň ýokary hili we öz wagtynda tabşyrylmagy esasy talap bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýol gurluşyk ulgamynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ilkinji nobatdaky wezipelerine ünsi çekip, Aşgabatda ýollaryň, estakadalaryň we köprüleriň gurluşygynyň ýokary hilini üpjün etmegiň, olary göwnejaý ulanyş ýagdaýynda saklamagyň möhümdigini belledi. Bu babatda adamlaryň abadan durmuşy, oňaýly ýaşaýşy we netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek özgertmeler maksatnamasynyň esasy maksady bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz nygtady. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere awtomobil ýollaryny gurmak bilen baglanyşykly işe jogapkärli çemeleşmäge degişli birnäçe görkezmeleri berip, bu babatda toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny belledi, şonda ýol gurluşyk we abatlaýyş işleriniň hilinden başlap, ýolagçylar üçin duralgalara, ýanýodalara, ýol belgilerine, yşyklandyryşa hem-de bagy-bossanlyga öwürmäge çenli ähli zatlar nazara alynmalydyr.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazowyň hasabaty diňlenildi. Bellenilip geçilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň senagat ulgamynda yzygiderli görülýän toplumlaýyn çäreler netijesinde önümçilik düzümi giňelýär, öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Hususan-da, wise-premýer Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesinde kaliý dökünlerini öndürmek boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşygy hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli we pudaklaýyn maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, ony çig mal ugrundan häzirki zaman ýokary tehnologiki senagata daýanýan innowasion ugruna öwrümäge ýardam etmelidir diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz senagat kärhanalarynyň täze gurluşyklarynyň, hususan-da, Garlyk şäherçesinde kaliý dökünlerini öndürmek boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygynyň barşy bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz şu kärhananyň Amyderýanyň sag kenarynyň senagat düzüminiň üstüni ýetirjekdigini we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrjakdygyny belläp, bu desgada işleriň ýerine ýetirilmeli möhletlerini we ýokary hilini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz işde goýberen düýpli kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin A.Göläýewi Türkmenistanyň Senagat ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow wideoşekilli göni aragatnaşyk boýunça ulag we aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek, pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmak babatda görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň ähli pudaklaryny ösdürmek meselelerinde döwletimiziň yzygiderli goldaw berýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ugurda amala aşyrylýan maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şunda milli Liderimiz döwrüň talaplaryna gabat gelýän ulag we aragatnaşyk kärhanalary tarapyndan ilata edilýän hyzmatlaryň hilini üpjün etmek ýaly ugra ünsi çekdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz jemgyýetçilik ulaglarynyň işini hemmetaraplaýyn seljermegi, ýolagçy ulag ulgamyny ähli ýerlerde, şol sanda Aşgabat şäherinde göwnejaý guramak üçin degişli çözgütleri işläp taýýarlamagy talap etdi. Bu ozaly bilen, tassyklanan tertibe laýyklykda belli bir ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslaryň bökdençsiz hereketini üpjün etmek bilen baglydyr. Awtobus duralgalarynda arassaçylygyň we tertibiň berjaý edilmegine, ýolagçylar üçin amatly şertleriň döredilmegine hem aýratyn üns bermek gerek.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow we “Türkmenmallary” döwlet birleşiginiň başlygy D.Myratberdiýew çagyryldylar.

Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek we pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer milli Liderimiziň ýakynda Ahal welaýatyna guran iş saparyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän tohumlyk bugdaý saklanýan ammar jaýlarynyň taslamalary barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk ulgamynda derwaýys möwsüm bolan güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça ähli tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekip, edermen daýhanlaryň yhlasy bilen ýetişdirilen bol pagta hasylynyň öz wagtynda we ýitgisiz ýygnalyp alynmagyna dahylly düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we bu desgalarda ýygnalan tohumlyk bugdaýyň göwnejaý saklanmagy ugrunda ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi.

Iş maslahatynyň barşynda “Türkmenmallary” döwlet birleşiginiň başlygy özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, mallaryň baş sanyny artdyrmak we tohumçylyk işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň maldarçylyk pudaklarynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini bellemek bilen, mallar üçin bol ot-iým gorunyň döredilmegi, olaryň degişli derejede gyşladylmagy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mallaryň tohumçylygyna degişli işleriň örän möhümdigine ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz bu işleriň ylmy esasda alnyp barylmagy hem-de ulgama degişli ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagy boýunça birnäçe tabşyryklary berdi

Soňra milli Liderimiz bir wagtyň özünde göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewi we Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýewi çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz olara ýüzlenmek bilen, ýaşlara hukuk terbiýesini bermek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygy barada geçen hepdede geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde garalan meseläni ýene-de bir gezek gozgady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu işi geçirmek üçin tejribeli prokuratura işgärlerini saýlap almak barada anyk tabşyryk berdi.

Prokuratura işgärleri ýurdumyzyň her bir ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda hukugy öwreniş okuwlaryny guramalydyrlar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu okuwlar geçirilende ýaşlara jemgyýetde özüňi alyp barmak, edýän hereketleriň üçin jogap bermek, hukuk tertibiniň bozulmalary üçin jogapkärçilik çekmek bilen bagly meseleleri düşündirmäge aýratyn üns bermek zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz ýaşlarymyzda işjeň raýat aň-düşünjesini kemala getirmek, olaryň öz hukuklaryna we borçlaryna düşünjeli garamaklaryny gazanmak maksady bilen bu işleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer S.Toýlyýewe ýüzlenip oňa ýokary we orta okuw mekdepleriniň hem-de umumybilim berýän mekdepleriň okuw maksatnamalaryna prokuratura edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda okuwlaryň geçirilmegini hökman goşmak üçin, Bilim minstrligi bilen bilelikde zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew çagyryldy. Ol Aşgabat şäherinde köprüleriň hem-de köp şahaly awtomobil ýollarynyň taslamasyny düzmek we gurmak babatda geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň ýol-ulag düzüminiň ösdürilmeginiň raýatlaryň durmuşynyň ýokary hil derejesiniň gazanylmagyna gönükdirilen şäher gurluşyk maksatnamasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ulag ulgamynyň serişdeleriniň netijeli we doly peýdalanylyşyna, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamasyny düýpli seljerip, gözegçiligi güýçlendirmek barada görkezme berdi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysyna döredilýän pudagara toparynyň we olaryň düzümindäki iş toparynyň işine degişli birnäçe tabşyryklar berdi. Döwlet Baştutanymyz guramaçylyk-amaly meselelere hem-de olaryň öňünde goýlan wezipelere örän jogapkärli we oýlanyşykly çemeleşmegiň, ýerlerdäki hakyky ýagdaýlara adalatly baha bermegiň, milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi boýunça wajyp işleri seljermegiň we döwlet derejesinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň welaýatlaryny we halk hojalygynyň pudaklaryny has-da ösdürmek bilen bagly bolan beýleki meselelere hem garaldy, olary çözmegiň ugurlary kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara eziz Watanymyzy has-da ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.