Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň ikinji duşuşygy öz işine başlady. Bu duşuşugy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy guradylar.
Bu üç günlük maslahat Türkmenistan bilen Hazarýaka döwletleriň arasyndaky özara uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak, hususan-da Hazar deňzinde hem-de kenarýaka zolaklarda tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmagyny duýdurmak hem-de olaryň netijelerini ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça işleri dowam etmek maksady bilen geçirilýär.
Şeýle duşuşygyň ilkinjisi şu ýylyň 15-17-nji aprelinde türkmen paýtagtynda geçirildi. Şonda ady agzalan Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga täze itergi berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň noýabrynda Baku şäherinde (Azerbaýjan Respublikasy) geçirilen Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň üçünji Duşuşugynyň barşynda beýan eden başlangyjyna laýyklykda türkmen tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.
Ozal habar berlişi ýaly, bu möhüm ugurda Hazarýaka ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň netijeli ussulyny döredýän resminamanyň taslamasy gatnaşýan taraplaryň garamagyna berildi.
Ara alnyp maslahatlaşylýan meseläniň wajyplygy şu günler Nýu-Ýorkda (ABŞ) geçýän BMG-niň Baş Assambelýasynyň 68-nji sessiýasynda türkmen wekilýetiniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça beýleki meseleler bilen bir hatarda ekologiýa ulgamynda nobatdaky başlangyçlary beýan etjekligi bilen düşündirilýär.
Türkmen tarapynyň pikirine görä, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň depginleri nukdaýnazarynda we ugurlary bilen baglylykda tebigaty goraýyş çäreleriniň möhümligi BMG-a gatnaşýan döwletleriň oňyn tejribesini nazara almak bilen ekologiýa meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini guramagyň zerurlygyny talap edýär. Türkmenistan uglewodorod çig malyny öndürýän we halkara derejesinde iberýän iri döwlet hökmünde öz üstüne düşýän jogapkärçiligiň derejesine örän oňat düşünýär. Şonuň üçin ekologiýa howpsuzlygy meselesi biziň ýurdumyz üçin esasy mesele bolup durýar. Munuň özi energiýa howpsuzlygy meselelerinde halkara ylalaşygyny gözläp tapmagyň möhüm şerti bolup durýar. Şonda ekologiýa ugry esasy ugurlaryň biri hökmünde çykyş edýär.
Bu Hazar deňzi sebitiniň uglewodorodlaryň çykarylýan we iberilýän iri dünýä merkezleriniň birine okgunly öwrülýänliligini nazara alanyňda aýratyn möhümdir. Ine şonuň üçin hem umumy ykdysady bähbitleri, Hazaryň biodürlüligini saklamak zerurlygy bilen energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýlaryny utgaşdyrmak, bar bolan ekologiýa deň agramlylygynyň bozulmagyna ýol bermezlik häzir aýratyn möhümlige eýe bolýar. Şonuň üçin daşky gurşawy goramakda Hazarýaka döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek maksadynda Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda hyzmatdaşlygyň täze usulyny – Hazar boýunça halkara ekologiýa dialogyny döretmegi maksadalaýyk hasaplaýar. Bu teklibi öňe sürmek bilen biziň döwletimiz gyzyklanma bildirýän döwletleriň we BMG-niň düzümleriniň degişli ugurda açyk we aýdyň gatnaşyklary ýola goýmaga işjeň ýardam etjekliginden ugur alýar. Ine şunda hem Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri – BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň daşky gurşawy ösdürmek baradaky maksatnamasy we beýleki edaralary bilen ysnaşykly hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär.
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň şu günki duşuşygyň barşynda türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň milli Hazar hereketler meýilnamasynyň hem ähmiýeti bellenildi. Onda senagat desgalary tarapyndan daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almaga, Hazaryň biologiki köpdürlüligini saklamaga, onuň biologik serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmaga, artdyrmaga gönükdirilen esasy wezipeler we anyk çäreler kesgitlenendir.
Pikir alyşmagyň çäklerinde bilermenler Türkmenistanyň we Hazarýaka döwletleriň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamagy dowam etmegiň geljegi uly bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Duşuşyga gatnaşyjylar Hazar deňzinde hem-de kenarýaka zolaklarda tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak hem-de olaryň netijelerini ýok etmek babatda Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygyny düzgünleşdirýän Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça işleriň yzygiderli geçirilýändigine kanagatlanma bildirdiler.