Şu gün Balkan welaýatynda iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewanyň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Nurmyradowanyň we S.Toýlyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Hazaryň kenarynda geçirilen maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk wakalarynyň çäklerinde geçiriljek dabaraly çärelere we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlan täze desgalaryň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görmegiň meseleleri girizildi.
Hususan-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa döwlet Baştutanymyza milli parlamentiň alyp barýan işleri, şeýle hem Mejlisiň buýurmasy boýunça deňizýaka şäherinde gurlan “Berkarar” köpugurly - dynç alyş merkeziniň ulanmaga taýýar edilendigi barada habar berdi.
Dynç alyş zolagynyň ýene bir desgasynyň - ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň işgärleri üçin gurlan ýokary derejeli “Seýrana” myhmanhanasynyň ulanmaga taýýar edilendigi hakynda wise-premýer S.Toýlyýew hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhana ulgamynyň desgalaryna bildirilýän esasy talabyň dynç alýanlar üçin oňaýly şertleriň döredilmegi bolup durýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz geljek aýyň başynda açylmagy göz öňünde tutulýan täze desgalarda hyzmatlar ulgamynyň doly derejede işlemegini, oňaýly şertleriň bolmagyny, işgärleriň guramaçylykly we birkemsiz işlemegini üpjün etmegi talap etdi. Milli Liderimiz täze desgalary ulanmaga bermegiň dabaralaryna taýýarlyk görmek boýunça görkezmeleri berip, bu wakalar ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine dürli öwüşginleri çaýmalydyr diýip belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de medeniýeti we ýurdumyzyň habar beriş serişdelerini ösdürmek babatda bellenilen meýilnamalary amala aşyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berip, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dabaraly çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk we umuman, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk medeni maksatnamasy barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gürrüňi dowam edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda milli we halkara ähmiýetli wakalar bolup geçýär, olardan türkmen döwletiniň ýokary depginli we baý durmuşynyň köp dürli öwüşgini emele gelýär diýip belledi. Bu dürli öwüşgin biziň baýramçylyklarymyz bilen utgaşýar. Türkmenistanyň halky öz toýdur baýramlaryny hoşniýetli goňşulary we wepaly dostlary, myhmanlary üçin açyk bolan agzybir we dostlukly maşgala bolup belleýär. Ýurdumyzda giň gerimde bellenilýän Garaşsyzlyk güni türkmen halkynyň taryhyna bir bitewi, erkin we gülläp ösýän döwlet hakynda amala aşan arzyly arzuwyň aýdyň nyşany bolup hemişelik girdi. Şonuň üçin bu şanly senä bagyşlanyp geçiriljek ähli çäreler ata-babalarymyzyň wesýetlerini, halkyň buýsanjyny we jebisligini öz içine alyp, joşgunlylyk we maksada okgunlylyk ruhuna eýe bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Häzirki eýýam we täze wezipeler häzirki wagtda medeniýet ulgamynyň täsiriniň güýçlenýändigini kesgitleýär, döwlet tarapyndan berilýän hemmetaraplaýyn goldaw bolsa, medeniýet, teatr we kino işgärleriniň, ýazyjylaryň, žurnalistleriň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeniýet merkezleriniň we başgalaryň işgärleriniň işinde özboluşly çözgütleri hem-de täze çemeleşmeleri gözläp tapmaga gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz belledi.
Öz öňünde belent maksatlary goýmaga we oňa ýetmäge ukyply döredijilik, ruhy taýdan baý nesli kemala getirmek häzirki döwürde türkmen medeniýetini ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipesi bolup durýar. Biziň ähli durmuş we bilim özgertmelerimiz, milletimiziň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini açmak hem-de baýlaşdyrmak üçin şertleri döretmek, olaryň hünär ösüşini höweslendirmegiň çäreleriniň uly möçberli ulgamy, başarjaňlary ýüze çykarmak hem-de goldamak, zehinli ýaşlaryň ukyplaryny ösdürmek we başgalar şuňa gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Şonuň bilen birlikde, bolup geçýän wakalaryň çeper we pikir taýdan ähmiýeti, biziň döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny döredijilik taýdan açylýar, jemgyýetiň ruhlandyryjy, birleşdiriji we dörediji güýji hökmünde medeniýetiň orny artýar. Şonuň üçin ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň ösüşini höweslendirmek intellektual işiň abraýyny ýokarlandyrmaga döredijilik işgärleriniň özgertmeler işlerinde we öňdebaryjy durmuş-ykdysady özgertmelerini durmuşa geçirmekde ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Öňde boljak baýramçylyk dabaralary ýokary döredijilik ýagdaýyny özünde beýan etmelidir we şunuň bilen birlikde ösüş ýolunda täze üstünliklere we ýeňişlere ruhlandyrýan çagyryş bolmalydyr diýip, milli Liderimiz bellemek bilen bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz türkmen medeniýetiniň öz baý mirasy we däpleri bilen halkymyzyň kalbynyň, onuň ýokary ruhy dünýäsiniň, edim-gylymynyň we milli häsiýetiniň özboluşly beýany bolup durýar diýip nygtady. Biz -- halkymyzyň öz tutuş taryhynyň dowamynda toplan ägirt uly ruhy baýlygynyň mirasdüşerleri bolup durýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we hut döredijilik işgärleriniň milletiň medeni gazananlaryny artdyrmalydygyny, şolaryň esasynda öçmejek ruhy gymmatlyklaryň durýandygyny belledi. Ýurdumyzda medeni özgertmeleri çaltlandyrmagyň maksatlaýyn usullary barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz bu ulgamyň edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, şanly baýramçylyk mynasybetli bellenilen ähli çäreleri ýokary derejede geçirmek barada görkezme berdi. Olar biziň jebis halkymyza, täze taryhy eýýama bagyşlanma bolmalydyr. Olara gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň kalbyny mähriban Watanymyza tüýs ýürekden buýsanç duýgusy bilen doldurmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, öz egindeşleri bilen deňziň kenaryna aýlanyp, dynç alyş zolagynyň gurulýan çäklerini gözden geçirdi. Döwlet Baştutanymyz dynç alyş merkezleriniň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, olaryň bagy-bossanlyga bürelmegine täze seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berdi.
Gözden geçirmegiň barşynda milli Liderimiz türkmen topragynyň bu gözel künjeginde ekologiýa abadançylygyny saklamak, tertibe salmak, bu ýerde adamlaryň oňaýly dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek, hyzmatlar ulgamyny ösdürmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz “Awazanyň” ähli desgalarynyň ulanyş ýagdaýyna takyk gözegçilik etmegi, dynç alyş zolagynyň rekreasion we bejeriş-sagaldyş serişdelerini netijeli we oýlanyşykly peýdalanylmagyna, myhmanlara edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokary standartlaryna laýyklygyna takyk gözegçilik etmegi talap etdi.
Türkmen halky, onuň saglygy, bagtyýarlygy we abadançylygy baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýandygyny we boljakdygyny aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol maksada hyzmat edýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň ähmiýetini belledi we bu ýere ýygnananlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy.