Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ogurjaly adasynyň ekologik ýagdaýy bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ogurjaly adasynyň ekologik ýagdaýy bilen tanyşdy

view-icon 914
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynda bolmak bilen Hazar deňziniň kenar ýakasyna we deňiz aýlaglaryna aýlandy hem-de Ogurjaly adasyna baryp, keýikleri ösdürip ýetişdirmek boýunça Hazar döwlet goraghanasynyň düzümine girýän ýerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Hazar deňziniň kenaryndan 40 kilometr uzaklykda ýerleşýän Ogurjaly adasyna gondy. Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň başlygy we ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda ýerleşýän çäklere aýlanyp görýän mahaly ýerli tebigatyň täsinliklerini synlap, öz egindeşleri bilen bolan gürrüňdeşlikde daşky gurşawa aýawly garamagyň we türkmen tebigatynyň gözelliginiň başky görnüşdäki durkuny gorap saklamagyň zerurdygy baradaky meseläni gozgady. Döwlet Baştutanymyz tebigatyň diňe bir biziň maddy hajatlarymyzy kanagatlandyrmagyň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem ol ynsanyň ruhy talaplaryny ödemegiň hem täsin çeşmesidir diýip belledi. Bularyň ählisi biziň durmuşymyz, şol sanda estetiki gymmatlyklarymyz üçin hem zerurdyr. Biz ony tebigatdan alýarys. Tebigat bolsa öz nobatynda haýwanat we ösümlik dünýäsiniň wekilleriniň ýaşamagy üçin tebigy gurşawdyr. Biziň parasatly ata-babalarymyz adamyň durmuş şertleriniň onuň saglygyna gönüden-göni täsir edýändigine gadym döwürlerden başlap göz ýetiripdirler.Şonuň üçin hem bu dünýäde ähli zadyň biri-birine baglydygyny we garaşlydygyny tassyklap, “Eger adam tebigata zeper ýetirse, ol özüne hem zyýan ýetirýär” diýip aýdypdyrlar.

Şulary nazarda tutup, ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde ekologiýa medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmak gerek. Bu bolsa ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara berilýän ekologiýa terbiýesiniň we ekologiýa biliminiň hili bilan aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň tutuş taryhy mähriban ülkämiziň tebigaty – aňrysyna-bärsine göz ýetmeýän Garagum çöllikleri we gül açýan oazisler, Köpetdagyň ajaýyp belentlikleri, joşup akýan Amyderýa we gojaman Hazaryň täsin kenarlary bilen sazlaşykda bolupdyr. Biziň halkymyz gadymyýetden bäri öz mähriban ülkesine uly söýgi bilen garapdyr. Sebäbi tebigaty mähir- alada bilen gurşap alsaň, ol öz jomart miweleri bilen seniň zähmetiň üçin hasyl berer diýip, milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny goramak we köpeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir diýip belledi. Bu syýasatyň esasynda bolsa ykdysady pudakdaky, durmuş we ekologiýa ulgamyndaky wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmek ýatandyr. Bu bolsa adamlaryň abadan durmuşyny üpjün etmegiň esasy şertidir.

Türkmenistanyň Prezidenti ada aýlanyp görmegiň barşynda onuň çäklerine kwadrasiklde aýlanyp, Ogurjaly zakaznigini synlady. Hazar deňziniň günorta-gündogar böleginde ýerleşýän Ogurjaly adasy şeýle bir uly däldir. Onuň umumy meýdany 9 müň gektara golaý bolup, demirgazykdan günorta tarapa 40 kilometr möçberinde uzap gidýär, giňligi bolsa 1,5-2 kilometrdir.

Ogurjaly adasynyň tebigaty antropogen häsiýetli hereketleriň oňaýsyz täsirine duçar bolman, özüniň ilki başdaky tämizligini saklaýar. Adanyň salkyn we çygly howasy ösümlikleriň ösüşi üçin amatly şertleri döredýär. Bu ýerde olaryň 65 görnüşi bar. Adada astragal, peçek, selin, gamyş we ýylgyn has köp duş gelýär, gyrymsy ösümlikleriň arasynda akasiýa agdyklyk edýär. Ogurjaly adasynda guşlaryň köp görnüşleri—ördekler, çarlaklar, çuluklar, jübtünler we käkilikler ýaşaýar. Adada bellige alnan guşlaryň 120-den gowragy bar. Ýaz we güýz pasyllarynda kenar boýunça guşlar Hazar goraghanasynyň Esenguly bölegine tarap köpçülikleýin uçýarlar. Bu ýerdäki ýalpaklyklarda gyşyna sakarbalak, gyzyl kelleli we gyzyl çüňkli ördek, ýabany ördek we guw, şeýle hem gyzylinjik duşýar.

Adanyň daş-töwereginde we günortasynda çuňlugy 30-50 metre ýetýän arassa we dury deňiz suwlary balyklaryň ähli görnüşleriniň diýen ýaly ýaşaýan we köpçülikleýin gyşlaýan ýerleridir. Ýerli endemik, süýdemdirijileriň köp sanly toparynyň Hazarda ýaşaýan ýeke-täk wekili diýlip hasaplanýan Hazar düwleniniň ýataklary bar. Ol süýji suwdaky düwlenleriň dünýäde bar bolan iki görnüşiniň biridir we iň kiçisidir – ulalanda, onuň uzynlygy ortaça 1,5 metre ýetýär.

Umuman alanyňda, ekologik abadançylyk we tebigy öri meýdanlarynyň bolmagy 1982-nji ýylda keýikleri köpeltmek boýunça döwlet goraghanasyny döretmek üçin Ogurjaly adasynyň saýlanyp alynmagyny şertlendirdi. Şonda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna goşulan bu owadan jandarlaryň sany azalýardy we olara ýitip gitmek howpy abanýardy. Bathyz döwlet goraghanasyndan bu ýere keýikleriň 13-si getirildi, häzirki wagtda bu ýerde eýýäm 2 müňe çenli we şondan-da köp keýikleriň ýaşaýşa ukyply sürüsi kemala geldi.

Ýeri gelende aýtsak, adanyň merkezi bölegindäki 7 müň gektar meýdanda ýerleşen “Ogurjaly” goraghanasy Hazar döwlet goraghanasynyň düzümine goşuldy, onuň işgärleri tebigaty goramak boýunça ýörite çäreleri, goraghananyň ot-iýmlik binýadyny pugtalandyrmak bilen bagly işleri amala aşyrýar. Adada şor toprakly ýerde çydamly agaç nahallarynyň igde, toraňňy ýaly görnüşleri oturdyldy. Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi her ýylda diýen ýaly keýikleri materige, Balkan dagyna, Merkezi we Günbatar Köpetdaga göçürmek boýunça çäreleri amala aşyrýar.

... Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goraghanany synlap, bu ýerde ylmy-barlag işini güýçlendirmegiň, hususan-da, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna goşulan seýrek duşýan jandarlary goramak bilen çäklenmän, olaryň ösdürilip ýetişdirilýän sanyny has-da artdyrmak üçin, bu işiň saýlap –seçmek bilen bagly ugruny işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ekologiýa degişli meseläniň tutuş dünýäde wajyp ähmiýete eýedigini nygtady. Milli Liderimiz bu ugurda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigini aýdyp, bu ýerde ýaşaýan halklaryň we tutuş adamzadyň bähbidiniň hatyrasyna, häzirki döwürdäki ählumumy meseleleriň, şol sanda daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak, sebitde Hazaryň biologik taýdan dürlüligini aýawly saklamak bilen bagly meseleleriň çözülmegine diňe toplumlaýyn çemeleşmegiň we dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birikdirilmeginiň anyk we oňyn netije berjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň durnukly ösüş boýunça 2012-nji ýylyň iýun aýynda Rio-de-Žaneýro şäherinde (Braziliýa Federatiw Respublikasy) geçirilen “Rio+ 20” Maslahatynda we beýleki iri halkara forumlarynda beýan eden netijeli başlangyçlary halkara bileleşigi tarapyndan giňden goldanyldy.

Türkmen tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň geçen hepdede Nýu-Ýorkda (ABŞ) öz işine başlan häzirki 68-nji maslahatynyň garamagyna hödürlän anyk teklipleri tutuş adamzadyň bähbitlerine we BMG tarapyndan yglan edilen Müňýyllygyň Ählumumy Maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, howanyň üýtgemeginiň köp ugurly meselelerdigini hasaba almak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti ozal BMG bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça ýörite düzümi – Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş edipdi. Bu gurama howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça hemişelik esasda meşgullanar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki mejlisiniň çäklerinde biziň ýurdumyz howanyň ählumumy derejede üýtgemegi bilen baglanyşykly onuň amatsyz netijeleriniň öňüni almaga gönükdirilen köp taraplaýyn halkara ylalaşyklarynyň ähmiýetini pugtalandyrmaga öz goşandyny goşmaga taýýrdygyny beýan eder. Hususan-da, gürrüň BMG-niň çölleşmäge garşy göreş boýunça Konwensiýasyny ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak barada barýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2014-nji ýylda bu Konwensiýanyň taraplarynyň konferensiýasyny özünde geçirmäge taýýardyr.

Türkmenistan Hazarýaka döwletleriniň daşky gurşawy goramak boýunça tagallalaryny birikdirmek üçin, BMG-niň howandarlyk etmeginde hyzmatdaşlygyň täze mehanizmini – Hazar boýunça halkara ekologiýa gepleşigini maksada laýyk diýip hasaplaýar.

Biziň ýurdumyz tebigaty goramak boýunça başlangyçlary öňe sürmek bilen, olary anyk durmuşa geçirmek işlerinde işjeň çäreleri görýär. Hususan-da, bugly gazlaryň zyňyndysyny azaltmak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny goldamak bilen Türkmenistan häzirki zaman ekologiýa taýdan arassa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary peýdalanmaga yzygiderli geçýär.

Şunda anyk mysal hökmünde ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynyň öňdebaryjy kärhanasy bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmagyň giň gerimli maksatnamasyny getirmek bolar. Bu ýerde täze zawodlary gurmak, öň hereket edýän tehnologiýa enjamlarynyň we beýleki desgalaryň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak işleri daşky gurşawa zyýan ýetmeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy tehnologiýalary we tehniki çözgütleri peýdalanmak arkaly amala aşyrylýar.

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň taslamasy “Ýaşyl port” (Grin port) halkara standartlaryna laýyklykda işlenip düzüldi. Ol nawigasiýanyň we ýük gatnatmagyň howpsuzlygyny we netijeliligini üpjün etmek boýunça zerur bolan iň häzirki zaman maksatnamalaýyn enjamlar toplumlary bilen abzallaşdyrylar. Hazar deňziniň ekologiýa ýagdaýyny gorap saklamak maksady bilen her terminalda bioarassalaýy enjamlary oturdylar.

Ýurdumyzyň hünärmenleriniň baha bermegine görä we abraýly halkara bilermenleriniň netijenamalaryna laýyýlykda häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen bölegi ekologiýa taýdan has arassa zolak hasap edilýär. Bu tebigaty goramak boýunça yzygiderli hem-de maksada laýyk işleriň netijesidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Hazaryň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça iri möçberli taslama muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ol bu sebitiň dikeldiş mümkinçiliklerini peýdalanyp, ony iri halkara syýahatçylyk merkezine öwürmäge mümkinçilik döreder. Taslamanyň esasy düzgünleriniň biri boýunça kenarýakada gurulýan ähli binalar daşky gurşawy goramak babatda bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir.

Deňiz dynç alyş merkezini ýaşyl zolaga öwürmäge ilkinji derejeli üns berilýär. Mysal üçin, Baş meýilnama laýyklykda syýahatçylyk zolagy üçin 5 müň gektar meýdan bölünip berildi. Onuň 2 müň gektaryny ajaýyp tebigy landşaftly Milli seýilgäh eýelär. Mundan başga-da, seýilgähler, alleýalar hem-de gülzarlyklar üçin 1300 gektar ýer bölünip berildi. Geljekde “Awazada” ýokary tehnologiýalar esasynda işleýän gözegçilik ulgamlary oturdylar. Olaryň kömegi bilen howanyň arassaçylygyna üznüksiz ýagdaýda gözegçilik etmäge mümkinçilik dörär.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň düzüminde “Kaspekogözegçilik” ýöriteleşdirilen gulluk hereket edýär. Onuň hünärmenleri daşky gurşawa gözegçiligi amala aşyrýarlar. Bu gullugyň barlaghanasy suwuň has çuň ýerlerinde ylmy-barlag işlerini geçirmek, şol sanda deňiz suwunyň hilini seljermek we deňziň düýbüniň çökündileriniň hilini kesgitlemek üçin niýetlenen häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilendir.

Türkmenistanyň Prezidentine tebigaty goramak ministri B.Annabaýramow şol işleriň, ekologiýa degişli maksatnamalary amala aşyrmagyň we milli Liderimiz tarapyndan berlen tabşyryklary berjaý etmegiň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawyň goralmagyna toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ýurdumyzyň tebigaty goramak baradaky edarasynyň ýolbaşçysynyň, şeýle hem hökümetiň agzalarynyň ünsüni çekdi. Gadymy Hazary türkmenistanlylaryň geljekki nesilleri üçin aýawly saklamak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Milli Lideimiz öz tebigy baýlyklarymyzy aýawly saklamak arkaly, olaryň ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugatlandyrylmagyna, türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda hut şeýle çemeleşmäniň Türkmenistan tarapyndan ekologiýa boýunça ýöredilýän syýasatynyň netijelidigini aýdyň görkezýän subutnamasydygyny, şol syýasata görä dogduk Diýarymyzyň tebigatynyň baýlyklaryny we dürli-dürlüligini goramak we artdyrmak boýunça görülýän çäreleriň ata Watanymyzyň rowaçlygynyň kepili bolup durýandygyny aýdyp, ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy hem-de dikuçar arkaly Ogurjaly adasyndan ugrady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary dowam еdýär.