Ï Türkmenistan halkara syýahatçylygynyň kartasynda täze merkezdir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan halkara syýahatçylygynyň kartasynda täze merkezdir

view-icon 714
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Bütindünýä syýahatçylyk gününe gabatlanyp we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bu ulgamyny ösdürmegiň strategiki maksatlaryna hem-de wezipelerine bagyşlanylan “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisi we syýahatçylyk kongresi açyldy.

“Nebitçi” myhmanhanasynda bolan serginiň açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, ýurdumyzyň belli bir ugurly guramalarynyň ýolbaşçylary, işewür toparlarynyň, köpsanly daşary ýurt kompaniýalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Sebitleýin utgaşdyryjysy Bek Jakeli bar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä we kongresa gatnaşyjylara gutlagyny uly üns bilen diňeldiler, türkmen Lideri biziň ýurdumyzyň sagaldyş, medeni, ekologiýa, sport, işewür syýahatçylygy we onuň beýleki görnüşlerini ösdürmek barada ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini nygtady. “Biz geljekde içerki we daşarky bazarlarda milli syýahatçylygymyzyň öňe gitmegini gazanmak üçin bu ugra maýa goýumlaryny çekmek we syýahatçylyk ulgamynda täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli şertleri döreders” diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Bu maslahatyň maksady Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge, dünýä syýahatçylyk senagatynyň gazananlary, şypahana-sagaldyş we dynç alyş ugurlarynda iň täze işläp taýýarlamalar babatda alymlaryň hem-de hünärmenleriň tejribe alyşmagyna ýardam etmekden ybyrytdyr.

Türkmenistanda häzirki zaman syýahtaçylyk industriýasyny kemala getirmek halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, ýurdumyza innowasion tehnologiýalary çekmegiň hem-de milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň şertleriniň biridir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda syýahatçylyk toplumyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, şonda ýurdumyzy we onuň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge kuwwatly itergi bermäge, dünýäde parahatçylyk we dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk taglymlaryny ýörediji hökmünde döwletimiziň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy üpjün etmäge ukyply şerti görýär.

Bu taglym milli Liderimiziň işläp taýýarlan Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň we höweslendirmegiň düýbünden täze ulgamynyň esasyny düzdi. Bu ýolda şol ulgamyň düzümleriniň ykdysady we durmuş esaslaryny döwrebaplaşdyrmak, mazmunly binýady hökmünde tebigy hem-de taryhy-medeni serişdeleri aýawly we rejeli peýdalanmak, şeýle hem ýurdumyzyň dünýä derejesinde özüne çekiji syýahatçylyk abraýyny kemala getirmek esasy wezipeler hökmünde öňe sürüldi. Hut şu babatda soňky ýyllarda tanyşdyryş hem-de maglumat – mahabat işi işjeňleşdirilýär, şonda biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralýan maslahatlar, sergiler we beýleki mowzuklaýyn çäreler möhüm ähmiýete eýedir.

Ýakynda Türkmenistanyň Tokioda her ýyl geçirilýän “JATA Travel Showcase” atly halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşmagy muňa mysal boldy. Şol günler Ýaponiýada resmi sapar bilen bolýan Bütinüdünýä syýahatçylyk guramasynyň ýolbaşçysy we meşhur syýahatçylyk ýarmarkasynyň direktory bilen bilelikde milli pawilionymyza baryp gören hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol serginiň hormatly myhmany bolandygyny ýatlap geçmeli. Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň we “JATA” sergisiniň baştutanlarynyň milli türkmen lybasynda bolmagy sergä gatnaşyjylaryň hemmesiniň ýadynda galdy, munuň özi biziň ýurdumyza türkmen halkyna hem-de onuň Liderine aýratyn sarpanyň nyşany boldy.

Aziýa –Ýuwaş umman sebitinde bu uly syýahatçylyk ýarmarkasynda Türkmenistanyň tanyşdyrylmagy uly üstünlikler we täze köp zatlary wada berýän işewür gatnaşyklara beslendi, onuň häsiýeti olaryň iş düzgününde we iş ýüzünde, şol sanda häzirki halkara sergisiniň we kongresiniň çäklerinde dowam etjekdigine esas berýär.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan maslahata gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi daşary ýurtly maýadarlaryň, bazar bilermenleriniň we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ýöriteleşýän iri kompaniýalaryň Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerine, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmegiň ägirt uly taslamasyna ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini görkezýär. Olar dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan milli syýahatçylyk agentlikleriniň ýolbaşçylarydyr hem-de hünärmenleridir, hyzmatdaşlyk düzümleriniň wekilleridir, şol ýurtlaryň hatarynda Beýik Britaniýa, Germaniýa,Awstriýa, Niderlandlar, Italiýa, Ispaniýa, BAE, Argentina, Taýland, Türkiýe, Russiýa, Çehiýa, Latwiýa we beýleki döwletler bar.

“Nebitçi” myhmanhanasynda ýaýbaňlanan sergi Türkmenistanda syýahatçylyk toplumynyň geljeginiň esasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ägirt uly mümkinçiliklerini görkezýär. Bar bolan kuwwatyny, gazanylan üstünlikleriň we täze teklipleriň aýdyň beýany bolan gözden geçirilişde biziň ýurdumyzyň döwlet guramalary we edaralary, hususy kärhanalary, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýan ýa-da gatnaşmaga isleg bildirýän daşary ýurtly kompaniýalar wekilçilik etdiler. Olaryň käbiri häzirki günde diňe konsepsiýany, beýlekileri anyk meýilnamany ýa-da maksatnamany hödürleýär, tutuşlygyna alnanda, sergi dünýä syýahatçylyk isynagatynyň ugurlarynyň we ösüş meýilleriniň özboluşly beýany bolup durýar.

Oňat bezelen sergi buýrujylaryň hem, hyzmatdaşlaryň hem täze başlangyçlaryny, syýahatçylygyň häzirki zaman düzümini, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini ösdürmäge, hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmäge, pudagy we işewürligi dolandyrmagyň ykdysady usullaryny kämilleşdirmäge hyzmat etmäge ukyply özboluşly tehnologiýalary hem-de işläp taýýarlamalary görkezýär. Sergi maslahata gatnaşyjylara öz geljegi uly tekliplerini, önümlerini we hyzmatlaryny görkezmäge, Türkmenistanyň we onuň welaýatlarynyň özboluşly syýahatçylyk kuwwaty bilen tanyşmaga, syýahatçylyk we myhmansöýerlik ugrynda täze meýiller hakynda örän möhüm maglumatlary almaga ýardam berýär.

Günüň ikinji ýarymynda “Arzuw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we guramalarynyň, sebitleýin edaralarynyň, şeýle hem halkara we daşary ýurt kompanýialarynyň hem-de firmalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy bilen kongresiň açylyşy boldy. Giriş mejlisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenilip taýýarlanylan ýurdumyzyň syýahatçylyk toplumyny innowasion taýdan ösdürmegiň strategiýasy we ileri tutulýan ugurlary, onuň esasy, baý medeni hem-de tebigy mirasy köpdürlüligi bilen bu ýere ýygnananlary tanyşdyran türkmen tarapynyň wekilleri çykyş etdiler.

Kongrese daşary ýurtly gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň çäklerinde özara gatnaşyklardan Türkmenistanda syýahatçylyga sarp ediş isleginiň jikme-jik beýanyna çenli, şeýle hem hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmek ýaly meseleleriň giň toparyny gozgadylar. Geçirilen pikir alyşmalar bu ulgamy ösdürmäge dürli çemeleşmeleri hödürlemäge, şeýle hem pudakda üstünlikli işleýän kompaniýalaryň tejribesini görkezmäge we bu ugurda daşary ýurt kompaniýalary bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň has nusga alarlykly mysallaryna garamaga mümkinçilik berdi.

Halkara maslahatynyň işiniň eýýäm birinji gününiň işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga täze itergi berendigini belläp geçmeli. Onuň işine döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň, ylmyň hem-de telekeçilik gurşawynyň wekilleriniň gatnaşýandygy möhümdir, munuň özi hyzmatdaşlygy we goşulyşmagy güýçlendirip, ýurdumyzyň we dünýäniň iş tejribesinde innowasion çemeleşmeleri hem-de işläp taýýarlamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge hyzmat edip, taraplaryň garaýyşlaryny ýakynlaşdyrmaga ýardam edýär.

Şu gün maslahata gatnaşyjylar “Ýelken” ýahta-klubuna hem baryp gördüler.Şol ýerde myhmanlary kabul etmek üçin döredilen has oňaýly şertler, sportuň suw görnüşleri bilen meşhullanmak üçin mümkinçilikler, ýahta hyzmatlary bilen tanyşdylar. Şeýle hem ýahtalarda deňizde gezelenji etdiler.

Ertir maslahat öz işini dowam eder, kongresiň çäklerinde syýahatçylyk senagatynyň bazary, onuň düzümlerini ösdürmegiň meýilleri, pudak üçin işgärleri taýýarlamak ýaly mowzuklar we döwlet edaralarynyň, syýahatçylyk guramalarynyň hem-de täjirçilik düzümleriniň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň beýleki taraplary boýunça bölümlerde iş geçiriler.

Mahlasy, halkara maslahaty täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de ýola goýmak üçin esasy döretmäge, ýurdumyzyň we dünýäniň iş tejribesine innowasion çemeleşmeleri we işläp taýýarlamalary üstünlikli ornaşdyrmaga, halkara syýahatçylyk kartasynda täze, geljegi uly merkez hökmünde Türkmenistanyň ykrar edilmegine ýardam eder.