Ï Türkmenistanda Serbiýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Serbiýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady

view-icon 618
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Serbiýa Respublikasynyň Türkmenistanda işläp başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Slawenko Terziçden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ony hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, hususan-da, onuň esasyny düzýän, deňhukukly we özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy üçin giň mümkinçilikleri açýan bitaraplyk doktrinasy bilen tanyşdyrdy. Ilçä şeýle hem türkmen Lideriniň başlangyjy bilen amala aşyrylýan, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan iri milli taslamalar we maksatnamalar hakynda gürrüň berildi. Türkmen döwletini we türkmenistanlylaryň durmuş derejesini has-da ösdürmek şolaryň esasy maksady bolup durýar. Söhbetdeşligiň barşynda serb ilçisi türkmen parlamentiniň düzümi we kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.

Jenap Slawenko Terziç öz gezeginde hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine Serbiýa Respublikasynyň baştutany Tomislaw Nikoliçiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçiniň belleýşi ýaly, Serbiýanyň hökümeti türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berýär we Türkmenistanyň netijeli çemeleşmelerini goldaýar. Şol çemeleşmelere laýyklykda islendik dawalar we gapma-garşylyklar diňe gepleşikler arkaly çözülmelidir.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň we giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, milli parlamentiň ýolbaşçysy we serb ilçisi söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da ösdürmek we ysnyşykly işewür gatnaşyklary ýola goýmak barada pikirlerini aýtdylar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işlemegi üçin Türkmenistanda oňaýly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigini bellemek bilen, ilçi Serbiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly bolan türkmen bazarynda işlemäge isleg bildirýändigini habar berdi.

Gumanitar ugurda we ozaly bilen ylym-bilim we medeni ulgamlarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi. Syýahatçylyk ugry boýunça hyzmatdaşlyk duşuşygyň meseleleriniň biri bolup, bu ugurda Türkmenistan we Serbiýa üçin özara peýdaly tagallalar üçin uly mümkinçilikler açylýar. Iki ýurduň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy berkitmek, netijeli gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen ilçi parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmak barada pikirini beýan etdi.

Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwletara gatnaşyklaryny has-da üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Serbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň DIM-inde kabul edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň käbir pudaklaýyn ministrliklerinde we edaralarynda duşuşyklary geçirmek meýilleşdirildi.