Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyza ugramagynyň öň ýanynda Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri, şeýle hem käbir möhüm resminamalaryň taslamalary girizildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, milli senenamamyzyň şöhratly senesiniň – Watanymyzyň garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň ýetip gelýändigini nygtady. Türkmenistanlylar bu senäni durmuşyň hemme ugurlarynda gazanylan täsin galdyryjy täze üstünlikler bilen bellärler. Türkmenistanyň Prezidenti ata Watanymyzyň baş baýramçylygynyň – Garaşsyzlyk gününiň birleşdiriji ähmiýetini aýratyn nygtady hem-de hemme dabaralary türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň iň gowy däplerinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.
Soňra Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň garamagyna nebit önümlerini saklamak we ugratmak boýunça Kenar kärhanasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlor toplumynyň täze awtomatlaşdyrylan demirýol estakadasyny gurmak hakyndaky kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ägirt uly çig mal serişdeleriniň, senagat hem-de ylmy kuwwatyň netijesinde ýangyç – energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimizde esasy orun eýeleýändigini nygtady. Bu pudakda ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, iň döwrebap tehnikalaryň peýdalanylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkyň hal ýagdygyny ýokarlandyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň möhüm şerti bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň awtomatlaşdyrylan demir ýol estakadasyny gurmaga degişli hödürlenen taslamany umuman oňlap we degişli karara gol çekip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Watanymyzyň nebithimiýa pudagynyň iň iri kärhanasyny has-da döwrebaplaşdyrmaga hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň senenamasyndaky şanly waka – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde guralmagy babatda wise-premýere birnäçe möhüm tabşyryklary berdi. Şol günler bu ajaýyp künjek hakyky toý ruhuna beslenmelidir diýip, milli Liderimiz aýratyn nygtady.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde milli parlamentimiziň alyp barýan işi hakynda habar berdi. Bellenilip geçilişii ýaly, milli parlamentariler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösüşiň öňdebaryjy sepgitlerine çykarmagy maksat edinen syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary babatda täze kanunçylyk taslamalaryny taýýarlaýarlar. Deputatlar kanunçykaryjyk işi bilen bir hatarda kabul edilýän kanunçylyk we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň maksatlary hem-de esasy wezipeleri hakynda düşündiriş işlerini geçirýärler, şeýle hem öz saýlawçylary bilen ýakyn gatnaşyklary saklaýarlar. Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň buýurmasy boýunça bina edilýän ýokary derejeli köp ugurly “Berkarar” dynç alyş merkezini ulanmaga tabşyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň mundan beýläk-de üstünlikli ösmeginiň, onuň demokratik we hukuk esaslaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup milli kanunçylyk binýadymyzy döwrebaplaşdyrmagyň çykyşy edýändigini belläp, ýurdumyzda ýaýbaňlanan giň gerimli özgertmeleri kanunçylyk babatda üpjün etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen başlylykda, hormatly Prezidentimiz milli parlamentiň işini kämilleşdirmäge ýardam edýän, şol sanda kanun çykaryjyk babatda öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmek bilen bagly bolan möhüm wezipeleriň birnäçesini çözmäge ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz “Berkarar” döwrebap dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy bilen bagly meseläni gozgap, bu waka mynasybetli geçiriljek dabaralaryň hakyky baýramçylyk ruhuna beslenmelidigini nygtady.
Soňra özüne ynanylan düzümlerde işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew çykyş etdi. Wise-premýer şeýle hem Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimýet edaralarynyň we olaryň tabynlygyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-ykdysady häsiýetli çözgütleriň kabul edilmegine ygtybarly gözegçiligi hem-de maliýe serişdeleriniň maksatlaýyn ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde şeýle hem öňdebaryjy halkara maliýe guramalary, şol sanda Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky 2013-2015-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň aralyk strategiýasyna laýyklykda, bellenilen tertipde ykdysady, maliýe we bank ulgamynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça tölegli okuwlary guramak bilen baglanyşykly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi baradaky meseleler bilen ylalaşyldy. Hökümet Baştutanynyň orunbasary şeýle hem şu ýylyň 29-nji sentýabryndan 3-nji oktýabryna çenli döwürde Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktorynyň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiň saparynyň boljakdygyna habar berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň, şol sanda döwlet maliýe ulgamynyň netijeli işini üpjün etmegiň döwlet dolandyrylyşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz döwlet we ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň ygtyýarynda bolan maliýe serişdelerini kemala getirmek paýlamak we peýdalanmak boýunça hereketleriň kanunylygyny, maksada laýyklydygyny we netijelidigini barlamaklygy jemleýän toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegi üçin halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ähmiýeti barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz abraýly halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz şeýle hem Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösdürilmegine hem-de türkmenistanlylaryň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen iri möçberli milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça çäreleri görmegiň möhümdigini nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa geljek aýda ýurdumyzyň ministrlikler we pudaklaýyn edaralary, häkimlikleri bilen bilelikde taýýarlanylan çäreleriň maksatnamasy hakynda giňişleýin hasabat berdi. Halkara, jemgyýetçilik--syýasy ähmiýetli çäreler, ylmy-amaly maslahatlar, medeni we sport çäreleri, şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň 22 ýyllygynyň hormatyna Türkmenistanda ýaýbaňlandyryljak köpçülikleýin çäreler oktýabr aýy üçin meýilleşdirilen maksatnama girdi. Ýurdumyzyň baş baýramyna bagyşlanyp sergiler, konsertler, sahnalaşdyrylan çykyşlar we beýleki sahna oýunlary, medeni çäreler guralar.
Hatyra seneleriniň hatarynda 1948-nji ýylda Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň Milli matam güni aýratyn orny eýeleýär, şol mynasybetli hatyra çäreleri guralar.
Medeni çäreleriň hatarynda höwesjeň ýaş aýdymçylaryň “Ýaňlan, Diýarym!” atly bäsleşiginiň “Türkmeniň Altyn asyry” umumydöwlet bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän jemleýji tapgyry bar.
8-nji oktýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy baýramçylyk dabaralarynyň merkezi bolar, şol ýerde täze desgalaryň açylyş dabarasy bolar. Şol gün agşam “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň baş sahnasynda “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak we medeniýet hem-de sungat işgärlerine hormatly atlary dakmak we olary sylaglamak dabarasy geçiriler.
Hasabatda Türkmenistnyň Ýaşulularynyň maslahatyny Daşoguzda geçirmek bilen baglanyşykly çärelere aýratyn üns berildi. Demirgazyk welaýatyň dolandyryş merkezinde “Bagt köşgüniň” açylyşy, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygy mynasybetli dürli pudaklaryň iň oňat işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy we beýleki çäreler bu waka bagyşlanar.
24-nji oktýabrda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVI maslahatyny geçirmek bellenildi. Paýtagtymyzda köpçülikleýin baýramçylyk çäreleri giňden ýaýbaňlanar, olar ähli sahna meýdançalaryny we kinokonsert merkezlerini gurşap alar. 26-njy oktýabrda “Aşgabat” köpugurly sport toplumynda geçiriljek baýramçylyk çäresi Garaşsyzlyk günümiziň baýram edilmegine bagyşlanan dabaraly çäreleriň hatarynda aýdyň çäreleriň biri bolar.
27-nji oktýabrda ýurdumyzyň baş meýdançasynda däp bolan ýöriş, medeni-dynç alyş merkezlerinde dabaralar we beýleki çäreler baýramçylygyň esasy çäreleri bolar. 28-nji oktýabrda dabara Halkara atçylyk sport toplumynda dowam eder, şol ýerde at çapyşyklary we beýleki baýramçylyk çäreleri geçiriler. Paýtagtymyzyň kinokonsert merkezlerinde, “Ylham” seýilgähinde, ähli welaýatlarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna konsertler we çykyşlar guralar.
Oktýabr aýynda ýurdumyzyň obalarynda we şäherlerinde medeni-durmuş ähmiýetli köpsanly desgalaryň açylyşy hem meýilleşdirildi. Aşgabatda hem şanly baýramçylygyň hormatyna uly gurluşyk-binagärlik açylyşlary garaşýar: bu ýerde dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň täze dolandyryş binalary, desgalary ulanmaga berler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygymyzyň 22 ýyllygynyň barýam edilmegi mynasybetli ähli çäreleri, şeýle hem täze desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmek barada görkezme berdi. Milli Liderimiz medeniýet, iri dabaralary guramak babatda innowasion dünýä tejribesini we häzirki zaman işläp taýýarlamalaryny öwrenmegiň hem-de peýdalanmagyň möhümdigini nygtap, özboluşly milli öwüşginiň, türkmen toýunyň gaýtalanmajak ruhunyň biziň baýramçylyklarymyzyň esasy alamaty bolmalydygyny belledi.
Bu babatda hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň edaralarynyň jemgyýetçilik guramalary, okuw--bilim mekdepleri, habar beriş serişdeleri bilen goşulyşmagynyň hem-de olaryň ýakyndan özara hereket etmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz medeni çärelere döredijilik babatda hem, maglumatlar bilen üpjün etmek babatda häzirki zaman tehnologiýalaryny has işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, baýramçylyk çäreleriniň köpçülikleýinligini üpjün etmek üçin işleri ulgaşdyrmagy güýçlendirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, Bitarap, Türkmenistanyň häzirki gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmekde şeýle baýramçylyk we medeni çäreleriň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda bu ugurda biziň ýurdumyzda uly we örän netijeli tejribe toplandy, munuň özi milletimiziň baý ruhy mirasyny öwrenmek hem-de dünýäde wagyz etmek işinde öz netijelerini berýär.
Milli Liderimiz türkmen halkynyň iň oňat däplerini gorap saklamakda we ösdürmekde, ýaşlara watançylyk, ahlak taýdan döwrebap terbiýe bermekde medeniýet ulgamynyň üstüne ýüklenen wezipäniň örän möhümdigini nygtap, oktýabr aýynda boljak baýramçylyk we medeni çärelerini ýokary derejede guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi hem-de bu meseleleri berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toylyýewe söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, şu ýylyň 8-29-njy oktýabry aralygynda 188 zyýaratçynyň Saud Arabystany Patyşalygyna haj parzyny berjaý etmek üçin gitmegi hakynda Buýrugyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen zyýaratçylarynyň haj parzyny berjaý etmegi hakynda Buýruga gol çekdi we Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde Mekgede we Medinede mukaddes däp-dessurlary berjaý etmek üçin bu sapary birkemsiz guramak boýunça ähli meseleleri jikme-jik işlemegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, zyýaratyň üstünlikli geçmegi, adamlarda onuň bilen bagly röwşen duýgularyň galmagy üçin biziň guramaçylarymyzyň üstüne uly jogapkärçilik düşýär diýip nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilýän işler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer Aşgabat şäherinde Olimpiýa şäherjiginiň binalar we desgalar toplumynyň üçünji tapgyryny gurmak boýunça görülýän çäreler hakynda barada aýtdy. Mälim bolşy ýaly, gurluşygyň birinji tapgyry 2010-njy ýylyň oktýabrynda başlandy we 2014-nji ýylyň aprelinde tamamlanar, ikinji nobatdakysy 2012-nji ýylyň maýynda başlandy we 2015-nji ýylyň dekabrynda desgalary ulanmaga bermek bellendi, degişlilikde üçünji tapgyr 2013-nji ýylyň oktýabrynda başlanar.
Hasabatyň çäklerinde paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň meýilnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hem habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynyň üçünji tapgyrynda durmuş maksatly sport desgalarynyň we ulgamlarynyň birnäçesini, gurmak göz öňünde tutulýar diýip belledi. Bu desgalar öňdebaryjy inžener-tehniki serişdelerini ulanmak bilen, şeýle hem binagärlik sungatynyň iň soňky gazananlaryny nazara almak bilen bina ediler. Döwlet Baştutanymyz “Aşgabat şäherinde Olimpiýa şäherjiginiň binalar we desgalar toplumynyň üçünji tapgyrynyň gurluşygy hakyndaky” kararynyň taslamasyny makullap we oňa gol çekip, öňde boljak Aziada-2017-niň gürrüňsiz suratda diňe bir sport senenamasynda däl, eýsem, dünýä möçberinde iň aýdyň we özüne çekiji waka boljakdygyny belledi. Bu ýaryşyň Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilmegi türkmen paýtagtynyň özüni eýýäm halkara Olimpiýa hereketini işjeň guraýjy we oňa gatnaşyjy hökmünde görkezendigine şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, Aşgabatda ýollary, estakadalary hem-de köprüleri ýokary hilli gurmagyň, olary göwnejaý ulanyş ýagdaýynda saklamagy üpjün etmegiň möhümdigini nygtady.
Mejlisde çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow öz hasabatynda oba hojalyk möwsüminiň alnyp barlyşy we pagta ýygymynyň, güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak maksadynda görülýän çäreler bilen baglynyşykly, meseleleri beýan etdi.
Hasabatyň çäklerinde şeýle hem hormatly Prezidentimiziň BMG-niň durnukly ösüş boýunça“Rio+20” maslahatynda beýan edilen Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamaga degişli halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň öňünde şu günler durýan esasy wezipäniň ýetişdirilen pagta hasylyny isripsiz ýygnap almakdan hem-de täze ýylyň bereketli bugdaý hasylynyň girewi bolan güýzlük ekişini öz wagtynda geçirmekden ybaratdygyny belledi. Bu oba hojalyk möwsüminiň örän wajypdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz wise-premýerden sebitlerde alnyp barylýan meýdan işlerini hemişelik gözegçilikde saklamagy talap etdi.
Daşky gurşawy goramak ýaly döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugrunyň üstünde durup geçip, hormatly Prezidentimiz bu wajyp meselä Türkmenistanda ilkinji nobatda ähmiýet berilýändigini nygtady. Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigaty goramakda, suw, toprak we biologik serişdeleri netijeli peýdalanmak, biologiki köpdürlüligi hem-de tebigylygy gorap saklamakda howanyň hapalanmagyny azaltmak ulgamynda, çözleşmä garşy göreşmekde, ilatyň ekologiýa babatda aň-düşünjeliliginiň artmagy ugrunda uly işler alnyp barylýar. Tebigaty goramaga degişli täze kanunlar kabul edildi, “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa” we “Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy”, beýleki iri ekologik maksatnamalar tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Ylmyň gazananlarynyň giňden peýdalanylmagy, senagatda we oba hojalyk pudagynda ekologik taýdan arassa, serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýurdumyzyň ägirt uly syýahatçylyk kuwwatynyň durmuşa geçirilmegi bilen geljekki mümkinçilikler baglanyşdyrylýar.
Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly,ýurdumyzyň täsin tebigatyny gorap saklamak, seýrek haýwanlaryň we ösümlikleriň hasabyny dikeltmek işinde aýratyn goralýan çäkler-goraghanalar möhüm orun tutýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hazar döwlet goraghanasynyň çäklerinde ylmy-barlag işlerini has-da işjeňleşdirmek barada görkezme berdi. Ogurjaly adasynda bar bolan jerenleriň mesgen tutmagy we köpeldilmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine aýratyn üns bermek zerur diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow hasabat bilen çykyş etdi. Toplumlaýyn çäreleriň yzygiderli geçirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetiň senagat pudagynda önümçilik düzümi giňelýär, öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar.
Balkan welaýatyna sapary hakynda hasabat bermek bilen, wise-premýer “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň, Balkanabadyň ýod zawodynyň, Jebel şäherçesinde ýerleşýän Balkan sement zawodynyň işleri bilen tanşandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer “Balkan we Lebap” sement zawodlarynyň ulanmaga berilmegi bilen, şu ýyl ilkinji gezek sementiň 2 million tonnadan gowragynyň öndüriljekdigini aýtdy.
Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň “Türkmenmaşyngurluşyk” konserniniň binýadynda “Bagtyýar döwür” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini kärhanasyny döretmek maksadynda görülýän çäreler barada hem aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gurluşyk senagatynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň hilini ýokarlandyrmaga we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilen yzygiderli çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Balkan sement zawody – diňe Türkmenistanda däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziyada iri kärhana bolup milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmek, şeýle hem halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar diýip belledi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu senagat toplumy öz önümlerini diňe Balkan welaýatynda gurulýan desgalara, hususan-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan binalara däl-de, eýsem, Daşoguz, Ahal welaýatlaryna hem iberýär. Munuň özi desgalaryň gurluşyk depginlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kärhananyň önümleri, hususan-da, ýokary berklikdäki sement biziň ýurdumyzyň seýsmiki zolagynda köp gatly binalary we beýleki desgalary gurmakda ulanylýar diýip aýratyn belledi. Mundan başga-da, zawod nebit we gaz pudaklary üçin zerur bolan tamponaž sementini, şeýle hem köprüleriň binýatlary we sütünleri, beýleki gidrotehniki desgalar gurlanda ulanylýan sulfata durnukly sementi öndürýär.
Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek üçin senagat pudagynyň kärhanalarynyň netijeli we sazlaşykly işlemeginiň möhümdigi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça gelip gowuşýan ähli teklipleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz “Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň “Türkmenmaşyngurluşyk” konsernine “Bagtyýar döwür” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde gatnaşmaga ygtyýar bermek hakynda” Karara gol çekip, häzir biziň ýurdumyzda senagat pudagyny toplumlaýyn ösdürmäge ägirt uly üns berilýär diýip belledi hem-de onuň işini has-da kämilleşdirmegiň we öndürilýän önümleriň talap edilýän ýokary hilini gazanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbsary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyhyň häzirki günüň talaplaryna laýyklykda ulag toplumynyň kärhanalarynyň işlerini kämilleşdirmek, pudagyň maddy -enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag- aragatnaşyk ulgamynyň sebitleýin düzümlerini kemala getirmäge işjeň gatnaşyja öwrülýändigini belledi. Munuň özi oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ägirt uly ykdysady mümkinçiligini durmuşa geçirmäge we umuman, sebitde durnuklylygyň, howpsuzlygyň we durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň ykrar edilmegine ýardam bermäge hyzmat etmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasynda ygtybarly ulag geçelgesi bolup hyzmat etmäge gönükdirilen Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýol magistrlynyň gurluşygy boýunça taslamanyň möhüm halkara ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz demir ýol pudagyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, onuň işlerini mundan beýläk kämilleşdirmegiň we edilýän hyzmatlaryň talap edilýän ýokary hilini gazanmagyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi.
Soňra hasabat bilen gözegçilik edýän düzümleriniň işi hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji P.Taganow çykyş etdi. Hasabat berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň degişli tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasyny dolandyrmak boýunça teklipleri öwrenildi. Onuň gurluşygy Aşgabatda tamamlanyp barýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iri dünýä kompaniýalary bilen, şol sanda myhmanhana işewürligi ýaly şeýle geljegi uly ugurda özara peýdary işewür gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtady. Milli Liderimiziň bu meseläni dowam etdirip aýdyşy ýaly, häzirki wagtda biziň ýurdumyzda myhmansöýerlik düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplyşdyrmak boýunça belli bir maksada gönükdirilen işler geçirilýär, täze häzirki zaman myhmanhanalary gurulýar, ýokary hünärli hünärmenleri we hyzmat edýän işgärleri taýýarlamak boýunça täsirli çäreler görülýär we bu babatda Türkmenistan bu ulgama öňdebaryjy dünýä tejribesini çekmäge öräni gyzyklanma bildirýär. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen wese-pemýere daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministri B.Annabaýramowa söz berildi. Ol tebigaty goraýyş edarasynyň işgärleri tarapyndan geçirilýän işler, şol sanda “Howanyň üýtgemegi barada milli maksatnamany” we “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hususan-da, gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak , howanyň arassalygyna gözegçilik etmek, gurluşygy alnyp barylýan önümçilik desgalaryny ekologiýa talaplaryna laýyk getirmek maksadynda amala aşyrylýan işler hakynda habar berildi.
Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, ministr täze döredilen “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasyny biosfera goraghanalarynyň halkara ulgamyna, şeýle hem UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin zerur bolan resminamalary taýýarlamagyň barşy hakynda habar berdi.
BMG-niň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, UNESKO we beýleki iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda ekologik taslamalaryň 6-synyň amala aşyrylýandygy barada hem aýdyldy.
Ministr şeýle hem BMG-niň Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşýan ýurtlaryň 11-nji maslahatyna gatnaşmak üçin şu aýda Namibiýa Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ekologiýa taýdan howpsuz ösüşi öz döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlemek bilen, Türkmenistanyň ekologiýa we tebigaty goramak boýunça iň bir möhüm ähmiýetli meseleleri çözmekde hemişe işjeň ugruny eýeläp gelýändigini aýtdy. Biziň ýurdumyz bu meseleleri häzirki döwrüň ählumumy möhüm meseleleriniň biri hasap edýär. Bu ugurda döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary-Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, bu guramanyň beýleki edaralary hem-de institutlary bilen ysnyşykly hyzmat edip gelýär.
Türkmen döwletiniň tebigaty goramak syýasatynda Hazar deňziniň ekologiýa goraglylygynyň ygtybarly ulgamyny döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi Hazaryň özboluşly tebigy toplumy—köp dürli ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tutuş adamzadyň gymmatlygy bolup durýandygy bilen şertlendirilendir we şonuň üçin ol halkara bileleşiginiň aýratyn ünsüni talap edýär.
Şunuň bilen birlikde, Hazar deňziniň sebiti uglewodorod serişdelerini çykarmak we daşamak boýunça dünýäde iň iri merkezleriň birine çalt depginler bilen öwrülýär. Bu gün biziň esasy wezipämiz -- Hazar deňziniň biologik taýdan dürli bolmagyny gorap saklamak bilen birlikde, ykdysady bähbitleri we energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmakdan, şeýle hem ekologiýa ýagdaýynyň bozulmagynyň öňüni almakdan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Orta Aziýada we hazar deňziniň sebitinde, hususan-da, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ýüze çykýan ekologiýa meseleleriniň köpdügini nazara alyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda ýöriteleşdirilen edarany - Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezini döretmegi teklip etdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu edara tebigaty goramak boýunça halkara taslamalaryny durmuşa geçirmäge iş ýüzünde kömek berip biler.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýerler A.Ýazmyradowa, S.Toýlyýewe, Türkmenistanyň tebigaty goramak ministri B.Annabaýramowa, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlaryna birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biologik dürlüligi, howanyň üýtgemegi, tebigaty goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak maksady bilen beýleki ýurtlar we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek gerek. Bu hyzmatdaşlyk bolsa tebigaty goramak, gidrobiologiýa, ekologiýa, tebigaty goramagy standartlaşdyrmak, tokaý hojylygy boýunça işlejek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.
Ähli pudaklara degişli edara-kärhanalarda we guramalarda, hususan-da, gurulýan iri önümçilik desgalarynda ekologýia howpsuzlygy boýunça kadalaryň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ýurdumyzyň goraghanalarynda ýabany haýwanlaryň we ösümlikleriň sanyny artdyrmak hem-de olary gorap saklamak, ösümlik we haýwanat dünýäsini mundan beýläk-de baýlaşdyrmak, tebigatyň gözel ýerlerini aýawly saklamak babatda ylmy-barlag taslamalaryna we iş ýüzündäki çärelere aýratyn üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, häzir ýurdumyzda amala aşyrylýan halk hojalyk toplumyny düýpli özgertmek boýunça maksatnama Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge gönükdirilendir diýip belledi. Umumymilli meýilnamalarda ähli ýerlerde, şol sanda obalarda iri senagat toplumlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Häzir şol ýerlerde döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen maldarçylyk we beýleki toplumlar döredilýär. Milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak babatda döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça wezipeleriň möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmagyň hem-de täze önümçilik toplumlaryny gurmagyň gerimleri we depginleri iri senagat desgalaryny, innowasion esasda döredilen tehnologik enjamlary we beýlekileri peýdalanmaga isleg döreder. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz daşky gurşawa aýawly garamagyň, ähli bellenilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň aýrylmaz şerti hökmünde ekologik taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalary durmuşda işjeň ulanmagyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowa söz berildi, ol möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, welaýatda gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy hakynda, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda jikme-jik hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň günbatar welaýatynda häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük däne ekinleriniň ekişi işjeň alnyp barylýar. Häzirki günde ekiş üçin bölünip berlen ýerleriň uly böleginde işler tamamlandy. Ýokary hasyly almak üçin ýokary sortly bugdaýyň tohumy we ýokary hilli mineral dökünleri ulanylýar. Ekiş möwsüminde tehnikanyň bökdençsiz işlemegi ünjün edilýär.
Häkim pagta yygym möwsüminiň barşy we “ak altynyň” hasylyny ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler hakynda hasabat berdi. Häkim welaýatyň gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýy hakynda çykyş edip, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe desgalaryň açylyşa taýýardygy hakynda, şeýle hem bu şanly waka bayglanylan dabaralar hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň oba hojalyk toplumynyň öňünde duran wezipeleri öz wagtynda çözmegiň möhümdigini belläp, ekerançylyk meýdanlaryndan ösdürilip ýetişdirilen “ak altynyň” ähli hasylyny göwnejaý möhletlerde ýygnamak, şeýle hem güýzlük däne ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri peýdalanmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow güýzlük däne ekinlerine ideg etmek boýunça degişli agrotehniki çäreleriň ählisini oňat hilli geçirmegiň zerurdygyny nygtap, bu barada anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna gabatlanyp ulanmaga beriljek täze desgalaryň ähmiýetini nygtap, meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary ugramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra mejlise çagyrylan goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada, hususan-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 22 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli öňde durýan çärelere görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Harby gullukçylaryň göwnejaý gullugy, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgalalarynyň iň oňaýly ýaşaýyş durmuşyny üpjün etmek üçin ähli amatly şertleriň döredilmeginiň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň göwrümli harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, türkmen döwletiniň Baştutany Goranmak ministrliginiň buýurmasy boýunça bina edilýän desgalaryň gurluşyklarynyň hemmesinde olaryň barşyna we hiline berk gözegçilik edilmeginiň möhümdigini nygtady. Munuň özi bildirilýän ýokary taraplara dolulygyna laýyk gelmelidir.
Soňra mejlise çagyrylan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew öz gezeginde Watanymyzyň edermen türkmen serhetçileri tarapyndan ygtybarly goralýan döwlet serhedinde işleriň ýagdaýy barada, şeýle hem öz garamagyndaky düzümde desgalaryň, täze döwrebap serhet galalarynyň binalarynyň gurluşyklarynyň meseleleri boýunça hasabat berdi.
Watanymyzyň mukaddes araçäklerinde gulluklaryny örän hüşgär alyp barýan serhetçileriň türkmen topragynda parahatçylygy hem-de asudalylygy üpjün etmek işine goşýan ägirt uly goşandyna ýokary baha berip, milli Liderimiz döwletiň serhet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Watanymyzyň goragçylarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak meselelerine mundan beýläk-de aýratyn üns berjekdigini nygtady. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz eýermek bilen, bütindünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa we makullanma eýe bolan, biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenini düzýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine hemişe ygrarly bolar.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşýan Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewe ýüzlenip, mähriban Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna gabat gelýän halkara ähmiýetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şol çärelere daşary ýurtlaryň köpüsinden myhmanlar gatnaşar.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde Serhetlerde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjynyň (CABSI) nobatdaky 11-nji halkara maslahatynyň, “Energiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş – Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň geljegi” atly halkara maslahatynyň, şeýle hem ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge we giňeltmäge ýardam etjek beýleki forumlaryň geçiriljekdigini belledi. Bu barada aýtmak bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we milletiň belent ynsanperwerlik maksatlaryna esaslanan we bütin dünýäde giň goldawa eýe bolan daşary syýasy ugruna üýgtewsiz ygrarlydygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, abadançylyk we Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw edip, Aşgabada ugrady.