Şu gün ir säher bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda durky täzelenen Saglyk ýoluny geçdi.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we wagyz-nesihatçysy bolmak bilen, özüniň işiniň köpdügine garamazdan, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin wagt tapýar hem-de ähli watandaşlarymyza, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlara nusgalyk görelde bolýar. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, yzygiderli türgenleşikler we bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmak ynsany diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem, onda tutanýerlilik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleri kämilleşdirýär.
Ine, bu gün hem ýurdumyzyň säher şapagynyň öwüşgini bilen ajaýyp keşbi emele getirýän we hoştap howaly gözel künjeginde durky täzelenen Saglyk ýoluna gadam goýan Türkmenistanyň Prezidenti egindeşlerine ýüzlenip, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini has işjeň ýagdaýda wagyz etmegiň zerurdygy, bedentebiýäniň we sportuň türkmenistanlylaryň her biriniň içgin meşgullanýan we durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülmelidigi barada aýtdy.
Şeýle hem milli Liderimiz bu künjegi dürli derejedäki medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerine öwürmegiň zerurdygyny bellemek bilen, degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, bu ýerde geçirilýän medeni çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady.
Köpetdagyň dag gerişleri bilen uzap gidýän Saglyk ýoluny geçip barşyna döwlet Baştutanymyz wise-premýer S.Toýlyýewe ýüzlenip, ýokary okuw mekdepleriniň okuw-terbiýeçilik maksatnamasynda sportuň we bedenterbiýäniň wajyp orny eýelemelidigi barada tabşyryk berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagy üçin şertleri döretmek bilen bir hatarda, ýerlerde halkara derejelerine laýyk gelýän sport toplumlarynyň, zallaryň, meýdançalaryň we stadionlaryň gurulmagy möhüm wezipeleriň biridir diýip belledi we olarda ýurdumyzyň ilatynyň ähli gatlaklaryna sportuň dürli görnüşleri boýunça yzygiderli meşgullanmak üçin ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Türkmenistanda ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Bu ugurda özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde, türkmenistanlylaryň öz saglygyna garaýşy düýpgöter özgerdi. Soňky ýyllarda watandaşlarymyzyň köpüsi ýaryşlara syn edýän tomaşaçylardan sport bilen işjeň ýagdaýda meşgullanýan we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän adamlara öwrüldi. Ýurdumyzda mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän ýaryşlardan başlap, her ýylda guralýan umumymilli Spartakiadalara örän köp sanly adamlaryň gatnaşmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda barha giň gerim bilen ösdürilýän sport düzümi muňa degerli ýardam berýär.
Münberlerdäki tomaşaçylaryň has-da köpelmegi, sport bölümlerinde meşgullanýanlaryň, Türkmenistanyň paýtagtynda, ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýokary halkara ülňülerine gabat gelýän sport maksatly desgalaryň -- stadionlaryň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, aýlawlaryň, ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň gurluşygynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy, sportuň biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini aýdyň görkezýän subutnamadyr.
Ýurdumyzda “Türkmenistan—ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” ady bilen Umumymilli spartakiadalaryň geçirilmegi, oňa ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, kärhanalaryň we edaralaryň, ýokary we orta okuw mekdepleriniň işgärleriniň gatnaşmagy, şonuň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň guralmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek boýunça syýasatyny amala aşyrmakda türkmen döwletiniň uly üstünliklere eýe bolýandygyny görkezýär. Ýurdumyzda yzygiderli ýagdaýda geçirilýän ýaryşlar we bäsleşikler ýaşlaryň diňe bir beden taýdan däl-de, eýsem ruhy taýdan kämilleşmegine-de oňaýly ýardam edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoly çekilen belent dag gerşinde dikilen Döwlet baýdagynyň ýanynda saklandy. Şol ýerde gulluk edýän serhetçiler döwlet Baştutanymyza bu ýerleriniň asudalyk ýagdaýy barada hasabat berdiler. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty kabul edip, serhetçiler bilen söhbetdeş boldy we olaryň gulluklary, hal-ahwallary, Ýaragly Güýçleriň hatarlaryndan öýlerine dolanyp baranlaryndan soňra näme bilen meşgullanmagy göz öňünde tutýandygy bilen içgin gyzyklandy hem-de olara üstünlik arzuw edip, ýoluny dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz Saglyk ýoly bilen barşyna, Saglyk ýolunyň ýagdaýy we oňa ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy we bu ýerlerde gök zolaklary döretmegiň meselelerine aýratyn ünsi çekdi. Şeýlelikde milli Liderimiz agaç nahallaryny oturtmak baradaky işleriň yzygiderli alnyp barylmagy barada aýtmak bilen, güýzki bag ekmek möwsümine hut şu ýerde badalga berilse maksada laýyk boljakdygyny belledi hem-de Saglyk ýoluna ýanaşyk ýerde türkmen arçasynyň nahallaryny oturtdy.
Bu asylly ýörelgä şu günki ýörişe gatnaşyjylar hem goşuldylar. Bu ýerde oturtmak üçin dag gerişlerinde bitýän we Köpetdagyň esasy gözellikleriniň biri bolan, ýakymly ysly dag arçasynyň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldir.
Milli Liderimiz – “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyň awtory ýurdumyzda serwi agaçlarynyň maşgalasyna degişli bolan ösümlikleriň täsin galdyrýan iki sany görnüşiniň bitýändigini aýtdy. Şolaryň biri – türkmen arçasydyr. Bu bag örän owadan, elmydama gök öwüsýär. Birentekler türkmen arçasynyň nädip Köpetdag ýaly belent daglarda ösüp-örňeýändigine haýran galýarlar. Alymlar arçanyň dag gerişlerine “çykmagyna” guşlaryň ýardam berendigini anyklapdyrlar.
Arçanyň miweleri we pürleri halk we ylmy lukmançylykda giňden ulanylýar, çünki olar efir ýaglary, şepbik, süýjümtik we aşgarlaýjy maddalary, organiki kislotalary, S witamini we başga-da köp zatlary bilen, täsin galdyrýan biohimiki häsiýetlere eýedir. Arçanyň bejerijilik häsiýetleri zyýansyzlandyryjy, bogazy arçaýan, iýmiti siňdirýän serişdeler hökmünde ulanylýar. Pürlerdäki efir ýagy arassalaýjy we zyýansyzlandyryjy bakterisitli täsiri bilden, ýaralaryň çalt bitmegine ýardam berýär. Pür gaýnadylan suw mikroplara garşy durýan häsiýetlere eýe bolup durýar hem-de deri kesellerini we ýanyklary bejermek üçin ulanylýar. Köp ýyl geçenden soňra hem arça agajyndan pürüň ysy gelýär we ol asla çüýremeýär diýen ýaly. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dag gerişlerinde türkmen arçasynyň köpçülikleýin oturdylmagy bu ýerleriň jana şypalylygyny ýokarlandyrar.
Saglyk ýolundaky ýörişe gatnaşanlar bu gürrüňi diňläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Köpetdagyň gerişlerinde türkmen arçasyny oturtmak arkaly, agaç nahallaryny oturtmak boýunça güýzki möwsüme badalga berendigini bellediler. Bu asylly çäräni ertir giň jemgyýetçligiň gatnaşmagynda dowam etdirmek maksada laýyk bolar. Ýörişe gatnaşanlar döwlet Baştutanymyza hut şeýle teklip bilen ýüzlendiler.
Türkmenistanyň Prezidenti bu asylly başlangyjy oňlap, bagy-bossanlyga öwürmek boýunça köpçülikleýin çäräniň başlanmagyny makullady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbiline alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.