Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara serginiň we kongresiň işiniň jemleýji güni boldy. Bütindünýä syýahatçylyk gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan bu foruma gatnaşmak üçin bu ýerde dünýäniň 20-den gowrak ýurdunyň wekilleri – şu ugra we syýahatçylyk bilen bilelikde işleýän pudaklara degişli edaralaryň, kompaniýalaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri ýygnandylar.
“Nebitçi” myhmanhanasyndaky sergide ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalarynyň, döwlet we hususy, şeýle hem ýurdumyzda syýahatçylygyň sport, sagaldyş, ekologiýa, medeni-bilim we beýlekiler bilen bagly görnüşleriniň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýän pudak edaralarynyň diwarlyklary arkaly Türkmenistanyň syýahatçylyk toplumyndaky üstünlikleri we mümkinçilikleri görkezildi. Ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň sanynyň artdyrylmagyna, welaýatlaryň syýahatçylyk babatdaky mümkinçiliklerden has dolulygyna peýdalanylmagyna, jahankeşdelik boýunça täze ugurlaryň, aýratyn-da "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň giňden wagyz edilmegine gönükdirilip bilelikde amala aşyrylan we geljekki taslamalar bu serginiň wajyp ähmiýetli jähetine öwrüldi. Şunda jahankeşdelik we dynç alyş bilen bagly pudagyň myhmanhana, dynç alyş boýunça düzümini ösdürmek ugrundaky hyzmatdaşlyk bazaryň özbaşdak ugry hökmünde görkezilýär.
Dört günüň dowamynda serginiň işi bilen birlikde, kongresiň çäklerinde bölümler boýunça mejlisler geçirildi, şonda hyzmatdaşlygy meýilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenilen hem-de öz tekliplerini we konsepsiýalaryny hödürlän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gyzyklanma bildirýän meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy hasaplanýan Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň maglumatlaryna görä, 2030-njy ýyla çenli döwürde dünýäde syýahatçylygyň sany iki esse artar: resmi maglumatlarda “halkara myhmanlar” diýlip atlandyrylýanlaryň sany 1,8 milliard adama barabar bolar. Bilermenleriň çaklamalary boýunça halkara syýahatçylarynyň takmynan ýarysy Aziýa sebitindäki ýurtlara gezelenç ederler. Şu jähetden alanyňda, çykyş eden daşary ýurtlular Türkmenistanyň gelip-gidýänleriň sany boýunça öňdebaryjy syýahatçylyk merkezleriniň birine öwrülmegi üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Türkmenistan syýahatçylygyň ösdürilmegine örän köp möçberde maliýe serişdelerini gönükdirýär hem-de daşary ýurtlardan maýadarlary çekmek üçin maýa goýumlary boýunça amatly ýagdaýy döredip, şu pudakdaky telekeçilik işi boýunça ýeňillikli tertibi kadalaşdyrýar. Forumda häzirki wagtda şunuň ýaly berk hukuk binýady esasynda döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi bilen, özara arkalaşykly hereket etmek babatdaky tejribäni kämilleşdirmegiň, täze işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna badalga bermegiň, halkara derejesinde bileleşilmegini çuňlaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi. Şol işde üstünlik gazanmak esasan geljekki wezipeleri berjaý etmekde tagallalaryň birikdirilmegine we tejribe alşylmagyna, hyzmatdaşlygyň netijeli usullaryndan peýdalanylmagyna baglydyr. Awazada geçirilen şu forum şonuň ýaly usullaryň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam bermelidir.
Forumdaky çykyşlary jemläniňde, syýahatçylyk pudagyna maýa goýumlaryny çekmegiň döwrebap tehnologiýalaryny we dünýä bazarynyň şu ugry boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň oňyn tejribesiniň çekilmegini, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň innowasion taýdan ösdürilmegini, tebigy we taryhy-medeni miras esasynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň syýahatçylyk babatdaky mümkinçiliklerinden oýlanyşykly peýdalanylmagyny, marketingiň täze usullarynyň ornaşdyrylmagyny, bu pudak üçin hünär taýdan bilim berilmegini we zerur işgärleriň taýýarlanylmagyny esasy jähetler hökmünde görkezmek bolar.
Syýahatçylyk pudagynyň jikme-jik meýilleşdirilmegi we oýlanyşykly guralmagy, şu ulgamda telekeçilik başlangyçlaryna döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw we badalga berilmegi milli ykdysadyýetiň ösüşiniň täze ugruny kemala getirmek üçin oňaýly şertleri döredýär. Munuň maddy we tebigy baýlyklary ýurduň çäginden çykarman, eksportuň ösdürilmegine gönükdirilmegi şol ugruň aýratynlygy bolup durýar. Syýahatçylar özlerinde galan täsirleri “alyp gidýärler”, olar hut şol täsirleri edinmek üçin gelýärler. Häzirki wagtda bolsa şunuň ýaly täsirler örän wajyp ähmiýetli “önümdir”, bir tarapdan, onuň döredilmegi üçin ep-esli maýa goýumlary talap edilýär, ikinjiden, ol ep-esli girdeji getirýär. Şoňa görä-de, häzirki döwürde eksportuň şu görnüşi has oňaýly hasaplanýar.
Galyberse-de, hojalygyň beýleki ulgamlaryna garanyňda, syýahatçylyk pudagy tebigatyň, özboluşly medeniýetiň, taryhy künjekleriň keşbiniň, amatly ekologiýa ýagdaýynyň, döwrebap binaly künjekleriň aýawly saklanmagyna, şäherlerimiziň we obalarymyzyň gözelliginiň has-da artdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýär. Syýahatçylygyň täsin galdyrýan, höweslendiriji, hatda generirleýji ýagdaýy hut şundan ybaratdyr hem-de ykdysadyýetiň ähli segmentlerine we jemgyýetiň durmuşynyň dürli ugurlaryna täsir edýän multiplikatiw we uzakmöhletleýin netije berýär. Hut şoňa görä-de, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow innowasion ösüş, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň medeni özboluşlylygyny saklamak, halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmek hem-de dünýäde ynama we dostluga mahsus ýagdaýy berkarar etmek bilen baglylykda bu diýseň giň ugurly ulgama aýratyn üns berýär.
Şu we beýleki meseleleriň içgin gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşylmagy garaýyşlaryň we maksatlaryň bir-birine gabat gelýän ýerleriniň az däldigini görkezdi hem-de netijeli gepleşigiň geçirilmegine hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitläp, olaryň täze görnüşleriniň amala aşyrylmagyna itergi bermäge mümkinçilik döretdi.
Şu gün “Arzuw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda kongresiň jemleýji mejlisi boldy, şonda bölümler boýunça ýolbaşçylar geçirilen işler baradaky hasabat bilen çykyş etdiler. Şol işiň netijeleri halkara derejesinde işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze ädime öwrüldi. Forumyň tanyşdyryş meýdançasyna öwrülen serginiň işiniň ahyrynda oňa gatnaşanlara diplomlar hem gowşuryldy.
“Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisine we kongresine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, syýahatçylyk boýunça halkara hyzmatdaşygyna hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigi üçin hoşallyk bildirdiler we forumyň göwnejaý derejede guralandygyny belläp,onuň barşynda Türkmenistany yklymdaky ykrar edilen syýahatçylyk merkezine öwürmek boýunça ähli başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we onuň ösdürilmegine degişli çäreleriň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylandygyny we ylalaşylandygyny aýtdylar.