Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 1073
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň birnäçesi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldylar. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, welaýatlarda Milli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol pagtaçy kärendeçileriň netijeli işini üpjün etmek, ýygnalan hasyl üçin hasaplaşyklary yzygiderli geçirmek bilen baglanyşykly maksatnamalaýyn işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň obasenagat toplumyny netijeli ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň guramaçylyk derejesi barada aýtmak bilen, welaýatyň Kaka etrabynda (häkimi D.Hezretgulyýew), Baharly etrabynda (häkimi M.Porhanow) we Derweze etrabynda (häkimi B.Mämmedow) bugdaý ekişiniň depginiň pesdigini aýtdy we bu etraplarda bugdaý ekişini talabalaýyk guramak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, milli Liderimiz geçen ýyl bilen deňeşdirilende welaýatda, şeýle hem sebitiň aýry-aýry etraplarynda, ýagny Kaka etrabynda (häkimi D.Hezretgulyýew), Baharly etrabynda (häkimi M.Porhanow) we Derweze etrabynda (häkimi B.Mämmedow) pagta ýygymynyň depginleriniň yza galýandygyny belledi we bu işleri seljerip, ondan degişli netije çykarmagy häkimden talap etdi.

Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow özüniň çykyşyny güýzlük bugdaý ekişini we pagta ýygymyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler baradaky hasabatdan başlady. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ählihalk ýowarynyň geçirilendigi hem-de onuň barşynda bag nahallarynyň meýilnama laýyklykda oturdylandygy habar berdi. Mundan başga-da, ol öňde boljak şanly baýramlara görülýän taýýarlyk çäreleri hakynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz güýzlük bugdaý ekişini we pagta ýygymyny ýokary guramaçylyk derejesinde we bellenilen möhletde geçirmegiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belläp, Balkan welaýatynyň häkimine bu işleriň depginini güýçlendirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda bugdaý ekişiniň depgininiň pesdigini aýtmak bilen, hususan-da, Magtymguly etrabynda (häkimi A.Muhammedow) bu işleriň guralyşynyň häzirki döwrüň talabyny ödemeýändigini belledi we bugdaý ekişini talabalaýyk guramak boýunça alnyp barylýan işleri seljermegi tabşyrdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek, pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna görülýän taýýarlyk işleriniň meýilnamasy barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaý ekişi bilen bir hatarda, pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak babatda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Milli Liderimiz welaýatda güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerine ünsi çekmek bilen, sebitiň Boldumsaz etrabynda (häkimi G.Ataýew), Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda (häkimi O.Muhaýew) we S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda (häkimi B.Handurdyýew) bugdaý ekişiniň depginiň pesdigini, şoňa görä-de, bu ugurda alnyp barylýan işleri seljerip, onuň depginini güýçlendirmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň Köneürgenç etrabynda (häkimi A.Abdyrahymow) we S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda (häkimi B.Handurdyýew) pagta ýygymynyň guramaçylyk derejesiniň pesdigini aýtdy we onuň depginini üzül-kesil güýçlendirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, milli Liderimiz döwlet durmuşynda şanly waka bolan Ýaşulularynyň maslahatyny geçirmäge taýýarlyk işleriniň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyz K.Toýlyýewi Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakynda karara gol çekdi.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew welaýatyň oba hojalyk pudagynda durmuşy geçirilýän çäreler, pagta ýygymynyň depginleri we güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Welaýatda güýzlük bugdaý ekişini we pagta ýygymyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça toplumyň öňünde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işlerini öz wagtynda we agrotehniki kadalara laýyk alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyz welaýatyň Atamyrat etrabynda (häkimi D.Beşimow), Serdarabat etrabynda (häkimiň wezipesini ýerine ýetiriji B.Joraýew) we Garaşsyzlyk etrabynda (häkimi G.Bazarow) bugdaý ekişiniň depgininiň pesdigini, şeýle hem welaýatyň Birata etrabynda (häkimi A.Baýramguliýew), Galkynyş etrabynda (häkimi B.Kadyrow) we Magdanly şäherinde (häkimi A.Işangulyýew) pagta ýygymynyň guramaçylyk derejesiniň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini aýtdy we bu işleriň depginini güýçlendirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowa söz berdi. Häkim welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly görülýän çäreler, şeýle hem welaýatyň ekerançylyk meýdandarynda güýzlük bugdaý ekişiniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Häkim hasabatyň çäklerinde welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler we şanly baýramçylyklarymyza görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz pagta ýygymyny guramaçylykly alyp barmak we möwsümi netijeli tamamlamak bilen baglanyşykly işleriň ýörite meýilnama esasynda alnyp barylmalydygyny, şeýle hem sebitde güýzlük bugdaý ekişiniň depgininiň ýokarlandyrylmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, welaýatyň Garagum etrabynda (häkimi A.Salyhow), Serhetabat etrabynda (häkimi B.Baýramow) we Türkmengala etrabynda (häkimi B.Hommakow) bugdaý ekişiniň depgininiň pesdigini, şoňa görä-de, bu etraplaryň yza galýandygyny aýdyp, ekişiň depginini güýçlendirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň Mary ertabynda (häkimi I.Kullaýew) we Altyn sähra etrabynda (häkimi M.Gurbanmuhammedow) pagta ýygymynyň guramaçylyk derejesiniň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini belledi we bu işleri seljerip, ondan netije çykarmagy tabşyrdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy çagyrdy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, esasan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Oba hojalyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini üpjün edýän ähli zerur çäreleriň görülýändigini bellemek bilen, wise-premýer Fransiýa Respublikasynda her ýylda geçirilýän “Ark de Triumf” at çapyşyklaryna türkmen çapyksuwarlarynyň, atşynaslarynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçdi.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl bu abraýly halkara çapyşygyna hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygyndan biziň ýurdumyzdan wekilçilikli toparyň gatnaşandygyny, onuň düzüminde belli atşynaslaryň, çapyksuwarlaryň we seýisleriň bardygyny ýatlamak ýerliklidir. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprel aýynda ýurdumyzda giňden dabaraly bellenen Türkmen bedewiniň baýramynyň çäklerinde Köpetdagyň etegindäki ajaýyp giňişlikde ýerleşýän Halkara atçylyk-sport toplumynda türkmenistanlylaryň müňlerçesiniň we ýurdumyzyň köpsanly myhmanlarynyň, daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen çapyşyklarda üstün çykanlara ýörite baýraklaryň gowşurylandygyny bellemeli. Şonda dabara gatnaşýan Fransiýanyň “Frans Galop” atçylyk assosiýasynyň prezidenti Bertran Belingiýe geçirilen çapyşyklarda has ýokary netije görkezen ussat çapyksuwar T.Babaýewe ýaryşyň baýragyny gowşurmak bilen bir hatarda, türkmen çapyksuwaryny Fransiýada her ýylda geçirilýän halkara at çapyşygyna gatnaşmaga ygtyýar berýän çakylygy hem gowşurypdy.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleri bolan güýzlük galla ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerine ünsi çekmek bilen, bu işleriň guramaçylyk derejesini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny belläp, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň pes derejede alnyp barylýan ýerleriniň bardygyny aýtdy we onuň depgini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi wise-premýerden berk talap etdi.

Ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Fransiýada geçirilýän halkara at çapyşygyna atşynaslyk işine ykbalyny baglan, bedewlere söýgüsi aňyrdan bolan seýisleriň, çapyksuwarlaryň gatnaşmagyny, bu ugurda öňdebaryjy tejribe alşylmagyny üpjün etmek boýunça ähli tagallalaryň görülmelidigini belledi. Türkmenler hemişe at çapyşyklarynyň janköýerleri bolup, bedewleri taýýarlamak işine örän jogapkärli çemeleşendiklerini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu işde toplanan tejribe nesilden-nesle geçip geldi, çapylýan atlary ösdürip ýetişdirmegiň usullarynyň hem Ýewropa biziň sebitimizden baryp ýetenliginiň subutnamalarynyň bardygyny nygtady we häzirki döwürde bu işleriň has-da kämilleşdirilmeginde halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz her ýylyň oktýabr aýynda Fransiýa Respublikasynda geçirilýän atçylyk sport ýaryşlarynyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde, tejribe alyşmakda örän ähmiýetlidigini nygtady we oňa türkmen atşynaslarynyň, çapyksuwarlarynyň, atçylyk ulgamynyň hünärmenleriniň gatnaşmagyny ýola goýmak hem-de olaryň ýokary taýýarlyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada şäher häkimi R.Nurmämmedow hasabat berdi. Şeýle hem Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk-de gowulandyrmak, şäher ýollaryny we binalaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu wezipeleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleri barada aýtmak bilen, milli Liderimiz paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we şäheriň bezeg aýratynlyklaryna ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hasabatyny diňledi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň depginleri we paýtagtymyzyň ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmagyň barşy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk ulgamynyň öňünde durýan birnäçe möhüm wezipelere wise-premýeriň ünsüni çekdi. Göz öňünde tutulýan işleriň ählisiniň ýerine ýetirilmegine oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz gurluşygy alnyp barylýan desgalarda netijeli işi üpjün etmek boýunça ähli zerur şertleri döretmek bilen baglanyşyk meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewi we Türkmenistanyň bilim ministri G.Mämmedowany çagyrdy.

Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sport we syýahatçylygy ösdürmegiň milli maksatnamalaryny yzygiderli amala aşyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada aýtdy.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew şu gün ýurdumyzda tamamlanýan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly uly möçberli çäräniň çäklerinde geçirilen iş barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, biraýlygyň maksatnamasyna ýol hereketine gatnaşýanlaryň ählisiniň ýollarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça bilimleriniň derejesiniň artdyrylmagyna gönükdirilen hem-de öwretmek häsiýetli çäreleriň toplumy goşuldy. Mälim bolşy ýaly, bu möhüm ähmiýetli çäräniň başlanmagyna 1-nji sentýabrda badalga berildi, şonda paýtagtymyzda welosipedli köpçülikleýin ýöriş bolup, oňa Türkmenistanyň Prezidenti gatnaşdy.

Şeýle hem wise-premýer hasabat bermegiň barşynda däbe öwrülen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly çagalaryň aýdym-saz boýunça bäsleşiginiň netijeleriniň jemlenmegine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Öz gezeginde Türkmenistanyň bilim ministri G.Mämmedowa ýurdumyzda bilim ulgamynda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilýän işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, şu okuw ýylynda ýurdumyzyň orta bilim berýän mekdeplerini 12 ýyllyk okuwa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Hususan-da, şol çäreler 6 ýaşdan 1-nji synpa okuwa gelenleriň okatmagyň barşyna göwnejaý uýgunlaşmagyna gönükdirilendir.

Ministr “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde geçirilen işler barada aýdyp, şu mesele boýunça ýurdumyzyň mekdeplerinde degişli çäreleriň geçirilendigini belledi. Şeýle hem däp boýunça okuw ýylynyň birinji gününde 1-nji synpdakylara gowşurylýan netbuklaryň ýörite maksatnamalar bilen üpjün edilendigi, şolara tälim berýän dürli maglumatlaryň, şol sanda ýol hereketiniň kadalarynyň goşulandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ýaşlarynyň ýokary halkara ülňülerine laýyklykda döwrebap bilim almak üçin oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirilip, bilim ulgamynda amala aşyrylýan uly möçberli we düýpli özgertmeleriň uly ähmiýete eýedigini belläp, ileri tutulýan şu ugurdaky işi yzygiderli dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy.

Milli Liderimiz wise-premýer S.Toýlyýewe ýüzlenip, bilim we ylym, şeýle hem saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk boýunça bellenilen özgertmeleri amala aşyrmak bilen bagly meseleleriň ählisine yzygiderli gözegçilik etmegiň möhümdigini aýtdy. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek we berkitmek boýunça geljekde-de maksada okgunly çäreleri görmegiň zerurdygyny hem-de munuň Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça şu gün tamamlanýan biraýlyga degişli mesele barada durup geçip, ilatyň, aýratyn-da çagalaryň we ýetginjekleriň şu mesele babatdaky bilimliligini artdyrmak ugrundaky işiň adamlaryň saglygyny goramakda uly ähmiýetlidigini we yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny ýene-de bir gezek belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere we bilim ministrine zehinli çagalaryň arasyndaky “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň göwnejaý derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyryp, bu bäsleşigiň oňa gatnaşýanlaryň ählisi üçin hakyky baýramçylyga öwrülmelidigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz wideoşekilli göni aragatnaşyga şol bir wagtyň özünde içeri işler ministri I.Mulikowy hem çagyrdy, Ol Içeri işler ministrliginiň edaralarynyň ýurdumyzda jemgyýetçilik-hukuk tertibini üpjün etmek boýunça alyp barýan işleri boýunça, şeýle hem şu gün tamamlanýan Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly uly möçberli çäräniň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly mesele barada durup geçip, şol çäräniň möhüm ähmiýetlidigini hem-de şu ugurdaky işleri maksada okgunly we yzygiderli geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegine berk gözegçilik etmek, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak, awtoulaglaryň sazlaşykly hereketini guramak, awtomobil ýollaryny ulanmak üçin göwnejaý ýagdaýda saklamak ýaly jähetlere ünsi çekdi. Milli Liderimiz ulaglaryň hereketiniň guralmagyna we dolandyrylmagyna döwrebap serişdeleri we usullary ulanmak esasynda çemeleşilmelidigini belläp, ministre birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji P.Taganowa söz berildi. Ol gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň türkmen paýtagtynda gurluşygy tamamlanyp barýan täze kaşaň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň dolandyrylmagyny guramak boýunça teklipleriniň öwrenilendigi aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bu döwrebap myhmanhana toplumyny dolandyrmak üçin dünýäde şu ugur boýunça öňdebaryjylaryň biri hasaplanýan belli daşary ýurt kompaniýasy saýlanyp alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen syýasaty ýöredýän ýurdumyzda myhmanhanalar bilen bagly işleriň kämilleşdirilmegine we ösdürilmegine, degişli düzümiň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýändigini belläp, bu örän oňaýly ugur boýunça toplanan öňdebaryjy tejribäni has içgin öwrenmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu barada anyk tabşyryklary berip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ilkinji nobatda, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işiň dowam etdirilmelidigini belledi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda maliýe-bank ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň Aşgabat şäherinde Döwlet etalon merkezini gurmak boýunça geçiren işleri barada jikme-jik gürrüň berdi.

Milli Liderimiz maliýe-ykdysady we bank ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen milli maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleriň berjaý edilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekip, şu ugurda yzygiderli amala aşyrylýan ýagdaýlaryň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň işiniň kämilleşdirilmegine ýardam bermelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere gözegçilik edýän düzümlerindäki işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň möhümdigini aýdyp, bu barada birnäçe anyk tabşyryklar berdi.

Milli Liderimiz Etalon merkeziniň möhüm ähmiýetlidigini belläp, onuň açylmagynyň döwlet etalonlarynyň we enjamlaryň aýawly saklanmagyny üpjün etmäge ýardam berjekdigini, şeýle hem önümleriň we harytlaryň hiliniň we howpsuzlygynyň halkara standartlarynyň talaplaryna laýyk gelmegi boýunça barlaglaryň geçirilmegini ýola goýmaga mümkinçilik döretjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere şol Merkezi tehniki taýdan üpjün etmek we onuň işini guramak bilen bagly meselelere gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Merkeziň açylmagyna bagyşlanan dabaralaryň göwnejaý derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli göni aragatnaşyga milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewi çagyrdy. Ol döwlet Baştutanymyza döwletimiziň esaslaryny saklamak we mundan beýläk-de berkitmek, türkmen jemgyýetiniň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli berjaý etmekde möhüm ähmiýetli ýagdaý hökmünde durnuklylygy üpjün etmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz döwleti we jemgyýeti yzygiderli ösdürmek üçin göwnejaý şertleri üpjün etmekde Milli howpsuzlyk ministrliginiň işiniň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, şu gullugyň işgärleriniň öňünde durýan möhüm ähmiýetli wezipeleriň birnäçesine ünsi çekdi. Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti milli howpsuzlyk edaralarynyň ýolbaşçylygyny we olaryň üsti bilen ähli işgärleri Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilen güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerinde milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň hem mynasyp goşandynyň bardygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ministrligiň edermen harby gullukçylarynyň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň we mähriban halkymyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetimiziň agzybirligini we asudalygyny gorap saklamakda uly işler alyp barýandygyny aýdyp, olaryň terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, ykdysady jenaýatlara garşy gaýduwsyz göreşýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň hemişe kasamyna wepaly bolup, ata Watanymyza hem-de eziz halkymyza ak ýürekden gulluk etjekdigine ynam bildirip, ministrligiň merdana işgärlerini Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilen güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de olaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde milli howpsuzlyk ministri tutuş şahsy düzüminiň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilen güni mynasybetli gutlaglary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de türkmen döwletiniň, milli howpsuzlygyň goragynda gaýduwsyz we berk durjakdyklaryna ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň milli howpsuzlyk ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy, düzümiň işgärleri üçin zerur iş hem-de ýaşaýyş şertleriniň döredilmegi ugrunda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmek, türkmen halkynyň göwnejaý ýaşaýşy üçin ähli şertleri döretmek boýunça garalan meseleleriň möhümdigini ýene-de bir gezek belläp, maslahata gatnaşanlara işde hem-de ata Watanymyzyň abadançlygynyň we rowaçlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen wezipeleri berjaý etmekde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.