Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze Döwlet etalon merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy, ol milli standartlaşdyryş ulgamynyň maddy- enjamlaýyn düzümine möhüm desga bolup girer. Täze merkeziň ulanmaga berilmegi ýetip gelýän şanly senä -- Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlandy.
Türkmenistanda standartlaşdyrmagyň häzirki zaman nusgasynyň yzygiderli kemala getirilmegi milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmek babatda onuň has möhüm urguny ýüze çykardy. Munuň özi ilkinji nobatda standartlaşdyrmak boýunça milli edaranyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmakdyr, bu işe gatnaşyjy we onuň netijeleri bilen gyzyklanýan taraplary utgaşdyrmagy, tehniki taýdan düzgünleşdirmek babatda halkara derejesinde goşulyşmagy güýçlendirýän täsirli usullary döretmekdir.
Standartlaşdyrmak esasy pudagy döwrebaplaşdyrmagyň we durmuşyň ähli ugurlaryna innowasiýalary ornaşdyrmagyň täsirli şerti bolmak bilen ak ýürekli bäsleşigi ösdürmäge, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga, söwdada birnäçe tehniki päsgelçilikleri azaltmaga, sarp edijileriň bähbitlerini goramagyň derejesini ýokarlandyrmaga, daşky gurşawy goramaga, serişdeleriň ähli görnüşlerini tygşytlamaga we başgalara ýardam edýär.
Standartlaryň milli bazaryny çaklamak we olara bolan islegi öwrenmek, tehniki ölçegleriň taraplaryna laýyk gelmegine baha berlen mahaly ölçegleriň we synaglaryň gullugyň hünärmenleri tarapyndan ulanylýan usullaryny kämilleşdirmek ýaly ugurlar hem möhüm bolup durýar. Standartlaşdyrmak we metrologiýa meseleleriniň ähmiýeti ýurdumyzda we welaýatlarymyzda durmuş-ykdysady ösüşiň ýerlerde guramaçylyk hem-de dolandyryş işiniň netijelerini anyk ýöretmäge we “ölçemäge” mümkinçilik berýän ýagdaýlara doly bahaly hem-de doly möçberde gözegçiligi kemala getirmekde olaryň ornuny kesgitleýär. Hut şu ýörelgeler we çemeleşmeler Türkmenistanda standartlaşdyrmagyň strategiki maksatlaryny çuňňur düşündirmäge kömek edýär.
Merkeziň gurulmagy Türkmenistanyň standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan möhüm çäreleriň biri we milli etalon binýadyny kemala getirmegiň, ölçegleriň bir bitewüliligini üpjün etmegiň we ony kämilleşdirmegiň döwlet ulgamyny ösdürmegiň esasy tapgyry boldy.
Ýaşlar köçesinde gurlan etalon merkeziniň toplumy ak mermere örtülen birnäçe binalaryň, ýagny öz aralarynda galareýalar bilen birleşdirilen dolandyryş binýasynyň we barlaghana binalarynyň utgaşmasyndan ybaratdyr. Onuň berk we sazlaşykly görnüşdäki, daşky bezeginiň gapdal ugurlary bilen utgaşyp gidýän binagärlik keşbi ygtybarlylygy we takyklygy hödürlemek bilen utgaşýar. Gapdal binalarynyň guş ganaty ýaly az - kem egilen uçlary bolsa biziň ýurdumyzyň täze belentliklere ymtylşyny beýan edip, uçuşyň gujur-gaýratynyň täsirini döredýär.
Häzirki wagtda bu toplum reňkli lentalardan we Baş döwlet standartlaşdyryş gullugynyň nyşany bolan ägirt uly howa şarlary bilen baýramçylyk lybasynda bezelendir. Şu gün ir bilen bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ykdysadyýet ulgamynyň işgärleriniň köpsanly işgärleri, talyp ýaşlar bar.
Wakanyň bolýan ýerine dikuçarda gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy milli lybasdaky gyzlar gül desseleri bilen garşylaýarlar. Milli Liderimizi dabara gatnaşyjylaryň hemmesi tüýs ýürekden we ruhubelentlik bilen garşylýarlar.
Döwlet etalon merkeziniň esasy girelgesiniň öňündäki meýdançada sungat ussatlarynyň we döredijilik toparlarynyň ajaýyp çykyşlary ýaýbaňlanýar. Teatrlarşdyrylan sahnada beýik türkmen filosoflary we alymlary Magtymgulynyň, Birunynyň, Al-Horezminiň, ibn Sinanyň keşpleri janlandyryldy. Köp öwüşgünli edebi-sazly çykyşy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň hormatyna türkmen paýtagtyndaky binagärlik açylyşynyň başyny başlan çärä aýratyn baýramçylyk ýagdaýyny berdi.
Döwlet Baştutanymyz etalon merkeziniň altyn öwüşgünli metaldan ýasalan bezeg parçalary bilen öwüşgün berlen aýna arkaly lowurdaýan esasy girelgesine barýar. Bu ýerde milli Liderimiz ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda ony resmi taýdan açmak bilen toý bagyny dabaraly ýagdaýda kesýär we binanyň içine girýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň toplumyň gurluşy we wezipe aýratynlyklary bilen tanyşmagy Döwlet etalon merkeziniň düzümi we enjamlaşdyrylyşy hakynda jikme-jik gürrüň berýän wideofilme tomaşa etmek bilen başlaýar.
Bu desga döwlet Baştutanymyzyň 2011-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň buýurmasy boýunça daşary ýurt kompaniýasy tarapyndan guruldy.
Birnäçe özboluşly tehniki aýratynlyklary bolan Döwlet etalon merkeziniň binasynyň umumy meýdany 25 müň 500 inedördül metre barabardyr. Bu ýerde Ýewropanyň esasy kompaniýalaryndan we dünýäniň beýleki önüm öndürijilerinden getirilen ýokary takyklykdaky etalon – nusgalyk enjamlary hem-de ölçeg serişdeleri bilen üpjün edilen barlaghanalaryň 16-sy işlär. Bu ýerde hödürlenen milli etalon binýady milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ulanylýan ölçegleriň 17 görnüşi boýunça etalonlaryň hem-de etalon-nusgalyk enjamlarynyň we ýokary takyklykdaky ölçeg serişdeleriniň toplumyndan ybaratdyr. Barlaghanalarda metrologiýa babatda ylmy barlaglar üçin ähli şertler döredildi.
Desganyň taslamasyny düzmäge, ony gurmaga hem-de üpjünçiligini amala aşyrmak nemes hünärmenlerine ynanyldy, munuň özi türkmen – german tehniki hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ýene-de bir üstünlikli bilelikdäki taslama boldy. Taslamany düzmek we gurluşyk işlerine gözegçiligi “TÜV Rheinland Industrie Service GmbH” konsalting kompaniýasy etalon-nusgalyk enjamlary satyn almak hem-de oturtmak boýunça ylmy-tehniki hyzmaty GFR-niň Fizika-tehniki federal instituty (Physikalisch-Technische Bundesanstalt-RTW), milli metrologiýa instituty amala aşyrdy.
Döwlet etalon merkezini gurmagyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça nemes konsalting kompaniýasynyň hünärmenleriniň geçiren tapgyrma-tapgyr auditiniň jemleri boýunça gurlan binanyň jaýlarynyň etalonlary we etalon–nusgalyk enjamlary ýerleşdirmek üçin ähli halkara talaplaryna doly laýyk gelýändigi hakynda resmi netijenama berildi, bu ýörite güwänamada berkidildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz käbir barlaghanalara aýlanyp görüp, merkeziň otaglary bilen tanyşmaga girişdi .
Bu merkeziň bina edilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň goldawy hem-de standartlaşdyrmagyň we metrologiýanyň hemme pudaklaryny ösdürmäge berilýän uly ünsüň netijesinde mümkin boldy. Bu gün Döwlet etalon merkezi ululyklaryň birliklerini çykarýan zerur bolan etalonlaryň ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr we toplanandyr. Şeýle hem bu ýerde etalonlaryň iş ýagdaýynda saklanylmagy üçin hemme şertler döredilendir.
Bu ýerde etalonlaryň we ölçeg serişdeleriniň ýokary takyklykdaky nusgalarynyň saklanylmagynyň şertlerine bildirilýän iň berk talaplara laýyklyk üpjün edilendir. Munuň özi degişli temperaturanyň, çyglylygyň, yrgyldy häsiýetli päsgelçiliklerden goraglylygyň we elektromagnit meýdanlarynyň täsirleriniň saklanylmagy, şeýle hem ýer sarsgynlaryna garşy durnuklylykdyr. Saklanylylyşyň şertlerine bildirilýän ýokary talaplar we etalonlaryň ulanylmagy aýry bloklarda barlaghanalaryň ýerleşdirilmegini öňünden kesgitledi.
Döwlet etalonlarynyň saklanylmagy üçin otaglar binanyň esasy gurluşy bilen bagly bolmadyk özbaşdak binýada eýedir. Otaglaryň her biri beýlekisinden goraglydyr we demkeş görnüşinde taslanandyr: iki gat diwarlar we pollar, aýry üçek, ýagny “otag içinde otag” ýörelgesi esasynda bütin ini-boýy boýunça ýylylygy we howany üpjün edýär. Bu bolsa enjamlaşdyrylan etalonyň her bir görnüşi üçin kesgitlenen çäklerde temperatura tertibiniň pugta saklanylmagynyň gazanylmagyna mümkinçilik berýär.
A blokda döwlet Baştutanymyz ilki bilen ikinji gatda ýerleşen barlaghanalara baryp gördi. Olar döwlet etalonlarynyň ýerleşdirilmegine we saklanylmagyna, ýokary takyklykdaky ölçegleri geçirmeklige niýetlenendir. Hormatly Prezidentimiz merkezde enjamlaşdyrylan programmalaýyn-enjamlaýyn toplum, esasy etalonlaryň işi bilen tanyşdy, olaryň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryndaky ähmiýeti gysgajyk habarlar arkaly beýan edildi.
... Etalonlaryň işi köpler üçin göze görünmän galýar. Hakykatda bolsa onuň bilen biziň her birimiz ýüzbe-ýüz bolýarys: kime bir zatlaryň agramyny çekip görmek gerek, kimdir birine ölçäp görmek, anyklamak gerek, aragatnaşyk, ulag saglygy goraýyş we ş.m. ulgamlarynda has-da giňden peýdalanylýar. Islendik işiň ussatlary ýokary hünär kämilliginiň esasy ýörelgeleriniň “takyklyk” diýen düşünje bilen baglanyşyklydygyny bilýärler. Metrologlar “ýokary takyklyk” düşünjesi bilen iş salyşýarlar, çünki olar etalonlar, ýönekeý söz bilen aýdanyňda, ýokary maksatlaryň nusgalary bilen meşgullanýarlar.
Eger ölçegleriň hemme görnüşlerini piramida şekilinde göz öňüne getirsek, onda ol çür başynda—döwlet etalony, biraz aşak ýanynda—işçi etalon ýa-da onuň nusgasy, soňra—nusgalyk ýa-da işçi serişdeler görnüşinde görner. Biziň her günki işimizde adatça olaryň soňkusy peýdalanylýar. Işçi etalonlar Döwlet standartlary gullugynyň çäklerdäki edaralarynda, ministrliklerde we pudaklaýyn edaralarda ýerleşýär. Wagtal-wagtal olar döwlet etalonlary bilen deňeşdirilip görülýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baryp gören ilkinji barlaghanasy pH etalony boldy. Ol Şweýsariýanyň, Germaniýanyň we Polşanyň önümçiliginiň nusgalar we enjamlar toplumy hökmünde görkezilýär.
pH ölçegi wodorod ionlarynyň işjeňliginiň görkezijisi—suw serişdeleriniň we beýleki suwuk jisimleriň düzümini barlamagyň iň giňden ýaýran usullarynyň biri bolan wodorod görkezijisidir. Bu görkeziji senagatyň hemme pudaklarynda diýen ýaly, oba hojalygynda, ekologiýada, lukmançylyklda, ylmy barlaglarda, dürli önümleri sertifikatlaşdyrmakda ulanylýar. pH ölçeginiň azyk iýmitiniň hilini tassyklamakda uly ähmiýeti bardyr.
Adam bedeninde kislota-aşgar deňagramlylygynyň barlagyny geçirmezden lukmançylykda häzirki zaman hassahana anyklaýşy hem mümkin däldir, sebäbi käteler ondan sähelçejik gyşarylmagy içki synalaryň işiniň bozulmagyna şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, ylmy-tehniki esasda ýurdumyzyň saglygyny goraýşyny lukmançylyk senagatyny ösdürmek, şeýle hem arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmegi üpjün etmek, agyz suwunyň hiline gözegçilik etmek, ekologiýa gözegçiligini we başgalary üpjün etmek maksady bilen ylmy lukmançylyk işgärleriniň we hünärmen metrologlaryň tagallalaryny birleşdirmek wezipesine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pH görkezijilerini peýdalanmak zerur bolan halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda, şol sanda himiýa senagatynda agroönümçilikde degişli işleri geçirmegiň möhümdigi hakynda hem aýtdy.
Wagt we ýygylyk etalony – döwlet Baştutanymyzyň baryp gören barlaghanalarynyň ýene biri boldy. Bu etalon bütin dünýä wagtynyň şkalasyny kemala getirmek boýunça hem-de etalonlary deňeşdirmek işine işjeň we netijeli gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Bu ugurda ölçeýji maglumatlaryň esasy sarp edijileri: telearagatnaşyk kompaniýalary, ulag ulgamy, kosmos pudagy bolup durýar.
Milli Liderimiz özümiziň wagt we ýygylyk etalonymyzyň bolmagynyň ýurdumyz üçin ägirt uly möhümdigini belledi. Milli hemramyzyň uçurylmagy bilen aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamynda täze uly mümkinçilikler açylar. Şunuň bilen baglylykda, takyk wagt we ýygylyk signallary bilen baglanyşykly işler zerur bolar, bu bolsa şol sanda hemrany ygtybarly we takyk dolandyrmagy üpjün eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Dänäniň we däne önümleriniň çyglylygynyň etalony barlaghanasynda degişli görkezijini ölçeýän serişdeleri barlamak üçin zerur bolan enjamlary gözden geçirmek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ýerde ulanylýan howa ýylylyk enjamynyň işi, degişli ölçegleri kesgitlemegiň usullary baradaky habary uly üns bilen diňledi. Hormatly Prezidentimize ölçeýiş we barlag geçiriş işleri jikme-jik görkezildi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylaryna däne önümleriniň hiliniň, olary saklamagyň we gaýtadan işlemegiň şertleriniň ýokary standartlara laýyk gelmegini üpjün etmek barada görkezme berdi.
Şepbeşiklik etalonynyň barlaghanasynda döwlet Baştutanymyza enjamlaryň nähili işleýändigini görkezdiler. Sepbeşikligiň etalony suwuklygyň şepbeşikliginiň takyk ölçegini döredýär, saklaýar we deňeşdirmek arkaly işçi etalonlara geçirýär, şeýlelikde, şepbeşikligiň takyk ölçeg birligini üpjün edýär. Barlaghanadaky himiki nebiti we nebiti gaýtadan işleýän senagat pudagynda giňden ulanylýan dürli gurluşdaky serişdeleri etalon bilen barlamak bolýar.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz degişli ulgamyň ýolbaşçylaryna nebit toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklarynyň önümleriniň ýokary standartlara laýyk gelmegini üpjün etmek baradaky işi güýçlendirmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz ölçeg abzallaryny barlaýan we olaryň kalibrini ölçeýän barlaghana baryp gördi. Bu ýerde hem barlaghanalaryň her birinde bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzy merkeziň hünärmenleri mähirli garşyladylar. Olar döwlet etalonlarynyň düzümi, ölçeg gurallary we maglumatlary hasaba almak, deňeşdirmek, seljeriş enjamlarynyň metrologiki häsiýetnamalary barada gürrüň berdiler.
Hormatly Prezidentimiz barlaghanalar bilen tanyşmagy dowam edip, döwlet etalonlarynyň iş ýüzünde ulanylyşyna ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Mysal üçin, uzynlyk birligi etalonynyň barlaghanasynda milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara taslama düzmek we gurluşyk işleriniň ählisiniň senagatda önümçilik işleri geçirilen mahaly tehnologiki ölçeglere laýyk gelmegi üpjün etmek barada görkezme berdi. Bazar gatnaşyklaryna geçmegiň şertlerinde tehniki kadalaşdyrma, standartlaşdyrma we sertifikatlaşdyrma bolmazdan, içerki bazar, şeýle hem daşarky bazar üçin önümleriň hiliniň bäsdeşlige ukyplylyk derejesini üpjün etmek mümkin däldir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Bu söhbetdeşlik agram barlaghanasynda hem dowam etdi. Agramy ölçemek ugyr has giň bolup durýar. Agramy ölçemegiň bir bitewiligini metrologiki taýdan üpjün etmek ylmyň ähli pudaklarynda hem-de önümçilik işinde ulanylýar. Döwlet Baştutanymyz gurluşyk serişdeleri öndürilende , söwdada we beýleki ugurlarda agramyň berlen ölçeglere laýyk gelmegi baradaky meseläni gozgap, degişli ýolbaşçylara bu barada tabşyryklary berdi.
Suwuklyklaryň dykyzlygy barlaghanasynda hem Türkmenistanyň Prezidentini käbir gurallaryň işi bilen tanyşdyrdylar, hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda motor ýagyny öndürmegi testirlediler. Milli Liderimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hiliň ýokary standartlaryna laýyk gelmeginiň zerurdygyndan başga hem ýurdumyza getirilýän harytlaryň we materiallaryň hilini barlamagyň zerurdygy hakynda hem aýtdy.
Elektrolitik geçirijilik etalonynyň barlaghanasynda hem jikme-jik söhbetdeşlik boldy.
Bu fizika-himiýa ululygynyň görkezijileri organiki we organiki däl materiallaryň, azyk önümleriniň we dermanlaryň, nebit önümleriniň hiline baha bermekde peýdalanylýar. Ol daş-töweregiň suw desgalarynyň ýagdaýyny öwrenmekde we oňa gözegçilik etmekde hem, şeýle-de himiýa senagatynda, awiasiýada, energetikada-da, lukmançylykda, geologiýa gözleg işlerinde möhümdir. Bu ýerdäki ölçeýji enjamlar barlaghanalar we senagat üçin fizika-himiýa seljeriş enjamlarynyň önümçiliginde dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalaryň enjamlarydyr.
Milli Liderimiz barlag shemasynda işlenip taýýarlanylan udel elektrik geçirijilik suwuklyklarynyň ölçeg serişdeleri bilen jikme-jik tanyşdy we degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, şu görkezijileriň ölçegleriniň bir bitewüligini üpjün etmegiň we takyklygyny ýokarlandyrmagyň, olary halkara ulgamlary bilen deňeşdirmegiň, şeýle hem biziň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň berlen etalon ölçeglerine, olaryň synagdan geçirilmegine laýyk gelmelidiginiň zerurdygyny nygtady.
Hususan-da, hormatly Prezidentimiz pudagyň ýolbaşçylaryna önümleriň şu görnüşini halkara standartlaryna laýyk getirmek boýunça iş geçirmek barada görkezme berip, ýurdumyzyň bitum önüminiň hiline baha bermegiň ölçegleri hakyndaky meseläni gozgady.
Materiallaryň häsiýetini kesgitleýän dürli ululyklary takyk ölçemegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz biziň şäherlerimiziň howa gurşawynyň ýagdaýyna ykjam gözegçilik etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz jogapkär adamlara ulaglaryň daşky gurşawa täsirini kesgitlemegiň takyklygyny ýokarlandyrmak hem-de bu täsiri peseltmek üçin gorag usullaryny işläp düzmek babatda tabşyryklary berdi.
1 mikrolitrden 20 litre çenli çäklerde desganyň birliklerini dikeltmek, saklamak we ibermek üçin hyzmat edýän göwrümi ölçeýän barlaghanada hormatly Prezidentimiz ylmyň we senagat önümçiliginiň ähli ugurlarynda, hususan-da, derman serişdeleri üçin aýna gutularyň önümçiligi babatda suwuklyklaryň möçberini kesgitlemek bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi.
Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara görkezmeler berildi. Mundan başga-da, tabşyryklaryň birnäçesi hususy haryt öndürijileri önümleriň tehniki reglamenti bilen üpjün etmek bilen bagly boldy.
Bulardan başga-da, A blokda, basyş birlikleriniň, temperaturanyň we beýlekileriň döwlet etalony üçin niýetlenen otaglar bar. Binanyň her bir gatynda etalonlara hyzmat edilende zerur bolan sarp ediş materiallary üçin iş otaglary göz öňünde tutulypdyr. Işgärler üçin hem dynç alyş otaglary nazara alnypdyr.
Esasy binadan aýratynlykda ses geçirmeýän serişdeler we hereket edýän pollar bilen üpjün edilen barlaghana gurlupdyr. Onda ýörite enjamlaryň kömegi bilen ýer titrän mahaly döreýän daşarky täsirler ýüze çykarylar.
B blokda güýjüň ýokary takyk ölçeglerini geçirmek üçin etalon enjamlary bilen üpjün edilen barlaghana ýerleşdirildi. Bu enjamyň uly göwrümini nazara almak bilen, bu ýerde otaglaryň 8 metre çenli beýikligi göz öňünde tutulypdyr.
S Blok—dolandyryş blogy bolup, bu ýerde Etalon merkeziň inženerçilik we tehniki gulluklarynyň, kitaphanasynyň we arhiwiniň hünärmenleri üçin iş we okuw otaglary ýerleşdirildi. D we E bloklarda ölçegleriň ähli görnüşleri: agram, geometrik, mehaniki, hereket ölçegleri, basyş, temperatura, elektrotehniki we elektromagnit, radiotehniki, optiki, fiziki, fiziki-himiki, akustika boýunça nusgalyk, tehniki ölçeg serişdelerini barlamak we synamak üçin barlaghanalar guruldy.
Toplum gurlanda ses geçirmeýän gurluşyk materiallary, şeýle hem daşarky täsirden goramak üçin diwarlar iki gat örtülipdir we ýörite penjireler oturdylypdyr. Elektrik energiýanyň bökdençsiz berilmegi üçin awtomat düzgüninde işleýän, ýokary kuwwatly dizel-elektrik bekedi göz öňünde tutulypdyr. Mahlasy, ölçegleriň birligini üpjün etjek etalon enjamlarynyň talap edilýän ölçeglerini saklamak üçin ähli şertler döredilipdir.
Türkmenistanda ölçegleriň birligini üpjün etmegiň hukuk esasyny “Ölçegleriň bitewüligini üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny belleýär. Ol 2012-nji ýylyň oktýabrynda kabul edildi. 1993-nji ýylyň güýjüni ýitiren kanuny bilen deňeşdireniňde täze kanunda ölçeg serişdelerini we standart nusgalary synagdan geçirmek we metrologik taýdan barlamak boýunça işler babatda madda giňeldilipdir. Ölçeg serişdelerine döwlet gözegçiligi we barlagy boýunça maddada metrologik we gözegçiligiň hem-de barlagyň görnüşleri kesgitlendi, harytlaryň hiline döwlet metrologik gözegçiliginiň funksiýalary giňeldildi. Täze nesliň ölçeg serişdelerini hem-de ölçegleri geçirmegiň täze usullaryny barlamak we ölçemek üçin kanuna maddalaryň we materiallaryň standart nusgalaryna metrologik gözegçiligi we barlagy amala aşyrmak boýunça maddalar goşuldy.
Şunuň bilen baglylykda, Döwlet etalon merkeziniň işi milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ulanylýan bir bitewi ölçegler ulgamyny üpjün etmäge, önümleriň, harytlaryň hilini we howpsuzlygyny, işleriň we hyzmatlaryň halkara kadalara laýyklygyny barlamak usulyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, taslamany amala aşyrmagyň barşynda Etalon merkezi üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet etalon merkezi bilen tanyşmagyň barşynda ölçeg serişdeler toplumyny geljekde hem täzelemek, onuň hünärmenleriniň işini kämilleşdirmek, bu ugurda ýaş hünärmenleri taýýarlamak, olary metrologik ugurly öňdebaryjy daşary ýurt merkezlerine bilim almaga ugratmak, tehniki kadalaşdyrmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek zerurdyr diýip belledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gös-göni goldaw bermeginde döredilýän milli standartlaşdyrmagyň örän oýlanyşykly, netijeli we çeýe ulgamy, onuň mümkinçilikleri “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň kuwwatynyň has-da artjakdygyny, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, türkmen halkynyň abadançylygyna we rowaçlygyna, giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmaga hyzmat etjekdigini çaklamaga ähli esaslary berýär.
Esasy usulyýet wezipesini nazara alanyňda “standart” düşünjesini adamyň geçirýän işleriniň ol ýa beýleki ugrunda kabul edilen, ölçegleriň birligini we ölçeg serişdeleriniň bir bitewi görnüşini üpjün edýän “hasaplaýyş nokady” hökmünde kesgitlemek gerek. Munuň özi özboluşly jemlenen planka bolmak bilen standart ösüşiň sazlaşykly prosesine goşulyp, hil taýdan ösüşi höweslendirýär diýilmegini aňladýar. Şu nukdaý nahardan standarty bir belentlik däl-de, eýsem, tersine, biziň ösüşimiziň sepgitleri we maksatlary kesgitlenen şkaladaky “nol” nokady diýip atlandyrmak bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli özgertmeleriniň strategik maksady Türkmenistany gülläp ösýän abadan jemgyýetli ýurtlar, ykdysady babatda ösen ýurtlaryň hataryna çykarmakdan ybaratdyr. Olarda durmuş hiliniň ýokary standartlary kada bolup, okgunly hereketiň baş şerti bolup durýar.
Etalon merkeziniň otaglaryny gözden geçirensoň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň mejlisler zalyna ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Etalon merkeziniň açylmagy bilen “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň işgärlerini gutlap, pudagy mundan beýläk-de ösdürmek, onuň dünýä metrologiýa we standartlaşdyryş ulgamyna goşulyşmagy üçin bu täze edaranyň ähmiýetini nygtady.
Häzirki döwürde öz ölçeg ulgamyny ulanmazdan, ykdysadyýetiň hiç bir pudagy dogry we netijeli işläp bilmeýär. Sebäbi, bu ölçegleriň kömegi bilen dürli tehnologik işler amala aşyrylýar we dolandyrylýar, şeýle hem öndürilýän önümiň hiline gözegçilik edilýär. Bu ölçegler ylmy-tehniki ösüşiň barşynda iň bir dürli talaplary kanagatlandyrmak üçin maddy serişdeleri hasaba almak we meýilleşdirmek, içerki we daşarky söwdanyň talaplaryny hasaba almak hem-de öndürilýän önümleriň hilini barlamak we islendik işleýän adamyň zähmetini goramagyň derejesini ýokarlandyrmak üçin hem zerurdyr.
Döwlet etalon merkeziniň gurulmagy we enjamlaşdyrylmagy Türkmenistanyň etalon binýadyny döretmekde möhüm tapgyra öwrüldi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu Merkez bitewi ölçegleri üpjün etmegiň döwlet ulgamyny ösdürmek, bu ugurda kadalaşdyryjy resmi namalary halkara talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça meseleleri çözmäge niýetlenendir.
Milli etalon binýady bolan kärhanany kemala getirmegiň örän köp serişdeleri talap edýändigini döwlet Baştutanymyz belledi. Haýsy hem bolsa bir etalony döretmek üçin ýyllar we az bolmadyk serişde talap edilýär, etalonlar bolsa örän köp kämil häzirki zaman tehnologiýalary we materiallary esasynda iň täze hasaplaýjy tehnikalary ulanmak arkaly döredilýär. Barlaghana ulgamlaryny, häzirki zaman enjamlary ýokary hünärli işgärleri bolan milli etalon binýadyny döretmek köp möçberde maliýe serişdelerini talap edýär. Şeýle binýady diňe uzak geljegi göz öňünde tutýan we uly ykdysady mümkinçiligi bolan döwlet döredip biler. Wagtyň geçmegi bilen, ýurdumyzda ýokary hilli önümleriň öndürilmegi, şol önümleriň içerki we daşarky bazarlarda bäsleşige ukyply bolmagynyň gazanylmagy, şeýle hem ýurdumyzyň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde abraýynyň we mertebesiniň ýokarlandyrmagy netijesinde, bu uly etalon merkezi özüni ödär.
Döwlet etalon merkeziniň işi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ulanylýan ölçegleriň bir bitewi ulgamynyň bolmagyny üpjün eder, öndürilýän önümleriň we harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň hem-de hyzmatlaryň halkara ölçeglerine laýyklykda hiliniň we howpsuzlygynyň barlaglaryny geçirmegi hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Milli etalon binýadymyzyň takyklygy ýurdumyzda ylmyň, önümçiligiň, tehnalogiýalaryň ösüş derejesine aýdyň şaýatlyk edýän möhüm serişdeleriniň biridir. Ölçegleriň netijeleriniň dogrulygynyň we takyklygynyň bolsa döwletimiz üçin durmuş-ykdysady we syýasy ähmiýeti bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek we ony bäsleşige has ukyply, kuwwatly döwletleriň hataryna goşmak boýunça ykdysadyýetimiziň öňünde durýan möhüm wezipelerden ugur alyp, Etalon merkeziniň bar bolan ähli mümkinçiliklerini ulanmagy, milli etalon binýadyny, barlag we synag barlaghanalarynyň ulgamyny kämilleşdirmegi, olary halkara derejesindäki güwänamalar bilen üpjün etmegi göz öňünde tutmak zerurdyr.
Häzirki döwürdäki we geljekdäki islegleri seljerip, onuň esasynda metrologiýa babatda amaly ähmiýetli barlaglary geçirmäge hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga aýratyn üns bermek gerek.
Bu işleriň ählisi ýurdumyzda öndürilýän önümleriň dünýä bazarynda tutýan ornunyň ýokarlanmagy, Türkmen döwletiniň tehniki we ykdysady garaşsyzlygynyň pugtalanmagy, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz biziň ýurdumyz bilen söwda amallaryny we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy amala aşyranda ynamyň ýokarlanmagy üçin zerur şertleri döreder. Bu ugurda ýangyç-energetika toplumy, nebitgaz çykaryjy pudak, dokma we azyk senagaty, telekommunikasiýa we ulag pudaklary ýaly biziň ileri tutýan ugurlarymyzy ünsden düşürmek bolmaz. Metrologik üpjünçilik ulgamy bu pudaklary döwrebap ösdürmegiň strategik maksatlaryna ýetmäge mümkinçilik döretmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli standartlaşdyrmak ulgamyny halkara ulgamlary bilen sazlaşdyrmagyň we olara laýyk getirmegiň zerurlygy ýokarlanýar. Şu wezipe hem metrologiýa ulgamynda, şol sanda dürli ýurtlaryň barlag we ölçeg barlaghanalarynda geçirilýän ölçegleriň netijelerini özara ykrar etmekde, Türkmenistanyň amala aşyrýan halkara hyzmatdaşlygynyň örän möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu bolsa, diňe ýokary taýýarlygyň we birek-birege ynanyşmagyň bolan ýagdaýynda mümkindir.
Döwlet etalon merkeziniň işläp başlamagy biziň ýurdumyz üçin bu ugurda uly ädim bolar diýip, milli Liderimiz sözüni jemlemek bilen, bu ýere ýygnananlary täze gurlan, iň häzirki zaman enjamlary bilen ýokary derejede üpjün edilen Döwlet etalon merkeziniň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, bu Merkeziň ähli işgärlerine berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň ýokary depginler bilen ösmegine oňyn täsirini ýetirjek Merkeziň işini talaba laýyk alyp barmakda uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze Döwlet etalon merkeziniň ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlaryna innowasiýalary ornaşdyrmaga, önümleriň hilini ýokarlandyrmaga, daşky gurşawy goramaga, halkymyzyň abadançylygyny pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigini ýene-de bir gezek nygtady hem-de Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, özüne garaşyp duran dikuçara mündi we bu ýerden ugrady.