Ï GFR-iň wekiliýetiniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

GFR-iň wekiliýetiniň sapary

view-icon 687
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň türkmen paýtagtynda saparda bolýan wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete German-türkmen forumynyň başlygy jenap Klaus-Ýurgen Hedrih ýolbaşçylyk edýär.

Duşuşygyň barşynda myhmanlar Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan hem-de döwleti we jemgyýeti mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, GFR-li hyzmatdaşlaryň biziň ýurdumyzda dürli ulgamlarda amala aşyrylýan iri taslamalary bilelikde durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin köpugurly kuwwatyň hem-de giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Söwda-ykdysady ulgam bilen bir hatarda, gumanitar--medeni ulgam hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu ulgamda hem taraplap bilelikde işlemegiň baý tejribesini topladylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirilýän oňyn syýasatynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi. Milli Liderimiziň şol syýasaty ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da artmagyny şertlendirdi.

Pikir alyşmalaryň barşynda şeýle hem däp bolan dostlukly türkmen-german gatnaşyklarynyň möhüm ugry hasaplanýan parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan we many-mazmun babatda ep-esli baýlaşdyrylan türkmen-german gatnaşyklarynyň mundan býeläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.