Şu gün paýtagtymyzdaky “Ak altyn” myhmanhanasynda Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň hem-de BMG-niň Ösüş makstanamasynyň “Türkmenistanda saýlaw ulgamynyň we ony geçirmegiň kämilleşdirilmegi” atly bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde guralan iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady.
Bu duşuşygyň maksady hünärmenlere hem-de saýlaw toparlarynyň agzalaryna saýlaw çäresini dolandyrmagyň hem-de tehniki meseleler, boýunça bilermenler goldawyny bermekden, şeýle hem saýlawlaryň geçişine gözegçilik etmegiň meýilnamasyny işläp taýýarlamakda maslahat kömegini bermekden ybaratdyr.
Iki günlük okuw maslahatyň çäklerinde halkara maslahatçylary synçylaryň saýlawlara gözegçilik etmekde özüni alyp barmagyň kodeksiniň halkara standartlaryny berjaý etmek, olaryň işini utgaşdyrmak, synçylaryň orny we wezipeleri boýunça birnäçe döwletiň saýlaw toparlarynyň işiniň tejribesini hödürlärler.
Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem saýlaw toparlarynyň işgärleriniň synçylar bilen özara hyzmatdaşlyk etmegi, saýlawlaryň jemleri boýunça hasabatlary taýýarlamak, saýlawlaryň netijeleri boýunça maglumatlary ýygnamak, olaryň üstünde işlemek, saklamak, ýetirmek hem-de seljermek meselesini gowulandyrmak, saýlaw çärelerini kämilleşdirmek meseleleri boýunça okuw maslahatlaryny geçirmegiň möhümdigini bellediler.
Ertir okuw maslahaty öz işini dowam eder. Onuň netijeleri boýunça halkara maslahatçylary Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyna milli kanunçylygy nazara almak bilen saýlawlara gözegçilik etmegiň halkara standartyny ulanmak boýunça maslahatlary hödürlärler.