Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ýörite wekili hanym Patrisiýa Flory kabul etdi. Ol Serhetlerde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjynyň 11-nji maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.
Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Ýewropa Geňeşiniň başlygy Herman Wan Rompýoýyň, Ýewropa komissiýasynyň Başlygy Žoze Manuel Barrozunyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk meseleleri boýunça Ýokary wekili hanym Ketrin Eştonyň mähirli salamyny we tutuş türkmen halkyna iberen hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Hanym Patrisiýa Floruň belleýşi ýaly, ol Aşgabada gelip görmäge we Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyp, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige örän şatdyr. Şunlukda, Ýewropa Bileleşiginiň ählumumy abadançylygyň bähbidi ugrunda giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen netijeli daşary syýasat ugruny alyp barýan Türkmenistan bilen işjeň gatnaşyklary mundan beýläk-de uly gyzyklanma bildirýändigi tassyklandy.
Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylar düzümine mähirli salamyny aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüşe eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Ýewropa ugrunyň biziň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ÝB bilen köptaraplaýyn we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we giňeltmäge taýýardygyny nygtady.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝB-niň möhüm ugurlardaky, şol sanda söwda-ykdysady we başga-da birnäçe pudaklardaky özara gatnaşyklarynyň geljegi hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Biziň ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek maksatnamasyny nazara almak bilen, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň meseleleri özara söhbetdeşligiň esasyny düzdi. Şunda ägirt uly energetika kuwwata eýe bolan hem-de energiýa serişdelerini eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy nazarlaýan pudakda öňdengörüjilikli strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Türkmenistanyň durmuşa geçirýän we häzirki döwürde alyp barýan ýangyç-energetika toplumyndaky iri düzümleýin taslamalary, şeýle hem energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde biziň ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz we myhman medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler we bu ugurda däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ygtybarly binýady emele getirýän oňyn tejribeleriň toplanandygyny aýtdylar.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zaman howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmak ýaly ugurlardaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga bolan ikitaraplaýyn meýilleri tassyk edildi. Şunuň bilen baglylykda, ÝB-niň ýörite wekili Ýewropa Bileleşiginiň milli Liderimiziň öňe süren we tutuş dünýä bileleşigi üçin wajyp bolan möhüm meseleleriň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamaga, sebitleýin we ählumumy möçberde durnukly ösüş üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen döredijilikli halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýändigini we olary goldaýandygyny aýratyn belledi.
Şu jähetden Serhetlerde howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjynyň şu gün Aşgabatda açylýan 11-nji maslahatynyň sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendigi we onuň bu ugurdaky umumy tagallalaryň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagyny şertlendirýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we belent mertebeli myhman Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan netijeli we däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.