Şu gün Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Ermenistan Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri A.Mowsisýanyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň düzüminde iki dostlukly ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wezipelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy girizildi.
Mejlisiň barşynda sazlaşykly ösýän türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň köpugurly häsiýete eýedigi bellenildi. Esasan-da Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň arasynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklaryň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň jähetinde iki ýurduň ösüşinde ileri tutulýan ugurlary nazara almak bilen, netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen resminamalar toplumyna gol çekilendigi barada aýdyldy.
Döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly wezipeleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň işiniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, duşuşyga gatnaşyjylar 2012-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Ýerewanda geçirilen duşuşykdan bäri kabul edilen çözgütleriň esasan ýerine ýetirilendigini nygtadylar. Hususan-da, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça möhüm ädimler ädildi.
Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler we hyzmatdaşlygy energetika, ulag, dokma senagaty we söwda ugurlary boýunça işjeňleşdirmek barada aýtdylar. Şeýle hem oba hojalygy we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat ulgamlarynda ýygjam gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygy bellenildi.
Mejlisiň barşynda medeni-gumanitar ulgamdaky netijeli döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk binýadyna daýanýan däp bolan gatnaşyklary ösdürmek boýunça meýilleriň barha artýandygyny bellemek bilen, toparyň agzalary bilim, ylym, maglumat-aragatnaşyk ulgamlaryndaky, syýahatçylyk we sport ugurlaryndaky gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagyň wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunlukda, duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolan medeni hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şol sanda iki döwletde geçirilýän festiwallara aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynyň zerurdygyny biragyzdan bellediler.
Ertir Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň mejlisi öz işini tamamlar. Onuň işiniň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekiler.