Ï Serhetlerde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy boýunça toparynyň maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Serhetlerde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy boýunça toparynyň maslahaty geçirildi

view-icon 735
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Hökümetiniň Awstriýa Respublikasynyň Federal içeri işler ministrligi, Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy tarapyndan bilelikde guralan Serhetlerde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy boýunça toparynyň (CABSI) 11-nji maslahaty öz işine başlady.

Foruma gatnaşmak üçin Aşgabada Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyzystan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Owganystan Yslam Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Russiýa Federasiýasyndan, ABŞ-dan, Türkiýe Respublikasyndan, şeýle hem Awstriýa Respublikasyndan we ÝB-niň agzalary bolup durýan beýleki urtlardan wekiliýetler geldiler. Şeýle hem maslahatyň işine Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Hemişelik wekilhaanasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň, ÝHHG-niň we beýlekileriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar.

Olaryň arasynda BMG-niň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi, BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň, Migrasion syýasaty ösdürmek boýunça halkara merkeziniň (ICMPD), Merkezi Aziýanyň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy boýunça sebitleýin maglumatlar – utgaşdyryş merkeziniň (CARICC), Halkara we Latyn Amerikasynyň dolandyryş we döwlet syýasatynyň (FIIAPP) we beýleki abraýly halkara guramalarynyň wekilleri bar.

Halkara we sebitleýin guramalaryň, BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň düzümleriniň, gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň hukuk goraýjy edaralarynyň, serhet we migrasiýa gulluklarynyň wekilleri serhetleriň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine degişli meseleler boýunça toplanan tejribe barada pikir alşarlar. Şu maslahatyň gün tertibine serhet gözegçilik ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, bikanun migrasiýa garşy göreşe we serhetüsti bikanun söwda, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, korrupsiýa garşy göreşe ýardam berilimegine, şeýle hem Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň we Owganystanyň serhetüsti hyzmatdaşlygyna degişli meseleler goşuldy..

Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylda Serhetlerde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy boýunça toparynyň (CABSI) Awstriýa Respublikasynyň paýtagtynda bolup geçen 10-njy maslahatynda Türkmenistan Aşgabatda 11-nji maslahaty geçirmek üçin kabul edýän tarap hökmünde çykyş etdi. Bu teklip Serhetlerde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy boýunça toparyna (CABSI) gatnaşýanlaryň ählisi tarapyndan oňlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda şu forumyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de ýurdumyzyň ählumumy ähmiýete eýe bolan uly möçberli başlangyçlarynyň netijeli durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

Maslahata gatnaşyjylar Merkezi Aziýada howpsuzlyga we serhetlere gözegçilik edilmegine degişli meseleleriň möhüm ähmiýetlidigini nygtap, munuň sebit we ählumumy derejede özüniň gös-göni täsirini ýetirýän wajyp ähmiýetli wezipeleriň biri bolup durýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýän taraplar Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň Serhetleriň dolandyrylmagyna çemeleşmeleri kämilleşdirmek hem-de goňşy döwletler we halkara derejesindäki hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň netijeliligini üpjün etmek baradaky meseleleriň çözülmegine goldaw berilmegine işjeň gatnaşýandygy aýdyldy.

Şunda bir tarapdan Merkezi Aziýadaky we Orta Gündogardaky döwletleriň sazlaşykly depginde ösüşiniň we beýleki tarapdan şol sebitlerdäki işjeň geosyýasy ýagdaýlaryň Merkezi Aziýada netijeli we açyk gatnaşyklary ýola goýmak boýunça tagallalary mundan beýläk-de jebisleşdirmegiň hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň dürl gurallaryny ulanmagyň zerurlygynyň möhümdigini görkezýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Serhetlerde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy boýunça topary (CABSI) serhetleriň howpsuzlygyna we olara gözegçilik edilmegine degişli meseleler boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň artdyrylmagyna ýardam berýän binýatlaryň biri bolup durýar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatda uzakmöhletleýin parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetlidigini nygtap, häzirki wagtda bu başlangyçlaryň abraýly halkara guramalary bilen birlikde üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji maslahatynda ýurdumyzyň BMG-niň saýlanýan edaralarynyň, şol sanda BMG-niň Neşe senrişdeleri boýunça toparynyň agzasy hökmündäki işiniň güýçlendirilmegine gönükdirilen we ileri tutulýan garaýyşlary barada aýdyldy. Hususan-da, munuň özi ilkinji nobatda, BMG-niň neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça sebitleýin, milli taslamalaryň we maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna netijeli çemeleşmek üçin bilermenleriň bileleşiginiň mümkinçiliklerini ulanmakdan, şeýle hem şu ugurda hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň hökümetleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn taslamalary amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bilermenleriň gatnaşmagynda hemişelik hereket edýän maslahat beriji guraly döretmek bilen bagly meselä dolanyp gelmegi teklip edýändigi, şonuň işine degişli döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň wekilleriniň, şeýle hem halkara geňeşçileriň gatnaşyp biljekdigi bellenildi. Türkmen tarapy bu barada aýtmak bilen, bu teklibiň serhetleriň howpsuzlygy boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça umumy maksatlara ýetmek bilen baglylykda, Serhetlerde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy boýunça toparyna (CABSI) gatnaşýan taraplar üçin bähbitli boljakdygyna ynam bildirdi.

Serhetlerde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy boýunça toparyna (CABSI) gatnaşyjylaryň serhetleri toplumlaýyn dolandyrmagyň dürli ugurlary boýunça birnäçe maslahatlary kabul etmegi ýurtlaryň özara ylalaşylan hereketleri işläp taýýarlamakda we amala aşyrmakda mümkinçilikleriň bardygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň serhetleriň howpsuzlygyna degişli ulgamlaryň we serhetüsti şertleriniň kämilleşdirilmegine, adamlaryň ondan-oňa bökdençsiz geçmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendigi nygtaldy.

Ýurdumyzda şu ugurda uly işleriň geçirilýändigi, şol sanda hereket edýän düzümiň desgalarynyň durkunyň täzelenilmegi we täze desgalaryň gurulmagy, şeýle hem serhede degişli düzümleriň işine öňdebaryjy tehnologiýalaryň we usullaryň ornaşdyrylmagy aýdyň mysal hökmünde görkezildi. Şunuň bilen birlikde, serhetleri dolandyrmak boýunça pudagara okuwlar yzygiderli guralýar, olara ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işgärleri gatnaşýarlar.

Galyberse-de, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göwnejaý işleriň geçirilýändigi bellenildi.2011-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Serhet institutynyň hem wajyp ähmiýetlidi nygtaldy.

Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnama arkaly Türkmenistanyň şol edaralarynyň düzümleýin binýat we hünär taýdan mümkinçiliklerini artdyrmak ugrunda serhet edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär. Milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, Gümrük gullugy hakynda”, “Döwlet serhedi hakynda” we “Serhet goşunlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Şeýle hem ýurdumyz serhetlerde kazyýet seljermesi we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak boýunça sebitdäki mümkinçilikelri artdyrmak ugrunda halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Şonuň bilen birlikde Türkmenistan sebitde migrasiýa degişli ýagdaýlara goşulyşmak arkaly adamlaryň we ýükleriň serhet arkaly ondan-oňa geçirilmeginiň ulgamyny yzygiderli kämilleşdirýär. Ýurdumyzyň serhetleriniň üsti bilen ýükleriň möçberleriniň artdyrylýandygyna şaýatlyk edýän ýagdaýlar aýdyň mysal hökmünde görkezildi.

Umuman, maslahata gatnaşyjylar Merkezi Aziýa sebitinde serhetleriň howpsuzlygyny pugtalandyrmak we gözegçilik etmek boýunça işleriň wajyp ähmiýetlidigini belläp, tutuş sebitdäki ýurtlaryň we gyzyklanma bildirýän taraplaryň netijeli we açyk gepleşik üçin ygtybarly we uzakmöhletleýin esaslary döretmekde iş ýüzündäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Çykyş edenler 2003-nji ýylda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnama görä maksatlaýyn işi we strategiki ugurlary utgaşdyrmak üçin Awstriýa Respublikasynyň Federal içeri işler ministrliginiň döreden we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Serhetlerde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy boýunça toparynyň (CABSI) orny barada aýtmak bilen, bu düzümiň Merkezi Aziýadaky döwletleriň tagallalaryna we sebitleýin hyzmatdaşlyga ýardam bermekde maglumatlary alyşmakda we halkara derejesindäki işi utgaşdyrmakda möhüm ähmiýetli düzümleriň biri bolup durýandygyny bellediler. Serhetlerde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy boýunça topary (CABSI) serhetleri durnukly we toplumlaýyn dolandyrmagyň ýörelgelerini amala aşyrmak, şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky kanuny söwda edilmegine, adamlaryň ondan-oňa geçmegine, şol bir wagtda ykdysady ösüşe ýardam berlende migrasiýa degişli akymlaryň dolandyrylmagynyň guralmagyna badalga bermek işinde netijeli guraly bolup durýandygy bellenildi.

Häzirki wagta çenli tutuş sebitde Merkezi Aziýadaky döwletleriň tagallasy bilen ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara derejesindäki düzümler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek arkaly serhetleriň düzümi, maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyryldy. Halkara bileleşiginiň gös-göni gatnaşmagynda serhetleri dolandyrmak we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňdebaryjy tejribäni we nou-haular alyşmak işjeň ýagdaýda amala aşyrylýar. Bularyň netijeli ulanylmagy tutuş sebitde söwdanyň we ykdysady taýdan ösüşiň mundan beýläk-de ösdürilmegine degerli ýardam berer.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň serhetleriň howpsuzlygyny pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygyny hem-de Merkezi Aziýadaky döwletleriň arasynda maglumatlaryň, şol sanda migrasiýa degişli meseleler boýunça habarlaryň alşylmagynyň utgaşdyrylmagyny gowulandyrmak maksady bilen sebit derejesindäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda ýadawsyz tagallalary edýändigini belläp, ählumumy abadançylyga mahsus maksatlara laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara düzümleriniň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä bileleşigini tolgundyrýan derwaýys meseleleriň oýlanyşykly çözgütleriniň işlenip taýýarlanylmagyna degişli netijeli başlangyçlaryny tutuşlygyna oňlaýandygyny aýtdylar.

Forumyň çäklerinde metbugat maslahaty geçiridip, şonda Türkmenistanyň Serhetlerde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy boýunça toparyna (CABSI) gatnaşyjy hökmünde geljekde-de serhetleriň howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça öz tagallalarynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen işini dowam etmegi maksat edinýändigi bellenildi. Şu günki maslahat we Serhetlerde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy boýunça toparynyň (CABSI) guraly öz maksatlary we wezipeleri babatda türkmen Lideriniň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak baradaky netijeli başlangyçlaryna laýyk gelýär. Tagallalary birikdirmek arkaly, diýseň oňyn netijeleri gazanyp boljakdygy we şol netijeleriň Merkezi Aziýa sebitini mundan beýläk-de yzygderli ýagdaýda ösdürmekde uly ähmiýetlidigi bellenildi.

Şeýle hem çykyş edenler forumyň mejlisleriniň biriniň Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň arasynda serhetýaka hyzmatdaşlyk boýunça özara arkalaşykly hereket edilmegine degişli meselä bagyşlanjakdygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň bu goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan täzeden dikeldilmegine, Owganystanyň Merkezi Aziýa bilen sebit derejesinde işjeň ýagdaýda goşulyşmagyna degişli başlangyçlarynyň wajyp ähmiýetlidigini nygtadylar.

Ýurdumyz Owganystana degerli goldaw bermek arkaly, Türkmenistan – Owganystan -- Pakistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan – Owganystan –Täjigistan demir ýoluny çekmek, şeýle hem türkmen elektrik energiýasynyň Owganystana iberilýän möçberlerini 5 esse artdyrmaga mümkinçilik berjek ösen düzümi gurmak ýaly sebit derejesinde uly möçberli taslamalary amala aşyrmak boýunça işleri geçirýär.

Serhetlerde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy boýunça toparynyň (CABSI) 11-nji maslahatyna gatnaşyjylar onuň birinji gününiň netijelerini jemläp, şu forumyň iş ýüzünde toplanan tejribäniň alşylmagyna, şu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna, serhetleriň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça derwaýys wezipeleriň çözülmegi babatda oýlanyşykly çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam berjekdigini bellediler.

Ertir forum öz işini dowam eder.