Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlsiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtýarly ilçisi jenap Hemiş Newil Frensis Kuperden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy doly ygtyýarly ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde uly üstünlik arzuw etdi.
Hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, ilçi öz gezeginde iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň ählumumy parahatçylygyň hem-de Türkmenistanyň we Täze Zelandiýanyň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Gürrüňdeşligiň barşynda diplomat Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy bilen ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen tanyşdyryldy.
Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň okgunly ösüşini, onuň dünýäniň ykdysady we maglumat giňişligine üstünlikli goşulyşmagyny, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryna iň täze tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýän ylym we bilim ulgamyndaky özgertmelere aýtaryn ähmiýet berildi. Şeýle hem Täze Zelandiýanyň ilçisi milli pardamentiň düzümi we kanunçykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.
Häzirki döwürde Türkmenistanda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmelere uly gyzyklanma bildirmek bilen, jenap Hemiş Newil Frensis Kuper parahatçylyk dörediji, durmuş-ykdysady we medeni ösüşde uly üstünliklere eýe bolan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady. Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, diplomat öz ýurdunyň ikitaraplaýyn bolşy ýaly, halkara gyramalarynyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynda köpsanly oňyn başlangyçlary öňe sürýän milli Lideri bilen belli bolan Türkmenistan bilen ýola goýulýan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildrýändigini aýtdy.
Täze Zelandiýanyň hökümet we işewür toparlarynyň häzirki döwürde sazlaşykly ösýän, özüniň gadymy we özboluşly taryhy, köpasyrlyk däp-dessurlary, dürli ugurly medeniýeti hem-de ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri bolan Türkmenistan bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini belläp, ilçi döwletara bolşy ýaly, pudagara derejedäki gatnaşyklary işjeň ösdürmegiň möhümdigi barada aýtdy.
Şu gün Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýaly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.
Jenap Hemiş Newil Frensis Kuperiň ertir Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde boljak duşuşygynda ykdysady we söwda ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi medeni maksatnamanyň çäklerinde Türkmen halysynyň milli muzeýiniň gymmatlyklary, Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanşar.

* * *