Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistanyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistanyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi

view-icon 674
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Armen Mowsisýany kabul etdi. Ol Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň nobatdaky maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip Aşgabada geldi.

Duşuşmaga wagt tapandygy we mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, myhman türkmen döwletiniň Baştutanyna Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Ol ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk hem-de Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň beýik özgertmeler ýolunda uly üstünlikleri arzuw edipdir.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna we halkyna parahatçylyk, ýagşylyk we abadançylyk arzuw etdi. Türkmenistany bu ýurt bilen köpasyrlyk dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda – abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde üstünlikli guralýan döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň soňky ýyllarda emele gelen okgunly depginini kanagatlanmak bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman ägirt uly kuwwata eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda giňeltmäge iki ýurduň hem gyzyklanmasyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyllarda özüni ýokary we hökümetara derejelerde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary amala aşyrmagyň netijeli guraly hökmünde görkezen hökümetara toparynyň aýratyn möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.

Bilelikdäki toparyň nobatdaky, hasap boýunça eýýäm bäşinji maslahatynyň gün tertibine girizilen meseleler barada türkmen döwletiniň Baştutanyna habar bermek bilen, toparyň ermeni tarapyndan başlygy bolup durýan Armen Mowsisýan netijeli Aşgabat duşuşygynyň öňki duşuşyklar ýaly türkmen we ermeni halklarynyň arasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary berkitmek, uzakmöhletleýin, özara bähbitli esasda guralýan köpugurly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň göwnejaý ugurlaryny we usullaryny kesgitlemek işine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Işewür, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Baştutany hem-de Ermenistan Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy onuň esasy ugurlary, ilkinji nobatda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika hem-de medeni-gumanitar ugurlar boýunça giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Hoşlaşanlarynda ermeni wekiliýetiniň ýolbaşçysy milli Liderimize türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, her bir türkmen maşgalasyna parahatçylyk, ýagşylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Duşuşyga Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Badalýan gatnaşdy.