Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

view-icon 962
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, şonda döwletimiziň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barylan işleriň jemleri jemlendi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer 2013-nji ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri barada hasabat berip, türkmen ykdysadyýetniň ähli pudaklarynda uly möçberli milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň görülmegi bilen ýokary netijeleriň gazanylandygyny belledi.

Hasabat döwründäki makroykdysady görkezijilere laýyklykda, jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly ýagdaýda saklanýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2013-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 113,1 göterime barabar boldy.

Wise-premýer bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi barada aýdyp, 2012-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda bu görkezijiniň 119,9 göterime ýetendigini belledi.

Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary maýa goýumlary boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde maýa goýumlary babatdaky netijeli syýasatyň milli ykdysadyýetiň yzygiderli ýagdaýda ösdürilmegine, ykdysady we önümçilik kuwwatynyň hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly senagatyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna, döwrebap durmuş, ulag-kommunikasion we inženerçilik düzüminiň döredilmegine ýardam berýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetiň ösdürilmegine gönükdirilýän düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilmegi boýunça meýilnamalarda bellenilen tabşyryklar barada aýdyldy. Wise-premýer maglumatlara görä, şu görkezijiniň yzygiderli ösüş depginine eýe bolýandygyny hem-de jemi içerki önüme garanyňda bu makroykdysady görkezijiniň 46,5 göterime barabar bolandygyny belledi.

Şeýle hem hasabat döwründe ýurdumyzyň Döwýlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilendigi aýdyldy.

Hasabat bermegiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. Hususan-da, wise-premýer pul-karz ulgamyny özgertmek, şol sanda puluň dolanyşygyny kämilleşdirmek we alyş-çalyş amallaryny has oýlanyşykly guramak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz türkmen döwletiniň milli ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm ähmiýetlidigini belläp, ykdysady ösüş depginlerini saklamak, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdayna göwnejaý gözegçilik edilmegini üpjün etmek maksady bilen ykdysadyýetiň sazlaşykly dolandyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri kabul etmegiň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz maliýe-ykdysady ulgama degişli edaralaryň öňünde durýan we ileri tutulýan wezipelere ünsi çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň maksatnamalary bilen baglylykda olaryň işiniň kämilleşdirilmegi boýunça birnäçe anyk tabyşryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow puluň dolanyşygyna we alyş-çalyş amallarynyň has oýlanyşykly guralmagyna degişli meseleler barada durup geçip, Türkmenistanda ýokary netijeli ykdysadyýetiň bolmagynyň maliýe bazarynyň, şol sanda walýuta bazarynyň ösdürilmegini talap edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz ýurdumyzda daşar ýurt walýutasynda geçirilýän amallaryň ýurdumyzyň bank ulgamynda uly ähmiýete eýedigini belläp, şu ugurdaky işi kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2013-nji ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende fiziki möçberiň artmagy önümleriň köpüsi boýunça üpjün edildi. Şeýlelikde, elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 103,3 göterime, benziniň öndürilişiniň ösüş depgini 102,8 göterime, nebit bitumynyň öndürilişiniň ösüş depgini 151,1 göterime, polipropileniň öndürilişiniň ösüş depgini 103,3 göterime, ýoduň öndürilişiniň ösüş depgini 104,8 göterime, sementiň öndürilişiniň ösüş depgini 189,9 göterime, magdan däl gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň ösüş depgini 119,5 göterime, diwar materiallarynyň öndürilişiniň ösüş depgini 107,8 göterime, gurluşyk üçin beton gurnawlarynyň ýygnalýan bölekleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 118,4 göterime, metal önümleriniň ösüş depgini 107,2 göterime, pagta süýüminiň öndürilişiniň ösüş depgini 101,3 göterime, nah matalaryň öndürilişiniň ösüş depgini 108,2 göterime barabar boldy.

2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, gök we bakja önümleriniň, şeýle hem süýdüň öndürilişi artdy. Gara mallaryň we dowarlaryň, şeýle hem guşlaryň sany köpeldi.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy gurluşyk ulgamyndaky görkezijiler barada hasabat berip, şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende gurluşyk işleriniň 20,4 göterim köp ýerine ýetirilendigini belledi.

Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini geçen ýylyň dokuz aýy bilen deňeşdirilende 105,3 göterime barabar boldy. Şu döwürde ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük dolanyşygy 11,2 göterim artdy. Hasabat döwründe bu ulgamda ýerine ýetirilen işlerden alnan girdejiler 2012-nji ýylyň dokuz aýy bilen deňeşdirilende 3,8 göterim köpeldi.

Hasabat döwründe iri senagat kärhanalarynyň, ýaşaýyş-durmuş, ulag-inženerçilik, myhmanhana-dynç alyş ýaýrawynyň desgalarynyň birnäçesini işe girizmek, täze gurluşyklaryň düýbüni tutmak, ulgamlaýyn özgertmeleri dowam etdirmek, şeýle hem ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ileri tutup ösdürmek işleri alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz beýan edilen görkezijileriň milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýändigini belläp, düzümiň öňünde duran gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmek üçin onuň işiniň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow statistiki barlaglary, alnan maglumatlaryň üstünde işlemegiň we seljerme geçirmegiň usullaryny kämilleşdirmek, statistiki görkezijileri kemala getirmek, bu usullaryň halkara ülňülerine laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra maliýe ministri D.Sadykow şu ýylyň dokuz aýynda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem maliýe-býujet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Döwlet býujeti girdejiler boýunça 120,7 göterim möçberde, çykdajylar boýunça bolsa 96 göterim möçberde ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Döwlet býujetiniň çykldajylarynyň umumy möçberiniň 77,1 göterimi durmuş maksatly ulgama gönükdirildi.

Ýerli býujetiň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, ministr onuň girdeji böleginiň 118,7 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 96,6 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy.

Şeýle hem zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň öz wagtynda we doly möçberde maliýeleşdirilýändigi bellenildi.

Ministr “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişi barada hem habar berdi. Hasabat döwründe 112 sany desganyň gurluşygy tamamlandy we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30 göterim ýa-da 24 birlik artdy. Şeýle hem 381,4 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy we geçen ýyla görä 70 göterim ýokarlandy. Şu Maksatnama boýunça 1132, 6 kilometr suw geçirijileriniň, 591,6 kilometr awtomobil ýollarynyň, 1445,2 kilometr gaz geçirijileriniň, 1840,9 kilometr elektrik geçirijileriniň, 2271,9 kilometr telefon ulgamynyň gurluşyklary tamamlandy.

Şeýle hem Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynda, “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi ösdürmek maksatnamasynda” , “2011-2015-nji ýyllarda Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdürmegiň döwlet maksatnamasynda” hem-de “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynda” bellenilen wezipeleri üstünlikli çözmek maksadynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet býujetiniň ykdysadyýeti kadalaşdyrmagyň hojalyk ýagdaýyna täsir etmegiň kuwwatly guraly bolup durýandygyny nygtady we onuň ýerine ýetirilişine hem-de býujet serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylyşyna berk gözegçiligi amala aşyrmagyň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz şeýle hem bu ugurda görülýän çäreleriň möhümdigini aýtdy. Bu ugurda ädilýän ädimler ýurdumyzda maliýe durnuklylygyny üpjün ýardam etmäge hem-de maýa goýumlarynyň gelmegi üçin oňaýly şertleriň döredilmegine ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda maliýe minsitrine anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarow ýurdumyzyň bank edaralarynyň işi, şeýle hem ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasaplaryna daşary ýurt pul serişdeleriniň gelip gowuşmagynyň ýagdaýy barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet we milli özgertmeler maksatnamalarynda bellenilen wezipeleri öz wagtynda çözmegiň ägirt uly ähmiýetini nygtady. Milli Liderimiz halkara ähmiýetli iri möçberli taslamalar üçin daşary ýurt maýalaryny çekmek maksadynda dünýäniň abraýly maliýe düzümleri bilen okgunly ösýän hyzmatdaşlygyň ähli mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň, ýurdumyzda işewürlik ýagdaýyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi, ol hasabat döwründe 2013-2017-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda DIM-niň işiniň netijeleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde Türkmenistanyň dünýäniň köpsanly ýurtlary bilen syýasy hem-de netijeli söwda-ykdysady we gumanitar-medeni gatnaşyklara esaslanýan giň halkara hyzmatdaşlygynyň strategiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilip, bu netijeli hyzmatdaşlygyň çäginiň has-da giňeldilýändigi bellenildi.

Şeýle hem wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine saparyň netijeleri barada hasabat berdi, şol saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýeti 25-30-njy sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 68-nji maslahatynyň işine gatnaşdy.

30-njy sentýabrda bütindünýä forumynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidentiniň bäş ugur boýunça öňe süren möhüm ähmiýetli halkara başlangyçlary aýdyldy, şeýle hem ýurdumyzyň şol meseleler boýunça garaýyşlary beýan edildi.

Şol ugurlaryň birinjisi parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi bilen bagly meselelere degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara derejesindäki meseleler çözülende syýasy, diplomatik serişdeleriň ulanylmagynyň ileri tutulmagy barada BMG-niň Jarnamasynyň kabul edilmeginiň möhümdigi nygtaldy. Bu başlangyjy iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, türkmen diplomatik gullugy tarapyndan 2013-2014-nji ýyllarda beýleki döwletler bilen degişli işler geçiriler. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýä bileleşigi ýaragsyzlanmak we köpçülikleýin heläkçilige getirýän ýaraglary ýok etmek bilen bagly meselelere uly ähmiýet berýär. Şeýlelikde, türkmen tarapy indiki ýylda Aşgabatda şol meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýokary derejedäki halkara duşuşygyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürdi. Türkmenistan sebit derejesinde howpsuzlygyň üpjün edilmegi bilen baglylykda, Merkezi Aziýa sebitinde asudalygy üpjün etmek boýunça hemişelik hereket edýän Parahatçylyk we hyzmatdaşlyk forumyny döretmegi teklip etdi. Bu bolsa öz gezeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Maslahatlaşma geňeşiniň döredilmegine mümkinçilik berer.

Ikinji ugur Türkmenistanyň Prezidentiniň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky teklipleri bilen baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda we 2013-nji ýylyň 17-nji maýynda kabul edilen hem-de dünýäde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin halkara –hukuk guralynyň döredilmegine gönükdirilendir. Şeýle hem türkmen tarapy 2014-nji ýylda şu mesele boýunça Aşgabatda halkara maslahatyny geçirmek baradaky teklibi orta atdy.

Üçünji ugur hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky başlangyjy görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwrebap we howpsuz halkara ulag düzümini döretmek baradaky garaýyşlary mälim edildi. Şu meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen wekiliýeti indiki ýylda Aşgabatda halkara duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.

Dördünji ugur ekologiýa howpsuzlygyna degişli meseleler hem-de halkara bileleşiginiň şu ugurda amala aşyrýan çäreleriniň möhümligi bilen baglydyr. Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly işlere hem öz goşandyny goşmaga taýýardygy mälim edildi we 2014-nji ýylda ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek hakyndaky Konwensiýasyna girýän ýurtlaryň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmek hakyndaky teklip öňe sürüldi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebitara merkezi döretmek baradaky garaýşy yglan edildi.

Bäşinji ugur ynsanperwerlik howpsuzlygy bilen bagly bolup durýar. Bu babatda aýdanymyzda, türkmen wekiliýeti bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara degişli meselelere garamagyň möhümdigi we olara raýatlyk bermek boýunça Türkmenistanyň baý tejribe toplandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň indiki ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri baradaky ýokary komissarlygy bilen bilelikde bosgunlaryň işleri boýunça ýokary derejeli duşuşygy geçirmäge taýýardygy mälim edildi.

Hasabatda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Goşulmazlyk hereketiniň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky duşuşygyna gatnaşandygy bellenildi.

Ýurdumyzyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherine saparyň barşynda ulaga degişli meseleler boýunça ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy, bu duşuşyk Türkmenistanyň Hökümeti, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi we BMG bilen bilelikde guraldy. Şonda ýurdumyzyň ulag düzümini ösdürmek we giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy halkara guramalary bilen bilelikde Merkezi Aziýa üçin nusgawy awtomobil ýolunyň gurulmagy baradaky teklibi öňe sürdi.

Türkmenistanyň wekiliýeti saparyň barşynda Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy, şeýle hem birnäçe halkara guramalarynyň, dürli döwletleriň daşary syýasat we beýleki edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri duşuşyklary geçirdi

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidentini howanyň üýtgemegine degişli meseleler boýunça 2014-nji ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek Bütindünýä sammitine gatnaşmaga çagyrdy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.

Şunda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen hem-de ählumumy abadançylyga we oňyn ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän halkara derejesindäki başlangyçlary we teklipleri dolulygyna oňlanýandygy aýratyn bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň çäginde netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de häzirki döwürde dünýä bileleşigini tolgundyrýan derwaýys wezipeleriň we meseleleriň çözülmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça maksada okgunly işi dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri, şeýle hem şu ýylyň dokuz aýynda Mejlisiň geçiren işleriniň netijeleri barada habar berdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň dowam etdirilmegi, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagy, her bir adam üçin ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilmegi, kanunçylygyň we hukuk tertibiniň üpjün edilmegi, daşky gurşawyň goralmagy, senagat pudaklarynyň, ylmyň we bilimiň, býujet-salgyt ulgamynyň, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ýaly ugurlar Türkmenistan Mejlisiniň geçirýän işleriniň esasyny düzdi.

Şu ýylyň başyndan bäri Mejlisiň dört maslahaty geçirildi, pudaklaýyn edaralar we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde kanun taslamalarynyň birnäçesi işlenip taýýarlanyldy, kanun çykaryjy resminamalaryň 66-sy kabul edildi, şol sanda kanunlaryň 34-si we kararlaryň 32-si kabul edildi. Häzirki wagtda iri kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işler dowam edýär.

Täze kabul edilýän kanunçylyk resminamalarynyň, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda geçirilýän öňyn özgertmeleriň, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň many-mazmunyny ilata düşündirmek maksady bilen žurnallaryň we gazetleriň sahypalarynda, ýörite tele we radio gepleşiklerde deputatlaryň çykyşlary guralýar.

Jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýerli öz-özüňi dolandyryş guramalarynyň wekilleri we öz saýlawçylary bilen yzygiderli gatnaşykda bolmak bilen parlamentariler durmuş meseleleriniň ençemesini çözmäge ýardam edýärler, şeýle hem dürli jemgyýetçilik çärelerine gatnaşýarlar.

Parlamentiň Başlygy Mejlisiň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwany hem-de ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň nobatdaky mejlisine, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň täze düzüminiň saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işleriň netijeleri barada habar berdi.

Milli kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işlerine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz kabul edilýän kanunçylyk resminamalarynyň many- mazmunyny düşündirmek, bu işde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak boýunça işleri geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Mill Liderimiz deputatlaryň ünsüni parlamentiň türkmenistanlylaryň ýaşaýyş- durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, jemgyýetde demokratik ýörelgeleri berkarar etmäge gönükdirilen işleriniň möhüm ugurlaryna çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselä degip geçmek bilen, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresiniň ýokary derejede guralmagyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji P.Taganowa söz berdi. Özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde 2013-nji ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bermek bilen, wise-premýer söwda toplumynyň esasy görkezijileri barada aýtdy.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe geçen ýyldaky bilen deňeşdirilende umumy haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 120,2 göterime deň boldy, maýa goýum serişdelerini özleşdirmek 234 göterim berjaý edildi.

Döwlet haryt çig-mal biržasynda şu ýylyň dokuz aýynda söwdalaşyklaryň 115-isi geçirildi. Hasaba alnan geleşikleriň umumy mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 28,5 göterim artdy.

Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe sergileriň 18-si we maslahatlaryň 19-sy geçirildi. Hyzmatlary ýerine ýetirmekden gazanylan girdejileriň ösüş depgini 133 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça hasabat döwründe senagat önümleri geçen ýylyň görkezijisinden köp öndürildi. Şeýle hem birleşme boýunça oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 150 göterim artdy. Ýurdumyzyň telekeçileriniň ýerine ýetiren işleriniň ösüş depgini gurluşykda 165 göterime barabar boldy. Birleşme boýunça umumy haryt dolanyşygy 180 göterim ýokarlandy. Ilata edilýän hyzmatlaryň möçberi iki esse artdy.

Şeýle hem wise-premýer “Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 2014-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakyndaky” Kararyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi we ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Resminama meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk komitetiniň düzümini, olary maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri, çäreleriň sanawyny we beýleki guramaçylyk meselelerini öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň sazlaşykly ösüş depginini saklamak üçin önümçilik düzüminiň maksatnamalaýyn kämilleşdirilmeginiň, haryt teklipleriniň görnüşlerini giňeltmegiň we täze bäsdeşlige ukyply önümleriň çykarylyşyny özleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işewür halkara gatnaşyklarynyň ähmiýetini, ýurdumyzda importyň ornuny tutýan täze önümçiligi döretmek maksady bilen hyzmatdaşlygy artdyrmagyň, maýa goýumlary işjeň çekmegiň we ýurdumyzyň harytlarynyň eksport möçberlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýratyn belledi.

Geljek ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmek hakyndaky Karara gol çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz halkara derejesindäki işewür çäreleriň Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan üstünliklerini wagyz etmäge, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini şertlendirmäge we haryt öndürijilerini höweslendirmäge, halk hojalygynyň ähli pudaklaryna daşary ýurt maýalarynyň çekilmegine gönükdirilendigini aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, gurulýan täze möhüm desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hususan-da, Gurluşyk ministrligi boýunça 2013-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgini 103,8 göterime deň boldy. Hasabat döwründe ýaşaýyş jaýlarynyň 1067-si ulanmaga berildi.

Energetika ministrligi boýunça 2013-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgini 109,7 göterime, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 103,4 göterime barabar boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça 2013-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgini 127,5 göterime deň boldy.

Jemagat hojalyk ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgini 124,4 göterime deň boldy.

Aşgabat şäheri boýunça hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgini 114,5 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk ulgamynda önümçilik görkezijileriniň oňyn ösüşini belläp, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan ähli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň ýokary depgini gurluşyk işleriniň, gurluşyk materiallaryny çykarmagyň depgininiň artdyrylmagyny, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyny talap edýär diýip nygtady. Olaryň ählisi häzirki döwrüň ýokary talaplaryna hem-de ülňülerine doly laýyk gelmelidir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa söz berildi. Ol “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.

Hususan-da, şu ýylyň 9 aýynda nebiti we gaz kondensatyny çykarmak baradaky meýilnamanyň 106,4 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak baradaky meýilnamanyň 106,7 göterim möçberinde ýerine ýetirilendigi bellenildi. Geçen ýylyň degişli döwründäki ýagdaý bilen deňeşdireniňde, nebiti gaýtadan işleimegiň we nebit önümleriniň, şol sanda benzinleriň, polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň öndürilen möçberleri artdyryldy. Buraw işleriniň möçberleri has-da artdy, 2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde ösüş depgini 132,1 göterime barabar boldy.

Pudagyň çig mal binýadynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn geologiýa-gözleg işleriniň geçirilmegi netijesinde ýataklaryň üçüsinde täze nebitli gatlaklar ýüze çykaryldy we çig malyň senagat akymlary alyndy.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetiki toplumynyň düzüminiň ösdürilmegine gönükdirilen uly möçberli maýa goýum taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bularyň arasyndan “Galkynyş” gaz käniniň senagat derejesinde ulanmaga berilmegini görkezmek bolar, ol tebigy gazyň dünýä boýunça iri ýatagy hasaplanýar, bu ýerde şu ýylyň sentýabrynda harytldyk gazy taýýarlamak boýunça zawodlaryň toplumy ulanmaga berildi.

Wise-premýer hasabat berimegiň barşynda umumy uzynlygy 800 kilometre barabar bolan uly “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň we önümçilik maksatly beýleki desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyna degişli meseleler barada aýtdy. Şeýle hem dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalary bilen bilelikde, önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama esasynda amala aşyrylýan taslamalar barada aýdyldy, bu şertnamalaryň bäşisi nebitiň we gazyň çykarylmagyna, üçüsi – geolgiýa-gözleg işleriniň geçirilmegine degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýleki döwletleri we dünýäniň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň Türkmenistanyň engergetika syýasatynyň möhüm jäheti bolup durýandygyny hem-de ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlygy hoşniýetlilige we özara bähbitlilige mahsus ýörelgeler esasynda guraýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen energiýa serişdelerini dünýäde ýerleýän bazarlara ýetirmegiň köpugurly ulgamyny döretmek, şeýle hem Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy boýunça täze ählumumy binýady kemala getirmek baradaky halkara başlangyçlaryny mundan beýläk-de amala aşyrmak bilen bagly ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň şu meseleler boýunça eýerýän ugrunyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden oňlanýandygyny, çünki eksporta iberilýän ýangyjyň akymlarynyň diwersifikasiýa edilmeginiň, energiýa serişdelerini döwletara derejesinde ýetirmegiň ygtybarlylygynyň we howpsuzlygynyň ählimumy parahatçylygy, durnuklylygy, durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösüşi üpjün etmekde diýseň möhüm ähmiýetli ýagdaý bolup durýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna nebitgaz ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, innowasion, serişdeleri tygşytlaýan tehnologiýalary ornaşdyprmak, uly möçberli düzümleýin, şol sanda ýangyjyň täze ýataklaryny özleşdirmek, energiýa serişdelerini geçirijileri we beýleki desgalary gurmak, nebithimiýa kärhanalaryny tehniki taýdan täzeden üpjün etmek boýunça taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu ugur boýunça öňdebaryjy tejribä, tehniki we tehnologik mümkinçiliklere eýe bolan öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy tapgyrlaýyn ösdürmegiň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtady.

Öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew gözegçilik edýän düzümleriniň "Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny", şeýle hem energetika ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen amala aşyrylýan taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmek bilen bagly işi barada habar berdi.

2010-njy ýylyň dekabrynda taslama gatnaşýan döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilen sammitinde gol çekilen hökümetara ylalaşyklara laýyklykda ýerine ýetirilýän “Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan” (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy boýunça geçirilýän işleriň barşy barada hem aýdyldy.

Häzirki wagtda taslamanyň maliýeleşdirilmegine we täze energetiki ulgamyň gurluşygyny üpjün etjek konsorsiumyň döredilmegine degişli meseleleri çözmek üçin zerur bolan hukuk binýadynyň döredilendigi bellenildi. “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de Owganystanyň, Hindistanyň we Pakistanyň degişli kompaniýalarynyň arasynda tebigy gazy satyn almak-satmak hakyndaky Ylalaşyklar baglaşyldy. Nebitgaz ulgamynda ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalardan başga-da, Aziýadaky bu iri möçberli taslama babatda daşary ýurtlaryň köpsanly maliýe we bank düzümleri uly gyzyklanma bildirdiler, munuň özi taslamanyň düşewüntlidigini aýdyň görkezýän subutnamadyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ýangyç babatda abraýly halkara bilermenleri tarapyndan tassyklanan örän uly kuwwata eýedigini belledi hem-de şony halkara bileleşiginiň bähbitlerine laýyk getirmäge çalşyp, şu ugurda anyk we yzygiderli ädimleri ädýändigini nygtady. Şu ugurda uly möçberli taslamalary öňe sürýän ýurdumyz tarapyndan eýýäm ep-esli tejribe toplandy. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda tebigy gazyň halkara bazarlaryna eksportynyň diwersifikasiýa edilmegi boýunça uly işler geçirildi. Türkmenistan diňe ykdysady bähbitlere esaslanýan hem-de satyn alyjylaryň türkmen gazy babatda bildirýän islegini göz öňünde tutýan şol meýilnamalary durmuşa geçirmek arkaly, gazyň eksport edilýän ýerleriniň çägini tapgyrlaýyn giňeldýär, häzirki wagtda türkmen gazy Ýewraziýa yklymynyň dürli künjeklerinde ýerleşýän döwletlere iberilýär.

“Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan” (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň ähmiýeti has-da artyp, iş ýüzünde anyk häsiýete eýe bolýar, muňa gatnaşýan ýurtlaryň ählisiniň hünärmenleriniň bu taslamanyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu gaz geçirijiniň çekilýän ugrunda düzüme degişli desgalaryň ýüzlerçesiniň gurulmalydygyny, munuň energetika boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna önjeýli goşant boljakdygyny hem-de umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirjekdigini belläp, Aziýa yklymyndaky syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň tutuş ulgamyna itergi berjekdigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň önümçilik we eksport kuwwatlyklaryny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hem-de şu ýylyň dokuz aýynda düzümleriň pudaklaýyn görkezijileri barada hasabat berdi.

Şeýlelikde, ol Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgininiň 142,6 göterime deň bolandygyny aýtdy. Şol sanda senagat işlerini ýerine ýetirmek-- 138,7 göterm, sementiň öndürilişi 189,9 göterim, magdan däl gurluşyk serişdeler 119,1 göterim, diwar materiallary-- 120,6 göterim, keramzit-- 128,7 göterim we gurnama demir beton önümleri 122,6 göterim ýerine ýetirildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önümçilik meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat bermek bilen, wise-premýer bu pudakda hasabat döwründe önümçiligiň ösüş depgininiň 108,4 götirme deň bolandygyny habar berdi. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103,8 göterime barabar bolandygy bellenildi.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň we Türkmenistanyň döwlet balyk hojalyk komitetiniň düzümine girýän kärhanalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada habar beildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, düzümleýin, maýa goýum we innowasion häsiýetdäki möhüm wezipeleri ýerine ýetirmezden, ýurdumyzyň senagat düzümini bäsdeşlige ukyply ýokary derejä çykarmak we daşarky hem-de içerki bazarlarda ýokary hilli önümleriň ýerlenmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri çözüp bolmajakdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagyna maýa goýum syýasatyny, olaryň döwrebaplaşdyrylmagyny, önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmak, ýurdumyzyň senagat ösüşiniň täze ugurlaryny özleşdirmek üçin höweslendirmeleriň uzakmöhletleýin ulgamyny kemala getirmek ugrunda öňde durýan wezipeleriň döwletimiziň täze senagat syýasatynyň esasyny düzýändigini belledi.

Şeýle hem gürrüniň önümçiligiň doly awtomatlaşdyrylmagy barada barýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň täze tehnologiýalaryň binýadynda, maddy-çig mal serişdeleriniň rejeli we netijeli peýdalanylmagynda, hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagynda, senagat ulgamynda dünýäniň makroykdysady şertleriniň öwrenilmeginde ösdürilmelidigini belläp, wise-premýere bu babatda alnyp barylýan işler hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň dokma senagaty ministri S.Batyrowyň habary diňlenildi. Ol ýurdumyzyň dokma senagatyny ösdürmek, hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak we täze döwrebap dokma toplumlaryny gurmak boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.

Häzirki wagtda Aşgabadyň dokma toplumynyň ikinji nobatdakysyny ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär. Onuň dabaraly açylyşy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna gabatlanar.

Kärhananyň enjamlaşdyrylyşynda iň täze tehnologiýalaryň, dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlarynyň ulanyljakdygy bellenildi.

Dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak bazaryň we dünýä ýagdaýynyň häzirki talaplaryna laýyklykda çykarylýan önümleriň hilini ýokarlandyrmaga we artdyrmaga gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Milli Liderimiz pudagyň önümçilik mümkinçilikleriniň giňeldilmegi türkmen dokma önümlerini öndürijileriniň eksport kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga, iberilýän önümleriň çägini giňeltmäge, täze hyzmatdaşlaryň, buýrujylaryň we bäsdeşlige ukyply önümleri sarp edijileriň peýda bolmagyna ýardam eder.

Milli Liderimiz okgunly ösýän dokma toplumyna milli ykdysadyýetimiziň düzüminde möhüm orun berilýändigini nygtap, guramaçylyk meselelerine, şol sanda kärhanalary dolandyrmaga we olaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga, pudaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, bazaryň häzirki zaman usullaryny ulanmaga degişli meselelere ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat dokma toplumynyň ikinji nobatdakysynyň açylyş dabarasynyň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyryp, şunuň bilen baglanyşykly meseleleriň ählisiniň üstünde içgin işlemegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Wise-premýer kitaphanalaryň, muzeýleriň, medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, durmuş-medeni maksatly täze desgalary gurmak we durkuny täzelemek boýunça görülýän çäreler, neşirýat gullugynyň hem-de habar beriş serişdelerini işi barada habar berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Medeniýet minitsrliginiň şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýurdumyzda dürli derejedäki medeni çäreleriň 33285-si geçirildi. Türkmenistan medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürip, dostlukly ýurtlaryň medeniýet we sungat wekilleriniň ençemesini kabul etdi.

Hasabat döwri şeýle hem ýurdumyzyň medeniýetiniň artan kuwwatyny we mümkinçiliklerini görkezen wakalaryň birnäçesine beslendi. Dürli halkara festiwallarynyň we forumlarynyň geçirilmegi, türkmen sungat işgärleriniň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda köpsanly döredijilik çärelerinde çykyş etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň işi barada aýdyp, wise-premýer, hususan-da, ýylyň başyndan bäri teatrlarda jemi 1373 sany sahna oýnunyň görkezilendigini, muzeý we kitaphana gaznalarynyň üstüniň yzygiderli ýetirilýändigini habar berdi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň alymlarynyň ylmy-barlag işlerini we arheologik gözleglerini geçirmegi netijesinde Diýarymyzyň muzeýleriniň gaznalarynyň üstüni ýetiren täsin tapyndylaryň ençemesi ýüze çykaryldy. Häzirki wagtda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek işleri dowam etdirilýär. Dokuz aýyň dowamynda 234 görnüşli kitap önümleri, şol sanda umumy sany 4 millon 176 müň 620 nusga deň bolan 118 görnüşli okuw kitaplary we gollanmalary çap edildi. “Galkynyş” kitap merkezi tarapyndan çapdan çykan täze kitaplar ýurdumyzyň kitaphanalaryna öz wagtynda ýetirilýär. Ýanwar-sentýabr aralygynda bu kitap merkezi ýurdumyzyň kitaphanalaryny jemi 106 müň 300 nusgalykdaky 23 görnüşli kitap önümleri bilen üpjün etdi. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmen döwlet habarlar gullugy tarapyndan ýurdumyzyň jemgyýetçilik-medeni wakalary giňden beýan edildi.

Wise-premýer “Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakyndaky” Permanyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berip, resminamada halkara baýragy hakyndaky, halkara baýraklary baradaky komitet hakyndaky Düzgünnamalara birnäçe goşmaçalaryň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Onda şeýle hem beýik akyldar şahyrymyzyň adyny göterýän bu baýragyň Türkmenistanyň taryhyny öwrenmäge, milli medeniýetini ösdürmäge uly goşant goşan ylmy barlaglar üçin, şeýle hem türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň we beýleki türkmen şahyrlarynyň, akyldarlarynyň döredijilik mirasyny öwrenmek we mahabatlandyrmak baradaky işler üçin Türkmenistanyň raýatlary bilen bir hatarda, daşary ýurt raýatlaryna hem berilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň geljekde hem milli medeniýeti we sungaty ösdürmek, ruhy-medeni gymmatlyklary aýawly saklamak meselelerine aýratyn üns berjekdigini nygtap, milli medeniýetimiziň ägirt uly we özboluşly gymmatlyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň, olary dünýäde giňden wagyz etmegiň ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek çärelere aýratyn ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz baýramçylyga içgin we guramaçylykly taýýarlyk görmegiň möhümdigini nygtap, maksatnamada göz öňünde tutulan dabaralaryň we medeni çäreleriň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi, olary habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze taryhy eýýamyň ýagdaýlary göz öňünde tutulyp, işlenip taýýarlanylan “Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakyndaky” Permanyň ýurdumyzyň medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmek işinde uly ähmiýetiniň bardygyny nygtap, bu resminama gol çekdi we wise-premýere ony durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Medeniýet ministri G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň wekiliýetiniň Minsk şäherine (Belarus Respublikasy) bolan sapary barada habar berdi. Şol ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VIII forumy geçirildi. Medeniýet ministri maslahata gatnaşyjylaryň köpüsiniň geçen ýylyň oktýabr aýynda türkmen paýtagtynda geçirilen döredijilik we ylmy intelligensiýanyň VII forumy barada ýatlap, diňe bir guramaçylyk babatda däl, eýsem, Arkalaşyga girýän ýurtlaryň medeni-gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmek babatda hem nusgalyk boldy diýip belländigini aýtdy.

Medeniýet ministri şeýle hem TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň XXXI mejlisine hem-de bu guramanyň 20 ýyllygyna bagyşlanan çärelerine gatnaşmak üçin Ankara şäherine (Türkiýe) bolan saparyň netijeleri barada hasabat berdi. Türki dilli ýurtlaryň Medeniýet ministrlikleriniň däp bolan duşuşygynyň barşynda çözgütleriň birnäçesi, şol sanda 2014-nji ýyly Magtymgulynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky çözgüt kabul edildi. Munuň özi mejlise gatnaşyjylar tarapyndan kabul edilen jemleýji Jarnamada öz beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamynda halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek meselelerine ünsi çekip, dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we dünýäniň dürli halklarynyň netijeli medeni-gumanitar hyzmatdaşlygynyň çäklerini giňeltmäge, ösüp gelýän nesliň döredijilik we intellektual ukyplaryny ösdürmäge ýardam edýän medeni diplomatiýanyň uly ähmiýetini belledi we bu babatda ministrligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibiniň nobatdaky meselesine geçmek bilen, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.

Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow 2013-nji ýylyň dokuz aýynda welaýatyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlaryny sazlaşykly ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada aýtmak bilen, şu ýyl gowaça ekilen 120 müň gektar meýdandan häzirki güne çenli 117 müň tonna golaý pagta ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyrylandygyny belledi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň batly depginlerde alnyp barylýandygyny, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ýyllyk meýilnamasynyň 118,6 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan obasenagat toplumyny yzygiderli ösdürmek boýunça welaýatda alnyp barylýan işlere ünsi çekdi we onuň netijeli häsiýete eýe bolmalydygy barada häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işleri, güýzlük bugdaý ekişine we pagta ýygymyna dahylly düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň zerurdygyny bellemek bilen, bu işleriň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanmagyny ýola goýmak boýunça ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi. Hususan-da, welaýatda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagatyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz sebitde şanly senelerimiz mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça ähli çäreleriň görülmelidigini aýtdy.

Soňra mejlis Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Onda ýurdumyzyň günbatar sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylyň dokuz aýynda gazanylan netijeler barada hasabat berildi. Şu döwürde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 6-sy, orta mekdepleriň 3-si, Saglyk öýi we kotej jaýlarynyň 30-sy gurlup ulanmaga berildi. Häzirki döwürde ýene-de 691 jaýyň we her biri 71 öýli 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şunlukda, welaýatyň senagat ulgamynda ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk düzüminiň orny pugtalanýar. Bu düzümde maýa goýumlaryny özleşdirmegiň möçberleri geçen ýylyň degişli döwründäkiden 41,5 göterim ýokarlandy.

Balkan welaýatynyň häkimi häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem maldarçylyk hojalyklaryny gyşky möwsüme taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sebitde obasenagat toplumyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek, oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleriniň möçberlerini ýokarlandyrmak babatda zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi. Durmuş-ykdysady maksatly desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyna we olarda ýokary hiliň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häkime Hazaryň kenarynda kemala gelýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Daşoguz welaaýtynyň häkimi E.Orazgeldiýewe söz berildi. Ol welaýatda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Häkimiň belleýşi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende hasabat döwründe sebitiň senagat önümçiliginiň ösüşi 124 göterime barabar boldy, haryt dolanyşygy 18 göterim ýokarlandy.

Pagta ýygymynyň depginleri barada aýtmak bilen, häkim häzirki güne çenli Watan harmanyna 123 müň 42 tonna pagta tabşyrylandygyny we bu baradaky meýilnamanyň 53,5 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Welaýatyň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 9-synda, 44 sany pagta kabul edýän bölümlerde we 1469 meýdançada pagta hasylyny kabul etmek işleri bökdençsiz alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim şu ýyl welaýat boýunça 180 müň gektara güýzlük bugdaýyň ekiljekdigini we häzirki döwre çenli 104 müň 460 gektara güýzlük dänäniň ekilendigini, munuň bolsa meýilnamanyň 58 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýandygyny aýtdy.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, häkim şu ýyl medeni-durmuş maksatly desgalaryň 51-siniň gurlup ulanmaga beriljekdigini, olaryň häzirki güne çenli 20-siniň gurlup gutarylandygyny we 3 desganyň bolsa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna açylyş dabarasynyň guraljakdygyny aýtdy. Beýleki desgalary bolsa ýylyň ahyryna çenli tabşyrmak meýilleşdirilýär diýip, häkim belledi.

Hasabatyň barşynda welaýatyň maldarçylyk pudaklarynda mallaryň we guşlaryň baş sanynyň yzygiderli artýandygy, şeýle hem olary gyşlatmaga görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler barada habar berildi.

Mundan başga-da, Daşoguz şäherinde Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek üçin görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň sazlaşykly ösmegi üçin döwletimiziň ähli zerur şertleri döredýändigini nygtamak bilen, milli Liderimiz sebitiň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýaglaýyna ünsi çekdi we güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanywyz Garaşsyzlyk gününiň baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleri we Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň guramaçylyk derejesini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we bu babarda birnäçe tabşyryklary berdi..

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýewiň hasabatyny diňledi. Häkim welaýatdaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, welaýatda pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi.

Häkimiň habar berişi ýaly, häzirki güne çenli 186 müň 938 tonna pagta ýygnalyp, meýilnama 62,31 göterim ýerine ýetirildi.

Şeýle hem ol welaýatyň durmuş ulgamyny ösdürmek, gurulýan desgalaryň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagyny hem-de olardaky işleriň ýokary hilli alnyp barylmagyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, hasabat döwründe welaýatda durmuş-medeni maksatly desgalaryň 30-sy ulanmaga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini belläp, döwlet daýhanlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döretmek boýunça ýakyndan goldaw berýär diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri döwletiň bol hasyl ýetişdirmek hem-de daýhanlaryň abadançylygyny artdyrmak, şol sanda olary ýokary öndürijilikli tehnikalar, suw, ýokary hilli tohumlar we dökünler bilen üpjün etmek, kärendeçiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin ähli şertleri döredýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz obany düýpli özgertmek maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işlere ünsi çekip, şol işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem welaýatyň durmuş düzümini sazlaşykly ösdürmek boýunça bellenen maksatnamalary amala aşyrmaga toplumlaýyn çemeleşilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.

Mary welaýtynyň häkimi B.Annagurbanow 2013-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Häkim "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň barşy, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleri barada aýtdy.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň býujetine goýlan girdejiler boýunça meýilnama 142 göterim berjaý edildi. Ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň möçberleri 1,2 esse artdy. Şu ýylyň başyndan bäri sebitde durmuş maksatly desgalaryň 28-si guruldy.

Hasabatyň barşynda welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýdyldy. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan obasenagat özgertmelerini işjeňleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler netijesinde oňyn netijeleriň gazanylandygy, hususan-da, däne, et-süýt önümçiliginiň ýokarlanandygy, gara mallaryň hem-de dowarlaryň, düýeleriň baş sanynyň artandygy bellenildi. Häzirki döwürde welaýatda pagta ýygymy möwsümi güýçli depginde alnyp barylýar. Şu güne çenli gowaça ekilen 166 müň gektar meýdandan “ak altynyň” 188 müň 543 tonnasy ýygnaldy.

Hormatly Prezilentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýn oba hojalyk işleriniň barşyna, hususan-da, pagta ýygymynyň depginlerine aýratyn ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýygym möwsümini ýokary guramaçylyk derejsinde geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi we ony bellenilen möhletlerde tamamlamagy, oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli ulanylmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz sebitiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işiň depginini ýokarlandyrmagyň, welaýatyň durmuş ulgamyny ösdürmegiň, şanly senelerimiz mynasybetli guraljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow özüniň gözegçilik edýän pudaklaynda şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetrilen işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we pagta ýygymynyň hem-de galla ekişiniň depginleri barada hasabat berdi.

Tutuşlygyna alnanda, obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 106,1 göterime deň boldy. Şunda, Oba hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 108,6 göterime, Suw hojalygy ministrligi boýunça 100,1 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 106,8 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 146,1 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 102 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,3 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 109,7 göterime, “Türkmenatlary” döwlet birleşigi boýunça bolsa 121,2 göterime barabar boldy.

“Türkmenistanyň 2012-2016-njy ýyllarda oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň dürli sebitlerinde elewatorlaryň 8-siniň we tohumlyk pagta çigidini arassalaýan kärhanalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda umumy meýdany 25 müň gektara barabar bolan täze ýerleri özleşdirmek işleri, şeýle hem Kaka etrabynda täze suw howdanlarynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Olaryň biriniň mukdary 5,2 million kub metr, ikinjisi bolsa 500 müň kub metr suw saklamaga niýetlenendir.

Pagta ýygymynyň barşy barada hasabat bermek bilen, wise-premýer pagtaçy kärendeçiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda we doly ýerine ýetirilýändigini habar berdi. Şeýle hem güýzlük bugdaý ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymz hasabaty diňläp, oba hojalyk ulgamynda pudagy özgertmäge, onuň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga we pudagyň senagat düzümini döwrebaplaşdyrmaga, ýokary hilli dürli görnüşli önümiň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamasynyň häzirki döwruň möhüm wezipesidigini belledi we onuň üstünlikli çözülmegi üçin ähli ykdysady gurallaryň hem-de bar bolan mümkinçilikleriň işe girizilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň we oba hojalyk ylmynyň ýokary gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi.

Möwsümleýin oba hojalyk işleri barada aýdylanda bolsa, pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde tamamlamagyň zerurdygyny, mallaryň göwnejaý gyşladylmagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Döwlet maldarçylyk birleşiginiň başlygy D.Myratberdiýewi eýeleýän wezipesinden boşatdy we bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmegi Döwlet maldarçylyk birleşiginiň başlygynyň orunbasary A.Myradowyň üstüne ýükledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän pudaklarynda 2013-nji ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we işleriň ösüş depgini 106,3 göterime deň boldy.

Hususan-da, hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýükleri daşamakda we ýolagçylary gatnatmakda ösüş depgini degişlilikde Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça 117,1 we 102,2 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça 103,5 we 102,5 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 100,2 we 208 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça 100,1 we 106 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe ýurdumyzda 444 müň 385 telefon nokady gurnalyp, meýilnama 191 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň ählisiniň kärhanalarynyň işinde iň täze işläp taýýarlamalary hem-de tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini nygtady. Döwlet öz tarapyndan howa, awtomobil, demir ýol we deňiz ulaglaryny ösdürmek meselelerine mundan beýläk-de uly üns berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýükleriň daşalyşyny we ýolagçylaryň gatnadylyşyny artdyrmagy, şeýle hem ilata edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmagy ýurdumyzyň ulag toplumynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Telekommunikasiýalar ulgamynda, ilkinji nobatda, öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary giňden ulanmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew çykyş edip, şu ýylyň 9 aýynda gözegçilik edýän pudaklarynyň işiniň netijeleri, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeleri amala aşyrmagyň barşy barada aýtdy.

Hasabat döwründe ýurdumyzda 10866 orunlyk orta mekdepleriň 25-siniň we 3800 orunlyk çagalar baglarynyň 25-siniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlendigi bellenildi. Şu okuw ýylyndan başlap Türkmenistanda 12 ýyllyk bilime geçilmegi bilen baglylykda, degişli okuw meýilnamalary, okuw kitaplary we gollanmalar taýýarlanyldy. Hasabat döwründe türkmen mekdep okuwçylary ders we taslama boýunça abraýly olimpiadalarda we halkara bäsleşiklerinde 125 sany medallara eýe boldular, şolaryň 20-si altyn, 31-si kümüş we 74-si bürünç medallardyr. Zehinli çagalaryň müňlerçesi “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly bäsleşige gatnaşdylar, onuň jemleýji konserti 30-njy sentýabrda boldy.

Ýanwar-sentýabr aýlarynda ýurdumyzda halkara ylmy maslahatlaryň 6-sy we sergileriň ikisi guraldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda ykdysadyýetiň wajyp pudaklary boýunça işler alnyp barylýar.

Saglygy goraýş ulgamyny we derman senagatyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we onuň düzümini artdyrmak ugrundaky işler dowam etdirilýär. Syýahatçylyk ulgamynda gurlan we ulanmaga berlen desgalaryň sany, şeýle hem syýahatçylaryň sany artýar.

Wise-premýer ýurdumyzda sporty mudan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berip, hasabat döwründe türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynyň 124-sine gatnaşyp, 228 sany medala eýe bolandygyny, şolaryň 84-siniň altyn, 76-synyň kümüş we 68-siniň bürünç medallardygyny hem-de munuň geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden köpdügini aýtdy.

Şeýle hem 2013-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda welosipedli köpçülikleýin ýörişiň geçirilendigi, oňa dürli ýaşdaky ildeşlerimiziň, pudaklaryň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň, daşary döwletleriň wekilleriniň gatnaşandygy bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu uly möçberli çärä gatnaşmagy ýurdumyzda welosiped sportunyň wagyz edilmegine we ösdürilmegine güýçli itergi berdi.

Şeýle hem wise-premýer hasabat bermegiň barşynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” diýen şygar bilen 1-30-njy sentýabr aralygynda geçirilen biraýlygyň netijeleri barada hasabat berdi, bu çäräniň çäklerinde işlenip düzülen degişli meýilnama laýyklykda bilim we tälim bermek häsiýetli çäreleriň toplumy, şol sanda maslahatlar, duşuşyklar, belli-belli ugurlara degişli bäsleşikler guraldy. Mälim bolşy ýaly, bu möhüm ähmiýetli çärä 1-nji sentýabrda badalga berildi we türkmen döwletiniň Baştutanynyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň howpsuzlygyna gönükdirilen dürli çäreler bilim we saglygy goraýyş edaralarynda, guramalarda we kärhanalarda geçirildi. Ilatyň arasynda şu mesele boýunça düşündiriş çäreleri giňişleýin geçirildi.

Biraýlygyň çäklerinde orta mekdeplerde, ýokary we ýörite orta mekdeplerde IIM-niň degişli düzümleriniň, Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda çäreler guraldy. Çagalaryň Gökderede ýerleşýän “Şöhle” atly sagaldyş merkezinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşik ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlandy.

Umuman alanyňda, bularyň ählisi ýol-ulag hadysalarynyň sanynyň ep-esli azalmagyna ýardam berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde geçirilen çärelere Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, UNISEF, BMG-niň Ösüş maksatnamasy ýaly abraýly halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşandygy bellenildi. Bularyň wekilleri ýurdumyzda ilatyň saglygynyň goralmagyna, türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen uly möçberli işe ýokary baha berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda göz öňünde tutulan özgertmeleri we meýilnamalary amala aşyrmak bilen bagly ähli meselelere yzygiderli gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere bu ileri tutulýan ugurlardaky işi dowam etdirmek bilen baglylykda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek we berkitmek, ilaty, ilkinji nobatda, ýaşlary bedentterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek boýunça maksalaokgunly çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň netijeleri barada durup geçmek bilen, aýratyn-da çagalaryň arasynda şu mesele boýunça aň-düşünjäni artdyrmak baradaky işi yzygiderli geçirmegiň möhümdigini ýene-de bir gezek belläp, wise-premýere şuňa degişli anyk tabşyryklary berdi.

Şu ýylda halkymyzyň Aşgabatdaky ýer titremede pida bolanlary hatyralaýan Milli matam gününiň dynç alyş gününe düşýändigi üçin, Türkmenistanyň Prezidenti 2013-nji ýylyň 6-njy oktýabryndaky dynç gününi 7-nji oktýabra geçirmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I. Mulikow “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly uly möçberli çäräniň we IIM-niň düzümleri tarapyndan geçirilen işiň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şunuň ýaly çäreleriň iş ýüzünde uly ähmiýete eýedigini belledi hem-de ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak bilen bagly meselelere ünsi çekip, awtoulaglary sürüjileriň, pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmeginiň möhüm ähmiýetlidigini aýtdy.Türkmenistanyň Prezidenti bu barada aýtmak bilen, içeri işler ministrine ýol hereketiniň takyk guralmagyna, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda awtoulag serişdeleriniň sanynyň artýandygyny göz öňünde tutmak arkaly, ulaglaryň dolandyrylmagynyň oňaýlaşdyrylmagyna degişli birnäçe anyk tabşyryklar berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýerlerde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek, jemgyýetde, aýratyn-da, ýaş nesliň arasynda asyrlarboýy ata-babalarymyzyň sagdyn durmuş babatda ygrarly bolan ýörelegelerini giňden wagyz we berkarar etmek boýunça işe içgin üns bermegiň möhümdigini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti şu ugurda görülýän çäreleriň toplumlaýyn, yzygiderli häsiýete eýe bolmaldygyny aýdyp, welaýatlaryň häkimlerine ýolbaşçylaryna şu ugra degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşýanlaryň öňünde çykyş edip, 2013-nji ýylyň geçen üç çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijelerini häsiýetlendirdi we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeleriň birnäçesini belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda şu ýylyň 9 aýynda oňat ösüş depginleri gazanyldy. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek bilen, biz ilkibaşdan ony toplumlaýyn döwrebap ýagdaýa getirmek, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçirmek boýunça dogry ýoly saýlap aldyk diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, biz ykdysadyýetimize bazar gatnaşyklaryny ýuwaş-ýuwaşdan ornaşdyryp, döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň usullaryny hem saklap galýarys. Bu bolsa, bize halkymyzy durmuş taýdan goramaga, ilatymyza düýpli durmuş goldawyny bermäge ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Amala aşyrylyp başlanan Prezident maksatnamasy, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça geçirilýän özgertmeler häzirki döwürde öz anyk netijelerini berýär. Şu ýylyň 9 aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 9,9 göterim boldy. Biz, öňküsi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetine uly möçberlerde maýa goýumlaryny goýýarys. Geçen döwür bilen deňeşdirilende maýa goýumlarynyň möçberi 7,1 göterim, zähmet haklarynyň möçberi bolsa, 10,8 göterim artdy. Geçen döwür bilen deňeşdirilende jemi içerki önümiň umumy möçberinde senagatyň paýy 7 göterime golaý köpeldi. Ykdysadyýetimiziň eksporta niýetlenen beýleki pudaklarynyň öndürýän önümleriniň möçberi hem artdy. Bu bolsa, döwlet gaznasyna daşary ýurt pulundaky serişdeleriň yzygiderli gelip gowuşmagyny üpjün edýär.

Milli pulumyz – manadyň hümmeti bellenen derejede durnukly saklanýar. Puluň hümmetiniň peselmeginiň derejesi hem göz öňünde tutulan çäklerden geçmeýär.

Bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeler dowam edýär.

Gurluşykda, senagatda we beýleki pudaklarda hem ýokary ösüş depdinleri gazanyldy. Şu ýylyň dokuz aýynda umumy şertnamalaýyn bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan hem ýokary bolan 244 sany desga gurlup, ulanmaga berildi. Bu desgalaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesindäki sement zawodyny we bu şäherçede gurlan binalar toplumyny, «Galkynyş» gaz känindäki 3 sany zawody, uly köprüleriň 4-sini, dänäni gaýtadan işleýän we saklaýan toplumlaryň 4 sanysyny görkezmek bolar. Şeýle hem, geçen dokuz aýda ýurdumyzda umumy meýdany 526 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary, 26 sany täze çagalar bagy, 29 sany orta mekdep, Aşgabat şäherinde hem-de Balkan welaýatynda 2 sany çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş toplumlary açylyp, ulanmaga berildi. Bulardan başga-da, Medeniýet öýleri hem-de Saglyk öýleri, Içeri işler ministrliginiň we Döwlet serhet gullugynyň desgalary hem-de beýleki köp sanly binalar we desgalar gurlup, ulanmaga berildi.

Ýurdumyzyň oba hojalygyny özgertmek boýunça durmuşa geçiren çärelerimiz hem öz oňat netijelerini berip başlady. Şu ýyl gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi we ýygnalyp alyndy. Pagta ýygymy hem ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň şu mejlisde eden çykyşlarynda ynandyrmalaryna görä, zähmetsöýer pagtaçylarymyzyň yhlasly zähmeti bilen baş baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 22 ýyllyk baýramyna çenli bir million tonnadan gowrak «ak altyn» ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyrylar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Halkara derejeli hem-de içerki iri taslamalary amala aşyrmagy dowam etdirilýär. Hususan-da, Kontinentleri birleşdirjek «Demirgazyk–Günorta» demir ýoly güýçli depginler bilen gurulýar. Şeýle hem, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we abadanlaşdyrmak boýunça işler, esasy gaz geçirijileriň, howa menzilleriniň, ýollaryň we uly köprüleriň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow golaýlaşyp gelýän baýram barada aýdyp, oktýabr aýynda berkarar Watanymyzyň şanly Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli täze gurlan möhüm desgalary açyp, ulanmaga bermek indi asylly däbe öwrülendigini belledi. Şoňa görä-de, biz bu baýram mynasybetli köp sanly dabaraly çäreleri ýokary döwlet we ählihalk derejesinde guramaçylykly geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Mysal üçin, 8-nji oktýabrda biz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze gurlan ýokary derejeli myhmanhanalaryň ýene-de birnäçesi dabaraly açylyp, ulanmaga berler. Şeýle hem, «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemlerini jemläris. 15-nji oktýabrda Aşgabatda birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň edara binalaryny açyp, ulanmaga bereris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biz ýakyn günlerde möhüm çäräni – Ýaşulularyň maslahatyny hem geçireris Şeýle hem, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap mekdepleri, ýokary derejeli myhmanhanalary we durmuş maksatly köp sanly beýleki desgalary dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilaty durmuş taýdan goramak syýasaty barada aýdyp, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy, nahar duzy bilen mugt üpjün edilýändigini, ýaşaýyş jaýlary üçin hem-de jemgyýetçilik ulaglarynda gatnaw üçin tölegleriň örän ujypsyzdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny dowam edip, mejlise gatnaşýan ministrleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň ünsüni tebigatyň beren baýlyklaryny oýlanyşyksyz we netijesiz sarp etmeli däldigine çekdi. Şol baýlyklary geljekki nesillere galdyrmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Geçirilen birnäçe barlaglaryň maglumatlaryna görä, ýurdumyzyň ähli ýerinde, aýratyn-da, oba ýerlerinde elektrik energiýasynyň sarp edilişi hasaba alynmaýar. Tebigy gazyň we agyz suwunyň harçlanylyşyny hasaba alýan abzallar hem oturdylmaýar. Biz elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň we agyz suwunyň ulanylyşyny berk gözegçilikde saklamalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewe ýurdumyzda elektrik energiýasynyň, gazyň we agyz suwunyň ulanylyşyna gözegçilik etmek ulgamyny şu ýylyň ahyryna çenli barlamagy tabşyrdy. Biz bu meselä Ministrler Kabinetiniň ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde serederis diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, biz depginimizi birjik-de peseltmän, şu ýyl başyny başlan işlerimizi üstünlikli dowam etmelidiris diýip aýtdy.

Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi. Ol indiki hepde ýurdumyzyň Mejlisiniň garamagyna iberilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe, beýleki wise-premýerlere, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklar berildi. 2014-nji ýylyň Döwlet býujetinde zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmagy, şeýle hem beýleki durmuş tölegleriniň birnäçesiniň möçberlerini köpeltmegi göz öňünde tutmaly diýip, milli Liderimiz nygtady.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa, şu ýylyň 17–18-nji oktýabrynda Aşgabatda «Energiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş – Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň geljegi» atly halkara masalahatyny, şeýle hem döwletimiziň Bitaraplygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatyny geçirmäge düýpli taýýarlyk görmek tabşyryldy. Şonuň ýaly-da, geljek ýylda daşary ýurtlaryň Hökümet wekiliýetleriniň ýurdumyza boljak saparlarynyň we ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara boljak saparlarynyň meýilnamalaryny hem-de geçiriljek halkara maslahatlarynyň we beýleki çäreleriň tertibini taýýarlap, olary tassyklamak üçin hödürlemeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ournbasary A.Ýazmyradowa oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, geljek ýylyň bol galla we pagta hasylynyň düýbüniň şu ýyl tutulýandygyna ünsi çekdi. Şoňa görä-de, häzirki döwürde alnyp barylýan güýzlük bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmeli, geljek ýylyň gowaça ekişine taýýarlyk işlerine aýratyn üns bermeli. Şeýle hem, azyk we azyk däl harytlary öndürmek üçin oba hojalyk çig malyny gaýtadan işleýän önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaly diýip, milli Liderimiz nygtady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar barada durup geçip, hökümetiň Baştutanynyň orunbasary B.Nurmyradowa ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna, baýramçylyk çärelerine gowy taýýarlyk görüp, bu çäreleri ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde we obalarda baýramçylyk çärelerini, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny guramaçylykly geçirmek möhümdir. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini metbugatda we teleýaýlymlarda giňden beýan etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Wise-premýer P.Taganowa baýramçylyk günleri bazarlarda we dükanlarda senagat hem-de azyk harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Durdylyýewe Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlaryna, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, häkimlere ähli desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şu ýyl gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulan desgalaryň ählisi bellenen möhletlerde gurlup, ulanmaga berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz gürrüňi dowam edip, ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna düýbünden täzeden seredilmlidigini nygtady. Bu ýerde gürrüň desgalaryň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny raýatlaryň serişdeleriniň hasabyna we olaryň buýurmalary esasynda gurup biljek hususy telekeçilere ynanmak barada barýar. Ýaşaýyş jaýlaryny hususy telekeçileriň öz serişdeleriniň hasabyna gurup, soňra bu jaýlary raýatlara satmak ýaly meseleleriň üstünde hem işlemek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu işleri amala aşyrmak üçin telekeçilere binalary we desgalary gurmaga niýetlenen ýer böleklerini bermeli. Şeýle hem, olara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak isleýän raýatlar bilen şertnamalary baglaşmaga, geljekde bolsa, köp öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin öz serişdelerini gönükdirmäge mümkinçilik döredilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer S.Satlykowa «Demirgazyk–Günorta» demir ýolunyň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginiň gurluşygyny tamamlamak boýunça alnyp barylýan işleri, howa menzilleriniň, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň, ýokary tizlikli ýollaryň, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa Hytaýyň we Ýaponiýanyň maýa goýumlary gönükdirilen desgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak meselesi bilen düýpli meşgullanmak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer B.Italmazowa ýüzlenip, gazylyp alynýan gaty mineral serişdeleriň täjirçilik taýdan özüne çekýän ýataklaryny özleşdirmegiň hasabyna senagat pudagynyň gerimini giňeltmegiň wajypdygyny nygtady. Köýtendagyň baýlyklaryny we Garabogazköl aýlagynyň gidromineral serişdelerini gaýtadan işläp, ahyrky önümleri öndürýän zawodlar toplumlaryny tapgyrlaýyn döwrebap ýagdaýa getirmegiň taslamasyny taýýarlamak möhümdir. Bu ýerde gürrüň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ýokary götermek üçin esas bolup durýan, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýän, bäsleşige ukyply, maýa goýum senagat pudagyny we onuň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek barada barýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýurdumyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak maýa goýumlarynyň netijeli özleşdirilmegine aýgytly derejede baglydyr. Şoňa görä-de, Ministrler Kabineti, ministrlikler we pudak edaralary bu işleri berk gözegçilikde saklamalydyr, ykdysadyýetimizi ösdürmegiň möhüm ugry bolan maýa goýumlaryny goýmaga bildirilýän talaby ýokarlandyrmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny, aýratyn-da, göni maýa goýumlaryny mundan beýläk-de giňden çekmek boýunça alnyp barylýan işleri hem güýçlendirmelidiris diýip nygtady. Türkmenistan «açyk gapylar» syýasatyny alyp barýar. Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda daşary ýurt maýa goýumlaryny gorap saklamagyň we artdyrmagyň kanunçylyk kepillikleri döredildi. Bu bolsa daşary ýurt maýa goýumlaryny ýurdumyzyň ykdysadyýetine çekmäge ýardam berýär diýp, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Wise-premýer S.Toýlyýewe ýurdumyzda bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň maddy-tehniki we ylmy-usulyýet binýadyny kämilleşdirmegi dowam etmek tabşyryldy. Bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleri bilim standartlaryna innowasion tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak, şeýle hem daşary ýurtlaryň bilim edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly alyp barmaly. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň ähli bilim edaralary üçin Internet ulgamynyň giňden elýeterli bolmagyny üpjün etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Biz okatmagyň interaktiw usullaryny peýdalanyp we maglumatlar tehnologiýalaryny ulanyp, orta mekdeplerde bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak arkaly berilýän bilimiň dünýä ölçeglerine laýyk gelmegini üpjün etmelidiris. Mugallymlar we okuwçylar üçin elektron okuw kitaplaryny we gollanmalaryny işläp taýýarlamak talaba laýyk ýola goýulmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymz ýakyn wagtda geçiriljek Ýaşulularyň maslahatynda Prezident maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, şeýle hem Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly tekliplere serediljekdigini aýdyp, Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Ýaşulularyň maslahatyny ýokary derejede geçirmek üçin, oňa gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň dekabr aýynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynyň geçiriljekdigini aýdyp, ýurdumyzyň raýatlarynyň syýasy partiýalary döretmäge bolan hukuklaryny amala aşyrmaklary üçin zerur bolan ähli şertleriň üpjün edilendigini belledi. Döwletimizde köp partiýaly syýasy ulgamy emele getirmek boýunça taryhy ädimler ädildi. Indi, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary iki partiýanyň wekilleriniň gatnaşmagynda, bäsleşik esasynda geçiriler. Mähriban halkymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň täze düzümine mynasyp wekillerini saýlar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Biziň wezipämiz bolsa, bu saýlawlary giň demokratik esaslarda geçirmek üçin ähli guramaçylyk şertlerini üpjün etmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlar boýunça jogapkär edilip bellenen orunbasarlaryna ýakyn günlerde gözegçilik edýän welaýatlarynda iş saparyna gidip, ol ýerde işleriň alnyp barlyşy we Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen ýerinde tanyşmak tabşyryldy.

Aýdylanlary jemläp we mejlise gatnaşyjylaryň ählisine ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ministrliklere we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, şeýle hem, häkimlere ykdysadyýetde oňat görkezijileri gazanyp, üstümizdäki ýyly üstünlikli tamamlamak barada öz beren tabşyrygyny ýene-de bir gezek ýatlatdy. Ähli pudaklarda bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmak üçin biz ähli zerur tagallalary etmelidiris. Biz mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze, belent sepgitlere ýetmek üçin yhlas bilen tutanýerli işlemegi dowam etmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýakyn günlerde mukaddes Gurban baýramynyň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Bu baýramyň halkymyzyň jebisligini we agzybirligini has-da berkitmekde, ynsanperwer ýörelgeleri ündemekde, dost-doganlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bardyr diýip, milli Liderimiz belledi we ýurdumyzda 151617-nji oktýabrda  üç günüň dowamynda Gurban baýramyny belläp geçmek hem-de şol günleri iş günleri däl diýip yglan etmek baradaky Permana gol çekdi.

Şeýle hem mejlisiň barşynda başga-da birnäçe meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk we rowaçlyk, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.