Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemi jemlendi we olaryň öňünde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ilkinji nobatdaky çäreler bellenildi.
Mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga girişmezden öň, döwlet Baştutanymyz A.Garaýewi başga işe geçmegi sebäpli Döwlet serhet gullugynyň başlygy, serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşatmak hem-de M.Yslamowy Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Serhet institutynyň terbiýeçilik işleri boýunça prorektory wezipesinden boşatmak hakynda karara gelendigini aýtdy.
Soňra mejlisiň gün tertibine geçip, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.
Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew çykyş etdi. Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň döwletiň milli bähbitlerini goramak hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli bellenilen maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin aýrylmaz şert bolup durýan has amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny saklamak boýunça alyp barýan yzygiderli işleri hakynda hasabat berdi.
Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministrliginiň üstüne ýüklenýän wezipeleriň aýratyn möhümdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz geljekde hem ýurdumyzda we jemgyýetimizde kanunçylygyň we hukuk tertibiniň berjaý edilmegine we umuman oňaýly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýynyň saklanylmagyna berk gözegçilik edilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Goranmak ministri B.Gündogdyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli harby özgertmelerini ilerletmegiň barşy hakynda hasabat berip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek, harby işgärleri taýýarlamak hem-de harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmegi we ýaşamagy üçin has amatly şertleri döretmek boýunça dokuz aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işler hakynda habar berdi. Goranmak ministrliginiň ýolbaşçysy ýetip gelýän şanly senäniň – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek harby ýörişe we beýleki dabaraly çärelere, şol sanda harby gullukçylar üçin täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, harby ulgamda alnyp barylýan döwlet syýasatyny nazara almak bilen işlenip taýýarlanan harby doktrinanyň döwlet ösüşiniň esasy ugurlaryna gabat gelýändigini, şolaryň esasylarynyň bolsa adam hakynda alada bolup durýandygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiz geljekde hem milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge we döwrebaplaşdyrmaga, harby işgärleri taýýarlamaga, şeýle hem eziz Watanymyzyň edermen goragçylarynyň göwnejaý gulluk etmegi we olaryň maşgala agzalary üçin amatly durmuş şertlerini döretmäge aýratyn üns berer diýip belledi.
Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew öz gezeginde milli Liderimize özüne ynanylan ulgamda işleriň ýagdaýy we prokuratura edaralarynda düzgün-nyzamy güýçlendirmek maksady bilen döwlet Baştutanymyzyň görkezmesi boýunça görlen çäreler barada habar berdi. Bu ulgamyň işgärleriniň üstüne aýratyn möhüm we jogapkärli wezipe—ýurdumyzda kanunçylygyň we hukuk tertibiniň berjaý edilmegine ýadawsyz gözegçilik etmek wezipesi ýüklenilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary hünärli işgärleri seçip almagyň zerurdygyna ünsi çekip, ýurdumyzda kanunçylygyň berjaý edilmegine gös-göni jogap berýän prokuraturada örän ynsaply, hemmetaraplaýyn bilimli adamlaryň, Kanuny ileri tutmak ýörelgeçine ygrarly bolan adamlaryň işlemelidigini aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Içeri işler ministri I.Mulikowa söz berildi. Ol ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek we düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça uly işleri alyp barýan IIM-niň edaralarynyň işleri hakynda hasabat berdi. IIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen şu ýylyň sentýabrynda geçirilen ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň çäklerinde amala aşyrylan çäreler, şeýle hem ýurdumyzyň baş baýramyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi. Bu baýramçylyga täze gurlan desgalaryň, şol sanda IIM-niň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary gabatlanar.
Döwleti ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň girewi bolup durýan jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmekde Içeri işler ministrliginiň aýratyn goşandynyň bardygyny bellemek bilen, milli Liderimiz tutanýerli zähmetleri bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny berkidýän ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny gyşarnyksyz berjaý etmegiň we goramagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra mejlis Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol milli Liderimize özüniň gözegçilik edýän kazyýet edaralarynyň hasabat döwründe ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de kazylaryň düzgün-nyzamyny güýçlendirmek we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglylykda görlen anyk çäreler, şeýle hem düzümiň ýerlerdäki edara binalaryny ulanmaga tabşyrmak bilen baglanyşykly işler barada hasabat berdi.
Degişli ugurda işleri güýçlendirmegi talap etmek bilen, hormatly Prezidentimiz kazyýet edaralarynyň işi Türkmenistanyň ýöredýän döwlet syýasatynyň belent maksatlaryna we wezipelerine hemmetaraplaýyn gabat gelmelidir, türkmenistanlylaryň bagtyýarlygy we abadançylygy onuň ileri tutulýan esasy ugry bolup durýar diýip belledi.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew öz nobatynda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, Türkmenistanyň serhedinden geçýän, şol sanda üstaşyr geçýän ýüklere has berk gözegçiligi üpjün etmek boýunça tabşyryklaryň berjaý edilişi barada hasabat berdi.
Biziň ýurdumyza gelýän daşary ýurt myhmanlarynyň sanynyň hem-de ýükleriň akymynyň gyşarnyksyz artýandygyny kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýagdaý dünýä bileleşiginiň häzirki zaman Türkmenistana gyzyklanmasynyň artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz gullugyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Olar gullugyň gös-göni borçlaryndan we ygtyýarlyklaryndan gelip çykýar.
Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren jogapkärli tabşyryklarynyň, şol sanda ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylyk ulgamyny gyşarnyksyz kämilleşdirmek, ony dünýä standartlaryna gabat geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hereket edýän düzgün-kadalary we dünýäniň iň gowy kanunçykaryjylyk tejribesini nazara almak bilen täze kanunlary işläp düzmegiň we kabul etmegiň möhümligi barada aýdyp, milli Liderimiz geljekde hem güýje girýän kanunçylyk namalaryny ilata düşündimek usulyny kämilleşdirmäge aýratyn üns bermegi talap etdi. Ilat öz hukuklaryny we borçlaryny takyk bilmelidir we düşünmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Neşekeşligi ýurdumyzda ýok etmek we onuň öňüni almak boýunça soňky dokuz aýda edilen işler hakynda, şeýle hem neşe maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşi güýçlendirmek boýunça görlen çäreler hakynda Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, neşeleriň ýaýradylmagyna we sarp edilmegine garşy göreşmäge, ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirmäge, şeýle hem neşä garaşly bolan adamlara psihologik we lukmançylyk kömegini bermäge gönükdirilen ähli düzümleriň tagallalaryny birleşdirmek ýaly esasy ugurlara ünsi çekdi. Bularyň hemmesi türkmen jemgyýetiniň bitewiliginiň we agzybirliginiň esaslaryny berkitmäge, ruhy taýdan sagdyn bolmagyna hyzmat eder diýip, milli Liderimiz belledi.
Şu ýylyň dokuz aýynda Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan geçirilen işler, şol sanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruny amala aşyrmak -- netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda ýolbaşçylyk edýän düzüminiň has netijeli işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän anyk çäreler barada gullugyň başlygy D.Baýramow hasabat berdi.
Degişli ugurda işleri güýçlendirmäge gönükdirilen görkezmeleri bermek bilen, döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna geljekde hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem olara ynanylan wezipelerde işleriň ýagdaýy üçin jogapkärçiligi artdyrmak ýaly möhüm meselelere uly üns bermegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamowa birnäçe möhüm tabşyryklary berdi. Eziz Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak boýunça harby borjuny ýerine ýetirende, serhetçiler Türkmenistanyň serhediniň ähli goňşy döwletler bilen hemişe dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk serhedi bolup galýandygyny unutmaly däldirler diýip, milli Liderimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz gullugyň garamagyndaky desgalarda, şol sanda bina edilýän täze serhet galalarynda we ýaşaýyş jaýlarynda gurluşyk işleriniň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmegiň, şeýle hem şahsy düzümiň arasynda terbiýeçilik-watançylyk işlerini güýçlendirmegiň möhümdigine aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň hormatyna geçiriljek halkara we milli ähmiýetli möhüm çäreler bilen baglylykda bu ýere ýygnananlara aýry-aýry görkezmeler berildi. Şol çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, harby we hukuk goraýjy düzümleriň ýurdumyhyň raýatlarynyň asudalygyny we rahatlygyny üpjün edip, sazlaşykly işlemeginiň möhümdigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, biz döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige pugta eýerýän ynsanperwer syýasaty esasynda kabul eden goranyş häsiýetli harby doktrinamyza laýyklykda hukuk goraýjy we harby edaralaryň maddy - enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkidýäris diýip belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biz harby gullukçylarymyz we olaryň maşgala agzalary barada hemişe alada edýäris, olaryň hal-ýagdaýyny has hem ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, oňat dynç almaklary, yhlasly zähmet çekip, esasy Watana halal gulluk edip, uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça uly işleri durmuşa geçirýäris we bu ugurda alyp işlerimizi mundan hem beýläk yzygiderli dowam ederis. Döwletimiz harby gullukçylar barada hem hemişe alada eder diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni jemledi.
Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda bu ýere ýygnananlara bagt, jan saglyk, mähriban halkymyza we eziz Watanymyza birkemsiz gulluk etmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.