Ï Türkmenistanyň Prezidenti Milli matam güni bilen baglanyşykly çärelere gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Milli matam güni bilen baglanyşykly çärelere gatnaşdy

view-icon 1469
Şu gün Türkmenistanda 1948-nji ýylda bolup geçen Aşgabat ýer titremesiniň şehitlerini ýatlama günüdir. Türkmen halkynyň taryhyndaky iň gynançly wakadan bäri 65 ýyl geçdi. Bu baradaky ýatlama türkmenistanlylaryň her biriniň ýüreginde häzire çenli hem agyr yzalygyna galýar. 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gijede 1 sagat 12 minutda güýçli ýer titremesi göz açyp--ýumasy salymda şäheri hem-de onuň töweregindäki obalary weýran edip, ýüz müňlerçe adamlaryň ömür tanapyny kesdi.

Bu elhenç waka adamlaryň ykbalyna atanak çekip, iň ýakynlaryny ýitiren aşgabatlylary dirilere hem-de şehitlere böldi. Şol agyr ýer titremäni başyndan geçirenleriň hemmesi wagtyň çekilen ýitginiň öwezini dolmaýandygyny bilýärler. Bu gün hemme ýerde döwlet baýdaklary aşak düşürildi. Ýer titremesinde wepat bolan aşgabatlylaryň ruhuna bagyşlanyp, memorial toplumlarynda, türkmen milletiniň iň oňat ogullarynyň we gyzlarynyň ýadygärlikleriniň ýanynda hatyra çäreleri geçirilýär.

Ir bilen paýtagtyň merkezinde ýerleşen 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesiniň şehitleriniň hatyrasyna bina edilen Ýadygärlik toplumynda ýatlama çäresi geçirilip, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


Ýadygärlik toplumyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, din işgärleri, hormatly ýaşulular ýygnandylar. Çärä gatnaşýanlaryň hatarynda Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem bar. Biwagt dünýäden öten dogan-garyndaşlaryny, ildeşlerini ýatlamak üçin bu ýere aşgabatlylaryň müňlerçesi ýygnandy.

Bu ýere ýygnananlar adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly ýer titremeleriň hataryna giren Aşgabat ýer titremesiniň şehitlerini bir minut dymmak bilen hatyraladylar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Ýurdumyzyň müftüsi geçen asyryň ortalarynda bolup geçen tebigy heläkçilikde şehit bolan aşgabatlylaryň we onuň töweregindäki obalaryň wepat bolan adamlarynyň ruhunyň aram tapmagyny hem-de türkmenistanlylaryň öz ýurdunyň kuwwatyny berkitmeli we şöhratyny artdyrmaly häzirki we geljekki nesilleriniň döredijilikli zähmete ruhlanmaklaryny dileg edip aýat-doga okaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýadygärlige gül çemenini goýýar. Milli Liderimiz çuňňur hatyranyň alamaty hökmünde baş egýär. Şu pursatlarda meýdança ýygnananlaryň ählisini şol elhenç gijede döwlet Baştutanymyzyň ýitiren öz ýakynyna bildirilýän gynanç duýgulary gurşap alýar. 1948-nji ýylyň betbagtçylygy hormatly Prezidentimiziň atasy, 1941-1945-nji ýyllardaky urşuň weterany, öz ömrüni ýaş nesli terbiýelemek ýaly asylly işe bagyş eden mugallym Berdimuhammet Annaýewiň hem ömür tanapyny kesdi.

Döwlet Baştutanymyzyň yzýany bilen Mejlisiň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly diplomatlar, din işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, çärä gatnaşyjy köpsanly beýlekiler ýadygärligiň etegine gül çemenlerini goýýarlar. Bu ýere gelýän adamlaryň yzy üzülenok.

Ajaýyp ýadygärlige köpsanly adam akymy gussaly dymmak bilen hereket edýär, ony adamzat kowmunyň bakylygynyň hem-de galkynyşa okgunlylygyň nyşany hökmünde öz çagasyny halas edýän enäniň çagany elinde göterip duran simwoliki heýkeli bezeýär. Bu ýadygärlik binagärlik toplumynyň esasy düzüji alamatlarynyň biri bolup durýar.

Aşgabadyň – milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kalbynyň we paýhasynyň iň galkynyşly döredijiliginiň gaýtadan dikeldilmeginiň hem öz gözbaşyny hut şu ýerden almagy tötänden däldir. Aşgabat öz täze keşbinde ýurduň geljegi, türkmenleriň geljekki nesilleriniň bagtly ykbaly barada ajaýyp garaýyş döredýär. Owadan şäher tebigy betbagtçylykda şehit bolanlaryň hatyrasyna biziň ýüreklerimizde ýaşaýan şol ýakynlaryň ruhuna bagyşlanan mynasyp ýadygärlige öwrüldi.

Soňky ýyllarda Aşgabat tanalmaz derejede özgerip, dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Döwrebap belent binalar peýda boldy, täze köçeler, şaýollar guruldy, ajaýyp seýilgähler döredildi, metjitleriň, köşkleriň gümmezleri belende çykdy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda bolup geçýän iri özgertmeleri öz keşbinde aýdyň ýüze çykaryp, şäher ýaşaýar we gülläp ösýär. Onsoň, neneň taryhy taýdan örän gysga döwrüň içinde gözümiziň alnynda bolup geçen şeýle özgertmelere guwanmajak, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze durmuşa galkynan türkmen halkynyň döredijilik kuwwatyna begenmejek!

Hasratly wakanyň- Aşgabat ýer titremesiniň has öň bolup geçendigine garamazdan, şol pajygaly gije şehit bolan ildeşlerimiz baradaky hakyda türkmen halky üçin mukaddesdir we adamlaryň kalplarynda müdimilik ýaşar.

1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gije şehit bolanlaryň hatyrasyna ýatlama çäreleri paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da geçirilip, hemme ýerde aýat-dogalar okaldy, sadakalar berildi. Ýadygärlik toplumlaryna gül desseleri goýuldy.

Goý, bu gün okalan aýat-dogalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Goý, türkmen topragynda hemişe asudalyk we abadançylyk, agzybirlik we jebislik höküm sürsün!