Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Oleg Tabanýuhowy kabul etdi, ol türkmen döwletiniň Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat Türkmen Liderine özüniň çuňňur hormat goýýandygyna şaýatlyk etmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi, Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin hormatdygyny aýdyp, ilçi Belarus Respublikasynyň Türkmenistany uly dosty hökmünde görýändigini belledi.
Ilçi iki ýurduň Liderleriniň arasynda ýola goýlan ynanyşmak gatnaşyklary netijesinde soňky ýyllarda täze derejä çykan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň däp bolan dostlukly oňyn häsiýetini belläp, Belarus Respublikasynyň hökümetiniň doly möçberli döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanýandygyna üns berdi. Türkmenistan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuş-ykdysady ösüşde haýran galmaly üstünlikleri görkezýär we dünýä bileleşiginiň giňden ykrar etmegini doly mynasyp ýagdaýda gazandy diýip, dostlukly ýurduň hemişelik wekili aýtdy. Bu babatda diplomat türkmen ykdysadyýetiniň ýokary görkezijilerine haýran galýandygyny aýtdy, şol görkezijiler ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Belarus Respublikasynyň ýolbaşçylaryna we belarus halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollady we Türkmenistanyň özara hormat goýmak, deňlik we özara peýdalylyk ýörelgelerinde guralýan Belarus Respublikasy bilen däp bolan dostlukly oňyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Milli Liderimiz Oleg Tabanýuhowy jogapkärli diplomatiki wezipä bellenmegi bilen gutlap, dostluk we döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi hem-de ilçiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany we myhman türkmen-belarus gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşmagyň çäklerinde ykdysadyýet babatda hem, gumanitar ulgamda hem mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklar barada pikiri aýtdylar, bar bolan mümkinçilikleriň doly möçberde durmuşa geçirilmegi taraplaryň her biriniň milli bähbitlerine laýyk gelýär diýip bellediler. Dürli ugurlarda iri we ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge Belarus hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagy işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmaga pragmatiki çemeleşmegiň aýdyň mysaly bolap hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda bu babatda Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça dag – magdan baýlaşdyryjy toplumyny gurmak baradaky ägirt uly bilelikdäki taslama, şeýle hem Belarusda öndürilen oba hojalyk tehnikasyny köp ýyllap ibermek we başgalar aýdyň tassyklaýar diýlip nygtalyp geçildi.
Döwlet Baştutanymyz we Belarus Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili gumanitar ugurda hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp medeniýet babatda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, bilim we ylym babatda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak barada pikirlerini aýtdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Belarus ilçisi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine türkmen Liderini ynandyrdy.