Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň barşynda döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygynyň barşy, şäheriň ýol-ulag , aragatnaşyk we durmuş düzümleriniň işi bilen tanyşdy.
Täze gurluşyklar we beýleki desgalar bilen tanyşlygynyň barşynda milli Liderimiziň ýanynda hökümetiň käbir agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň käbiriniň ýolbaşçylary boldular.
Döwlet Baştutanymyz şäheriň günorta bölegindäki Arçabil şaýoluna geldi. Bu ýerde Aşgabadyň täze medeni işewür merkezi kemala gelýär. Döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji P.Taganow we wise-premýer Ş.Durdylyýew garşyladylar. Olar milli Liderimize alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna gurluşygy alnyp barylýan hem-de bina edilmegi meýilleşdirilen desgalaryň birnäçesiniň taslamalary hödürlenildi.
Hödürlenen taslamalar we çyzgylar bilen jikme-jik tanşyp, milli Liderimiz desgalaryň ýöriteleşdirilen ugruna hem-de binagärlik keşbine degişli bolan birnäçe tekliplerini we belliklerini aýtdy we innowasion tehnologiýalaryň iş ýüzünde işjeň ulanylmalydygyny belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz döwrebap binagärliginde milli ýörelgeleriň oýlanyşykly peýdalanylmagynyň paýtagtyň täze binagärlik keşbiniň tapawutly aýratynlygy bolmalydygyny belledi.
Milli Liderimiz paýtagtyň abadanlaşdyrylmagy, ulag gatnawynyň artýandygy bilen bagly, awtomobil ýollarynyň giňeldilmegi boýunça mundan beýläkki alyp barmaly işler barada degişli ýolbaşçylara tabşyryklar berdi. Ýaýbaňlandyrylan ulag ulgamyny guramakda iň täze inžener-tehniki çözgütleri peýdalanmak bilen bir hatarda, ýol hereketiniň howpsuzlygy, sürüjilere we pyýadalara amatlylyklar üçin hemme şertleri döretmek zerur diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem şäheriň köçelerini yşyklandyrmak, bagy-bossanlyga büremek we ekologiýa meselelerini gozgady. Bu meseleler öňdebaryjy tehnologiýalar we usullar esasynda çözülmelidir. Bu ýerde gürrüň ähli babatda mynasyp ýaşaýyş -durmuşy kemala getirmek barada barýar. Munuň özi amatlylygyň ýokary derejesini üpjün etmegiň maksat edilişi ýaly, töweregiň gözellik taýdan özüne çekijiligini hem göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz dynç alyş zolaklaryny abadanlaşdyrmak, döwrebap bag-seýilgäh sungatynyň hem-de tebigylyk usulyny has işjeň peýdalanmak boýunça tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz şaýoluň töweregindäki ýerleriň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Türkmen paýtagtynyň yzygiderli ösýändigini, onuň ilatynyň barha artýandygyny, şäheriň araçäkleriniň giňelýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylardan aşgabatlylaryň ýaşaýşynyň ýokary ülňülerini, umuman, ýaşamak üçin biziň gözümiziň alnynda dünýädäki şäherleriň iň owadanlarynyň we amatlylarynyň birine öwrülýän Aşgabadyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen şähergurluşyk syýasatynyň durmuşa geçirilmegine degişli meselelere gözegçiligi gowşatmazlygy talap etdi.
Paýtagtyň iň owadan we döwrebap şaýollarynyň biri bolan Arçabil şaýoly şol özgertmeleriň beýany bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Bu täze gurluşyklary synlap, döwlet Baştutanymyz bütin binanyň yşyklandyrylyşy hem-de inžener-tehniki üpjünçiligi bilen aýratyn gyzyklanyp, gurluşykda we otaglaryň enjamlaşdyrylyşynda innowasion tehnologiýalary peýdalanylmagyň esasy wezipesiniň ygtybarlylygy we adamlar üçin has amatly şertleri döretmegi üpjün etmek bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Alnyp barylýan işlerde, desgalary ulanyşa tabşyrmaga görülýän taýýarlyk işlerinde degişli ýolbaşçylara nägilelik bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini we şäher hojalygyny dolandyrmakda ygtybarlylygy we sazlaşyklylygy üpjün etmek boýunça hemme çäreleri görmegi tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu şaýoluň ugrunda gurlan ýerasty geçelgä girip, onuň içiniň abadanlaşdyrylyşy bilen içgin gyzyklandy. Onuň içiniň yşyklandyrylyşynyň pesdigine, reňkleriň saýlanyp alnyşynyň, basgançaklarynyň, el tutawaçlarynyň göwnejaý däldigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekip, kemçilikleri düzetmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz şaýoluň ugrundaky awtoduralgalaryň birine baryp, bu ýerde ýolagçylar üçin döredilen şertler, onuň abadanlaşdyrylyşy bilen içgin tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz awtoduralgada ýolagçylar üçin ýylyň ähli paslynda amatly şertleriň üpjün edilmegine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz duralganyň bezeg işleriniň ulaga garaşýan adamlarda ýakymly täsirleri galdyrmalydygyny belledi. Duralganyň içinde ýelmenen surat eýýäm gopupdyr. Oturgyçlaryň hili pes. Duralgadaky kioskyň abadanlaşdyrylyşy göwnejaý däl. Sowadyjynyň oturdylyşynyň gözgyny ýagdaýy bada-bat göze ilýär. Onuň deşik ýerleri bar. Hormatly Prezidentimiz bu kemçiliklere degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adamlar üçin ähli amatly şertleriň döredilmeginiň döwlet syýasatynyň baş ýörelgesidigini aýratyn nygtady hem-de bu kemçilikleriň tiz wagtda düzedilmelidigi barada berk talap bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz sil suwlaryny sowmak üçin gurulýan sil akabasynyň gurluşygynyň barşyny synlady. Sil suwunyň akymynyň öňki geçýän ugry boýunça gurulýan bu desganyň möhümdgini nygtap, döwlet Baştutanymyz onuň gurluşygynyň şeýle gurluşyklara bildirilýän ähli inžener-tehniki talaplara laýyklykda pugta berjaý edilip, alnyp barylmagyny talap etdi.
Aýdylanlary jemläp, milli Liderimiz paýtagtda bina edilýän hemme desgalaryň ak mermerli Aşgabadyň binagärlik-şähergurluşyk gözelligini artdyryp, şäheriň tebigy gözelligine mynasyp goşulmalydyr diýip belledi.
Iş saparynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 22 ýyllygy mynasybetli täze desgalaryň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyga we paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän beýleki gurluşyk taslamalaryna degişli birnäçe tabşyryklary berdi hem-de bu ýere ýygnananlara işlerinde üstünlik arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy.