Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindi-türkmen dostluk jemgyýetiniň howandary, Hindistan Respublikasynyň Kongresler partiýasynyň resmi taýdan bellenilen milli wekili jenap Mohammed Afzaly we onuň aýalyny kabul etdi. Duşuşyk şu gün irden açylyş dabarasy bolan köpugurly kaşaň “Berkarar” dynç alyş merkezinde geçirildi.
Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň binalarynyň üstüni ýetiren täze toplumlaryň açylyş dabarasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyklaryny beýan etdiler. Jenap Mohammed Afzal şu günki wakalaryň türkmen Lideri tarapyndan amala aşyrylýan we Türkmenistanyň gülläp ösmegine gönükdirilen oňyn özgertmeler syýasatynyň üstünliklere eýe bolýandygynyň aýdyň mysalydygyny nygtap, Hindistanyň hökümetiniň iki doganlyk halkyň öňden gelýän dostluk hem-de umumy taryhy we medeni gatnaşyklara esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilen daşary syýasat ugrunyň milli konsepsiýasynyň esasy ýörelgelerine eýermek bilen ähli ýurtlar bilen syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, çuňňur taryhy köklere, şeýle hem dostluk we birek-birege hormat goýmak bilen baglanyşykly bilelikdäki türkmen-hindi gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge biziň ýurdumyzyň aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.
Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz we Hindi-türkmen dosluk jemgyýetiniň howandary jenap Mohammed Afzal ähli ugurlar boýunça, ilkinji nobatda bolsa gumanitar ugurda ýygjam aragatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini bellediler. Bu bolsa iki dostlukly halkyň ýakynlaşmagyna, ýaşlary örän baý bolan umumy medeni mirasymyzy öwrenmäge çekmäge ýardam berer. Netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz we myhman umumy-medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, gorap saklamak we köpeltmek bilen baglanyşykly ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem iki ýurduň belli medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda yzygiderli esasda bilelikdäki çäreleri geçirmek barada pikir aýtdylar.
Soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn tagallasyny bellemek bilen, myhman öz Lideriniň baştutanlygy bilen durmuş-ykdysady ösüşde ýokary görkezijileri gazanýan we halkara derejesinde uly abraýa eýe bolan häzirki zaman Türkmenistanynyň ýeten sepgitlerine Hindistanda tüýs ýürekden guwanýandyklaryny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we jenap Mohammed Afzal birek-birege hoşniýetli arzuwlary beýan etmek bilen, iki ýurduň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlige eýe boljakdygyna ynam bildirdiler.