Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny we Tokionyň gaznasynyň halkara gatnaşyklary boýunça professoryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny we Tokionyň gaznasynyň halkara gatnaşyklary boýunça professoryny kabul etdi

view-icon 967
Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow köp ugurly we ýokary derejeli “Berkarar” dynç alyş merkezinde Türkiýäniň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy we Tokionyň gaznasynyň halkara gatnaşyklary boýunça professory Ýoşiaki Sasakini kabul etdi.

Myhmanlar milli Liderimiz bilen görşüp, duşuşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de özleriniň türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan kabul edilmeginiň uly mertebe bolup durýandygyny bellediler.

Hususan-da, professor Ýoşiaki Sasaki halkara derejesinde ýurdumyzyň at-abraýny has-da beýgelden oňyn daşary syýasaty ýöredýändigi bilen tanalýan Türkmenistana ýene-de gelip görmäge mümkinçiligiň dörändigine örän begenýändigini belledi. Myhman häzirki wagtda tutuş dünýäde bolşy ýaly, Ýaponiýada hem Türkmenistan, onuň uly möçberli özgertmeleriň ýolunda gazananlary, şeýle hem türkmen halkynyň baý taryhy we medeniýeti, gadymy we özboluşly däp-dessurlary hem-de adatlary babatda uly gyzyklanma bildirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda professor Ýoşiaki Sasaki soňky ýyllarda Türkmpenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli ugurlarda, şol sanda bilim we ylym ýaly möhüm ugurlarda ajaýyp üstünlikleri gazanýandygyny hem-de munuň ýurduň sazlaşykly, yzygiderli we hemmetaraplaýyn ösüşe eýe bolýandygyny aýdyň görkezýändigini belledi.

Öz gezeginde, “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigine diýseň buýsanýandygyny aýdyp, türk we tutuş halkara işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi babatda bildirýän gyzyklanmasynyň has-da artýandygyny hem-de biziň ýurdumyzda maýa goýumlary babatda oňaýly ýagdaýyň döredilendigini belledi. “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy Türkmenistan tarapyndan netijeli we döredijilikli syýasatyň ýöredilmeginiň, bu ýerde uly özgertmelerden ybarat maksatnamalaryň we düzüme degişli taslamalaryň amla agşyrylmagynyň türkmen bazarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin diýseň özüne çekiji bolmagyny şertlendirýändigini aýtdy. Jenap Ahmet Çalyk döwlet Baştutanymyza “Çalyk Holdinge” ynanylan birnäçe taslamalary amala aşyrmagyň barşy barada gürrüň berip, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde-de hyzmatdaşlyga degişli borçlaryny gyşarnyksyz berjaý etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň elmydama netijeli hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny aýdyp, ýurdumyzda ösüşiň gazanylmagyna gönükdirilip amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalaryň dürli ugurlar we pudaklar boýunça netijeli işewür gatnaşyklary giňeltmek we diwersifikasiýa etmek üçin örän oňaýly şertleri döredýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady düzüminiň düýpgöter döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen bu uly möçberli meýilnamalary amala aşyrmagyň barşynda, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasion taýdan işläp taýýarlamalaryň işjeň ýagdaýda ulanylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny hem-de şunda Türkmenistanyň dünýäde toplanan iň oňat tejribäniň we nou-haunyň ornaşdyrylmagyny ugur edinýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy barada durup geçip, Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen däbe öwrülen dostlukly gepldeşiginiň pugtalandyrylmagyna, söwda-ykdysady, şeýle hem gumanitar-medeni ugurlar boýunça bu ýurt bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilimegine uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa resmi saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň möhümdigi nygtaldy, şol resmi sapar şu ýylyň sentýabr aýynda bolup geçip, döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypa bolup ýazyldy.

Duşuşygyň ahyrynda myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa wagt tapyp duşuşandygy, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda täze ajaýyp binalaryň açylmagy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmaga mümkinçiligiň döredilendigi üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.