Ï Türkmenistanyň Prezidenti sylaglary we “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşurdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti sylaglary we “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşurdy

view-icon 1365
Türkmenbaşy, 8-nji oktýabr (TDH). Şu gün agşam Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini we her ýyl edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň ýaş aýdymçylaryň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Zehinleriň däbe öwrülen bu umumymilli bäsleşigi ýurdumyzyň sungatynyň ösüşini höweslendirip we täze zehinleri ýüze çykarmaga ýardam edip, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden özüniň döredijiliginde täze taryhy eýýamynda-Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşyna degişli ähli zatlary beýan etmäge çalyşýan, dürli ýaşdaky adamlaryň müňlerçesini birleşdirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasat ugry, giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi netijesinde geçen eýýamlaryň medeni mirasyny çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenmek, dünýäde milletiň taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmek, zehinli ýaşlary okatmak üçin mümkinçilikler peýda boldy. Şu ýylyň iýun aýynyň ahyrynda Awazada Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Bu çäre ylmy, medeni we aň-bilim işine, milli mirasy wagyz etmäge kuwwatly itergi berdi, halkara gumanitar hyzmatdaşlygy, dürli halklaryň medenýietleriniň gatnaşyklaryny ösdürmek, täze gatnaşyklary, döredijilik alyşmalaryny ýola goýmak babatda-da täze sahypany açdy.

Ajaýyp Ruhyýet köşgünde hakyky baýramçylyk hem-de ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürýär. Bu ýere hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, köp sanly myhmanlar we elbetde, umumdöwlet gözden geçirilişiniň ýeňijileri – dürli döredijilik hünärleriniň wekilleri ýygnandylar. Bu ýere ýygnananlaryň ählisi döwlet Baştutanymyza sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Dabara gatnaşyjylar we myhmanlar Türkmenistanyň taryhyndaky täze eýýamyň ähli ägirt uly üstünlikleriniň ruhlandyryjysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygy açyp we ýygnananlary mähirli mübärekläp, olaryň ählisini ýetip gelýän beýik baýram – Watynymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk baýramy bilen, hormatly atlara we «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi diýen baýraga eýe bolan adamlary bolsa, mynasyp bolan hormatly atlary we abraýly baýraklary bilen tüýs ýürekden gutlady.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz uly zähmet ýeňişlerini gazanyp, taryhy ösüşlere beslenip, bedew bady bilen ynamly öňe barýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulan eziz Diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, medeniýet we sungat ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar.

Döwletimiz milli medeniýetimizi, sungatymyzy we edebiýatymyzy döwrebap ösdürmäge uly üns berýär. Gözel ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda täze gurlup, ulanmaga berilýän häzirki zaman medeniýet öýleri we köşkler, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen kitaphanalar, muzeýler, sungat we sazçylyk mekdepleri, beýleki medeni maksatly desgalar munuň aýdyň mysalydyr.

Garaşsyz ýurdumyzda halkara festiwallaryny, sergileri, bäsleşikleri we beýleki dürli medeni çäreleri yzygiderli geçirmek indi asylly däbe öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman şertlerinde medeniýet ulgamynyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny belläp, hususan-da, şeýle diýdi: „Geçirilýän bu çäreler medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýokary derejede netijeli bolmagyna, bu ugurda uly üstünlikleri gazanmaga, täze sepgitlere ýetmäge badalga berýär. Guralýan medeni çäreler biziň halkymyz bilen beýleki ýurtlaryň halklarynyň arasynda dost-doganlyk we hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da ösmeginde möhüm ähmiýete eýe bolýar”.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýazyjy- şahyrlary, sungat ussatlary, ähli döredijilik işgärleri öz kämil eserleri bilen milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň we edebiýatymyzyň ösmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu, elbetde, döwrüň biziň öňümizde goýýan möhüm talabydyr. Sebäbi, giň many-mazmunly, belent ideýaly eserler Watany söýmegiň, halallygy we ynsanperwerligi ündemegiň, ynsana mahsus ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemegiň özboluşly mekdebidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Biziň merdana halkymyzyň şöhratly taryhynda, gadymy ýazuw ýadygärliklerinde, medeni mirasynda we nusgawy edebiýatynda milletimiziň belent adamkärçilik sypatlaryna, ruhubelent häsiýetlerine, dost-doganlyk ýörelgelerine uly ähmiýet berlipdir. Şeýle ajaýyp häsiýetleri we ýörelgeleri belentden wasp edýändigi üçin «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly şadessanlarymyzyň, Azady, Magtymguly, Andalyp, Kemine, Seýdi, Mollanepes, Zelili, Magrupy, Mätäji ýaly nusgawy şahyrlarymyzyň dürdäne eserleriniň umumyadamzat gymmatlygyna öwrülendigi munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet we sungat ussatlarymyzyň, döredijilik işgärlerimiziň öňünde duran esasy wezipeleriň biri hem – ýurdumyzyň gazanýan uly üstünliklerini, mähriban Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny, bagtyýar halkymyzyň ajaýyp durmuşyny ýokary derejede çeper, kämil eserleriň üsti bilen mynasyp wasp etmekden we dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. Her bir täze eser watandaşlarymyzy halal zähmet çekmäge, belent sepgitlere ýetmäge, uly üstünlikleri gazanmaga galkyndyrmalydyr, türkmen medeniýetiniň, milli sungatymyzyň we edebiýatymyzyň ösmegine mynasyp goşant goşmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek Medeniýet hepdeliginiň geçirilendigini aýdyp, bu hepdeligiň çäklerinde birnäçe medeni çäreleriň guralmagy özboluşly baýramçylyga öwrüldi we bu çäreler milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda, döwrebap, kämil eserler bilen baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy diýip nygtady. “Medeniýet hepdeligi aýdym-saz, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty, teatr, sirk we opera sungaty ýaly türkmen medeniýetiniň dürli ugurlaryny, halk döredijiligini, milli edebiýatymyzy ösdürmäge, ony döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga uly badalga berdi” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gürrüňi dowam edip, «Awazada» geçirilen Medeniýet hepdeliginiň hem-de onuň çäklerinde guralan halkara sungat sergisiniň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň uly ösüşleri gazanýandygyny, belent sepgitlere ýetýändigini, dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklarymyzyň barha berkeýändigini aýdyň görkezendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz geljek ýyl Medeniýet hepdeliginiň Daşoguz welaýatynda geçiriljekdigini habar berip, bu hepdeligiň hem ýokary derejede we guramaçylykly geçiriljekdigine, milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde möhüm ähmiýetli çärä öwrüljekdigine ynan bildirdi.

Her ýyl berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda öz yhlasly zähmeti, ýiti zehini we döredijilik işjeňligi bilen tapawutlanan medeniýet we sungat işgärlerine hormatly atlary dakmak, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak asylly däbe öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Biz şu ýyl hem bu däbimize eýerip, medeniýet we sungat işgärleriniň eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, dost-doganlygyň hem-de ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň rowaçlanmagy ugrunda çeken yhlasly zähmetine uly baha berýäris. Has tapawutlanyp, uly üstünlik gazanan döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakýarys hem-de mynasyp bolan sylaglaryny gowşurýarys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň özleri barada edýän uly aladasyna jogap edip, medeniýet we sungat işgärleriniň geljekde hem merdana halkymyzyň amala aşyrýan beýik işlerini, dünýädäki abraýy gün-günden ýokarlanýan berkarar Watanymyzyň gazanýan ajaýyp üstünliklerini, Bitarap döwletimiziň beýleki ýurtlar bilen alyp barýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny belentden wasp etjekdiklerine, çeperçilik taýdan kämil, ýokary ideýaly, döwrebap eserleri döredip, täze döredijilik sepgitlerine ýetjekdiklerine ynam bildirdi.

Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň çykyşyny uly üns bilen diňlediler. Bu çykyş dabara gatnaşyjylar tarapyndan birnäçe gezek şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakyndaky Perman hem-de «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginde ýeňiş gazananlary sylaglamak hakyndaky Karar okalýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan iň gowy döredijilik işgärlerine sylaglary hem-de döwlet bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşurýar.

Ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri yzly-yzyna sahna çykýarlar. Sylaglary we baýraklara mynasyp bolanlar milli Liderimiziň elinden diplomlary hem-de pul baýraklaryny buýsanç bilen kabul edip, özleriniň eserlerine ýokary baha berendigi, türkmen halkynyň ruhy mirasyny dikeltmäge we ösdürmäge uly üns berýändigi üçin, ýurdumyzda döredijilik işgärleriniň netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Magtymguly adyndaky Halkara baýraklaryny bermek hakyndaky Permany okalýar.

Mälim bolşy ýaly, beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymgulynyň baýragy ýokary çeperçilikli sungat eserleriň döredilmegi, şeýle hem häzirki eýýamyň gumanistik ideýalaryny durmuşa geçirmekde döwlet we jemgyýetçilik işgärleriniň aýratyn hyzmatlary üçin gowşurylýar. Magtymguly adyndaky Halkara baýragy Türkmenistanyň raýatlary bilen birlikde Türkmenistanyň taryhyny öwrenmäge, milli medeniýeti ösdürmäge, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň hem-de beýleki türkmen şahyrlarynyň we akyldarlarynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge we wagyz etmäge uly goşant goşan daşary ýurt raýatlaryna hem ylmy işi üçin gowşurylýar.

“Edebiýat we sungat” gazetiniň bölüm müdiri A.Şagulyýewa sahna çykýar. Ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap eserleri bilen ýurdumyzyň taryhy ösüşlerini çeper wasp etmekde, milli edebiýatymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde, ýaş nesilleriň watançylyk, belent adamkärçilik ruhunda terbiýelenmegine täsir edýän uly göwrümli, terbiýeçilik ähmiýetli, ýokary çeperçilikli edebi eserleri döretmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy.

Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, A.Şagulyýewa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe -- Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeler zamanasynda ýaşamagyň we işlemegiň özi üçin uly bagtdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan, häzirki wagtda bütin ýurdumyzy gurşap alan deňsiz-taýsyz özgertmeler türkmen halkynyň gyzgyn goldawyna mynasyp bolýar. Halkymyz bolsa özüniň Lideriniň daşyna berk jebisleşip, parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Şeýle ýokary sylaga mynasyp bolmak we ony hormatly Prezidentimiziň elinden kabul etmek meniň üçin uly hormat-sarpadyr diýip, A.Şagulyýewa aýtdy we milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli we asylly işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Baýraklara mynasyp bolanlaryň köpüsiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özleriniň hoşallygyny Garaşsyz Diýarymyzy, Watan, türkmen halky we Arkadag ýaly mukaddes düşünjeleriň bütewiligini wasp edýän goşgulary okamak arkaly beýan etmegi Ruhyýet köşgünde hakyky baýramçylyk we ruhubelentlik ýagdaýynyň höküm sürýändigine şaýatlyk edýär.

Daşary ýurtly raýatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň elinden baýraklary buýsanç we tolgunmak bilen kabul etdiler. Olaryň hatarynda Sasakawa Parahatçylyk gaznasynyň geňeşçisi Sasaki Ýoşiaki, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory W.N.Pilipko, Italiýa Respublikasynyň Turin şäheriniň Arheologik barlaglar we gazuw-agtaryş işleri baradaky merkeziniň direktory, arheologiýa ylymlarynyň doktory, professor Karlo Lippolis, Polşa Repsublikasynyň Warşawa uniwersitetiniň Arheologiýa intsitutynyň professory, taryh ylymlarynyň doktory Barbara Kaim bar.

Olaryň ählisi özleriniň zähmetine ýokary baha berendigi, türkmen halkynyň ruhy mirasyny dikeltmäge we ösdürmäge berýän uly ünsi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, geljekde hem Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine özleriniň güýjüni, bilimini, tejribesini, ussatlygyn we zehinini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sylaglananlary ýene-de bir gezek gutlap, tutanýerli zähmeti, umumy işe goşýan goşandy üçin olara minnetdarlyk bildirdi hem-de berk jan saglyk we işlerinde täze üstünlikler arzuw etdi.

Soňra Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Şewelýowa söz berilýär.

Ilçi daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň Türkmenistanda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan ýatdan çykmajak waka -- "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurlan täze syýahatçylyk we dynç alyş düzüminiň desgalarynyň açylyşyna, şeýle hem döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini hem-de Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Diplomatyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn içeri we daşary syýasaty ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okguly ösdürilmegini, onuň halkara giňişliginde abraýynyň barha artmagyny şertlendirdi. Golaýda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň Türkmenistana bolan sapary hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa bolan üstünlikli sapary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ilçi türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň ösýändigine hem-de Ukrainanyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn berkitmäge we ösdürmäge taýýardygyna ünsi çekip, däp bolan özara gatnaşyklaryň has-da netijeli bolmak üçin ähli amatly şertleriň bardygyny belledi. Munuň özi häzirki zamanyň talaplaryna we özara bähbitlere doly laýyk gelýär.

Çykyşynyň dowamynda ilçi şeýle diýdi: “Şu gün biziň gören zatlarymyz owadan, ýagty we uly köşkli ertekini ýatladýar, şol ýerde adamlar bagtly ýaşaýarlar we zähmet çekýärler, bagtyýar çagalary terbiýeleýärler. Çagalaryň geljeginiň hem bagtly we nurana boljakdygy äşgärdir”. Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Şewalýow Türkmenistanda işleýän diplomatik korpusyň adyndan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda halkara çagalar dynç alyş merkezini döretmek baradaky teklibi girizdi. Şol merkez dünýäniň dürli ýurtlaryndan çagalaryň sazlaşykly ösýän hem-de özleriniň türkmenistanly deň-duşlary bilen duşuşýan ýerine öwrüler.

Ilçi türkmen döwletiniň Baştutanyny ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 22 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap we döwlet Baştutanymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, daşary ýurtly wekilleriň hem-de diplomatlaryň mundan beýläk hem Türkmenistanyň parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň bähbidine bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Dabaranyň ahyrynda milli Liderimiz ýygnananlary ýene-de bir gezek ýetip gelýän şanly sene – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygy, şeýle hem döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, ýygnananlaryň ählisine berk jan saglyk, bagt, maşgala abadançylygyny hem-de işde uly üstünlikler arzuw etdi.

Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärleriniň hem-de “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijileriniň hormatyna guralan baýramçylyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň ägirt uly ruhy we döredijilik kuwwatynyň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, Ruhyýet köşgünden çykyp, wakanyň bolýan ýerinden ugrady.

Şu gün agşam, täze desgalaryň açylmagynyň, Türkmenistanyň hormatly atlara mynasyp bolan döredijilik işgärlerine sylaglaryň we “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklaryň gowşurylmagynyň hormatyna baýramçylyk agşamlyk nahary berildi.