Şu gün bu ýerde, Hazaryň kenarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda halkara deňiz dynç alyş merkeziniň myhmanhanalar düzüminiň üstüni ýetiren täze desgalaryň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dikiljek belent sütüniniň açylmagy mynasybetli dabaralar boldy.
Ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan bu baýramçylygyň öňýanyndaky şanly wakalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we ýurdumyzyň ägirt uly durmuş-ykdysady we syýahatçylyk mümkinçiliklerini, has takygy, deňiz kenarynyň täsin mümkinçiliklerini toplumlaýyn durmuşa geçirmäge gönükdirilen iri möçberli taslamany amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim boldy. Bu ilkinji nobatda örän baý, tebigy serişdeleriniň gaýtalanmajak köpdürliligi, şeýle hem geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi we oňaýly howa şertleri – Hazar deňziniň ekologiýa taýdan örän arassa kenarynda dünýä derejesindäki şypahana merkezini döretmäge ýardam berýän amatly şertlerdir. Ähli görkezijiler boýunça deňi- taýy bolmadyk bu taslamanyň geljeginiň ulydygyny milli syýahatçylyk zolagynyň ösüş depginleri hem aýdyň tassyklaýar. Bu ýerde öňdebaryjy halkara tejribesi durmuşa ornaşdyrylýar.
Şu gün irden dabaralar Milli syýahatçylyk zolagynyň özboluşly “derwezesine” golaý ýerleşen halkalaýyn çatrykda başlandy. Şonuň üçin hem bu ýer milli baýdagymyzyň oturdyljak belent baýdak sütünini dikmek üçin saýlanyp alyndy. Ol döwletliligiň nyşany bolmak bilen, “Awaza” gelýän myhmanlary garşy alar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy garşylamak üçin bu ýere Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň baştutanlary, işewürler, döredijilik işgärleri we giň jemgyýetçilik köpçüligi ýygnandylar.
Dabara geçirilýän ýere Türkmenistanyň Prezidenti gelýär. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa goranmak ministri B.Gündogdyýew raport berdi.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny resmi taýdan galdyrmak dabarasy başlanýar. Uly Baýdagyň ini 20 metr, uzynlygy 30 metrdir, munuň özi 600 inedördül metre deňdir.
Döwlet senasy ýaňlanýar, munuň özi baýramçylygyň ähmiýetini görkezip, oňa gatnaşýanlarda ruhubelent watançylyk duýgularyny artdyrýar.
Belent ýaňlanýan owazyň astynda türkmen halkynyň jebisligini, buýsanjyny we Watana bolan çäksiz söýgüsini, onuň taryhyna we häzirki döwrüne guwanjyny alamatlandyrýan milli Tugumyz asmana galýar.
Säheriň sergin şemalyna pasyrdaýan baýdagymyz 100 metr beýiklige ýetýän sütüniniň çür depesine ýeten badyna şowhunly el çarpyşmalar ýaňlanýar.
Milli Liderimiz gadymy milli ýörelgä eýerip, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde baş egýär. Oňa dabara gatnaşyjylar hem goşulýarlar. Bu dessur türkmenleriň öz Tuguna belent gymmatlyk we mukaddeslik hökmünde diýseň aýawly garýandygyny görkezip, halkymyzyň öz ruhy-ahlak däp-dessurlaryna, ata-babalarymyzyň nesihatlaryna, olardan miras galan belent ýörelgelere ygrarlydygyny ýene-de bir gezek äşgär etdi.
Watanymyzyň belent tuguna çäksiz buýsanja ýugrulan ýurdumyz indi ýigrimi iki ýylyň dowamynda öz täze taryhyny döredip, milletimiziň röwşen we bagtyýar geljegine giň ýol açýar. Ýurdumyz ösüşiň we abadançylygyň ýolunda ýer ýüzünde parahatçylygy berkarar edýän, özbaşdak ösüşiň aýratyn nusgasyny saýlap alan we oňyn syýasaty durmuşa geçirýän kuwwatly döwlet hökmünde uly abraýa eýe boldy.
Bu ruhy başlangyç baýdagyň sütüninden ybarat bolan täze toplumyň bezeg aýratynlyklarynyň kesgitlenmegine esas berdi. Onuň goýy ýaşyl gymmat bahaly daşdan ýasalan kuwwatly binýadyna dikilen, belentlige uzaýan altyn öwüşgünli maçtasy Türkmenistanyň beýik maksatlary amala aşyrmakdaky dabaraly ýeňişlerini alamatlandyrýar. Bu göz gamaşdyryjy aýdyň nyşan ýeňişleriň, döredijiligiň, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň gujur- gaýratynyň özboluşly alamatydyr.
Tutuş toplumyň çeper bezeginiň esasyny düzýän Oguz hanyň sekiz burç ýyldyzy çuňňur filosofiki mana eýe bolup, biziň taryhy köklerimiziň üýtgewsiz nyşanydyr. Häzirki döwürde bu nyşan geçimişiň, geljegiň we şu günüň özboluşly baglanyşdyryjysy bolmak bilen, türmken halkynyň köp nesilleriniň ruhy hem-de taryhy dowamatynyň bakylygynyň alamatydyr.
Bu nyşan türkmen topragynyň gözelliginiň, onuň gaýtalanmajak jomartlygynyň, oňa bolan çäksiz söýgüniň alamaty bolan al-elwan gül nagyşlaryndan emele getirilen haly bilen baýdak sütüniniň meýdançasynyň bezeginde hem öz beýanyny tapýar.
Belent baýdak sütünlerini gurnamak, bu inžener-tehniki taýýarlygy talap edýän ussatlykdyr. Bu taslama işlenip düzülende köp ýagdaýlar, şol sanda kenarýakasyna mahsus bolan, wagtal-wagtal örän güýçli öwüsýän ýelleriň täsiri hem göz öňünde tutulandyr. Şunuň bilen bagylylykda, şunuň ýaly iri göwrümli gurnamanyň mäkämligini üpjün edýän berkidiji enjamlar oturdylypdyr. Onuň göteriji bölegi galwaniki örtükli ýokary hilli poslamaýan polatdan teleskopiki görnüşde ýerine ýetirilipdir.
“Awazanyň” baýdak sütüni 2010-njy ýylda paýtagtymyzda oturdylan we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen baýdak sütüninden 33 metr pesdir. Ýöne onuň deňiz şypahanasynyň täsinlikleriniň birine öwrüljekdigine şübhe ýokdur. Bu desga esasanam onuň daş töwereginde bezeg çyralary öz şöhlelerini saçýan agşam çagynda has-da gözel görnüşe girer.
Harby gullukçylaryň ikisi baýdak sütüniniň ýanynda hormat garawulynda durar. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna barýan awtomobil ýolunyň halkalaýyn çatrygynyň çep tarapynda ýurdumyzyň döwlet nyşanlary şekillendirilen monitorly uly diwarlyk gurnaldy.
Milli Liderimiz aýratyn derejä eýe bolan we bu dynç alyş sagaldyş merkeziniň uly ähmýietiniň nyşany boljak täze desganyň – baýdak sütüniniň açylmagy mynasybetli bu ýere ýygnananlaryň ählisini gutlap, özüne garaşyp duran awtoulaga münüp, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň täze açyljak desgasyna tarap ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk toplumyna girýän ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň buýurmasy boýunça bina edilen 12 gatly “Seýrana” myhmanhanasynyň ýanyna gelýär.
Awtoulagly gelen döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşýan köp sanly adamlar uly ruhubelentlik ýagdaýynda garşylaýarlar. Döredijilik topary dabara mynasybetli öz baýramçylyk sowgadyny taýýarlapdyr. Horeografik kompozisiýa sport bilen baglanyşdyrylypdyr, şunda akrobatiki emeller we bedenterbiýä degişli maşklar ulanylýar, munuň özi myhmanhananyň işiniň esasy ugurlarynyň birini äşgär edýär.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň barýan ugrunda, myhmanhananyň esasy girelgesiniň öňünde durmuş toplumynyň pudaklarynyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan sergi guralypdyr.??? Bu ýerde beýleki eksponatlar bilen birlikde türkmen halkynyň amaly-haşam sungatyna degişli nusgalar, halylar we haly önümleri, çeper keramika degişli eserler, şeýle hem bejeriji ösümlikler we fitoçaýlar görkezilýär, şol çaýlaryň özeni il arasyndaky reseptlere hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik işinden alnan ylmy maslahatlara esaslanýar.
Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly ýagdaýda açylyş toý bagyny kesýär we bina girýär. Türkmenistanyň Prezidenti binanyň abadanlaşdyrylyşy, tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, myhmanlar üçin hyzmatlaryň guralyşy, işgärler üçin döredilen şertler bilen içgin tanyşýar. Milli Liderimiz myhmanhanadaky otaglary synlaýar.
Döwlet Baştutanymyz lift arkaly 12-nji gata çykýar we VIP – apartamentlere baryp görýjr. Milli Liderimiz otaglaryň interýerine, ýokary derejeli myhmanhana mahsus bolan döwrebap mebeller we enjamlar bilen üpjün edilişini synlap, bu ýerde dynç alýanlar üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän derejedäki şertleriň göwnejaý ýagdaýda saklanmagyna elmydama gözegçilik edilmeginiň zerurdygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti egindeşlerine we daşary ýurtly diplomatlara ýüzlenip, soňky döwürde halkara derejesinde işewürlik we syýasy taýdan işjeň merkeze öwrülen “Awaza” ýurdumyzyň belent mertebeli myhmanlarynyň, şol sanda daşary döwletleriň ýokary wezipeli adamlarynyň gelýändigini aýtdy. Köplenç halatda “Awazadaky myhmanhanalardaky amatlylygyň derejesiniň bu ýer baradaky ilkinji täsirleri kesgitläp, ikitaraplaýyn duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek üçin oňaýly ýagdaýy döredýändigi bellidir. Şoňa görä-de, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalaryň taslamalar işlenilip taýýarlanylanda VIP – personalar üçin oňat hilli serwisi döretmek boýunça halkara standartlary göz öňünde tutulýar. Birinjiden, munuň özi diplomatik etikete gös-göni dahyllydyr, ikinjiden – myhmanhananyň derejesini, onda ildeşlerimize, şeýle hem daşary ýurtly belent mertebeli myhmanlara göwnejaý hyzmat edilýändigini görkezýär. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, “Awazada” kenar ýakasynda gurulýan Kongres – holl ulanmaga berlenden soňra wekilçilikli foruma gatnaşýan ýokary wezipeli myhmanlaryň has-da artjakdygyny belledi. Şonda has oňaýly otagly myhmanhanalar babatda bildirilýän isleg ýene-da artar.
Şondan soňra, döwlet Baştutanymyz üçünji gatda myhmanlar üçin niýetlenen otaglary, adaty we lýuks otaglary synlap, myhmanhananyň abraýly, onuň özboluşly iş usulynyň myhmanlaryň ýokary derejesine bil baglanmagyna däl-de, ähli myhmanlara göwnejaý hyzmat edilmegine esaslanýandygyny belledi.
Umuman alanyňda “Seýrana” myhmanhanasynda bir orunlyk otaglaryň 29-sy, iki orunlyk otaglaryň 71-si, maşgalalar üçin niýetlenen otaglaryň 9-sy we “lýuks” otaglaryň 10-sy bar. Myhmanhananyň oňaýly otaglarynda amatly mebeller goýlupdyr hem-de durmuş üpjünçiligine we hyzmat edişe degişli döwrebap ulgamlar bilen üpjün edilipdir. Bularyň ählisi ýokary derejeli myhmanhana serwisine laýyk gelýär. Myhmanhananyň içki otaglaryny bezemekde mylaýym, esasan sarymtyl we goňrumtyl reňkler ulanylypdyr, munuň özi rahat we diýseň oňaýly ýagdaýy döredýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz myhmanhananyň ikinji gatynda ýerleşýän hem-de has kämil, ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilen otaglaryna baryp gördi. Bu ýerde ilkinji lukmançylyk kömegin bermek boýunça otag, fizioterapiýa degişli otaglaryň üçüsi bar, şol otaglarda anyklamak hem-de has döwrebap tehnologiýalar esasynda dürli görnüşde bejeriş-sagaldyş we öňüni alyş amallaryny geçirmek üçin täze enjamlaryň uly toplumy goýlupdyr.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen birlikde, şolaryň her birini, bulardaky ýörite enjamlary, bejeriji mineral palçyklary, şol sanda Mollagaradan getirilen palçygy synlady. Milli Liderimiz ilçilere we bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, ýakyn geljekde Jebelde zawodyň işe giriziljekdigini, şol ýerde deňiz duzunyň we bejeriji palçyklaryň gaplanjakdygyny aýtdy hem-de şolaryň bejeriji häsiýetleri barada gysgaça gürrüň berdi.
Otaglaryň birinde myhmanlar has kämil, netijeli usullaryň köp taraplaýyn toplumyny özünde jemleýän hem-de dünýäde sagaldyş industriýasy boýunça täzelik diýlip hasaplanýan owkalama oturgyçlarynyň täsirini synap gördüler.
“Seýrana” myhmanhanasynyň sagaldyş merkezinde türgenleriň ýagdaýyny barlamak boýunça yzygiderli we meýilleşdirilen çäreleri, kislorod, wakuum, ultra ses, şeýle hem magnitli-rezonansly we beýleki täsirli görnüşdäki reabilitasion – dikeldiş terapiýasyny, şol sanda sportda şikes ýetende maslahat berilýän amallary geçirmek üçin ähli zerur serişdeler bar. Galyberse-de, şol amallar her bir şahsa degişli maglumatlara laýyklykda takyk kesgitlemäniň berilmegini üpjün edýän kämil mikroprosessorlaryň kömegi arkaly kadalaşdyrylýar.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz stomatologiýa otagyna baryp gördi, bu ýerde-de ýokary tehnologiýaly enjamlar goýlupdyr.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti birinji gatdaky sport zalyna bardy. Bu ýerde milli Liderimizi türgenler – Londondaky Olimpiada, Inçhondaky Aziýa oýunlaryna, Kazandaky Bütindünýä Uniwersiada gatnaşyjylar, beýleki halkara bäsleşikleriniň we ýaryşlarynyň ýeňijileri we baýrakly orunlary alanlar garşyladylar. Ýaş türgenler döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda sporty ösdürmek hem-de türkmen türgenleriniň dünýä derejesinde uly üstünlikleri gazanmagy ugrunda göwnejaý şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
“Seýrana” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gabatlanyp ýörite görkezme meýilnamasy taýýarlanyldy, şonda milli göreş, sambo, gylyçlaşmak, boks, gimnastika, basketbol boýunça ussatlar we beýleki türgenler çykyş edip, ýokary derejede taýýarlyklydygyny görkezdiler. Tomaşaçylar – dabara gatnaşyjylar bu hyjuwly çykyşlara şowhunly el çarpdylar.
Meýdany 920 inedördül metrden geçýän bu giň sport zalynda basketbol, woleýbol, futbol ýaly toparlaýyn ýaryşlary geçirmek, şeýle hem başa-baş göreşiň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Tejribeli tälimçiler sportuň saýlanyp alnan görnüşleri boýunça endikleri özleşdirmäge ýa-da ussatlygyny kämilleşdirmäge ýardam berer, onda bedenterbiýe boýunça gözükdirijiler saglygyňy berkitmek we dikeltmek, bedeniňi göwnejaý ýagdaýda saklamak boýunça dersleriň özbaşdak maksatnamasyny saýlap almaga kömek eder.
Galyberse-de, göwnejaý şertler ýylboýy bu ýerde dürli görnüşde, şol sanda halkara derejesinde ýaryşlary guramaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde tomaşaçylar üçin münberler bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Seýrana” myhmanhanasynyň türgenleriň okuw maslahatlaryny, olary okatmak-taýýarlamak, türgenleşikleri, şol sanda sport, şeýle hem işjeň ýagdaýda dynç alynmagyny we sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça halkara çärelerini guramak üçin oňyn binýat bolup biljekdigini we şeýle bolmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awazany” döretmegiň esasy maksadynyň ýurdumyzyň täsin galdyrýan tebigy dürdänesi diýlip hasaplanýan kenar ýakasyndaky örän uly rekreasion mümkinçiliklerden peýdalanmakdan, türkmenistanlylaryň dynç almagy üçin örän oňaýly we amatly şertleri döretmekden ybaratdygyny hem-de adamlar, olaryň abadançylygy we saglygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny belleýär. Şol bir wagtyň özünde türkmen topragynyň owadan künjekleriniň birinde ýerleşýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy halkara ülňülerine laýyklykda dynç alynýan ýere we halkara hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrülmelidir, munuň özi bu uly möçberli taslamanynyň özenini düzýär. “Awaza” eýýäm dürli ýurtlaryň sungat ussatlarynyň we ýaş zehinleriniň gatnaşmagynda halkara döredijilik festiwallaryny hem-de medeniýet durmuşyna degişli möhüm çäreleri, dürli ykdysady forumlary geçirmek boýunça ykrar edilen ýere öwrüldi. Milli Liderimiz esasy wezipäniň ony meşhur sport merkezine öwürmekden ybaratdygyny, bu ýerde halkara ähmiýetli dürli çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu dynç alyş merkeziniň sport binýady bilen tanyşmagyny dowam edip, ýapyk binadaky howuzy we onuň gabadynda ýerleşýän trenažýory synlady.
Uzynlygy 25 metre we ini 12 metre barabar bolan howuzly jaýda tomaşaçylaryň 150-si -- sportuň suwda oýnalýan görnüşleriniň muşdaklary ýerleşip biler. Bu ýerde şol oýunlar boýunça ýaryşlar guralar.
Bu ýerde saunalar we türk hammamy bar. Ýeri gelende aýtsak, “Seýrana” myhmanhanasynda maşgala bolup dynç almak üçin oňaýly şertler döredilipdir, bu ýerde çagalaryň oýun oýnaýan otaglary bar, şolarda körpeler oýnamakdan daşgary, surat çekmek, plastilinden dürli şekilleri ýasamak, dürli keşpleri düzmek bilen meşgullanyp biler. Birinji gatda internet-kafe we dükan, restoran, kafe we fitobar ýerleşýär, şonda Türkmenistanda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan peýdaly çaý hödürlenýär.
Myhmanhananyň sporta degişli düzümine üsti açyk ýerdäki meýdançalar hem goşulýar. Bular tennis oýnalýan kortlaryň ikisinden (20x40 metr), woleýbol oýnalýan meýdançalaryň ikisinden (28x15 metr) we basketbol oýnamak üçin bir meýdançadan (32x20 metr) ybaratdyr. Sportuň kenarda oýnalýan görnüşleri – futbol we woleýbol üçin arassa çäge düşelen meýdança hem bar. Bir söz bilen aýdanyňda, indi Awazada sportuň görkezilen görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmek, türgenleşik geçirmek üçin daşary ýurtlaryň toparlaryny kabul etmek, tälimçileriň we eminleriň maslahatlaryny we beýleki çäreleri guramak üçin ähli şertler bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binalaryň daş-töweregindäki ýerleriň abadanlaşdyrylyşyny synlady hem-de bu ýerde dynç alýanlar üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.
Bu ýerde tomsuna suwa düşünmek üçin, çagalar we ulular üçin niýetlenip howuz we üç sany akwopark guruldy. Şeýle hem 218 orunlyk amfiteatr, çagalaryň oýun oýnaýan meýdançalary, otluk meýdanlaryň we agaç nahallarynyň arasynda simmetriki görnüşde ýerleşdirilen gözenekli telärler bar.
Ýolugra döwlet Baştutanymyzy çagalar şadyýan aýdymlary aýdyp, tans edip garşylaýarlar. Ýaş türgenler we körpeler milli Liderimiziň daş-töweregine üýşüp, bu duşuşygyň uly buýsanç döredendigini aýtdylar hem-de ýurdumyzyň Prezidentiniň sowallaryna gezekli-gezegine jogap berip, özlerinde galan täsirler barada gürrüň berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlar bilen söhbetdeş bolmak bilen, tanyşmagyny dowam edip, myhmanhananyň çep ganatynda ýerleşýän restorana we kafe bardy. Döwlet Baştutanymyz bularyň döwrebap dizaýnyna we ýokary derejeli serwise mahsus görnüşde üpjün edilişine baha berip, bularda tagamlary taýýarlamak babatdaky mümkinçilikler bilen gyzyklandy hem-de ýokumly iýmite degişli maslahatlary berdi.
Döwlet Baştutanymyz işgärler bilen söhbetdeş bolanda, umuman restorana we myhmanhana degişli telekeçiligiň üstünlikli bolmagynda wajyp ähmiýete eýe bolup durýan ýagdaýa ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň täze döwürde – bazar ykdysadyýetine mahsus şertlerde ýaşaýandygymyzy aýtdy. Şoňa görä-de, häzirki wagtda hyzmatlaryň adaty toplumyny hödürlemek bilen çäklenmän, her bir müşderä içgin üns bermek, onuň göwnünden turmak, serwisiň hilini ýokarlandyrmak zerurdyr.
Ýurdumyzda eýýäm köp sanly myhmanhanalar hereket edýär we diýseň köp syýahatçylar gelip, olar özleriniň dostlarynyň we tanyşlarynyň aýdanlaryna gulak asyp, belli bir myhmanhanany saýlap alýarlar. Müşderilere özüňizi mahabatlandyrmaga mümkinçilik dörediň, şonda siziň myhmanhanaňyzda we restoranyňyzda elmydama köp adam ýygnanar: jemgyýetçiligiň pikirini kemala getirmek marketinge degişli ilkinji usuldyr. Milli Liderimiz ýaş işgärlere öwüt berip, şunda her bir myhmanhananyň öz “ýüzüniň”, öz konsepsiýasynyň we ugrunyň bolmalydygyny aýtdy.
Soňra milli Liderimiz halkara duşuşyklaryny geçirmek üçin niýetlenen uly we kiçi mejlisler zallaryny, disko—bary synlady we işgärler bilen söhbetdeş boldy. Hususan-da, şonda diňe bir müşderileri çekmek däl-de, oňaýly ýagdaýy döretmek, adamynyň özüni oňat duýmagyna päsgel bermeýän ýagty we lazer yşyklaryny oýlanyşykly ulanmak ýaly usullar barada gürrüň edildi.
Bu söhbet döwlet Baştutanymyz myhmanghanadan çykanda dowam etdirildi, şonda ýaş karateçiler öz başarnyklaryny görkezdiler. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň ýakynda bellenilen ýolbaşçysyna ýüzlenip, myhmanhana hojalygynyň işiniň netijeliligini artdyrmak, “Awazadaky” myhmanhanalaryň işini has giňden wagyz etmek, ýurdumyzda batly depgin bilen ösdürilýän syýahatçylyk pudagynda marketingiň we menejmentiň döwrebap usullaryny ulanmak barada tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti “Seýrana” myhmanhanasyndan çykdy we indiki dabaranyň geçiriljek ýerine tarap ugrady.
Soňra baýramçylyk dabaralary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Täjir” dynç alyş merkezinde dowam etdirilýär. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Sungat ussatlarynyň döredijilik toparlary özüne özboluşly folklor äheňlerini, milli sungatyň öwüşgünlerini hem-de häzirki zamanyň täsin keşplerini birleşdirýän aýdyň aýdym-saz-tans kompozisiýasy bilen çykyş edýärler. Girilýän derwezeden binanyň merkezi girelgesine alyp barýan ýodajygyň beýleki tarapynda hakyky köpöwüşgünli türkmen bazary ýaýbaňlandyrylpdyr. Şol ýerde telekeçiler öz önümlerini hödürleýärler.
Gündogar bazarlaryna mahsus bolşy ýaly, jarçylar bu sahna milli öwüşgini çaýdylar. Olar belent mertebeli myhmanlaryň gelendigini aýan etdiler we bazardaky söwda has-da gyzyşdy. Bu ýerde milli senetkärleriň önümleri: halylar, zergärçilik şaý-sepleri, keteniler, tahýalar, el işleri bolluk bilen hödürlendi. Bularyň ýanynda telekeçiler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen miweler we gök ekin önümleri, türkmen topragynyň sahawatlylyk bilen eçilýän beýleki miweleri bar. Myhmanlara milli tagamlar hödürlenýär, olary özleriniň halan zatlaryny ussanyň öz elinden almaga mümkinçilik döredildi. Bu ýagdaýa “daşary ýurtly täjirler” sazlaşykly goşulýarlar. Bularyň arasynda häzirki wagtda türkmenistanly hususy önüm öndürijileriň ýurdumyzdaky önümleri ibermek boýunça ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýanlar hem bar.
Öňki asyrlarda-da söwda ýollarynyň çatryklarynda halklaryň arasynda diňe bir ykdysady däl-de, medeni gatnaşyklar hem hut şunuň ýaly ýagdaýda ýola goýlupdyr. Häzirki wagtda bu ýörelgeler täze hilli görnüşde dikeldilýär, biz bulary adamlaryň, ählumumy parahatçylygyň we rowaçlygyň hatyrasyna ösdüreris we baýlaşdyrarys.
“Täjir” dynç alyş merkeziniň esasy girelgesiniň öňünde hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň nobatdaky desgasyny açýar.
Soňra dynç alyş merkeziniň eýwanynda milli Liderimize milli lybaslaryň däp bolan usullary esasynda hem-de bezegiň häzirki zaman usullarynyň ulanylmagynda döredilen lybaslaryň nusgalary görkezilýär.
Sazyň ýaňlanmagynda täsirli modanyň görkezilmegi tomaşaçylaryň ählisinde uly täsir galdyrdy we olar şowhunly el çarpdylar.
Milli Liderimiz merkeziň ýerleşýän binasyny synlap, tans oýnalýan meýdançaly disko-bara barýar. Gündogara mahsus nepis görnüşde bezelen bu ýerde myhmanlara dabaraly we tansly agşamlary guramak boýunça döwrebap mümkinçilikler hödürlenilýär. Munuň üçin dürli reňkler arkaly aýdym-sazly çykyşlary görkezmäge mümkinçilik berýän tehnologik enjamlar bar. Deňze ajaýyp görnüş açylýan ýene-de bir restoran ikinji gatda ýerleşýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhman otaglarynda döredilen şertler bilen tanyşýar.
“Täjir” myhmanhanasynyň 12 gatly binasy özüne 164 otagy birleşdirýär. Olar içki bezegleriniň çözgüdi bilen tapawutlanýar. Olarda oňat dynç almak üçin ähli şertler döredilipdir.
Döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň güýçleri we serişdeleri arkaly gurlan “Täjir” myhmanhanasynda dynç almak üçin göwnejaý şertleriň döredilendigini belläp, ýene-de bazar ykdysadyýetiniň mehanizmleri barada gürrüň etdi. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz türkmen telekeçileriniň bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde uly üstünlikler gazanyp, ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda, hyzmat ediş ulgamynda we başga-da köp sanly ugurlarda mynasyp orny eýelemek arkaly öz harytlaryny we hyzmatlaryny hödürlemekde döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmalydygyny aýtdy. Munuň özi mahabatlamak – maglumat bermek babatdaky mümkinçiliklerden oýlanyşykly peýdalanylmagyny, şol sanda syýahatçylyk we myhmanhana bilen baglylykda tanyşdyrylyş çäreleriniň guralmagyny, öz mümkinçiliklerini diňe bir daşary ýurtlularyň däl-de, ilkinji nobatda ýurdumyzyň ilatynyň arasynda has işjeň ýagdaýda wagyz edilmegini göz öňünde tutýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde siwilizasiýanyň eşretleriniň ählisiniň watandaşlarymyz üçin elýeterliligini giňeltmek, ýaşaýşyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, şol sanda göwnejaý we amatly dynç almak üçin şertleri döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz maşgala üçin niýetlenen uly otaga baryp görüp, onuň dizaýnynyň amatlydygyny we maşgala agzalarynyň ählisi üçin oňaýly şertleriň göz öňünde tutulandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ýeri gelende aýtsak “Täjir” toplumyna goşulýan otaglar we kottejler telekeçileriň serişdeleriniň hasabyna guruldy we olaryň eýeçiligine degişlidir. Başgaça aýdanyňda, olar bu ýerde öz maşgalasy bilen ýerleşip biler ýa-da bu ýerde dynç alyş günlerini, zähmet rugsadyny geçirip biler, şeýle hem ony kärendesine bermäge haklydyr. Şol myhmanhana toplumy Direktorlaryň geňeşi tarapyndan dolandyrylar. Bu geňeş bazardaky ýagdaýy öwrener hem-de nyrh babatda özüniň çeýe syýasatyny ýöreder, hyzmatlaryň toplumyny düzer.
Milli Liderimiz bu mesele baradaky gürrüňi dowam edip, degişli ýolbaşçylara Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ygtýaryna ýer böleklerini bermegi tabşyrdy, olar bu ýerlerde miweleri we gök ekin önümlerini ösdürip ýetişdirip, myhmanhana ýetirerler.
Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylaryna-da tabşyryk berdi. Bu tabşyryk ähli myhmanhanalary we dynç alyş merkezlerini çeperçilik taýdan bezemek boýunça işiň guralmagyna degişlidir. Döwlet Baştutanymyz interýerleriň dizaýnynda tebigata mahsus ýagdaýlaryň, heýkelleriň we türkmen suratkeşleriniň beýleki eserleriniň has giňden ulanylmalydygyny aýdyp, birinjiden, munuň estetiki aýratynlyklarynyň kemala getirilmegine ýardam berjekdigini, beýleki tarapdan bolsa – döredijilik gözleglerine, özboluşly başlangyçlara badalga berjekdigini we ýaş zehinleriň goldanylmagyna ýardam etjekdigini belledi. Milli Liderimiz her bir myhmanhanany özboluşly görnüşde bezemegiň konsepsiýasy işlenip düzülende, onuň haýsy ugra degişlidigini göz öňünde tutmagyň zerurdygyny aýtdy.
Myhmanhananyň binasyndan başga-da, bu topluma iki gatly kottejleriň sekizisi girýär, olaryň her biri bir maşgala niýetlenendir. Merkeziň ähli binalarynyň we desgalarynyň umumy meýdany 20 müň inedördül metrden gowrakdyr. Bu ýerde sport we çagalar oýun meýdançasy, söwda merkezi, ýerasty hem-de üsti açyk awtomobil duralgalary, köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin niýetlenen otag, dürli tehniki desgalar ýerleşýär. Bu ýerdäki bag ekilen çägiň umumy meýdanynyň 22 müň 550 inedördül metre barabardygyny bellemelidiris.
Döwlet Baştutanymyz binadan deňiz tarapdaky meýdança çykýar. Bu meýdançada dynç almak üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde kiçi futbol we basketbol üçin meýdança, suw attraksionly iki sany howuz, şeýle hem günden goraýan saýawanly suwa düşülýän zolak döredilipdir.
Bu ýerde dynç alýan maşgalalar hormatly Prezidentimizi ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Milli Liderimiz ajaýyp dynç alyş desgasynyň açylmagy bilen ýygnananlaryň hemmesini gutlaýar. Bu desga dynç alýanlara häzirki zaman hyzmatlarynyň köp görnüşlerini hödürläp, ýerli tebigy serişdeleriň täsin melhem beriji häsiýetleriniň, gün we deňiz suwunyň jana şypaly täsirinden peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz kottejleriň birine barýar we ol ýerde dynç almak üçin döredilen şertler bilen tanyşýar. Döwlet Baştutanymyz bu ýerdäki otaglary ünç bilen synlap, olaryň oýlanyşykly we amatly ýerleşdirilendigini, otaglaryň ähli babatda oňat bezelendigini hem-de dynç alýanlar üçin oňaýly şertleriň döredilendigini kanagatlandyrmak bilen belledi. Şeýle hem bu ýerde iş zolagy göz öňünde tutulypdyr, munuň özi zerur bolan halatynda dynç alynmagyny we gaýragoýulmasyz işleri utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Bir wagtlar daşary ýurtlardaky myhmanhanalar, willalar we kabulhanalar baradaky mahabatlara we telewizion gepleşiklere syn edip, şunuň ýaly şertler, amatlylygyň şeýle derejesi barada diňe arzuw etmek bolýardy. Taryhy ölçeglere görä, Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri köp wagt geçmedi, häzirki wagtda biz aňrybaş derejeli öýleri we kaşaň myhmanhanalary özümiz gurýarys hem-de ýurdumyzyň myhmanlaryny ýokary derejede kabul edip bilýäris.
Bu toplumda, ýoluň beýleki tarapynda 5 gektar meýdany eýeleýän kottej şäherjigi hem bar. Şol ýerde her biri iki maşgala niýetlenen iki gatly öýleriň 27-si guruldy. Onuň çäginde şeýle hem sport we çagalaryň oýun meýdançalary , suwa düşülýän howuzlar hem-de beýleki kömekçi we ugurdaş desgalar ýerleşýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Täjir” dynç alyş merkezini gözden geçirip bolandan soň, özüne garaşýan awtomobile münüp, nobatdaky dabaranyň geçirilýän ýerine ugrady.
Döwlet Baştutanymyz köp ugurly, ýokary derejeli “Berkarar” dynç alyş merkeziniň çägine barýar. Bu desga "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň örän täsin binalarynyň biridir.
Deňiz şypahanasynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Mejlisiniň buýurmasy boýunça gurlan bu ägirt uly dynç alyş merkezi özüne 5 ýyldyzly myhmanhanany hem-de medeni-dynç alyş we sport-sagaldyş maksatly desgalaryň 30-a golaýyny birleşdirýär. Onuň daşky keşbi hem özboluşlydyr.
“Berkarar” myhmanhanasy Türkmenistanyň parlap duran Döwlet baýdagy görnüşindäki dürli beýiklikdäki bäş bölekden ybaratdyr. Beýikligi 74 metrden gowrak bolan 13 gatly VIP diňi onuň üçin “baýdak sütüni” bolup hyzmat edýär. VIP diňiniň ýokarsynda 85 metrden gowrak beýiklikdäki ýiti uçly şpil oturdulypdyr. Diňiň iki trapyny Döwlet baýdagymyzy ýatladyp duran türkmen halkynyň agzybirliginiň, dünýäniň gözelliginiň we sazlaşygynyň alamaty bolan türkmen halysynyň bäş sany göli bezeýär. Binanyň öň tarapyndaky ýaşyl reňkli aýnalar hem türkmen baýdagynyň reňkini ýatladýar.
Üçegiň gerşinde gözenek-gözenek bolup duran daraklar şemala tolkun atyp duran Baýdagyň öwrümlerini howada ýeňillik bilen gaýtalaýarlar. Gün şöhlesinden goraýan ekranlar, garaldylan aýnalar, jaý gatlarynyň we asma geçelgeleriň özüne çekiji keşbi kalbyna özboluşly öwüşgün çaýýar, jaýyň ýyldyrym görnüşli öwrüm-öwrüm aýlawlaryna kuwwatlyk we gözellik öwüşgünini berýär.
Özüniň ajaýyp we gözel keşbi bilen tapawutlanýan bu desganyň dünýäde deňi taýy ýokdyr. Binagärligiň ajaýyp nusgalarynyň atlandyrylyşy kimin “doňup galan sazdan” emele gelen “Berkarar” ýetilen derejeleri, türkmen halkynyň ýeňişlerini we belent ruhuny dabaralandyrýan sena bolup ýaňlanýar. Deňziň kenarynyň dynç alyş ýerindäki täsin we özboluşly myhmanhanany Awazanyň “dür gaşly täjiň göwheri” diýip atlandyrmak bolar.
Bu ýerde milli Liderimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, deputatlar, şeýle hem ýurdumyzyň ýolbaşçy korpusynyň wekilleri hem-de şu günki baýramçylyk dabarasyna gatnaşýan beýleki adamlar garşylaýrlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gül desseleri gowşurylýar. Soňra “Berkarar” dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar.
Döwlet Baştutanymyz artistlere döredijilik sowgady üçin minnetdarlyk bildirip, “Berkarar” dynç alyş merkeziniň esasy binasynyň girelgesine barýar we ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda simwoliki toý bagyny kesýär.
Milli Liderimiz täze kaşaň myhmanhana toplumy bilen tanyşlygy “Berkarar” myhmanhanasynyň “A” böleginde ýerleşen maslahatlar zalyndan başlaýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz liftde 13-nji gatda ýerleşen “Garagum” kafesine barýar we şol ýerden deňiz kenaryny synlaýar.
Milli Liderimiz şeýle hem 12-nji gatdaky Prezident appartamentlerini we 10-njy gatdaky “ekstra-lýuks” otaglaryny gözden geçirdi.
Bu ýerden "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň çägi oňat görünýär. Döwlet Baştutanymyz bu ýerden ajaýyp görnüşe ýokary baha berip, myhmanhananyň “B” bölegine barýar, şol ýerde ýaş çatynjalar üçin otaglary gözden geçirdi.
Umuman, bäş ýyldyzly “Berkarar” myhmanhanasy 378 adamy kabul etmäge niýetlenendir. Myhmanhanada 182 otag ýerleşýär. Olaryň hatarynda bir adamlyk, iki adamlyk, maşgala üçin otaglary; lýuks otaglary, De lýuks (ýokary amatlygy bolan lýuks), VIP-lýuks, VIP-De lýuks, VIP-ultra lýuks, King- lýuks otaglary we Prezident apartamentleri bar. Kysymyna garamazdan, myhmanhananyň ähli otaglary dynç alyş we sagaldyş hyzmatynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýär, olarda aýratyn girelge jaýy, myhman otaglary, ýatylýan we suwa düşülýän otaglar ýerleşýär we olar diňe iş otaglarynyň sany hem-de umumy peýdaly meýdanynyň ölçegleri bilen tapawutlanýar. Otaglarynyň ýagdaýy we bezelişi häzirki zaman myhmanhana hojalygynyň kabul edilen nusgalyk derejesinde gurnalypdyr. Jaýlaryň, dälizleriň, lift hollarynyň enjamlary we bezeg materiallary: santehnikasy, diwarlar we potolok üçin panelleri, bezelen parketi, kowrolini, oboýlary, dokma önümleri dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden getirilen önümlerdir.
Otaglaryň içine türkmen halylary düşelipdir, diwarlaryň ýüzi nakgaşlyk sungatynyň özboluşy eserleri bilen bezelipdir. Ýaşalýan otaglarda mini-bar ýerleşýär. Myhmanhananyň otaglarynda umumy peýdalanylýan ulgama birigýän içki telefon aragatnaşyk ulgamy we umumy peýdalanylýan ulgama çykýan Internet hereket edýär. Jaýlaryň içinde ýaramly howa, tebigy howa çalyşygy we yşyklandyryş ulgamlary döredildi. On sany ýolagçy liftleri dynç alýanlary myhmanhananyň iki sany girelgesinden başga-da, deňze tarap geçýän çykalgalary bolan islendik ýerine eltip bilýär.
“Berkarar” myhmanhanasy 39 müň inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýär. Bu binanyň aýrybaşga duran bölekleri ýeke-täk binagärlik toplumyny düzýär, emma olar gatlarynyň sany, otaglarynyň meýdany, hyzmat ediş düzüminiň dürli-dürlüligi we aýratynlygy bilen biri-birinden tapawutlanýar. Ýokary saýlanyp duran VIP diňi ýokarky gatlarda jaýyň bölekleri bilen aýnadan we metaldan ýasalan üç sany geçiş galereýasy arkaly baglanyşdyrylandyr. Ol birinji gatdaky anfilada dälizi arkaly A2 bölek bilen, ýagny mejlisler, ylmy maslahatlar, kongresler we beýleki jemgyýetçilik çäreleri üçin mejlisler zalynyň bir gatly ýokary beýikligi bolan jaýy bilen baglanyşýar. Mejlisler zaly häzirki zaman habar beriş – aragatnaşyk enjamlary we sinhron terjime üçin niýetlenen 4 sany lingafon otaglary bilen üpjün edildi.
Belent diňde (VIP diňinde) aýratyn esasy girelge we sorag-jogap merkezi bar. Diňiň birinji gatynda VIP-bar, restoran, duşuşyklar zaly we uly bolmadyk mejlisler zaly ýerleşýär. Ikinji gatda konferens zal, metbugat üçin kompýuter stollary bolan otag, kafe-bar we dynç alyş otaglary ýerleşýär. Şol ýerde kabulhanalar zaly we Türkmenistanyň Mejlisiniň kiçi maslahatlar zaly hem bar. Jaýlaryň otaglarynyň içki dizaýny oýlanyşykly stili we çeper bezegi bolan açyk reňkleriniň sazlaşygy bilen tapawutlanýar.
VIP diňiniň ýokarky gatlary, ýagny üçünji gatdan başlap, VIP-lýuks, VIP-De lýuks we VIP- ultra lýuks kysymly myhmanhana otaglaryna bölünendir. 11-nji gatda King lýuks, 12-nji gatda Prezident apartamentleri, 13-nji gatda bolsa deňze tarap bakyp duran fransuz stilindäki kafe-restoran ýerleşýär.
Belentligi boýunça VIP diňinden soň ikinji binanyň on gatly B bölegi durýar. Ondan soňra degişlilikde sekiz, alty we dört gatlary bolan С, D, E bölekleri yzygiderlilikde ýerleşýär. Bölekleriň belentliginiň 74,3 metrden 26 metre çenli kem-kemden peselmegi şemala parlap duran Baýdagyň tolkun atýan şekiline hereketlilik berýär. Sanalyp geçilen böleklerde ikinji gatyndan başlap, ýatylýan otaglar, birinji gatlarynda bolsa dolandyryş we hyzmat ediş gulluklary ýerleşýär.
B bölegiň birinji gatynda hammam-SPA toplumy: howuz, sauna, türk hammamy, jakuzi, owkalaýyş otaglary, şol sanda gidroterapiýa bejergisi kabul edilýän otaglar ýerleşýär. Şeýle hem bu ýerde, B bölekde dünýä bodibildinginiň ülňülerine laýyk gelýän türgenleşik abzallary oturdylan fitnes zaly hyzmat edýär. Iň häzirki zaman sport esbaplary dynç alýanlara ýeňil we agyr atletika, gaýa dyrmaşmak, tigir ýaryşy, lyžaly ylgamak, şeýle-de türkmen deňizýaka howasynyň şertlerindäki sportuň täsin bolan görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýär.
Sekiz gatly С bölegiň foýesinde müşderilere syýahatçylyk agentliginiň jaýy, alyş-çalyş nokady, internet-kafe, fito-bar bolan SPA-resepşn hyzmat edýär, ol ýere gelýänlere derman ösümliklerinden özboluşly reseptler boýunça taýýarlanan melhemlik içgiler berilýär. Bu ýerde gidroterapiýa, jakuzi, owkalaýyş bejergilerini almak, türk hammamyna girmek we emeli deňiz tolkunly howza çümüp-çykmak bolar.
Alty gatly D bölekde myhmanhana girilýän ikinji esasy girelgesi bolan bir gatly çykyp duran bölek bar. Onuň girelgesiniň öňünde içki ýollaryň kesişýän ýerinde bäş sany gyzylinjigiň uçup barýan şekiliniň heýkeli döredilipdir. Şu bölegiň eýwanynda myhmanlary köpçülikleýin kabul etmek üçin niýetlenen iki sany sorag-jogap merkezi gurnalypdyr. Ol ýerde iki sany dükan we lobbi-bar işleýär. D bölek myhmanhana girilýän tarapynda aýratyn girelgesi bolan iki sany sagaldyş SPA toplumy bilen ýanaşyp gelýän içki geçelgä birigýär.
Hormatly Prezidentimiz myhmanhanany gözden geçirişiň barşynda ol ýere hem baryp gördi. SPA toplumyň birinji gatyndaky rahatlandyryjy duşlar, kislorodly bejeriji kokteýlleri bolan kafeteriý, miwe şireleri we dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhemler bolan bar, dermanhana, myhmanhana hyzmatynyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde bejeriş-sagaldyş we estetika lukmançylygynyň otaglary ýerleşdirilipdir. Olaryň hatarynda gözellik salony, kosmetika otaglary, owkalaýyş otaglary, bejeriş düzügünleri bölümi, suwasty owkalaýyş, aromaterapiýa, gidroterapiýa, infragyzyl sauna, Vichy duşy, bug-çelejikleri, bejergi palçygy, parafin ulanylýan we lukmançylyk dikeldiş usullarynyň beýleki otaglary bar.
SPA toplumynyň ikinji gatynda lukmançylyk nokady, häzirki döwrüň iň täze lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan EKG, terapiýa, diş lukmançylygy, newropatologiýa, fizioterapiýa otaglary ýerleşýär. Şeýle-de bu ýerde dynç alýnlara amatly bolar ýaly dynç alyş nokatlary bolan foýe we müşderiler psihologik taýdan dynç alar ýaly daş-töwerege syn edilip oturylýan eýwan ýerleşýär.
Hormatly Prezidentimiz şeýle hem “Ç” we “D” böleklerinde ýerleşen tolkunly howuza syn etdi.
“Berkarar” myhmanhanasynyň toplumlaýyn kompozisiýasyna goşulýan dört gatly E - bölegiň soňky gatynda banket zaly, bar, aşhana we 290 orunlyk kaşaň restoranyň beýleki gulluklary ýerleşýär. Restoranda eýwanlar we baga tarap aýratyn çykalga bar.
Döwlet Baştutanymyz şol ýerden deňiz tarapyndaky girelgeden dynç alyş merkeziniň aýratyn iki gatly binasyna tarap barýar. Bu bina myhmanhananyň arhitektura kompozisiýasyny jemleýär: şonda aýna we beton arkaly “baýdagyň” aşaky çüňküniň kenara tarap bakýandygy şekillendirilýär.
Merkeziň birinji gatynda çagalar we ulular üçin suwa düşülýän howuz, kabinaly we geýim çykarylýan ýerli akwopark bar. Dynç alýan ýaşlar üçin çagalaryň kafesi, oýun oýnalýan ýer, kinoteatr bar. Ikinji gatda ulular üçin oýun oýnalýan awtomatlar, dört hatarly bouling, bilýard oýnalýan ýer, tomusky telärli kafe-bar ýerleşýär.
Dynç alyş merkeziniň öňünde hiňňillikler we çagalaryň açyk howada oýnamagy üçin niýetlenen beýleki zatlar üpjün edilen köp bölümli meýdança ýerleşýär. Onuň ýanynda çagalar üçin dürli görnüşdäki suwly depelerden ybarat akwopark bar. Bu ýerdäki Luna-park dynç alyş merkeziniň has täsirli ýeri diýlip hasaplanýar we bu ýerde daş-töweregi ýokardan synlamaga mümkinçilik döredilipdir.
Umumy meýdany 700 inedördül metre barabar bolan suw çüwdürimleriniň ýerleşýän ýerinde dynç alyş merkeziniň desgalary gurlupdyr. Şolaryň has ulusy – “Ýyldyz” VIP – taueriň öňünde ýerleşýär. Dikligine çüwdürilýän suw 8 granly we granit-mermer bilen örtülen çanagyň gyrasyndan akyp, bu çüwdürimiň ortasyndaky ak köpürjikli güli emele getirýär.
Bu täsin toplumda daşy sütünli we üsti gümmezli hem-de üç sany telärli howla girelge bar. Binagärligiň ellin usuly türkmen binagärleriniň Parfiýa patyşalygynyň eýýamyndaky sungatyndaky gözelligini äşgär edýär we ruhubelent ýagdaýy döredýär. Çal granit düşelen we biraz çuňlaşýan bäş sany meýdançaly hem-de açyk çal granit düşelen podiumda goýlan rotondanyň daş-töwereginde bäş çeşme suwuň ýüzüne çykýar we ýene-de aşaklygyna gidýär. Belent suw çüwlürimleriniň allegoriki kompozisiýasy Türkmenistanyň bäş welaýatynyň jebisligini hem-de asyrlar boýy türkmen halkynyň güýç-kuwwatynyň we ruhubelentliginiň gözbaşynyň durmuşdaky güýjüni alamatlandyrýar.
Ýokary derejeli dynç alyş merkeziniň umumy meýdany 200 müň inedördül metrden gowrakdyr. “Berkarar” myhmanhanasynyň daş-töwereginde desgalary gurmakda dürli eýýamlardaky binagärlik usullary utgaşdyrylýar, bular arkaly türkmen binagärliginiň usullaryny täze ýörelgeler bilen baglanyşdyrylýar.
Toplumyň rekreasion zolagynda demirbeton, granit, mermer, kompozitli materiallar, çarçuwaly ulgamlar, membramaly örtükler, asma gurluşlar, çeýe polat, modully gurluşygyň beýleki elementleri geometriki taýdan täsirli görnüşlerde we döredijilik dizaýnyna mahsus erkinlik arkaly ulanylypdyr. Ösümlikler bilen örtülen, dürli ölçegdäki we görnüşlerdäki pergollar, “Ýelken”, “Palma” diýlip atlandyrylýan salkyn telärler, nusgawy görnüşdäki gümmezli dalbarlar, kafeteriler, üsti ammonitli nowanyň aýlawyny ýatladýan üçekli diskoteka muňa mysal bolup biler.
Myhmanhananyň esasy basgançagyndan birgeňsi suw çüwdürimli, kölli, bezegli görnüşe getirilen agaç nahallarynyň göni hatarlary bilen jäheklenen we gezelenç edilýän ýerli seýilgähiň keşbi aýdyň görünýär. Gülli parterleriň we aýmançalaryň owadan şekilleri we bulardaky täsirli reňkler daş-töwerege bezeg berýär. Serwiler, derekler, zeýtun agaçlary, ýaş platanlar, eldar sosnalary, tutlar, armytlar, amerikan akasiýalary we beýleki birgeňsi baglar seýilgähiň görnüşiniň täsirligini artdyrýar. Dekoratiw suw akymlarynyň boýunda tallar, bambuklar bar. Pyýadalar üçin niýetlenen ýodalaryň iki tarapynda arçalar, zirk, kizil oturdylypdyr.
“Berkararyň” daş-töweregini häzirki zaman binagärliginiň we seýilgäh sungatynyň özboluşly nusgalary: suw çüwdürimleri, uly we kiçeňräk dalbarlar, syn ediş meýdançalary, salkyn telärler, meýdany 2,5 müň inedördül metrden gowrak suw howdany hem-de dynç alyş düzümine degişli beýleki desgalar bezeýär.
Deňiz tarapdan ýokardan gaýdýan emeli suw akymy myhmanhananyň keşbini bezeýär, şol suw akymynyň kenarlary altyn çaýylan zynjyrlar bilen özara baglanyşdyrylan yşyklandyryjyly balýustrada goýlupdyr. Emeli suw akymynyň ugrunda goýy gök plita örtülipdir we bezelen köprijikler, daşly gaýaly, gowakly we şaglawukly kiçeňräk adaly köljagazlar bar. Kenaryň ýakasynda we suwy akýan köllerdäki adalarda matadan edilen telärler bar, bu ýerde oturgyçlar goýlupdyr, emeli derýanyň düýbünden çogup çykýan suw çüwdürimler bilen bezelen amatly kafeler gurlupdyr.
Derýanyň ajaýyp görnüşiniň üstüni bu ýere gelýänlere türkmen we daşary ýurt aşpezliginiň ýeňil tagamlaryny hödürleýän “ýaşyl” kafe, uly VIP pergola – kosmiki bezeg görnüşindäki aýlaw telärjikler we hytaý kafeterisi ýetirýär. Onuň şekili iki gatly ybadathana görnüşinde ýerine ýetirilipdir. Bu jaýyň üçeginiň ýokarlygyna eplenen täsin burçlary gündogar mymansöýerliginiň çaý içişlik däplerine laýyklykda döredilipdir. Bu ýerde öz islegiň boýunça meşhur hytaý gül çaýyny sargyt edip bolýar. Bu ýerde şeýle çaýlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Olaryň arasynda ösümlik köklerinden we otlardan taýýarlanylýan “uzak ömrüň eliksiri” diýilip atlandyrylýan çaý öz bejeriş we ýaşaldyş aýratynlyklary bilen ýüzýyllyklaryň dowamynda bellidir.
Aýlaw görnüşindäki girelge derwezesiniň, içki ýollaryň we ýan ýodalarynyň bezeg çyralarynyň, “Berkarar” dynç alyş merkeziniň ähli kömekçi jaýlarynda we inženerçilik desgalarynda hem ajaýyp bezeg usullary ulanylypdyr. Ýarym ýerzemin görnüşindäki 100 awtoulaga niýetlenen awtoduralganyň hem özboluşly bezegi bar. Onuň bassyrmalary emeli gök ot örtükleri bilen ýaşyl ýapgytlary ýadyňa salýar.
Dynç alyş zolagynyň çäklerinde häzirki zaman sport desgalary hereket edýär. Bu ýerde tennis kortlary, ýörite raketka bilen ýekelikde ýa-da jübütlikde ýaryşylýan skwoş diýen pökgüli oýun üçin meýdança, golf oýnamak üçin onsekiz nokatdan ybarat bolan kiçi meýdança bar. Ähli sport desgalary dünýä standartlaryna we dynç alyş merkeziniň naýbaşy derejesene laýyk gelýär. Ýaşyl görnüşe öwrülen mini-golf üçin meýdançalara iki suw howdanynyň arasyndan aýlanyp akýan akaba çekilipdir. Olaryň birinde suwy ýokary galdyrýan enjam, beýlekisinde bolsa çüwdürim gurnalypdyr. Bezeg suw desgalarynyň owunjak damjalary sport meýdançalaryna aeroionlary sepeleýär. Çyglandyrylan, ionizirlenen howa saglyk üçin peýdaly bolup, türgenleri şähdiaçyk we keýpiçag edýär.
Köpugurly ýokary derejeli “Berkarar” dynç alyş merkezi sammitleri, ylmy simpoziumlary, işewür maslahatlary, halkara konferensiýalaryny we kongresleri geçirmek üçin ähli zerur şertler bilen üpjün edilendir. Onuň meýdançalarynda festiwallary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, konsertleri guramak üçin ajaýyp münkinçilikler bar.
Tebigy plýaž hem ähli amatlyklara eýedir. Myhmanhanadan deňziň kenaryna çenli giň pyýada ýodajyklaryň ikisi çekilipdir. Olaryň biri gezelenç edilýän gaýyklaryň we katerleriň duralgasyna baryp ýetýär. Bu gaýyk duralgasy kompozit önümlerinden bolan typdyrmaýan tagta bilen örtülendir hem-de günden goraýan telärler we amatly oturgyçlar bilen üpjün edilendir. Häzirki zaman gurnama-bezeg materiallaryndan guralan türkmen ak öýüniň görnüşi suwa düşülýän kenara milli öwüşgün çaýýar.
Türkmen diliniň köpmanyly “berkarar” (“döretmek”, “pugtalandyrmak”) sözüni göniden-göni başga dillere terjime etmek ýeňil däl. “Berk” sözi hem köp many öwüşginlerine eýedir. Olardan esasysy - güýjüň, saglygyň we berkligiň daýanjy.
Türkmenistanyň Prezidenti bu kaşaň toplumyň çäklerini synlamagy tamamlandan soň dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugraýar.
Şeýlelikde Hazar deňziniň kenarynda halkara derejeli syýahatçylyk we dynç alyş merkezi -- "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça ägirt uly taslamany durmuşa geçirmegiň ýolunda örän möhüm ädim ädildi. Dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we dünýäniň ähli ýurtlary bilen oňyn hyzmatdaşlygy berkitmekde we ösdürmekde Türkmenistanda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň aýdyň netijesi bolan bu deňi-taýy bolmadyk taslama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe yzygiderli durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň aýdyň nyşanydyr.