Ï Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary ýurdumyzyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni bilen gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary ýurdumyzyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni bilen gutlady

view-icon 794
Şu gün Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düzümleriniň serkerdeleri, şeýle hem deňizçi harby talyplar we deňizçi esgerler bilen duşuşdy.

Ýygnananlary şu gün bellenilýän Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni bilen gutlap, milli Liderimiz olaryň öňünde möhüm we jogapkärli wezipäniň -- eziz Watany goramak ýaly mukaddes borjuň durýandygyny belledi. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Harby-Deňiz Güýçleriniň harby gullukçylary Oguzhan, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Görogly beg ýaly halkymyzyň taryhynda şöhratly yz galdyran merdana ata-babalarymyzyň mukaddes däplerini dowam etdirijiler bolup durýandygyny, şoňa görä-de, olaryň öz borjuna we Watan öňünde eden kasamyna wepaly bolmalydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň taryhynda deňizde ýüzmek sungaty seljuklar döwründen başlandy we biziň günlerimizde üstünlikli dowam edýär. Hazar deňziniň sebitde möhüm geosyýasy we geoykdysady orny eýelemek bilen, Hazarýaka ýurtlary üçin ägirt uly ähmiýeti bardyr. Bu deňiz suwunyň üstüniň meýdany, takmynan, 340 müň inedördül kilometr bolan, dünýäde kontinentiň içindäki örän iri deňiz bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bu deňizde bekre balyklarynyň dünýädäki gorlarynyň 90 göterimi jemlenendir. Hazar deňziniň haýwanat we ösümlik dünýäsi köp görnüşlidir. Deňizde Halkara Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlaryň 20-den gowragy ýaşaýar we ösümlikleriň 20 görnüşe golaýy ösýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hazar deňzinde we onuň daş-töweregindäki çäklerde uglewodorod serişdeleriniň örän köp gorlarynyň bardygy hemmä mälimdir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu baýlyklaryň biziň ýurdumyz we Hazarýaka ýurtlary üçin ykdysady we durmuş ösüşi nukdaýnazaryndan strategik ähmiýeti bardyr.

Biziň ata-babalarymyzdan galan mirasy - deňizde ýüzmek sungatyny üstünlikli ösdürmek size - Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň serkerdelerine we deňizçi esgerlerine baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz şu maksatlara ýetmek üçin, öňi bilen berilýän bilimiň hilini, watançylyk terbiýesini, beden taýýarlygyny gowulandyrmaga we harby-hünär endiklerini ösdürmäge aýratyn üns bermek zerurdyr, serkerdeler we deňizçi esgerler gumanitar-söweşjeň taýyarlyk boýunça endiklerini hem-de goranmak ukybyny üznüksiz ösdürmelidir diýip nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary şu dabaraly waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de harby gullukçylara berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, mähriban Watanymyzyň şan-şöhratynyň has-da artmagynyň hatyrasyna jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw edip, olaryň öňünde goýlan wezipeleri abraý bilen berjaý etjekdigine berk ynam bildirdi.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimize harby gullukçylaryň ýaşaýyş we gulluk şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda edýän aladasy üçin tüýç ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar we öz öňlerinde goýlan wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine ynandyrdylar.

Hoşniýetli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz duşuşyga gatnaşyjylara gulluklarynda uly üstünlikler arzuw etdi we bu ýerden ugrady.