Şanly senelerimiz mynasybetli täze desgalaryň açylyş dabaralaryny guramak indi asylly däbe öwrüldi. Ine, şu gün hem Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň dokma pudagynyň gaýtadan işleýän senagatynyň täze desgasy bolan, Aşgabat dokma toplumynyň ikinji nobatdakysynyň açylyş dabarasy boldy.
Diňe bir GDA ýurtlarynyň çäklerinde däl-de, eýsem, tutuş dünýäde iri pudaklaýyn kärhanalaryň biri bolan bu häzirki zaman toplumy doly önümçilik kuwwatyna eýe bolmak bilen, dünýäniň dokma ulgamynda öz ornuny pugtalandyran ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler we ykdysady mümkinçiligini dünýä aýan edýär. Şeýlelikde, bu desganyň açylmagyny ähmiýetli waka hökmünde görkezmek bolar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýokary tehnologiýaly eksport önümçiliginiň binýadynda kemala gelen dokma pudagy milli bähbitlerimizi hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyň umumy meýillerini nazara almak bilen, ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini alamatlandyrýar. Diňe soňky birnäçe ýylyň dowamynda pudagyň düzümine tebigy çig maldan bäsdeşlige ukyply önüm öndürýän täze kärhanalaryň onlarçasy guruldy we olar dünýäniň önümçilik pudaklarynyň bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrýarlar. Şunuň ýaly iri kärhanalaryň hatarynda her ýylda 38 müň tonna barabar ýokary hilli ýüplükler öndürýän Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň we Türkmenabadyň pagta egirji fabriklerini, garyşyk ýüplükleriň, mata we trikotaž önümçiligi boýunça Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabyndaky toplumy görkezmek bolar. Ol önümler häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlaryna iberilýär. Pudagyň ýene bir kuwwatly kärhanasy bolan ýokary innowasiýaly önümleri - gatyşyk ýüplügi, dokma matalaryny öndürýän Ruhabadyň önümçilik toplumynyň işe girizilmegi bilen taýýarlanylýan önümleriň görnüşleri ep-esli artdyryldy. Bu bolsa pudagyň eksport kuwwatyny has-da artdyrar.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline barýan Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Aşgabat dokma toplumynyň ikinji nobatdakysynyň işe girizilmegi ýokary hilli önümleriň öndürilişiniň möçberiniň we dürli görnüşli taýýar dokma önümleriniň eksport mukdarynyň artmagyny şertlendirer.
Häzirki döwürde bu ýerde dokma şäherçesi kemala geldi. Bir ugra düzülen kuwwatly senagat desgasy bolan Aşgabat dokma fabrigi lukmançylyk pamygyny we kosmetiki serişdeleri öndürýär. Ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň Modalar öýi we söwda merkezleri biziň ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň öňi bilen gelip görýän ýerine öwrüldi.
Ýeri gelende Aşgabat dokma toplumynyň birinji nobatdakysynyň açylyş dabarasynyň 2007-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilendigini bellemeli. Munuň özi şol wagt döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda pudakda açylan ilkinji desga boldy. Milli ykdysadyýetimiziň bu pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň we ony döwrebaplaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, pudagyň ösüşine kuwwatly itergi berildi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dokma pudagyna degişli kärhanalaryň 70-den gowragy hereket edýär.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň buýurmasy esasynda “Folkestone Holding Inc” kompaniýasynyň (Britan Wirjin adalary) bina eden bu senagat kärhanasynyň umumy tutýan meýdany 43 gektara barabar bolup, onda önümçilik we aýnadan ýasalan diwarlary bolan üç gatly edara binasy, söwda merkezi, ýaşaýyş jaýlary, birnäçe düzümleýin desgalar we kärhananyň ýylylyk-suw üpjünçiligini üpjün edýän bina bar. Häzirki döwürde toplumyň ýanaşyk ýerlerinde oturdylan bag nahallary, dürli güller we bezeg ösümlikleri töwerege özboluşly görk berýär.
Paýtagtymyzdaky bu dokma toplumy Baýramalydaky dokma toplumy bilen bir hatarda, reňklenen tüýjümek matalaryň hem-de olardan taýýarlanylýan taýýar önümleriň köp görnüşleriniň önümçiligi boýunça iri önümçilikler diýlip hasaplanýar. Dünýäniň iň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen toplum dünýä bazarynda arassa çig maldan taýýarlanylýan önümleri eksport edýän kärhana hökmünde tanalýar. Onuň önümleri halkara güwälendiriş ulgamynyň talaplaryna doly laýyk gelýär. Toplumyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 5 müň 200 tonna aşgarlanmadyk we 4 müň 900 tonna reňklenen tüýjümek matalara, halatlaryň we dürli ölçegdäki polotensalaryň 19 million sanysyna barabardyr.
Toplumy mundan beýläk-de gurmagyň we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmagyň çäklerinde desgada iň täze önümçilik kuwwatlyklary ornaşdyryldy. Toplumda dokma, boýag we tikinçilik bölümleri tüýjümek matalaryň hem-de taýýar önümleriň önümçiligi bilen bir hatarda, ýokary hilli nah matalardan dürli görnüşdäki harytlaryň önümçiligi ýola goýlupdyr. Şeýlelikde, Aşgabat dokma toplumy gutarnykly önümçiligi we bir wagtyň özünde dürli görnüşli önümleri öndürmäge niýetlenen iri kärhana bolmak bilen, içerki bazaryň islegini doly kanagatlandyrýar we eksport önümçiligini ugur edinýär.
...Şu gün säher bilen toplumyň çägi baýramçylyk lybasyna beslenipdir. Şanly waka mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň biziň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işerwürler ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ertir türkmen paýtagtynda açylýan “Energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş—Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň geljegi” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen daşary ýurtly myhmanlar hem bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy täze toplumyň öňündäki meýdançada saklanýar. Dabara gatnaşyjylar milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşylaýrlar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, önümçilik binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlara, “Dokmaçylar” folklor-etnografik toparynyň ýerine ýetiren aýdymly tanslaryna tomaşa edýär.
Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz täze desganyň toý bagyny kesýär. Şeýlelikde, dokma toplumynyň ýene-de bir önümçilik binýady ulanmaga berildi.
Baýramçylyk äheňinde bezelen binanyň eýwanynda toplumyň işgärleri önümçilik kuwwatlyklary bilen tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan nah we ýüpek matalardan dokalan lybaslaryň nusgalarynyň görkezilişini guradylar. Podiumyň ýanynda türkmen dokmaçylary tarapyndan öndürilen önümler goýlupdyr. Bu ýerde elin ýüpegi taýýarlamak üçin çig mal bolup hyzmat edýän pileden başlap, dürli sapaklar, matalar we taýyn önümler bar.
Türkmen dizaýnerleri dabara gatnaşyjylara möwsümdäki moda mahsus zatlary görkezdiler. Ulular we çagalar üçin niýetlenen lybaslarda olaryň ýakymlylygy bilen bir hatarda, reňkleriň, milli däpleriň we häzirki zaman meýilleriniň ajaýyp sazlaşygy duýulýar. Lybaslardaky özboluşly nagyşlar we keşdeler olara täsirli öwüşgin çaýýar. Zergärçilik önümleriniň dürli görnüşleri bilen bezelen lybaslaryň keşbinde gaýtalanmajak görnüş emele gelýär. Ýygananlar türkmen dizaýnerleriniň täze we geljegine uly umyt baglanýan modellerini birnäçe gezek el çarpmak bilen oňladylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze önümçilik bilen tanyşmaga girişýär.
Dokma önümçiliginde iň soňky ylmy işläp taýýarlamalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, ekologiýa taýdan arassa we ýokary-ykdysady netijeleri berýän enjamlaryň peýdalanylmagy häzirki wagtda bäsdeşlige ukyply önümleri taýýarlamagyň möhüm şerti bolup durýar. Aşgabat dokma toplumynyň täze kuwwatlyklary her ýylda 55,8 million inedördil metr aşgarlanmadyk we 71 million inedördil metr örän berk boýalan hem-de tekiz nah matalary öndürmäge mümkinçilik berýär. Soňra olardan 19,8 million sany taýýar tikin önümleri we ýorgan-düşek toplumlary taýýarlanylar.
Kärhananyň işgäri döwlet Baştutanymyzy ýörite dwarlykda şekillendirilýän önümçilik tapgyry bilen jikme-jik tanyşdyrdy, toplumyň dokma, reňkleýji- bezeýji we tikinçilik bölümleri bar. Toplumyň önümçilik bölümlerinde dünýä belli öndürijiler bolan “Tusudakoma”, “Juki”, “Barudan”(Ýaponiýa), “Bruсkner”, “Kusters”, “Teхpa”, “Osthoff” (Germaniýa), “Staubli” (Şweýsariýa), “Reggiani”, “Arioli”, “Mario Сrosta”, “Fimat” (Italiýa) ýaly kompaniýalaryň 2013-nji ýylda öndüren täze enjamlarynyň oturdylandygy baradaky maglumatlara aýratyn üns berildi. Ýokary önümçilik kuwwwaty we köpugurlylygy bilen tapawutlanýan bu enjamlar dört ýyldan bir gezek geçirilýän “ITMA-2011” dokma enjamlarynyň halkara sergisinde görkezildi. Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilen bu serginiň işine türkmen hünärmenleri hem gatnaşydar. Hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijesinde ýurdumyzyň dokma önümçiligi üçin zerur bolan ýokary tehnologiýaly enjamlary getirmäge oňyn mümkinçilik döredi.
Milli Liderimiz toplumyň dokma bölüminiň taýýarlaýyş bölümine bardy. Bu ýerde ýurdumyzyň nah ýüplük öndürýän kärhanalaryndan gelip gowşan ýüplükler ýörite enjamlarda gaýtadan işlenilip, olara zerur bolan hil derejesi, berklik, çeýelik berilýär. Bölümiň ýüplük görnüşindäki ýyllyk sarp edijiligi 13 müň 100 tonna barabardyr. Onuň esasy bölegi Aşgabat şäheriniň Abadan etrabyndaky nah ýüplük fabriginden gelip gowuşýar. Häzirki döwürde bu kärhananyň önümleri ýurdumyzyň daşynda hem giň meşhurlyga eýe boldy. Onuň ýüplükleriniň görnüşleri tekiz, inçe we berk bolmak bilen, dokma önümçiliginde giňden ulanylýan serişdelerdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dokma önümçiligi, bu ýerde oturdylan we halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmäge niýetlenen enjamlar bilen tanyşdy. Bu dabara gatnaşýan belli türkiýeli işewür bildirilen ynam üçin döwlet Bştutanymyza hoşallyk bildirip, mundan beýläk-de ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän önümleriň önümçiligi boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine örän jogapkärli gatnaşjakdygyna ynandyrdy. Oňyn hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagynyň möhümdigine ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz işewüre binäçe tabşyryklary berdi.
Bu ýerdäki uly meýdançada ozal hereket edýän dokma enjamlarynyň 50-siniň üstüni ýene-de tüýjümek matalaryň önümçiligi boýunça “Tsudakoma” ýapon firmasynyň önümleri bolan 210 sany täze enjam ýetirdi. Olaryň hatarynda ýokary hilli matalary öndürmäge niýetlenen iň täze enjamlaryň köp görnüşleri bar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärhananyň boýag bölümine bardy, bu ýerde aňrybaşy derejede awtomatlaşdyrylan agardylan, tekiz boýalan önümleri taýýarlamaga mümkinçilik berýän önümçilik ulgamlary we enjamlar ýerleşdirilipdir.
Bu bölümiň hünärmeni hormatly Prezidentimize önümleri deslapky tehnologiýa gözegçiliginden geçirip taýýarlamak we boýag işleri ýaly dürli amallaryň yzygiderliligi barada jikme-jik gürrüň berýär.
Italiýanyň öňdebaryjy önüm öndüpijileriniň iki sany “Reggiani” enjamynyň kömegi arkaly 12 görnüşli reňkli matalar öndürilýär. Uly göwrümli nagyşlary, suratlary mata geçirmäge mümkinçilik berýän enjamyň kömegi bilen basylýan nagyşlaryň we gülleriň göwrümi 3 inedördül metrden gowrak bolýar. Bu täze tehnologiýalaryň matalaryň ýüzüne milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň şekillerini we milli nyşanlarymyzy goýmaga mümkinçilik berýändigini aýratyn bellemeli.
Täze tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy netijesinde bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň önümçiligi ýola goýuldy. Dabara gatnaşyjylara döwletimiziň bu mukaddes nyşanynyň taýýarlanylyşyny synlamaga mümkinçilik döredildi.
Bezegiň ýörite aýratynlaklaryny we usullaryny ulanmak arkaly matalara geçirilýän boýaglaryň güne durumlylygy has-da ýokary bolýar. Italiýanyň “Arioli”, “Mario Сrosta” firmalarynyň öndürýän köpsanly enjamlary ýuka matalaryň ýumşaklygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň uzakmöhletleýin durumlylygyny şertlendirýär. Ýöriteleşdirilen “Fimat” enjamy arkaly boýaglar ýörite bellenilen usul boýunça taýýarlanylýar.
Milli Liderimiz bu bölümiň iş usullary, onda oturdylan enjamlaryň aýratynlyklary bilen içgin tanşyp, bu ýerde ulanylýan boýaglaryň durumlylyk derejesini ýokarlandyrmak, görnüşlerini artdyrmak, boýaglary häzirki zaman usullaryny we milli ýörelgeleri utgaşdyryp ulanmak arkaly işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärli, toplumlaýyn we ylmy esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz esasy maksadymyz bu ýerde öndürilýän matalaryň we beýleki önümleriň sarp edijileriň talabyna laýyk gelmegini üpjün etmekden ybaratdygyna ünsi çekip, olaryň bezeg derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady.
Toplumyň öz önümleri we Baharlynyň dokma kärhanasynda öndürilen nah matalar arkaly, bu kärhananyň boýag önümçiligi aşgarlanmadyk matalar bmlen zerur möçberde üpjün ediler.
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň dokma toplumynyň ikinji nobatdakysy bilen tanyşmagyň barşynda, dizaýnerlik bölümine bardy, bu ýerde ýaş zenanlar kompýuterlerde gerekli reňkleri saýlap alyp, milli çeperçilik mekdebiniň ýörelgelerine görä keşpleri we şekilleri hyjuw bilen döredýärler. Şunda milli Liderimiz ajaýyp ahalteke bedewiniň şekiline aýratyn üns berdi. Milli Liderimiz şunuň ýaly önümleriň görnüşlerini artdyrmagyň we oňat hilli taýýarlamagyň zerurdygyny aýdyp, şunuň ýaly önümlere elmydama sarp edijiler, şol sanda daşary ýurtlular tarapyndan uly isleg bildiriljekdigini aýtdy. Galyberse-de, döwrebap enjamlar önümi buýurma boýunça özboluşly nusgada işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Boýag bölüminde önümçilik ýagdaýyna layýklykda, taýýar bolan matalar tikinçilik bölümine ugradylýar. “Teхpa” firmasynyň awtomatlaşdyrylan ulgamynyň täze tehnologik enjamlarynyň Türkmenistanda ilkinji gezek ulanylýandygyny bellemeli. Şunda milli Liderimiz taýyn önümiň gaplanyşynyň hiline, şeýle hem, bu enjamlar ýorgan we ýassyk daşylaryny bellenilen ölçegler arkaly biçmek bilen bir wagtyň özünde onuň gyralaryny tikişine üns berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik toplumynyň işgärleri bilen söhbetdeş bolan mahalynda, olar türkmen döwletiniň baştutanyna dokma pulagyny ösdürmek, ýokary öndürijilikli zähmet çekmek, şeýle hem dokmaçylaryň göwnejaý durmuşy we dynç alşy üçin oňaýly şertleri döretmek barada içgin alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Döwlet Baştutanymyz dokma toplumynyň täze önümçiligi bilen tanşandan soňra, sergi merkezine çagyrylýar. Taslamany düzüjileriň göz öňünde tutuşy ýaly, uly suw çüwdüriminiň öňündäki meýdançada aýnaly, aýratyn bina döredilipdir. Sergi merkeziniň öňünde çagalaryň aýdym-saz toparynyň çykyşy guraldy. Sergide Aşgabadyň dokma toplumynda öndürilýän önümleriň görnüşleri, şeýle hem türkmen dokmaçylarynyň halkara bäsleşiklerinde eýe bolan diplomlary we sylaglary görkezilýär. Bu güwänamalar önümçiligi dolandyrmak we önümleriň hiline gözegçilik etmek, daşky gurşawy goramak we beýleki ugurlardaky alnyp barylýan netijeli işler üçin berildi.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri döwlet Baştutanymyza beýik baýramçylygyň öňüsyrasynda täze desgalaryň açylyşy mynasybetli guralýan dabaralara, şol sanda şu günki dabara gatnaşmaga mümkinçiligiň döredilendigi üçin hoşallyklaryny beýan edip, bu önümçiligiň geriminiň we öndürilýän önümleriň hiliniň diplomatlary haýran galdyrandygyny, eýýäm häzirki wagtda daşary ýurtlaryň iri söwda firmalaryndan buýurmalaryň gelip gowuşýandygyny nygtadylar.
Döwlet Baştutanymyz öz gezeginde biziň ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalar bilen gyzyklanýandyklary üçin diplomatlara minnetdarlyk bildirdi we olary öňde boljak dabaralara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.
Dabara Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň çagalar toparynyň täsirli we şadyýan çykyşy bilen jemlendi.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary täze desganyň gurlup ulanmaga berilmegi hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän mukaddes Gurban baýramy bilen gutlap, olara Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we Ýaşulular maslahatynda duşuşjakdygyna ynam bildirdi. Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.