Ï Türkmenistan – BMGÖM : parlamenti ösdürmegi goldamak boýunça maksatnama
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – BMGÖM : parlamenti ösdürmegi goldamak boýunça maksatnama

view-icon 835
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Mejlisi tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde geçirilen duşuşyk ykdysady ösüş ulgamynda halkara tejribesini alyşmaga hem-de ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça döwlet özgertmelerini geçirmegiň iş tejribesine bagyşlandy.

Gün tertibi boýunça milli parlamentiň deputatlarynyň we hünärmenleriniň öňünde halkara bilermeni hökmünde BMGÖM-niň maslahatçysy Algirdas Petkýawiçus çykyş etdi.

Duşuşyk Türkmenistanyň Mejlisiniň we BMGÖM-niň “Parlamenti ösdürmegi goldamak boýunça maksatnamanyň” çäklerinde guraldy, oňa gatnaşmak üçin Maliýe ministrliginiň, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Strategiki meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň wekilleri, Ahal welaýatynyň geňeşleriniň arçynlary hem çagyryldy.

“Tegelek stol” görnüşinde geçirilen duşuşykda bellenip geçilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda bolup geçýän uly möçberli özgertmeleriň ýokary depgini parlament işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, dünýäniň kanunçykaryjylyk iş tejribesinde toplanan iň oňat tejribäni öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň, daşary ýurtlar bilen, şol sanda BMG we onuň düzümleri bilen özara gatnaşyklaryň çäklerinde parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigi bilen şertlenýär, munuň özi biziň ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň Mejlisi we BMGÖM tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýän taslama biziň ýurdumyzyň parlamentarileriniň we deputatlarynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmagy hem-de ýokarlandyrmagy, kadalaşdyryjy-hukuk taýdan düzgünleşdirmegi, şol sanda ýerli wekilçilikli häkimiýet babatda halkara standartlaryny öwrenmegi maksat edinýär.

Duşuşygyň barşynda bu ýere ýygnananlar ykdysady ösüşiň umumy ýörelgeleri we kanuna laýyklyklary, sebitleri ösdürmegiň taglymynda we iş tejribesinde häzirki zaman meýilleri, strategik taýdan meýilleşdirmek, býujet işi, salgyt, durmuş hyzmatlary meselelerinde ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wezipeleri, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmäge baha bermegiň halkara iş tejribesinde bar bolan usullary bilen tanyşdyryldy. Maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň ornuny işjeňleşdirmek meselelesine aýratyn üns berildi.