Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 763
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Ol gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. 2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň maliýe-ykdysady we bank ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynyň, 2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň maliýe-ykdysady we bank ulgamyny ösdürmek boýunça çäreleri geçirmegiň meýilnamasyny, şeýle hem bu ulgamyň guramalarynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen beýleki döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi barada habar berildi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada durup geçip, “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksadynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlarynyň ýörelgelerine laýyk gelýän buhgalterçilik hasaba alnyşynyň milli ulgamyna geçmek boýunça görülýän çäreler barada jikme-jik habar berildi. Bellenilişi ýaly, Maksatnamada degişli kadalaşdyryjy–hukuk namalaryny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hökümetiň Baştutanynyň orunbasary döwlet guramalary, kärhanalary we edaralary üçin buhgalterçilikli hasaba alnyşyna esasy serişdeleriň gymmatyny bellemek hakyndaky resminamany taýýarlamak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň guramalarynyň we edaralarynyň maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, bu ulgamda amala aşyrylýan, ýurdumyzyň maliýe ulgamyny pugtalandyrmaga gönükdirilen işiň uzak geljeki üçin türkmen döwletiniň gülläp ösmeginiň berk esasyny döretmäge, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysady ulgamyň edaralarynyň öňünde durýan gaýra goýulmasyz wezipeler barada aýdyp, işgärleri taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak, dünýäniň esasy maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly halkara tejribesini giňden ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, ilata Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary babatda işlenip taýýarlanylan täze kanunçylyk namalarynyň düýp mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan gündelik işi hakynda habar berdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Mejlisiň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwany we ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Daşoguz şäherinde Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça amala aşyrýan işleriniň netijeleri hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda amala aşyrylýan daşary we içeri syýasaty, döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak babatda parlamentiň kanun-çykarylyjylyk işiniň ähmiýetini belläp, häzirki döwürde döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen, täze kanunçylyk resminamalaryny mundan beýläk-de işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz demokratik dünýewi, hukuk döwletiniň okgunly ösüşiniň binýatlaýyn esasy milli kanunçylygy kämilleşdirmek, jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm ugurlarynda özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, ykdysadyýet, ylym we medeniýet ulgamlaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek we goramak boýunça görülýän çäreleriň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge degişli meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, onuň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Aşgabatda “Energiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş—Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň geljegi” atly halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň biziň ýurdumyzyň daşary ýurtlarda täze diplomatik wekilhanalaryny we konsullyk edaralaryny açmak barada beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy. Hususan-da, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasynda /Seul şäheri/ Ilçihanasyny we Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasynda /Aktau şäheri/ Konsullygyny açmaga degişli alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalary hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk hem ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde-de abraýly sebit we halkara guramalarynyň we düzümleriniň ugurlary boýunça giň netijeli hyzmatdaşlyk strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine gyşarnyksyz eýerjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz halkara maslahatyna ünsi çekip, ony ýokary derejede guramak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu forum döwrüň möhüm meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak, sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüş üşin şertleri üpjün etmek, şol bir wagtda-da gatnaşyklarynda häzirki wagtda täze itergi berlen biziň ýurdumyz bilen ÝHHG-niň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, umumy tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmäge hyzmat etmelidir. Bular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi nukdaýnazarynda bu maslahatyň ähmiýetini nygtady.

“Türkmenistanyň Koreýa Respublikasynda /Seul şäheri/ Ilçihanasyny açmak hakyndaky” Permana gol çekip, hormatly Prezidentimiz munuň soňky ýyllarda täze hile we mazmuna eýe bolan netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka öwrüljekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasynda /Aktau şäheri/ Konsullygyny açmaga degişli Karara gol çekdi hem-de bu ädimiň iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan, däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy sebitleriň derejesinde giňeltmäge, köpasyrlyk dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanan türkmen-gazak döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge hyzmat etjekdigini nygtady.

Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek nukdaýnazarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we diplomatik korpusyň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilýän işler we olary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna gabatlanyp, möhüm desgalaryň dabaraly açylyşyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gurluşyk senagatymyzyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine ynamly çykýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Köpsanly gurluşyk desgalaryny gurmagyň artýan depginleri we pudagyň ep-esli berkän maddy-enjamlaýyn binýady muňa şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gurluşygyň hilini ýokarlandyrmak, iň täze ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň, işleriň möhletleriniň berk berjaý edilmeginiň esasynda ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini mundan beýläk-de giňeltmek we möçberini artdyrmak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlyk baýramynyň hormatyna açylmagy bellenilýän täze desgalarda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, olaryň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegine göwnejaý taýýarlyk görmek barada tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji P.Taganowa söz berdi. Ol paýtagtymyzyň günortasynda bina edilen “Ýyldyz” myhmanhanasyny dabaraly açyp, ulanyşa tabşyrmaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyza Aşgabatda 17-19-njy oktýabrda geçiriljek Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň döwletimiziň Garaşsyzlyk gününiň 22 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisine ýurdumyzyň degişli düzümleri hem-de edaralary tarapyndan ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 18-19-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Milli Liderimiziň garamagyna, dünýäniň 20 döwletinden iri maliýe guramalarynyň we kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşjak forumynyň iş meýilnamasy hödürlenildi. Onuň gün tertibine nebitgaz , senagat, energetika pudaklarynda we ulag-aragatnaşyk toplumynda, syýahatçylyk ulgamynda we beýlekilerde maýa goýum hyzmatdaşlygynyň meseleleri giriziler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, öňde boljak çäreleri, şol sanda binagärlik açylyşyny ýokary derejede guramak üçin hemme çäreleri görmegi tabşyrdy. Bu wakalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, biziň döredijilikli özgertmelerimiziň, üstünliklerimiziň belent ruhuny özünde şöhlelendirmelidir. “Ýyldyz” myhmanhanasynyň açylmagy Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň iň röwşen wakalarynyň birine öwrülmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Sergisi we halkara maýa goýum maslahaty barada aýtmak bilen, milli Liderimiz şeýle wekilçilikli çäreleriň Türkmenistanyň Garaşsyz ösüşiniň üstünliklerini giňden görkezmäge hem-de wagyz etmäge, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny durmuşa geçirmäge ýardam etmäge, Watanymyzyň önüm öndürijilerini höweslendirmäge, halk hojalygynyň hemme pudaklaryna daşary ýurt maýalaryny çekmäge we daşary ýurt işewürleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hyzmat etmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz önümçilik we söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny we görnüşlerini işläp taýýarlamaga gönükdirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň we maýa goýum maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini we netijeli işini üpjün etmek boýunça wise-premýere tabşyryklary berdi.

Mejlisde çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow öz hasabatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy we dowam edýän pagta ýygymynyň hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini güýçlendirmek maksady bilen görülýän çäreler bilen baglanyşykly meseleleri beýan etdi. Şeýle hem wise-premýer Lebap we Daşoguz welaýatlarynda şaly ýygymynyň barşy we güýzki bag ekmek möwsüminiň çäklerinde ýurdumyzyň hemme sebitlerinde amala aşyrylýan köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler ýurdumyzyň ýer eýeleriniň öňünde durýan esasy wezipäniň ýetişdirilen pagta hasylynyň hemmesini dolulygyna ýygnap almakdan we täze ýylyň bereketli hasyly üçin şu günden düýbi tutulýan güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamakdan ybaratdygyny belledi. Bu oba hojalyk möwsümleriniň örän möhümdigini nygtap, döwlet Baştutanymyz welaýatlarda alnyp barylýan meýdan işlerini hemişe gözegçilikde saklamagy wise-premýerden talap etdi.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen giň möçberli maksatnamanyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, milli Liderimiz mähriban tebigatymyza, daş-töweregi goramaga aýawly çemeleşmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugrudygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere şäherleriň we obalaryň abadanlaşdyrylmagy we bagy-bossanlyga bürelmegi, täze seýilgähleriň we tokaý zolaklarynyň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem ekilen baglara ideg etmek boýunça işleriň yzygiderlilik häsiýetini üpjün etmek babatba tabşyryk berildi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasy” durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de gözegçilik edýän pudaklarynda birnäçe iri maýa goýum taslamalarynyň ilerledilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, hasabatyň çäklerinde wise-premýer “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan çalt özleşdirmek maksadynda görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ägirt uly çig mal serişdeleriniň, senagat we ylmy kuwwatyň bolmagy netijesinde ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetmiziň esasy orunlaryň birini eýeleýändigini nygtady. Bu pudakda ylmy -tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary, kämil tehnikalary ulanmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak baradaky wezipeleri üstünlikli çözmegiň möhüm şerti bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz gaz pudagynyň öňde durýan anyk wezipeleriň üstünde durup geçip, ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmaga, “mawy ýangyjy” gaýtadan işlemäge we eksport etmäge gönükdirilen taslamalaryň amala aşyrylyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz ägirt uly “Galkynyş” gaz känini işläp taýýarlamagyň ikinji nobatdakysynyň çäklerinde gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalara aýratyn üns berilmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz ýangyç -energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, toplumyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak we täze tehnikalar bilen üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň önümçilik we eksport kuwwatyny berkitmek boýunça toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýer Aşgabat dokma toplumynyň ikinji nobatda gurlan bölegini ulanmaga bermäge görülýän taýýarlyk işleri barada hem habar berdi. Toplumyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna bagyşlanar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzir Türkmenistanyň dokma senagatynyň dünýä bazarynda mäkäm orny eýeleýändigini belledi. Biz senagat kuwwatlyklaryny artdyryp, matalaryň, taýýar önümleriň täze görnüşlerini çykarmagy özleşdireris, önümlere isleg bildirýän daşary ýurtlar bilen işewür gatnaşyklary giňeldip, önümçiligi dolandyrmagyň usullaryny kämilleşdireris we öňde goýlan maksatlara tarap ymtylarys.

Pudakda iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, hereket edýän kärhanalaryň durkuny täzelemek we täze, döwrebap kärhanalary gurmak, önümçilik düzümini ösdürmek toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz şol giň gerimli işleriň ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny amala aşyrmaga, durmuş meselelerini çözmäge, şol sanda ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilendigini belledi.

Aşgabat dokma toplumynyň ikinji nobatda gurlan böleginiň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmegi tabşyryp, milli Liderimiz kärhanany netijeli işletmek, döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak baradaky çärelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz dokma pudagynyň eksport mümkinçiliklerini ösdürmek, içeri we daşary bazarlarda sarp edijileriň islegini, nazara almak bilen, önümleriň görnüşini artdyrmak we täzelemek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi. Ol gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ylmyny, bilimini, saglygy goraýşyny, sportuny we syýahatçylygyny has-da ösdürmäge gönükdirilen degişli maksatnamalary we özgertmeleri amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem ýurdumyzyň ýokary we orta hünärment okuw mekdepleriniň örän ukyply we okuwda tapawutlanan talyplaryna atly talyp haklaryny bermek meselesi boýunça hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýokary we orta hünärment okuw mekdeplerinde aýratyn zehinli talyp ýaşlary höweslendirmek maksady, bilen biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň talyp haky, şeýle hem beýleki birnäçe atly talyp haklary döredildi. Döwlet Baştutanymyzyň 2012-nji ýylyň 9-njy martynda çykaran Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň 22 sany ýokary we 18 sany orta hünär okuw mekdeplerinde degişlilikde şonuň ýaly talyp haklarynyň 123-si we 46-sy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda bilim ulgamynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler netijesinde ýurdumyzda täze ýokary we orta hünär okuw mekdepleri açyldy, okuwa kabul edilýän talyplaryň sany ep-esli artdy, talyp haklarynyň möçberi ýokarlandy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary üçin atly talyp haklarynyň sanyny artdyrmak bilen bagly durmuşa geçirilýän işler barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň geljekde hem ýurdumyzyň ylmyny we bilimini has-da ösdürmek, bu möhüm ugurlary ýokary halkara ülňüleriniň derejesine çykarmak, dürli pudaklar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça maksada gönükdirilen çäreleri görjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýaş türkmenislanlylaryň gözýetimini giňeltmek, öz zehinlerini we ukyplaryny amala aşyrmak, häzirki zaman bilimlerine we saýlap alan hünärlerine üstünlikli eýe bolmagy üçin zehinli ýaşlary höweslendirmek boýunça çäreleriň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berip, bu ugurda degişli işler alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanylan baýramçylyk çärelerini dabaraly ýagdaýda geçirmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de 2-6-njy dekabrda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, medeni çäre Waşingtonda, Nýu-Ýorkda we Aşgabat bilen doganlaşan Albukerkede geçiriler, dostlukly ýurt bolan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna Türkmenistanyň medeniýet we sungat, ylmy intelligensiýasynyň wekilleriniň 80-sinden ybarat düzümde wekiliýeti iberilýär. Wise-premýer Türkmenistanyň ABŞ-daky Medeniýet günlerini geçirmegiň maksatnamasy hakynda habar berdi, ol dürli çäreleri, şol sanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanylan ylmy-amaly maslahaty, beýik türkmen şahyrynyň – akyldarynyň eserleriniň ABŞ-da iňlis dilinde ilkinji gezek neşir edilen ýygyndysynyň tanyşdyryş çäresini we şahyryň ömri hem-de döredijiligi hakyndaky filmiň görkezilişini özünde jemleýär. Medeni çäräniň çäklerinde biziň ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň we döredijilik toparlarynyň konserti, muzeý gymmatlyklarynyň, milli lybaslarynyň we halylaryň, Türkmenistanyň neşirýat önümleriniň, Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanylan gymmatlyklaryň sergisi hem bolar, türkmen alymlarynyň, ýazyjylarynyň, suratkeşleriniň, muzeýleriň we kitaphanalaryň işgärleriniň öz amerikan kärdeşleri bilen döredijilik duşuşyklary geçiriler.

Amerikanyň şäherlerinde bolan mahaly biziň ýurdumyzyň ylmy we döredijiilk intelligensiýasynyň wekilleri Waşingtonyň, Nýu-Ýorkuň we Albukerke şäheriniň iri muzeýleriniň gymmatlyklary hem-de beýleki ajaýyp ýerleri bilen tanşarlar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek meselesine degip geçip, meýilleşdirilen ähli dabaralary ýokary derejede guramagy tabşyrdy. Ýurdumyzyň baş baýramyna bagyşlanan ähli çäreleri giňden we dabaraly ýagdaýda, milli toýlaryň iň gowy däpleriniň esasynda geçirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz dünýä derejesinde ýurdumyzyň abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän we Garaşsyz Türkmenistanyň häzirki döwürdäki ösüşine, onuň gadymy medeniýetine ägirt uly gyzyklanma döredýän halkara maslahatlaryny geçirmegiň aýratyn ähmiýetini nygtady. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen-amerikan gatnaşyklary hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşyp, täze depgine eýe bolýar, ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalarynyň çäklerinde hem özara gatnaşyklaryň köpýyllyk üstünlikli tejribesi onuň esasyny düzýär. Köptaraply döwletara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga we iki ýurduň däp bolan dostlugyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam edýän gumanitar ulgamda işjeň ösýän hyzmatdaşlyk munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň ýöredýän giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatynyň türkmen halkynyň ruhy mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmäge hem-de dünýäde giňden wagyz etmäge ýardam edýändigini, ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de baýlaşdyrmak, dürli ýurtlaryň halklary bilen dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin kuwwatly itergi berýändigini nygtap, Türkmenistanyň ABŞ-daky Medeniýet günlerini geçirmegiň ýokary derejesini üpjün etmek barada wise-premýere görkezme berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda işleriň ýagdaýy we milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer öz gözegçilik edýän ulgamyndaky kärhanalaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, olary döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler hakynda hem aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz köpugurly ulag-kommunikasion düzümi ösdürmegiň ýurdumyzyň ykdysady, maýa goýum, üstaşyr geçirmegiň, serişdeler kuwwatyny amala aşyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belläp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigine, iň öňdebaryjy tehnologiýalary, netijeli enjamlary we iň täze tehnikany giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu ulgamlarda iň oňat tejribäni we dünýä derejesinde gazanylanlary peýdalanmak kärhanalaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge, hyzmat etmegiň derejesini hem-de olaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da käbir meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk we abadançylyk, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.