Ï Wolganyň kenarynda geçirilen naslahat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Wolganyň kenarynda geçirilen naslahat

view-icon 728
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Medeniýet ministrliginiň, milli habar beriş serişdeleriniň we DIM Halkara gatnaşyklary institutynyň wekillerinden ybarat bolan wekilýet Astrahanda “SelisAs-2013” ady bilen geçirilen Halkara ýaşlar maslahatynda Türkmenistana wekilçilik etdiler. Bu maslahat Astarhan oblastynyň Hökümetiniň goldaw bermeginde oblastyň ýaşlaryň işi boýunça gullugy we RF-yň ýaşlaryň işi boýunça federal gullugy tarapyndan guraldy.


Bu maslahat altynjy sapar geçirildi, ýöne Russsiýanyň dürli sebtinden, şeýle hem hazarýaka döwletlerinden we dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen wekilleri bilen halkara maslahaty hökmünde ilkinji sapar geçirildi. Çaltlaşdyrylan okuw maksatnamasynda Russiýaly we daşary ýurtly bilermenleriň, hökümet we telekeçiligiň wekilleri bilen duşuşyklar, “tegelek stol”, çekişmeler, dürli çäreler, işewür oýunlar, taslamalary goramak ýaly çäreler geçirildi.


Maslahatyň çäklerinde ussat-dereje we gatnaşyjy ýurtlaryň wekilýetleriniň her biriniň öňünden taýýarlan degişli atributlarynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Olar – milli lybaslardan, saz gurallaryndan, sowgatlyklardan, hat-da taglamlardan,, şeýle hem bukletlerden, plakatlardan, gazetlerden, her bir ýurduň bu günki güni, onuň gazananlary, baý we özboluşly däp-dessury barada gürrüň berýän wideomateriallardan ybaratdyr.

Medeni-okuw maksatnamalarynyň çäklerinde Astrahandaky Magtymguly Pyragynyň ýadigärligine guralan syýahat, şeýle hem “Türkmenleriň köçesi” diýlip atlandyrylýan köçe bilen gezelenç etmek türkmen wekilýeti üçin garylmadyk sowgat boldy.