Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň ösüş ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň ösüş ministrini kabul etdi

view-icon 630
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ösüş ministri Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Ol “Energiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş – Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň geljegi” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.

Işiniň köpdügine garamazdan, türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildiren myhman Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýäniň Prezidenti Abdula Gülüň hem-de Premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdoganyň Musulman Ymmatynyň mukaddes Gurban baýramy mynasybetli mähirli gutlaglaryny ýetirdi. Olar türkmen halkyna parahatçylyk, bagt, abadançylyk hem-de berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň beýik işleriniň ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde Türkiýäniň ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu dostlukly ýurt bilen köp ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary we ony has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýe Respublikasynyň ösüş ministri häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça iki dostlukly ýurduň nukdaýnazarlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini nygtadylar. Munuň özi olara dünýä giňişliginde – iri halkara guramalarynyň we sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary saklamaga ýardam berýär.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge we hemmetaraplaýyn ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklamak bilen, döwlet Baştutanymyz hem-de myhman bar bolan özara gyzyklanmanyň, ýokary we hökümetara derejesinde gazanylan ylalaşyklaryň, şeýle hem yzygiderli geçirilýän işewürlik maslahatlarynyň we duşuşyklarynyň geljekde hem köpugurly türkmen-türk gatnaşyklaryny berkitmek işine hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.Şol gatnaşyklar öz ösüşinde gadymdan bäri dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen bagly bolan iki halkyň ägirt uly ykdysady kuwwatyna, şeýle hem taryhdan gözbaş alýan ruhy we medeni umumylygyna esaslanýar.

Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şewki Mütewelliogly gatnaşdy.