Şu gün türkmen paýtagtynda, “Energiýa Howpsuzlygy we durnukly ösüş – Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň geljegi atly” iki günlük halkara maslahaty jemlendi, oňa dünýäniň 60-dan gowrak ýurtlary öz wekillerini iberdiler.
Türkmenistandaky foruma gatnaşmak üçin halkara guramalarynyň, ÝHHG-niň agzalary bolup durýan ýurtlaryň syýasy we diplomatik toparlarynyň, dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň, hususy toplumyň ýolbaşçylary we ýokary wezipeli wekilleri, alymlar geldiler.
Mälim bolşy ýaly düýn paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen halkara maslahatynyň umumy mejlisiniň açylyşynda türkmen döwletiniň Baştutany ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, ÝHHG-niň çäklerinde energiýa boýunça gepleşigi işjeňleşdirmegiň we energetika howpsuzlygynyň syýasy, maliýe, ykdysady, tehnologik we ekologik jähetleri boýunça köptaraplaýyn geňeşmeleriň gurallaryny kesgitlemegiň, ÝHHG-niň giňişliginde energiýa serişdelerini halkara derejesinde ibermegiň köpugurly düzüminiň döredilmegini höweslendirmegiň zerurdygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidentiniň häzirki döwürde şu ugurdaky ýagdaýlara göz ýetirilmeginiň täze derejesine çykmak, energiýa serişdelerini ibermek baradaky meseleleriň syýasylaşdyrylmagyndan el çekmek, halal, deňhukukly we açyk hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky nukdaýnazaryny ÝHHG-niň häzirki başlygy, Ukrainanyň daşary işler ministri Leonid Kožara, ÝHHG-niň Baş sekretary Lamberto Zanniýer, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary Swen Alkalaý we beýlekiler öz çykyşlarynda goldadylar.
Ýokary derejede geçen maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar ÝHHG-niň ählumumy energetika howpsuzlygy ulgamynda şu meseleleriň oňyn çözgüdi ugrundaky bilelikdäki işläp taýýarlamalarynyň utgaşdyryjy ähmiýete eýedigini bellediler. Şeýlelikde, maslahatyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar, şol sanda Ukrainanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda dört taraplaýyn duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda energo howpsuzlygyny we ählumumy durnukly ösüşiň, şeýle hem şu mesele bilen baglanyşykly daşky gurşawy goramak boýunça möhüm wezipeleriň çözgüdiniň möhüm şerti bolan energo göterijileriň durnukly eltilmegini üpjün etmegiň jähetinde bu ulgamdaky işjeň halkara gatnaşyklarynyň höweslendirilmegini we ösdürilmegini şertlendirmäge gönükdirilen Aşgabat duşuşygynyň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.
Bu gün halkara forumyna gatnaşyjylar bölümleýin üç mejlislerde duşuşyklary dowam etdirdiler, şol mejlislerde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 63-nji we 67-nji mejlislerinde kabul edilen "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakyndaky Rezolýusiýalary oňlamak bilen, energetika pudagy boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny göz öňünde tutmak arkaly ösdürmegiň şertlerine, energiýa serişdelerini ibermegiň howpsuzlygyna we energetika boýunça düzümiň ygtybarlylygyna, şeýle hem energetika, energiýa serişdelerini tygşytlamak we olaryň netijeliligini artdyrmak ugrunda ygtybarly çözgüdiň kabul edilmegine ýardam berilmegine degişli meselelere garaldy.
Tanymal halkara bilermenleri we hünärmenler energetika boýunça diplomatiýa we goşulyşylmagyna hem-de hukuk gatnaşyklaryna, dünýäniň energetika ulgamynyň netijeli hereket etmegine, energiýa serişdelerini öndürýän, üstaşyr geçirýän we sarp edýän ýurtlaryň özara arkalaşykly hereket etmegine, energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek, täze tehnologiýalary alyşmak, şeýle hem energiýa serişdelerini tygşytlamak, energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmak we beýlekiler boýunça halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine degişli meseleler barada çykyş etdiler.
Şu gün halkara forumynyň işiniň netijeleri boýunça metbugat maslahaty geçirilip, şonda ÝHHG-niň häzirki wagtda Başlyklyk edijiniň??? we Türkmenistanyň Hökümetiniň Bilelikdäki beýannamasynyň kabul edilendigi aýdyldy.
Resminamada häzirki wagtda ÝHHG-de Başlyklyk ediji??? hökmünde Ukrainanyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň Aşgabatda ýokary derejeli “Energiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş – Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň geljegi” atly halkara maslahatynyň üstünlikli geçirilendigi hem-de onuň energetika boýunça ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň meseleleri boýunça möhüm ädime öwrülendigini belländigi aýdylýar.
Maslahatyň çäklerinde şu ulgama degişli umumy meseleleri netijeli ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy boýunça halkara gepleşigindäki wajyp ähmiýetli ornuna ýokary baha berip, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegine hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmatyna degişli Rezolýusiýalarynyň biragyzdan kabul edilmegine badalga berendigini nygtadylar.
Şunuň bilen baglylykda, şeýle gurallary hereket etmegini üpjün etmek we şu ugurdaky anyk ädim hökmünde halkara bilermenleriň toparyny döretmek üçin ählumumy halkara hukugyna degişli usulynyň işlenip taýýarlanmagynyň möhümdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň 2014-nji ýylyň başynda Aşgabat şäherinde bilermenleriň halkara duşuşygyny guramak baradaky teklibini oňladylar.
Şu forumyň işiniň barşynda oňa gatnaşyjylara energetiki ulgamyny ösdürmegiň şertleri; sebitde energetika boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak; energiýa serişdelerini ibermegiň hem-de energetika düzüminiň howpsuzlygy we ygtybarlylygy; durnukly energiýa, şol sanda energiýanyň netijeliliginiň artdyrylmagyna ýardam bermek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin oňaýly mümkinçilikler döredildi.
Jemleýji resminamada Aşgabatdaky ýokary derejeli halkara maslahatynyň, sebitde energetika boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edilmeginiň, şol sanda energetikany yzygiderli ösdürmek boýunça syýasatyň ýöredilmeginiň energetika pudagyny berk we ygtybarly ösdürmekde uly ähmiýete eýedigi hem-de ykdysady taýdan yzygiderli ösüşiň gazanylmagyna ýardam berýändigi bellenilýär. Şeýle hem energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmegiň we halkara hyzmatdaşlygy boýunça başa baryp biljek gurallaynyň yzygiderli ösüşi üpjün etmekde möhüm ähmiýetlidigi ykrar edilýär munuň özi şu meseläni mundan beýläk-de ara alyp maslahatlaşmagyň we gepleşik geçirmegiň zerurdygyny görkezýär. Energetikanyň yzygiderli ösüşine ýardam bermek, şol sanda energiýanyň netijeliligini artdyrmak howanyň üýtgemegine we energiýa serişdelerine bildirilýän islegiň artmagyna, energetika howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna degişli meseleleri çözmekde wajyp ähmiýete eýedir.
“Energiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş- Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň geljegi” atly halkara maslahatyna gatnaşyjylar bu maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli myhmansöýerlik hem-de BMG-niň çäklerinde energetika howpsuzlygy boýunça gepleşigiň çaltlandyrylmagyna ýardam eden hem-de energetika degişli meselelere garalmagyna badalga beren bu möhüm ähmiýetli duşuşygyň göwnejaý derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.