Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 870
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm wezipeleriň birnäçesine we käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp we gün tertibini yglan edip, ilki bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Ol milli parlamentiň häzirki wagtda alyp barýan kanunçykaryjylyk işi we Daşoguz şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisine we oňa gabatlanyp geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek boýunça Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwany, ministrlikler we pudaklaýyn edaralar, welaýat häkimlikleri we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Milli parlamentiň Başlygynyň habar berşi ýaly, Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk komitetiniň jemleýji mejlisi boldy, onda jogapkär adamlaryň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem dürli pudaklaýyn edaralar tarapyndan sylaglara hödürlenen adamlaryň sanawy taýýarlanyldy.

Ählihalk forumynyň gün tertibine giriziljek meseleleriň resminamalaryny taýýarlamak boýunça işler geçirildi, maslahatyň maksatnamasynyň deslapky taslamasy we beýleki resminamalar taýýarlanyldy, şeýle hem pudaklaýyn ministrliklerden, häkimliklerden, jemgyýetçilik guramalaryndan jogapkär adamlar bellenildi. Olar ýaşulular maslahatyny we bu möhüm waka gabatlanyp geçiriljek çäreleriň ähli tapgyrlaryna gözegçiligi amala aşyrarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti milli kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işlerini işjeňleşdirmäge ünsi çekip, deputatlaryň ýerlerde giňden düşündiriş işlerini alyp barmagynyň, olaryň öz saýlawçylarynyň durmuşy bilen yzygiderli gyzyklanmagynyň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň Daşoguzda geçiriljek nobatdaky mejlisiniň, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, milletimizi ruhy-ahlak taýdan terbiýelemek boýunça wajyp ornuny belläp, maslahatyň ähli meýilleşdirilen maksatnamalaryny we çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berildi. Ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan maliýe-ykdysady özgertmeler babatda gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, nyrhlaryň derejesiniň üýtgemegini nazara almak bilen, döwlet guramalary, edaralary we kärhanalary tarapyndan buhgalterçilik hasaba almak üçin esasy serişdeleriň gymmatyny bellemek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, deslapdan bu mesele hemişelik esasda hereket edýän iş toparynyň we Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça utgaşdyryjy toparyň mejlislerinde seredildi.

Şeýle hem Daşoguzda geçiriljek Ýaşulularyň maslahatyna görülýän taýýarlyk hem-de şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda açylan V halkara maýa goýum maslahaty barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz durmuşa geçirilýän, mundan beýläk-de ykdysadyýeti ösdürmäge, türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň ähmiýetini belläp, milli we döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine degişli gözegçiligiň üpjün edilmeginiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen kararyň taslamasyny makullap, bu resminama gol çekdi hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ýaşulularyň maslahatyna görülýän taýýarlyk meseleleri barada durup geçip, wise-premýere bu möhüm çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şu gün başlanan Türkmenistanyň halkara maýa goýum maslahaty baradaky habary kanagatlanma bilen kabul edip, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin şeýle forumlaryň geçirilmeginiň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň netijeli maýa goýum ulgamyny pugtalandyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2013-2017-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary syýasatdaky ugrunyň konsepsiýasyny iş ýüzünde amala aşyrmak we döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda DIM tarapyndan geçirilýän işler barada hasabat habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen paýtagtynda geçirilen ýokary derejeli “Energiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş – Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň geljegi” atly halkara maslahatynyň möhüm ähmiýetli wakalaryň biri bolup, strategiki ugur hasaplanýan energetika ulgamy boýunça netijeli halkara gepleşigi pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda netijeli täze ädime öwrülendigi bellenildi. Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabatdaky maslahata gatnaşmak bilen, onuň umumy mejlisiniň açylyşynda türkmen tarapynyň şu ugra degişli möhüm meseleler baradaky garaýyşlaryny äşgär edip, çykyş etmeginiň bu forumyň ähmiýetini has-da artdyrandygy nygtaldy.

Ýurdumyzda ählumumy energetika howpsuzlygyna degişli möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlanan şeýle uly wekilçilikli forumyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da beýgelýändigine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň giňden ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Wise-premýeriň, DIM-niň ýolbaşçysynyň çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy, däp boýunça oňa ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekihanalarynyň we düzümleriniň, iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyrylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň beýleki ýurtlary we abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklary deňlige we özara hormat goýulmagyna hem-de netijeli hyzmatdaşlyga mahsus ýörelgeler esasynda guramak arkaly, ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk, abadançylyk we ösüş ugrunda giň we netijeli gepleşige ygrarlydygyny iş ýüzünde äşgär edýändigini aýtdy. Milli Liderimiz türkmen döwletiniň geljekde-de bu döredijilikli ugra eýerip, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de sebit derejesinde we ählumumy ösüşe degişli möhüm ähmiýetli meseleleriň çözgütleriniň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşjakdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň we diplomatik korpusyň öňünde goýlan wezipeleriň möhüm ähmiýetlidigini belläp, şolaryň yzygiderli berjaý edilmegine jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna taýýarlyk görülmegi boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi, şol maslahatyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösldürmekde ileri tutulýan meseleler goşular.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Durdylyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi, şeýle hem ýurdymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň depginleri barada habar berdi.

Hususan-da, wise-premýer Aşgabat şäheriniň ýollaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak bilen baglanyşykly meýilnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada aýtdy. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, meýilnama laýyklykda umumy uzynlygy 59,14 kilometr bolan ýollary, ýol çatryklarynyň 18-sinde estakadalary, 39 ýerasty geçelgeleri we 15 ýerüsti geçelgeleri hem-de beýleki häzirki zaman maglumat ulgamy, ulag hereketiniň sazlaşygyny üpjün edýän hem-de maglumat tablolarynyň ulgamlary bilen üpjün edilen beýleki düzümleýin desgalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem wise-premýer Daşoguzda geçiriljek Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi.

Ýol gurluşygy ulgamynda durmuşa geçirilýän maksatnamanyň möhüm wezipelerine ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz dünýä derejesine laýyk döwrebaplaşdyrylan şaýollaryň awtoulaglar üçin ähli amatlygy üpjün etmelidigini we olaryň paýtagtymyzyň baş bezegine öwrülmelidigini belledi.

Ýaşulular maslahatyna görülýän taýýarlyk işleriniň meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuny, häzikri döwürde tutuş türkmen topragyny gurşap alan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini aýdyň beýan edýän ählihalk çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow milli ykdysadyýetiň obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy barada habar berdi. Hususan-da, pagta ýygymy, bugdaý ekişi, şeýle hem güýzki bag ekmek möwsümini geçirmek bilen baglanyşykly meseleler jikme-jik şöhlelendirildi.

Wise-premýer şeýle hem Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty mynasybetli taýýarlanan çäreleriň maksatnamasy barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň hasabaty diňläp, gündelik oba hojalyk işlerini aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz we öz möhletinde ýygnalyp alynmagyň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Ýaşulularyň maslahatynyň gün tertibine Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin uly ähmiýete eýe bolan wajyp meseleleriň giriziljekdigini ýene-de bir gezek nygtap, öňümizdäki ählihalk forumyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli çäreleri görmek barada wise-premýere anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler we ählihalk forumynyň gün tertibini girizilen Türkmenistanyň senagat syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça esasy meseleler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň senagat toplumyny ösdürmek ulgamynda döwlet syýasatynyň baş maksady ilatyň iş bilen üpjünçiligi we onuň maddy hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagy, sebitleriň durmuş-ykdysady we ýurdumyzyň senagat kuwwatlyklarynyň artmagy bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň senagatyny içerki we daşarky bazarlarda bäsleşlige ukyply ýokary derejä çykarmak üçin guramaçylyk meselelerinde bolşy ýaly, önümçilik ulgamynda hem täzeçil çemeleşmeleriň möhümdigini nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji P.Taganow 4-5-nji noýabrda Kiýew şäherinde geçiriljek türkmen-ukrain işewürler maslahatyna we sergisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Milletiň Lideriniň garamagyna hödürlenen teklipleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna hem-de ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bilelikdäki çäreleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilen çäreleriň iş maksatnamasy hödürlendi.

Şeýle hem Daşoguzda geçiriljek Ýaşulularyň maslahatyna taýýarlyk görülmegine degişli meseleler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Ukrainanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ykdysady taýdan uly mümkinçiliklere eýedigi barada aýdyp, gös-göni işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna we özara haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna ýardam berýän şunuň ýaly forumlaryň geçirilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhüm usuly bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kiýewde geçiriljek forumyň maksatnamasyny oňlap, şunuň bilen baglylykda, birnäçe möhüm ugurlar boýunça ozal baglaşylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine degişli meseleler hem-de täze maýa goýumly taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri barada durup geçdi hem-de degişli düzümleriň işini utgaşdyrmak boýunça tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ýaşulular maslahatynyň geçirilmeginiň guralmagyna hem-de bu wajyp ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çäräniň geçirilmegine taýýarlyk görlüşine jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýurdumyzyň bilim we ylym, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmegiň döwlet strategiýasynyň durmuşa geçirilişi barada aýtdy. Şeýle hem wise-premýer ýokary okuw mekdeplerinde hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetlerini açmaga degişli kararyň taslamasy barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça sport ulgamyny, oba hojalygy we ulag toplumlaryny mundan beýläk-de ösdürmek, bu pudaklaryň işgärleriniň hünärini kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetlerini açmak hem-de okatmagyň degişli meýilnamalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hem habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we bilim ulgamynda ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň uly ähmiýete eýedigini belläp, döwletimiziň bu möhüm ulgamy ösdürmek, dürli pudaklar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli oňaýly şertleri döretmäge aýratyn üns berjekdigini nygtady.

Milli Liderimiz “Ýokary okuw mekdeplerinde hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetlerini açmak hakyndaky” karara gol çekip, onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna taýýarlyk görmek babatda hem degişli tabşyryklary berip, ählihalk forumynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän pudaklarynda şu aýda baýramçylyk çärelerini we dabaralary geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Daşoguzda Ýaşulularyň maslahatynyň geçirilmegine gabatlanan medeni çäreleriň maksatnamasy barada durup geçip, 21-nji oktýabrda Daşoguz welaýatynyň merkezinde Bagt köşgüniň açylyş dabarasynyň boljakdygyny aýtdy.

22-nji oktýabrda Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Baş drama teatry tarapyndan “Görogly” eposy esasynda sahnalaşdyrylan “Göroglynyň öýlenişi” atly täze liriki-sazly oýnuň ilkinji görkezilişi bolar, 23-nji oktýabrda Ruhyýet köşgünde Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti guralar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Ýaşulularyň nobatdaky maslahaty bilen bagly çärelere taýýarlyk görülmegine degişli meselelere aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz şol dabaralaryň we çäreleriň her biriniň täsirli, baý many-mazmunly bolup, täzeligi bilen tapawutlanmalydygyny aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynda möhüm ähmiýetli durmuş-medeni desgalaryň biri hasaplanýan Bagt köşgüniň ulanmaga berilmegine ünsi çekip, onuň medeniýet we bilim bilen bagly ugurdaky işini döwrüň talabyna laýyk guramagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow özüniň gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak we olary gurnamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabatyň dowamynda Daşoguzda geçiriljek Ýaşulular maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hem habar berdi.

Häzirki zaman ulag düzüminiň we aragatnaşyk pudagynda ýokary tehnologiýaly ulgamyň bolmagynyň, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň möhüm ugrudygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de oňa täze, kämil enjamlaryň we innowasion tehnologiýalapryň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn ünsi çekdi.

Şu jähetden milli Liderimiz “Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň aragatnaşyk enjamlaryny satyn almagy we gurnatmagy hakyndaky” Karary oňlady we oňa gol çekdi. Aragatnaşyk pudagynyň döwrebaplaşdyrylan enjamlar bilen goşmaça üpjün edilmegi ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamynyň we Internetiň ösdürilmegini şertlendirer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi we olar boýunça çözgütler kabul edildi.

Mejlisi tamamlamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.