Ï Awazada V halkara maýa goýum maslahaty öz işine başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazada V halkara maýa goýum maslahaty öz işine başlady

view-icon 799
Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda Türkmenistanyň V halkara maýa goýum maslahaty öz işine başlady.

Hazaryň kenarynda ýerleşýän “Arzuw” sagaldyş merkeziniň maslahatlar zalynda dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan döwlet we hususy düzümleriň, şeýle hem abraýly halkara maliýe guramalarynyň we daşary ýurtlaryň 30-dan gowrak kompaniýalarynyň wekileriniň 200-e golaýy ýygnandy.

Çärä gatnaşyjy ýurtlaryň uly sanawy, olaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Ýaponiýanyň, Awstriýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň, Belgiýa Patyşalygynyň, Hindistanyň, Polşanyň, Serbiýanyň, Gresiýanyň, Estoniýanyň, Ukrainanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Ermenistanyň we beýlekileriň wekiliýetleriniň gatnaşmagy daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmalarynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Forumyň işine türkmen tarapyndan hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Balkan welaýatynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk pudagynyň, hususan-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşýarlar.

Biziň ýurdumyza milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üçin gönükdirilýän daşary ýurt maýalaryny giňden çekmek üçin ägirt uly ähmiýeti bolan Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy indi bäşinji gezek türkmen topragynda geçirilýär. Oňa dünýäniň köp ýurtlarynyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Çünki şunuň ýaly çäreler diňe bir uzakmöhletleýin maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin däl, eýsem, Türkmenistanyň döwlet düzümleriniň wekilleriniň geljekki daşary ýurt maýadarlary bilen bilelikde we açyk hyzmatdaşlyk etmekleri üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär. Bu ýerde dürli ýurtlardan gelen işewürlere türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljegi barada doly maglumat almaga, öz täze işläp taýýarlamalaryny, dürli taslamalary we tehnologiýalary hödürlemäge, ylmy-önümçilik gazananlaryny görkezmäge, şeýle hem mundan beýläk-de ykdysady ugurda bilelikde hereket etmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredilipdir.

Açylyş dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň V halkara maýa goýum maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, bu maslahat Türkmenistanyň maýa goýum babatdaky ösüşiň täze basgançagyna çykandygyny hem-de dünýä döwletleriniň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde uly mümkinçilikleri eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu çäräniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini giňden görkezmekde, milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere täze hyzmatdaşlary we maýadarlary çekmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz bu maslahatyň hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de giňeltmekde Türkmen döwletiniň ykdysady durmuşynda möhüm çäreleriň biri boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň maýa goýum mümkinçiliklerine we hyzmatdaşlygyň geljegine syn bermäge bagyşlanan umumy mejlisiň çäklerinde biziň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşde gazanan üstünlikleirni aýdyň beýan edýän wideofilmiň görkezilişi boldy. Maslahata gatnaşyjylar şeýle hem türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň esasy ugurlary we halkara we milli derejesindäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşdylar.

Türkmen hünärmenleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň esasy ýörelgeleri hökmünde ykdysadyýetiň ýangyç-çig mal serişdelerinden garaşlylygyny aradan aýyrmakdan we senagat ösüş ýoluna tapgyrlaýyn geçmekden ybaratdyr. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen döwrebaplaşdyrmak strategiýasynyň täze nusgasy milli we ählumumy ulgamlarynyň, maýa we önüm bazarynyň, döwlet we hususy bölegiň ornunyň deň derejeli gatnaşyklaryny üpjün etmegi aňladýar. Türkmenistan ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmek bilen öz ykdysadyýetimiziň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna oňyn goşulyşmak ýoly arkaly milli bähbitlerimizi goramagy esasy wezipe hökmünde öňde goýýar.

Ykdysadyýeti okgunly ösdürmek üçin ýokary maýa goýum işjeňliginiň esasy şert bolup durýandygy hemmämize mälimdir. Bu işjeňlik durmuşa geçirilýän maýa goýum serişdeleriniň ösüşi hem-de maddy önümçiligiň we lurmuş ulgamynyň ileri tutulýan ugurlarynda olary has netijeli peýdalanmagyň hasabyna gazanylýar.

Şunuň bilen baglylykda, 2011-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda ykdysady howpsuzlygy pugtalandyrmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, girdejiler düzüminde maýa toplamagyň hem-de sarp etmegiň gatnaşygynda deňagramlylygy gazanmak, olary ösen ýurtlaryň derejesine ýetirmek maýa goýum ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy maksatlary hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşini, şäher we oba ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak we yzygiderli deňleşdirmek wezipeleri bu ulgamda ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezilýär.

Milli ykdysadyýetde esasy görkezijilere laýyklykda, ykdysady strategiýanyň işjeň durmuşa geçirilmegi netijesinde häzirki wagtda uly üstünlikler gazanyldy. Jemi içerki önümiň ösüş depgini baradaky maglumatlar aýdyň mysal hökmünde getirildi. Bu görkeziji soňky bäş ýylyň dowamynda iki esseden gowrak artdy. 2012-nji ýylyň netijeleri boýunça bu görkezijiniň deňeşdirme ösüşi 111,1 göterime ýetdi. Şu ýyl hem ösüşiň ýokary depgini saklanylýar, ýagny, bu babatdaky görkeziji 109,9 göterim ýerine ýetirildi. Mundan başga-da, býujetiň girdejileriniň ep-esli ösüşi, daşary söwda dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagy üpjün edilýär.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda durnukly maliýe-ykdysady, býujet, bank-karz syýasatyny durmuşa geçirmek, şeýle hem ykdysadyýetiň anyk böleginiň ýokary netijeli düzümini döretmek üçin zerur bolan serişdeler binýady kemala getirildi.

Ykdysadyýetde daşary ýurt maýalarynyň paýynyň artandygy bellenilýär. Soňky bäş ýylyň dowamynda esasy maýa goruna goýlan maýalaryň umumy möçberiniň üç esse artandygy hem muňa şaýatlyk edýär. Şunda, maýa goýumlarynyň üçden iki bölegi önümçilik ulgamyna, şol sanda täze önümçilikleri guramaga, iň täze tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmaga, ugurdaş düzümi döretmäge gönükdirilýär. Jemi içerki önümiň möçberine degişlilikde maýa goýumlarynyň paýy durnukly 45 göterimden geçýär.

Ýene-de bir möhüm ýagdaýy bellemelidiris: Türkmenistan esasan hem göni maýa goýumlaryna uly ähmiýet berýär. Olar milli bazarda goşmaça önümçilik isleglerini döretmäge hyzmat edip, maliýe hem-de ykdysady ýaglaýy durnuklaşdyrmaga ýardam edýär.

Umuman, halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyga esaslanýan maýa goýum syýasaty diňe bir ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, bazar gatnaşyklaryny ösdürmk boýunça giň möçberli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýumlarynyň yzygiderli gelmegine aýratyn üns berlip, ýurdumyzda olary giňden çekmek üçin amatly şertler döredildi. Maýa goýumlarynyň möçberi yzygiderli artýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş baradaky konferensiýasynyň (UNTСTAD) maglumatlaryna laýyklykda, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň ilkinji gezek göni daşary ýurt maýalaryny çekmegiň indeksinde dünýäniň ýurtlarynyň ilkinji onlugyna girmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda amala aşyrýan syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bu gürrüňi dowam edip, çykyş edenler Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynda önümçilik-tehniki ugra aýratyn ähmiýet berilýändigini bellediler.

Ýurdumyzyň amatly ýerleşişini nazara almak bilen, onuň ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmak türkmen döwletiniň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanda ulag ulgamynda iri milli we sebitleýin taslamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki güne çenli Demirgazyk-Günorta demir ýoluň demirgazyk böleginiň gurluşygy tamamlandy. Bu ulag geçelgesiniň günorta ugrunda işler dowam edýär. Atamyrat-Ymamnazar-Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygy başlandy.

Şunuň bilen birlikde, halkara ülňülerine laýyk gelýän Gündogar-Günbatar awtomobil ýoluny gurmak boýunça işler dowam edýär. Demir ýol ulagynyň düzüminiň üsti täze tehnikalar bilen ýetirilýär, Türkmenbaşynyň halkara deňiz menzili hem-de Hazardaky söwda floty, welaýatlaryň merkezlerindäki howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar, raýat awiasiýasynyň parky yzygiderli täzelenýär.

Çig mallaryň örän uly gorlarynyň bolmagy Türkmenistanda senagat pudagynda ösen ýangyç-energetika toplumynyň kemala getirilmegini şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, elektroenergetika, gaz çykarýan, nebit çykarýan we nebiti gaýtadan işleýän pudaklar ýurdumyzyň halk hojalygynyň ileri tutulýan ulgamlarynyň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, bularyň ösdürilmegine maýa goýumlarynyň uly möçberleri gönükdirilýär.

Iri “Galkynyş” gaz käniniň abadanlaşdyrylmagy bilen bagly işleriň geçirilmegi muňa mysal bolup biler. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy tehnologiýalary boýunça täze himiýa we gaz-himiýa kärhanalary gurulýar. Şeýle hem kaliniň hloridini öndürmek boýunça dag-magdan baýalaşdyryjy toplumyň gurluşygyna degişli taslamanyň amala aşyrylýandygyny bellemek gerek. Dürli mineral dökünlerini öndürýän ulgam maýa goýumlaryny gönükdirmekde uly gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen baglylykda. gymmatly himiki çig malyň baý çeşmesi hasaplanýan Garabogazy özleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Şeýle hem gurluşyk toplumynyň we obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän ulgamlarynyň ösdürilmegine ep-esli möçberdäki düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, geljekde maýa goýumlaryny ulanylýan, import boýunça getirilýän harytlaryň deregini tutýan önümleriň öndürilmegine we sarp ediş bazarynyň ösdürilmegine gönükdirmek göz öňünde tutulýar, munuň özi ilatyň iş bilen üpjünçiligine we ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň has-da pugtalandyrylmagyna degerli ýardam berer.

Çykyş edenler milli ykdysadyýetiň dokma pudagyny ösdürmegiň geljegi bilen tanyşdyryp, şu ugurda bu pudagyň bäsdeşlige ukyply önümi işläp çykarmak boýunça önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin oňaýly mümkinçilikleriň döreýändigini bellediler.

Syýahatçylyk maýa goýumlary boýunça özara arkalaşykly hereket etmekde oňaýly ulgamlaryň biri hökmünde görkezildi, bu ugurda uly mümkinçilikler döreýär.Häzirki wagtda milli syýahatçylyk ulgamy döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalaryndan, firmalardan we kompaniýalardan, myhmanhalardan, şeýle hem dynç alyş we hyzmat ediş boýunça beýleki gulluklardan ybaratdyr. Türkmenistanyň artykmaçlyklary hökmünde, ilkinji nobatda, baý medeni mirasy, syýasy taýdan durnuklylygy, halkara derejesinde ileri tutulýan täze syýahatçylyk merkezlerini, milli walýutanyň hümmetiniň durnukly ýagdaýda saklanylmagyny görkezmek bolar...

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek barada iş ýüzünde durmuşa geçirilýän taslama uly üns berildi. Beýleki taslamalar ýaly, bu taslama hem diňe biziň döwletimiz üçin uly ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, tutuş sebitde işjeňligiň ösdürilmegine ýardam berip, sebitde ýaşaýan halklary ýakynlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.

Içerki maýadarlary höweslendirmek we maýa goýumly taslamalary amala aşyrmak üçin hususy telekeçiligiň goldanylmagyna uly ähmiýet berilýär, munuň özi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine we Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligine has çalt goşulyşmagyna ýardam edýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça netijeli we toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagy netijesinde bu ulgam batly depgin bilen ösdürilýär. Esasy makroykdysady görkezijiler muňa aýdyň mysal bolup biler. Ýurdumyzyň umumy içerki önüminde döwlete degişli bolmadyk bölegiň paýy 40 göterime golaýdyr, 2020-nji ýyla çenli bu görkezijiniň 70 göterime çenli artmagyna garaşylýar.

Birnäçe kanunçylyk namalarynyň we ilkinji nobatda “Döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi goldamak bermek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi milli ykdysadyýetiň bu möhüm ugruny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir, şol kanunda hususy telekeçilik üçin ýeňillikler we höweslendirmeler, hususy telekeçiligiň hyzmatlaryndan peýdalanmagyň mümkinçiliklerini giňeltmek göz öňünde tutuldy. Ykdysadyýetiň hususy bölegini ösdürmekde ýurdumyzyň kiçi we orta kärhanalarynyň özleriniň we daşyndan çekilen serişdeleriniň hasabyna maýa goýumly taslamalar boýunça ýeňillikli karz bermek möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanda daşary ýurtly maýadarlaryň, daşary ýurt maýa goýumly kärhanalaryň işini hukuk taýdan goramak bilen bagly meseleler maýa goýum forumyna gatnaşýan daşary ýurtlularda uly gyzyklanma döretdi. Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýete maýa goýumlarynyň gönükdirilmeginiň özüne çekijiligini artdyrmak maksady bilen, maýadarlaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara talaplaryny göz öňünde tutmak arkaly maýa goýumlaryna degişli kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.

Çykyşlarda häzirki wagtda ýurdumyzyň döwlet täjirçilik banklary tarapyndan ýeňillikli maýa goýumly karzlaryň berilmegi, hereket edýän kanunçylyga görä, maýadarlara gümrük we salgyt boýunça ýeňillikleriň, şol sanda ýygymlaryň we tölegleriň birnäçesini tölemek boýunça ýeňillikleriň döredilmegi, gönükdirilen serişdeleriň gaýtarylyp berilmegini we alnan girdejiniň yzyna gaýdyp gelmeginiň kepillendirilmegi, daşary ýurtly maýadarlaryň daşary ýurtly raýatlary – işgärleri üçin wiza we hasabat almak babatda ýeňillikleriň döredilmegi, taslamalary türkmen döwletiniň gatnaşmagynda garyşyk görnüşde maliýeleşdirilmegi Türkmenistanda maýa goýumlaryna goldaw bermegiň esasy gurallary hökmünde görkezildi.

Forumyň işiniň barşynda Awstriýanyň ilçihanasynyň, Halkara maliýe korporasiýasynyň wekilleri, Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň hem-de Ýaponiýanyň nebit, gaz we metallar boýunça korporasiýasynyň, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlarynyň beýleki iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary çykyş edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine degişli synlar bilen çykyş etdiler.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşylyp, onuň ileri tutulýan ugurlary aýdyňlaşdyryldy. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlarynyň wekilleri hyzmatdaşlyk etmek boýunça birnäçe anyk teklipleri beýan etdiler.

Ertir V halkara maýa goýum forumy öz işini dowam eder.