Ï “Ata Watan Türkmenistan” atly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ata Watan Türkmenistan” atly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy

view-icon 1974
“Ata Watan Türkmenistan” atly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Mälim bolşy ýaly, bu žurnalyň birinji sany Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň ýazda Türkmenistana bolan döwlet saparynyň jemleri boýunça şu ýylyň iýun aýynda neşir edildi. Žurnalyň “Türkmenistan—uly ösüşleriň ýurdy” diýlip atlandyrylan täze sany biziň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlandy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljegi hakynda gürrüň berýär.

Neşir “Garaşsyzlyk – Türkmenistanyň milli guwanjy” diýen sözbaşy astynda çap edilen çykyş bilen açylýar. Onda häzirki zaman türkmen döwletiniň taryhyndaky şanly wakalar—Garaşsyzlygyň we Bitaraplyk derejesiniň alynmagy barada gürrüň berilýär.

Žurnalda şeýle hem şu ýylyň 15-nji awgustynda Türkiýäniň Premýer-ministri Rejer Taýyp Ärdoganyň Türkmenbaşy şäherine bolan sapary barada aýdylyp, bu ýerde Halkara deňiz portuny gurmak hem-de türkmen-türk hyzmatdaşlygy bilen bagly maglumatlar getirilýär.

Türkmenistan we Türkiýe häzirki döwürde köpugurly netijeli gatnaşyklaryň ýokary nusgasyny görkezýärler. Bu gatnaşyklar iki doganlyk halkyň taryhy-medeni gatnaşyklarynyň we ruhy däpleriniň umumylygyna esaslanýar diýen pikir žurnalyň makalalarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu makalalaryň awtorlary Türkiýe Respublikasynyň iri syýasy işgärleri bolup, olaryň hatarynda Türkiýäniň Beýik milli ýygnagynyň başlygy Jemil Çiçek, Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýan we beýlekiler bar.

Dürli ulgamlarda amala aşyrylan giň gerimli bilelikdäki taslamalar barada iki ýurduň işewür toparlarynyň wekillerii gürruň berýärler. Biziň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýet, nebitgaz senagaty, maliýe-bank, medeniýet, syýahatçylyk we sport, gurluşyk we ulag pudaklarynda gazanan üstünlikleri žurnalyň sahypalarynda öz beýanyny tapdy.

Iki ýurduň işewür toparlarynyň ýardam bermeginde taýýarlanan hem-de türkmen we türk dillerinde çap edilen “Ata Watan Türkmenistan” žurnaly iki döwletiň we halklaryň dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlylygynyň ýene bir aýdyň beýany bolup durýar. Ol okyjylaryň giň toparyna milli ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösýän hem-de döwletara hyzmatdaşlygynyň köp ugurlarynda toplumlaýyn maksatnamalary we taslamalary üstünlikli amala aşyrýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan barada has köp zatlary bilmäge mümkinçilik berýär.