Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň V Halkara maýa goýum forumy öz işini tamamlady. Oňa dünýäniň 20-den gowrak ýurtlaryndan döwlet we hususy düzümleriň wekilleri, abraýly halkara maliýe guramalarynyň hem-de iri daşary ýurt kompaniýalaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň öňüsyrasynda nobatdaky maýa goýum forumynyň geçirilmegi Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän hemme taraplar bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek, biziň ýurdumyzyň döwrebap gazananlaryny wagyz etmek, şeýle hem milli ykdysadyýetimize täze maýalary we hyzmatdaşlary çekmek babatda ähmiýetli çäreleriň birine öwrüldi.
Forumyň barşynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň aýratynlyklary, bu ulgamda ýokary gazanylanlar bilen, ýurdumyzyň döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gidişi bilen jikme-jik tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Mälim bolşy ýaly, türkmen ykdysadyýetiniň esasy maksady garyşyk görnüşli, ösen durmuş ugurly bazar ykdysadyýetini döretmekden, ösen döwlet ulgamly, netijeli hususyýetçilik we döwrebap bazar düzümli, ilatyň ähli gatlaklaryna durmuş kepilliklerini üpjün edýän hem-de hojalyk edaralarynyň ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirýän täsirli makroykdysady düzgünleşdirmek bolan yzygiderli we tapgyrlaýyn ýokary netijeli ulgamyny kemala getirmekden ybaratdyr. Hemme özgertmeleriň esasynda ýurduň uzakmöhletleýin ösüşiniň durnuklylygyny üpjün etmäge ukyply bolan ýokary bäsleşikli milli ykdysadyýetiň kemala getirilmegi çykyş edýär.
Makroykdysady möçberde häzirki maýa goýumlarynyň zähmet önümçiliginiň diňe bir geljekki ösüşi üçin binýady tutman, eýsem-de, has ýokary durmuş hal-ýagdaýyny üpjün etmek üçin hem binýat bolup durýandygyny göz öňünde tutup, biziň ýurdumyzyň ykdysadyýet pudagynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda maýa goýum çekijiliginiň netijeli ulgamyny ösdürmeklik kesgitlendi. Çünki, maýa goýumlar täze ylmy-tehniki binýatda önümçilik kuwwatyny kemala getirýär hem-de dünýä bazarlarynda ýurtlaryň eýerýän bäsleşikli ýörelgelerini öňünden kesgitleýär. Şunda göni maýa goýumlar we beýleki işjeň maliýe serişdeleri görnüşinde daşary ýurt maýasynyň çekilmegine uly orun degişlidir.
Maýa goýumlarynyň ähmiýeti barada aýdylanda bolsa, onda olaryň makro we mikro derejede möhüm orun tutýandygyny bellemek gerek. Mazmuny boýunça maýa goýumlar islendik döwletiň ykdysadyýetiniň ösüşiniň öňdebaryjysy bolup durýar. Şeýle hem maýa goýumlaryň ykdysady derejeler hökmünde birnäçe möhüm wezipeleri ýerine ýetirýändigini, ýagny giňeldilen üznüksiz önümçilik syýasatyny amala aşyrýandygyny, ylmy-tehniki ösüşi tizleşdirýändigini, jemgyýetçilik önümçiligini düzümleýin özgerdilýändigini hem-de halk hojalygynyň hemme pudaklaryny sazlaşykly ösdürýändigini we beýlekileri nygtamak zerurdyr.
Daşary ýurt maýasyny çekmek meselesine uly ähmiýet berip, Türkmenistan şunda maýalara daşary ýurtlardan gelip gowuşýan goşmaça serişdeleriň akymy hökmünde garaman, eýsem-de, ykdysadyýete öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de şol tehnologiýalara kämil derejede erk edýän milli hünärmenleri taýýarlamagyň guraly hökmünde garaýar. Şunuň ýaly umumy ýagdaý ýokary ösüşli milli ykdysadyýeti döretmegiň möhüm gözbaşy bolup çykyş edýär.
Türkmen döwletiniň ösüşiniň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýän maýa goýum syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, her ýyl biziň ýurdumyzda bolşy ýaly, onuň çäklerinden daşarda hem Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumlary guralýar we geçirilýär. Şeýle duşuşyklar daşary ýurtly maýadarlara ýurtda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalara maýa goýumak üçin, türkmen kärdeşleri bilen özara bähbitli netijeli hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär.
Ine, häzirki forumda hem dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan işewür toparlarynyň wekilleri geljegi uly bolan türkmen bazaryna özleriniň gatnaşmaklarynyň üstünlikli tejribesini paýlaşdylar, taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Umumy mejlisleriň çäklerinde Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri nukdaýnazaryndan çelgileriň dünýä ulgamyndaky ýörelgesi babatda gyzyklanma bildirilen gepleşikler geçirildi, şeýle hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan esasy ugurlary kesgitlenildi we ýakyn geljek üçin türkmen döwletiniň strategik wezipelerini hasaba almak arkaly gyzyklanmalaryň gabat gelýän ugurlary bellenildi.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda ulag-aragatnaşyk pudagynda, nebitgaz, himiýa we elektroenergetika ulgamlarynda, gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty pudagynda, maliýe-bank ulgamynda, oba senagat toplumynda we dokma senagatynda, saglygy goraýyşda we derman senagatynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň taslamasyny goşmak bilen syýahatçylyk pudagynda we beýleki ugurlarda daşary ýurtly maýadarlaryň netijeli işlemegi üçin bu gün hemme şertler döredilen Türkmenistan bilen netijeli özara gatnaşyklary giňeltmäge ýokary gyzyklanmalar beýan edildi.
Foruma gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, Türkmenistan maýa goýmak üçin özüne çekiji bazara eýe bolmak bilen, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär. Uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan uzakdan görüji durmuş ugurly içeri syýasat we parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasat strategiýasy bilen şertlendirilen biziň ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň uly ähmiýeti bardyr. Şonuň bilen birlikde, maýa goýumlaryň uly akymynyň gelmegi üçin daşary ýurtly maýadarlaryň işlemegine ýurtda döredilen amatly düzgünler, ýurdumyzyň amatly geografiki ýerleşişi, kuwwatly çig mal-serişde binýadynyň agdyklyk etmegi hem-de ykdysadyýetiň ýokary depginli ösüşi möhüm şert bolup hyzmat edýär.
Öz çykyşlarynda türkmen tarapynyň wekilleriniň belleýişleri ýaly, hemme gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen Türkmenistanyň halkara derejesinde özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmeginiň esasy netijeli gepleşikler hem-de özara hereket etmegiň netijeli ýollaryny bilelikde gözlemeklik bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna has-da üstünlikli ýakynlaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen Halkara maýa goýum forumynyň geçirilmeginiň aýratyn ähmiýeti nygtaldy.
Maýa goýum forumynyň netijelerini jemläp, oňa gatnaşyjylar dünýäniň işewür jemgyýetçiliginiň wekilleriniň Türkmenistana artýan gyzyklanmalaryny nobatdaky gezek görkezen häzirki duşuşygyň işewür hyzmatdaşlygynyň haýran galdyryjy mümkinçiligini netijeli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädime öwrüljekdigine, forumda gazanylan ylalaşyklaryň bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine nobatdaky goşanda öwrüljekdigine ynam bildirdiler.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi. Onda türkmen topragynda bildirilen mähirli myhmansöýerlik, halkara hyzmatdaşlygyny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hatyrasyna hemme asylly başlangyçlary üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna çuňňur hoşallyk beýan edilýär.