Ï Türkmenistanyň dünýädäki abraýy artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň dünýädäki abraýy artýar

view-icon 820
Daşary yurt metbugatynda häzirki Türkmenistan, biziň ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeler barada yzygiderli çap edilýän dürli materiallar türkmen döwletiniň we onuň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň bütin dünýäde abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Mysal üçin, “Business Central Asia” halkara žurnaly özüniň nobatdaky, oktýabrdaky sanyny ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna gabatlap, Türkmenistana bagyşlady. Mälim bolşy ýaly, Nýu-Delide /Hindistan/ neşir edilýän bu meşhur žurnalyň okyjylary örän giň möçberli bolup, diňe bir Aziýa sebiti bilen çäklenmeýär.

Bu neşiriň çapdan çykmagy baý serişdeler we ykdysady kuwwatyna eýe bolşy ýaly, täsin taryhy medeni mirasy hem özünde jemläp, uly mümkinçilikleriň ýurdy hökmünde halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistana barha artýan gyzyklanmasynyň ýene bir aýdyň tassyklanmasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty, biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeler maksatnamalary we iri düzümleýin taslamalary, hyzmatdaşlyga açyklyk hem-de maýa goýmak üçin döredilen amatly ýagdaý—bularyň hemmesi daşary ýurtly işewür toparlarynyň geljegi uly bolan, yzygiderli ösýän türkmen bazaryna özleriniň gatnaşmagyny giňeltmäge ymtylyşlaryny şertlendirýär.


“Business Central Asia” halkara žurnalynyň ýörite goýberlişiniň sahypalarynda birnäçe mowzuklaýyn makalalar, şol sanda Türkmenistanyň BMG hem-de beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy barada gürrüň berýän makalalar ýerleşdirildi. Ine, neşir öz okyjylaryny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisinde biziň ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlary, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika we ekologiýa howpsuzlygy, şeýle-de beýleki möhüm ugurlarda beýan eden netijeli halkara başlangyçlary bilen tanyşdyrýar. Şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysadyýet we Durmuş Geňeşiniň düzümine saýlanmagyna, şeýle hem biziň ýurdumyzyň we UNESKO-nyň netijeli özara gatnaşyklaryna bagyşlanan makalalar ýerleşdirilipdir.

Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilik, döredijilikli daşary syýasat ugruna degişli mowzugy dowam edýän makalalaryň birinde biziň ýurdumyzyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan galkynmagy babatda berýän hemmetaraplaýyn ýardamy we goldawy barada gürrüň berlip, owgan halkynyň parahatçylykly we abadan durmuşa bolan ymtylmalaryna raýdaşlyk beýan edilýär.

Ekologiýa we daşky gurşawy goramak mowzugy Garagumyň jümmüşinde ýerleşen “Altyn asyr” Türkmen köli barada gürrüň berýän makalada has-da ösdürilýär. Türkmen köli hakykatdan-da biziň ýurdumyzyň suw we beýleki tebigy serişdeleriniň goralyp saklanmagy we dikeldilmegi, çölleşmäge, topragyň ýaramazlaşmagyna garşy göreşmek we şoňa meňzeş beýleki düýpli ekologik meseleleriniň çözülmeginde anyk goşant bolup durýan maýa goýum taslamasydyr. Bu pudakda Türkmenistan Ýer ýüzüniň häzirki we geljekki nesilleriniň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürüp, abraýly halkara guramalary, şol sanda BMG bilen ysnyşykly özara hereket edýär.

Okyjylaryň dykgatyna şeýle hem durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde energiýa howpsuzlygynyň we energiýa serişdeleriniň durnukly üstaşyr geçirilmegi ýaly, strategik ugurda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen hem-de dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa we ykrar edilmä mynasyp bolan Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna bagyşlanan makala hödürlenýär. Beýleki makalalarda biziň ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy baradaky mowzuk öz beýanyny tapdy. Ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolup hem-de milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň, öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň toplumlaýyn strategiýasyny durmuşa geçirip, Türkmenistan gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň hemmesi bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge meýillidir.

Žurnalyň şu sanyny türkmen halkynyň gadymy taryhy we baý medeniýeti, onuň öz gadymy özboluşly däplerine wepalylygy barada, gözel tebigat we owadan türkmen topragy hakynda, şeýle hem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki güni, onuň daşary we içeri syýasaty, döredijiligiň we ösüşiň ýolunda ýurduň täze belentliklere ymtylmalary dogrusynda gürrüň berýän makala tamamlaýar. Şu ýerde hem ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de üstünlikli ösmek üçin uly mümkinçilige eýe bolan Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň däp bolan dostluk, netijeli häsiýeti bellenip geçilýär.

Şeýle hem Türkmenistan barada daşary ýurtly okyjylara aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän makalalary suratlar bilen bezeýän köp sanly owadan fotomateriallaryň neşire aýratyn gözellik çaýandygyny bellemek gerek.