Ï Türkmenistan – Hindistan: müňýyllyklaryň dowamyndaky gatnaşyklar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – Hindistan: müňýyllyklaryň dowamyndaky gatnaşyklar

view-icon 1313
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” daşary ýurtlar bilen köptaraply, şol sanda medeni-gumanitar ulgamda gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen syýasaty netijesinde türkmen halkynyň baý taryhy- medeni mirasy, onuň köp müňýyllyk şöhratly taryhy dünýä ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň ünsüni barha özüne çekýär.

Tanymal hindi ýazyjysy, syýahatçy we alym zenan Radha Raýnanyň täze kitaby “An Ancient kinship. India& Turkmenistan” – “Gadymy garyndaşlyk. Hindistan we Türkmenistan” diýlip atlandyrylýar.

Täze neşirde iki dostlukly halkyň hyzmatdaşlygynyň gadymy taryhy, köp müňýyllyk türkmen we hindi medeniýetleriniň gatnaşygy barada gürrüň berilýär. Kitap Türkmenistanyň ajaýyp ýadygärlikleriniň, halklaryň özara gatnaşyklaryny gadymy köklere eýedigine şaýatlyk edýän artefaktlaryň owadan suratlary, şeýle hem jikme-jik görkezilýän kartografik maglumatlar bilen bezelipdir.

Ozal habar berlişi ýaly, geçen ýylyň tomsunda Radha Raýna Türkmenistana döredijilik sapary bilen gelip, Ylymlar akademiýasynyň???Taryh institutyna, Arheologiýa we etnografiýa institutyna hem-de Milli golýazmalar institutyna, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna baryp gördi. Şeýle hem myhman paýtagtymyzdaky hindi medeniýeti bilen bagly bolan köp sanly gadymy, gymmatly we del zatlary saklaýan muzeýleri, Änewdäki “Seýit Jemaleddin” taryhy arheologik toplumy we “Ak bugdaý” milli muzeýini synlady hem-de Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri we gadymy Nusaýda parfian galasynda gazuw-agtaryş işlerini geçirýän italiýaly arheologlar bilen duşuşdy. Radha Raýna täze kitabynda şol duşuşyklardan galan täsirler barada gürrüň berýär. Şeýle hem bu kitapda köp asyrlaryň dowamyndaky türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ozal giňden mälim bolmadyk ýagdaýy beýan edilýär.


Dilçiler we antropologlar baryp has gydymy döwürlerde hem Türkmenistanyň we Hindistanyň arasynda ysnyşykly gatnaşyklaryň bolandygyny bireýýäm äşgär etdiler. Muny neolit, eneolit we bürünç eýýamlaryna degişli arheologik toplumlar hem tassyklaýar. Meselem, Hindistanyň Migar medeniýeti (biziň eýýamymyzdan öňki VI müňýyllyk) Türkmenistanyň günortasyndaky jeýtun medeniýetine degişli ýerler bilen tipologik meňzeşligiň bardygyny görkezýär.

Bürünç eýýamynda gatnaşyklar has-da ýygjamlaşypdyr. Munuň özi şol bir wagtyň özünde täsin galdyrýan medeniýetleriň: “harapp siwilizasiýasynyň döremegi bilen baglanyşyklydyr, şol siwilizasiýa Ind jülgelerinde we onuň akymlarynyň ugrunda, Gangyň ýokarky akymynyň ugrunda, Lothalyň golaýynda we häzirki Gujarat ştatynda hem-de Murgap derýasynyň gadymy akymynyň ugrunda emele gelen “margiana” siwilizasiýasyna degişli ýerde ýaýrapdyr. Şeýle hem gadymy Merwde gadymy hindi şäher medeniýetine degişli zatlara meňzeş zatlar ýüze çykaryldy.

Arheolog W.I.Sarianidi dyzyna çöken adamlaryň şekilleri ýerleşdirilen heýkeljiklere aýratyn üns berýär, şol heýkeljikler Ind jülgesindäki gadymy şäherlerde gazuw-agtaryş işler geçirilende ýüze çykaryldy. Şunuň ýaly şekiller Marguşda we Baktriýada giňden ýaýrapdyr, munuň özi harapp siwilizasiýasyna degişli ýerlerde Marguşyň ýaşaýjylarynyň bolandygyny görkezýär.

Köpetdagyň eteginde ýüze çykarylan we piliň süňkünden edilen zatlaryň birnäçesiniň, gymmat bahaly şaý-sepleriň hindilerden gelip çykan diýlip hasaplanýar hem-de Harappda we Mohenjo-Daroda gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan zatlara meňzeşdir. Ýurdumyzyň, şeýle hem Hindistanyň muzeýlerinde şunuň ýaly gatnaşyklaryň saklanandygyny tassyklaýan köp sanly subutnamalar bar. Ilkinji nobatda bular gadymy keramika degişli seýrek duşýan nusgalar, dürli sungat eserleridir. Bular kerwen ýollary arkaly ýurtdan-ýurda aşyrylypdyr. Şeýle hem ruhy taýdan täsiriň ýetendigini tassyklaýan subutnamalar bar. Mälim bolşy ýaly, dünýädäki ilkinji din?? – zoroastrizm biziň eýýamymyzdan öňki ikinji we birinji müňýyllyklaryň sepgidinde Türkmenistanyň çäginde döräp, Hindistanda hereket edýän konfessiýa hökmünde biziň günlerimize gelip ýetdi. Buddizme uýýanlaryň irki orta asyrlarda Merwde gurlan ybadathanalary Merkezi Aziýadaky has uly ybadathanalaryň hataryna degişli edilýär.

Antiki döwürde Türkmenistany we Hindistpany Beýik Ýüpek ýoly berk baglanyşdyrypdyr. Şol döwür beýik Parfiýa döwletiniň gülläp ösen wagtydyr, GünortaTürkmenistan şol döwletiň merkezine öwrülipdir. Parfiýa Rimiň, Hindistanyň we Hytaýyň aralygynda ýerleşip uzak wagtyň dowamynda halkara ýolunyň ugrunda ýerleşipdir, şol ýol arkaly Hindistanyň Alynky??? Aziýa we Ýewropa harytlar daşalypdyr. Biziň eýýamymyzyň IV asyrynda Hindistanyň çäginde eftalipleriň (türkmenleriň –abdallaryň) döwleti döräpdir, muňa olaryň hindi dilindäki ýazgyly şaýy pullary hem şaýatlyk edýär. Şondan soňky asyrlarda-da Türkmenistanyň we Hindistanyň arasyndaky medeni we etniki gatnaşyklaryň arasy üzülmändir. Muňa mysal edip, köp sanly ýagdaýlary görkezmek bolar.

Häzirki wagtda-da müňýyllyklaryň dowamynda medeni we ruhy gatnaşyklar arkaly biziň halklarymyzy baglanyşdyran bu ýörelge dowam etdirilýär. Radha Raýnanyň täze kitaby uly gyzyklanma bildirilýän bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşulan ýene-de bir goşant bolup durýar, häzirki wagtda şol gatnaşyklar täze, täsirli many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.