Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 814
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Wagt tapyp kabul edendigi üçin, milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkiýeli işewür döwlet Baştutanymyzy we tutuş türkmenistanlylary umumymilli baýramçylyk bolan Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, köp taraply işinde uly üstünlik arzuw etdi. “Çalyk holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ykdysady taýdan uly ösüşleri gazanýan hem-de bütin dünýäde oňyn döredijilik syýasaty bilen belli bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek uly hormatdyr.

Gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan türkiýeli hyzmatdaşlar bilen uzakmhzletleýin özara peýdaly gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman ýakyn geljek üçin özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny ylalaşmak arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Häzirki döwürde Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga bildirildýän ynam hem-de döredilýän mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ahmet Çalyk döwlet Baştutanymyza birnäçe iri desgalaryň gurluşygynyň barşy, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Duşuşygyň ahyrynda “Çalyk holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene bir ýola hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen ygtybarly we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde subut etjekdigine ynandyrdy.