Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygy mynasybetli guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygy mynasybetli guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

view-icon 1068
Şu gün türkmen halky bir bitewi maşgala bolup, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyny dabaralandyrýar. Bu dabaraly hem-de şatlykly baýram hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň esaslandyran taryhy eýýamynyň -- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ýeňişlerini alamatlandyrýar. 27-nji oktýabr senesi ykbalçözüji sene bolmak bilen, dünýäniň kartasynda we halkara ulgamynda görnükli orun eýeleýän Garaşsyz türkmen döwletiniň başlangyjyny äşgär edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda ýurdumyz saýlap alan döredijilik we döwletiň hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýar.

Garaşsyzlygymyzyň her bir senesi täze üstünlikleri, şöhratly ýolda gazanýan beýik ýeňişlerimizi beýan edýär. Bu baýram biziň hemmämiz üçin örän ähmiýetli we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuşynda şu ýyl bolup geçen birnäçe şanly wakalara beslendi. Ol ägirt uly gazananlarymyzy, özgertmeleri hem-de ondan gelip çykýan oňyn netijeleri aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Hut şonuň üçin hem bu gün biz mähriban Watanymyzyň okgunly gülläp ösýändiginiň şaýady bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan täzelenişe gönüden-göni dahyllydygymyza buýsanýarys.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda geljegi nazarlaýan, ykdysadyýetiň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyny ugur edinýän we durmuş ulgamyny kämilleşdirýän milli we pudaklaýyn maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Medeni-durmuş, önümçilik, ulag-aragatnaşyk we beýleki maksatly desgalaryň paýtagtymyzda, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli milli Liderimiziň gatnaşmagynda şu aýda açylyş dabaralary geçirilen täze desgalar bar.


Dynç alyş düzüminiň täze desgalar toplumy, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň belent sütünli Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda kemala gelýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda açyldy. Aşgabatda hem täze binalar toplumynyň açylyş dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Paýtagtymyzda Döwlet etalon merkezi, Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň edira ediş binalary, kaşaň “Ýyldyz” myhmanhanasy, Aşgabat dokma toplumynyň ikinji nobatdakysy gurlup ulanmaga berildi. Daşoguz şäherinde ýaş çatynjalara niýetlenilen we türkmen halkynyň gadymy ruhy-ahlak ýörelgelerine we medeni gymmatlyklaryna ygrarlydygyny alamatlandyrýan ajaýyp “Bagt Köşgi” gurlup ulanmaga berildi. Mundan başga-da, şu aýyň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli maksatly döwrebap desgalaryň birnäçesi öz gapylaryny giňden açdy.

Şu ýylyň 23-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmmeginde Daşoguz şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahaty döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm wakasyna öwrüldi. Döwürleriň we nesilleriň mizemez arabaglanyşygyny, türkmen halkynyň gadymy demokratik ýörelgelere, paýhasly pederlerimiziň wesýetlerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan umumymilli forumda ýurdy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine, şeýle hem Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň içeri we daşary syýsatynyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.

Mähriban Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýy barha ýokarlanýar. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasat strategiýasynyň aýdyň netijesidir. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden beýan eden we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň berkidilmegine, sebitleýin we ählumumy möçberde durnukly ösüş üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyngdan giňden ykrar edildi we uly godawa mynasyp boldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda başlan 68-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanandygyny bellemeli. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyz indi üçünji gezek bu iri bütin dünýä forumyň wise-başlyklygyna saýlanyldy. Şeýle hem biziň ýurdumyzyň şu ýylyň aprel aýynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wise-başlyklygyna iki ýyl möhlet bilen saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň başga-da birnäçe möhüm guramalarynyň düzümine saýlandy. Şeýlelikde, biziň ýurdumyz 2013-2015-nji ýyllardaky döwür üçin BMG-nyň Ykdysady we Durmuş Geňeşine, 2012-2015-nji ýyllar üçin BMG-nyň neşe serişdeleri boýunça komissiýasyna, şol döwür üçin BMG-nyň ilat ösüşi boýunça komissiýasyna we hemişelik esasda BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine Ýetiriji komitetine saýlandy. Munuň özi Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykyp, strategik häsiýete eýe bolýandygyny alamatlandyrýar.

Şu ýylyň 17-18-nji oktýabrynda Aşgabatda “Energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş--ÝHHG-niň geljegi” atly halkara maslahatynyň geçirilmegi biziň ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň belende galýandygyny tassyklaýar. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy we maslahatyň umumy mejlisinde Türkmenistanyň energetika pudagyndaky möhüm meseleler boýunça eýeleýän ornuny beýan edýän çykyşy wekilçilikli forumyň ähmiýetini artdyrdy.

Şu ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň birnäçe daşary ýurtlara guran saparlarynda, şeýle hem daşary döwletleriň baştutanlaynyň biziň udumyza bolan saparlarynda geçirilen gepleşikleriň we duşuşyklaryň netijeleri dostlukly döwletara gatnaşyklaryny pugtalandymagyň, ählumumy gyzyklanmalara jogap bolup durýan özara peýdaly hyzmatdaşlygyň artdyrylmagynyň ýolundaky möhüm ädimi alamatlandyrdy.

Bir söz bilen aýdalynda, şu ýyl halkkra ähmiýeti bolan köp sanly möhüm wakalara beslendi. Olaryň hatarynda Halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanda geçirilen dabaralar, Demirgazyk-Günorta transmilli polat ýolunyň türkmen-gazak böleginiň açylmagy, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň we Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz menziliniň düýbüniň tutulmagy, iri “Galkynyş” gaz käninde harytlyk gazy taýýarlamak boýunça zawodlar toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi we beýlekiler bar.

Mahlasy, mukaddes Garaşsyzlygyň 22 ýyllyk baýramçylygyna biziň ýurdumyz geljekki ösüşleriň we ajaýyp zähmet ýeňişleriniň binýadyny goýan täze üstünlikler bilen geldi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagty –ak mermerli Aşgabat baýramçylyk dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Ýurdumyzyň baş meýdançasy şanly senäni uly baýramçylyk öwüşgini bilen garşylady. Bu ýere aşgabatlylaryň müňlerçesi, şeýle hem Türkmenistanyň ähli künjenklernden we daşary ýurtlardan gelen köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Merkezi münbere hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, iri jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçlyary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, .biziň ýurdumylda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri.

Ir sagat 10.00da hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet münberine çykdy. Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi milli Liderimizi şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Asylly däbe görä, baýramçylyk Türkmenistanyň goranmak kuwwatynyň özboluşly gözden geçirilişi bolan dabaraly harby ýörişden başlandy. Munuň özi şöhartly pederlerimiziň watan söýüjilik däplerini mynasyp dowam edýän, mukaddes Garaşsyzlygyň gazananlarynyň, parahatçylygyň, mähriban topragyň asudalygynyň, halkymyzyň abadan we döredijilikli durmuşynyň goragynda berk durýan türkmen esgerleriniň hünär ussatlygyn we endikleriniň nobatdaky gezek görkezýän çärä öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýwaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew dabaraly ýagdaýda hasabat berýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Belent sütün boýunça Türkmenistanyň Döwlet baýdagy ýokary göterilýär.

Meýdançada hatara duran serkerdeler, esgerler we harby talyplar mähriban Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny ýerine ýetirýärler.

Döwletimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadygyny berkitmek, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak, harba gullukçylaryň göwnejaý gulluklary we ýaşaýşy üçin zerur şertleri döretmek, döwrebap harby şäherçeleri, serhet galalaryny, Watanymyzyň goragçylary we olaryň maşgalalary üçin oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak babatda yzygiderli alada edýär. Şu maksatlara ýetmek üçin ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy bilen toplumlaýyn harby özgertmeler maksatamasy durmuşa geçirilýär. Ýeri gelende aýtsak, milli Ýaragly Güýçlermiziň kuwwaty parahatçylygyň goraglylygyna gönükdirilendir. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Harby doktrinasy goranyş häsiýetinde bolup, ol ýurduň howpsuzlygyny, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Türkmen esgerleri döwletimiziň edýän yzygiderli aladasyna mynasyp jogap berýärler. Olar iň täze harby tehnikalara ussatlyk bilen erk edýärler. Amaly we söweşjeň taýýarlygyň ýokkary derejesini görkezýärler. “Galkan-2013” ady bilen şu ýylyň maý aýynda geçirilen atyşykly harby-taktiki görkezme okuw türgenleşikleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Baýramçylyk harby ýörişi Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli kysymlarynyň söweşjeň baýdaklary bilen açylýar. Hormat garawulynyň aýratyn batalonynyň esgerleri söweşjeň baýdaklary belentde tutup, dabaraly ýörişiň öňüni çekýärler.

Olaryň yzy bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde tälim alýan harby okuwçylar, geljekki Watan goragçylary -- ýaşajyk deprekçiler göni hatarlar bilen geçýärler.


Soňra Milli Goşunymyzyň serkerdeleri göni hatar bilen dabaraly harby ýörişi dowam edýärler. Olar şöhratly pederlerimiziň watan söýüjilik däplerini mynasyp dowam etmek bilen, özleriniň Watan öňündäki harby borçlaryny hormat bilen ýerine ýetirýärler. Serkerdeler Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ýöreldesine eýerýärler.

Güneşli diýarymyzyň asudalygyny goramakda, zenan harby gullukçylarymyzyň hem uly goşandy bar. Ýurdumyzyň ýokary harby okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň dabaraly harby ýörişi bilen baýramçylyk çäresi dowam edýär.

Ýaragly Güýçlerimiziň şahsy düzümi üçin watan söýüjilik mekdebine öwrülen motoatyjy esgerler döwlet münberiniň öňünden geçýärler. Soňra baýramçylyk hataryny uçarmanlar batalony dowam edýär. Olar harby uçarlara başarjaňlyk bilen erk edip, mähriban Watanymyzyň asman giňişliklerini ygtybarly goraýarlar.

Baýramçylygyň baş meýdançasyndan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň harby gullukçylary batly gadamlar bilen geçýärler. Amaly we söweşjeň taýýarlygyny yzygiderli kämilleşdirýän harby gullukçylar mähriban Watanymyzyň deňiz çäkleriniň howpsuzlygyny üpjün edýärler. Olaryň yzy bilen merkezi meýdança ýörite maksatly paraşýut-desant batalony çykýar. Olaryň yzysüre göni hatarlar bilen deňiz pyýada batalonynyň harby gullukçylary geçýärler. Berk bedenli, belent ruhly we Watanymyzyň, halkymyzyň öňündäki mukaddes borçlaryny mynasyp ýerine ýetirýän bu esgerleri göreniňde kalbyňy buýsanç duýgusy gaplap alýar.

Döwlet münberiniň öňünden asmana atyjylar batalonynyň harby gullukçylary göni hatar bilen geçip barýarlar. Olar şöhratly Watan goragçylarynyň ýörelgelerini mynasyp dowam edýärler. Beýleki harby gullukçylar ýaly, asmana atyjylar hem öz öňlerinde goýlan wezipäni abraý bilen ýerine ýetirýärler.

Baş meýdançadan raýat goranyşy we halas ediş Batalonynyň esgerleri geçýärler. Olaryň hatarynda adatdan daşary ýagdaýlarda gyssagly kömek bermek we olaryň netijelerini aradan aýyrmak boýunça ussatlyk görkezýän ezber harby gullukçylar bar.

Olaryň yzi bilen Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň harby talyplary geçýärler. Soňra ýurdumyzyň baş meýdançasyndan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýörite maksatly bölümleriniň harby gullukçylary geyýärler. Serhetçi esgerler Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak bilen, halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny üpjün edýärler.

Olaryň ornuny ýurdumyzda kanunçylygyň we tertip-düzgüniň berjaý edilmeginde mynasyp paýy bolan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň harby talyplary çalyşýarlar.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygy mynasybetli guralan baýramçylyk ýörişine ahalteke bedewlerine atlanan harby gullukçylaryň gatnaşmagy baş meýdançada guralýan dabaranyň ähmiýetini artdyrdy. Asyrlar aşyp, bedew türkmen halkynyň wepaly ýoldaşyna öwrülipdir. Hut şonuň üçinem halkymyz özüniň şöhratly “Behişdi bedewlerine” tüýs ýürekden buýsanýar. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinde Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we goldaw bermegi netijesinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we Içeri işler ministrliginiň goşun bölümlerinde atçylyk bölümçeleri açyldy. Şeýlelikde, täze taryhy eýýamda ahalteke bedewleri Watanymyzyň we tertip-düzgüniň goragçylarynyň ygtybarly kömekçilerine öwrüldiler.

... Soňra kuwwatly tehnikalaryň sesleri eşidilip başlanýar. Baş meýdançada Milli Goşunymyzyň düzüminde bar bolan häzirki zaman harby tehnikalarynyň göni hatarlary geçip başlaýar.

Ilki bilen, Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada aýratyn maksatly ýörite bölümler üçin niýetlenen “BARS” harby awtoulagy peýda bolýar. Olaryň yzyndan birinji kerweniň düzüminde kuwwatly T-90 we T-72 tanklary ýörişi dowam edýär. Olaryň ornuna kuwwatly söweş tehnikalary bolan BMP-3, BMP-1M, BMP-2 we BMP-2D kysymly pyýada goşunyň söweşjeň maşynlary gelýär. Türkmen esgerleri öz ukyplaryny yzygiderli kämilleşdirmek arkaly kuwwatly harby tehnikalara ussatlyk bilen erk edýärler.

Baýramçylyk ýörişi “2S-1 Gwozdika”, “2S-3 Akasiýa”, şeýle hem “Şilka” we “STRELA-10” kysymly asmana atyjy toplumlar dowam edýär.

Baş meýdançada aýratyn maksatly ýörite bölümler üçin niýetlenen ikinji mehanizirlenen kerwenler peýda bolýar. Onuň öňüni ýeňil sowutlanan we häzirki zaman döwrebap radio aragatnaşyk serişdesi ýerleşdirilen “Land Rower” we häzirki zaman harby radio aragatnaşyk serişdesi gurnalan “Rode Şwars” kysymly harby awtoulaglary çekýär.

Soňra meýdançadan aýratyn maksatly ýörite bölümler üçin niýetlenen Land Rower” kysymly ýeňil sowutlanan harby awtoulaglary we “KARAKAL” kysymly tanka garşy raketa atyjy toplumyň awtoulagy geçýär. Soňra baýramçylyk mynasybetli guralan harby ýörişi milli Ýaragly Güýçleriniň kämil söweş tehnikalary bolan BTR-80, BTR-80A, BTR-80M bronetransportýorlary dowam edýär. Bu harby tehnikalar ygtybarly hem-de ýokary söweşjeň ukyby bolan tehnikalardyr.

Üçünji ýeňil awtoulaglar kerweniniň düzüminde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň “Toýota HILUХ”, “MANTRA”, “PMV—SURVIVOR—II“, “IVEСO” kysymly ýörite maksatly harby awtoulaglary bar.

Olaryň yzyndan hatar gurap gelýän Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli UAZ “PATRIOT”, “Toýota TUNDRA PLATINUM”, şeýle hem “PMV- SURVIVOR II” kysymly sowutlanan ýeňil awtoulaglary baýramçylyk meýdançasynyň dabarasyny artdyrýar.

Dördünji mehanizirlenen kerwene nobat ýetýär. Onuň düzüminde dürli ölçegdäki toplar bar. MT-12 “Rapira” ýaragy tanka garşy ulanylýar. “D-30” we “D-20” gaubisalary, şeýle hem 152 millimetrlik “MSTA-B” we “Giasint-B” kysymly tirkege alynýan toplar harby ýörişi dowam edýär. Soňra BM-21 “Grad”, BM-21A, “Belgrad” we “Smerç” kysymly reaktiw artilleriýa toplary geçýär.

Baş meýdançadan bäşinji mehanizirlpenen kerwen geçip başlaýar. Onuň düzüminde Türkmenistanyň howa hümüminden goranyş goşunlarynda bar bolan kuwwatly tehnikalar görkezilýär. Döwlet münberiniň öňünden raketa howpuny uzak aralykdan duýdurmaga ukyply häzirki zaman “KOLÇUGA”, “Peçora-2M”, şeýle hem “MAZ” awtoulagyň binýadynda ýerleşdirilen “S-200W” kysymly asmana atyjy raketa toplumlary geçýärler.


Baýramçylyk harby ýörişini asuda asmanymyzyň goragçylary bolan uçarlar has-da dabaralandyrýarlar. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby howa güýçleriniň dört sany SU-25 kysymly söweşjeň usarlary, sesden hem çalt uçýan dört sany MiG-29 kysymly uçarlary asmanda peýda bolýarlar. Öz hünärlerini yzygiderli kämilleşdirýän türkmen uçarmanlary häzirki zaman tehnikalaryna ussatlyk bilen erk edýärler. Olar mähriban Watanymyzyň asman giňişliginiň parahatçylygynyň we asudalygynyň ygtybarly gollardadygyny subut etmek bilen, özleriniň hünär ussatlyklaryny görkezdiler. Bu ýerde görkezilen ýerüsti harby tehnikalary we häzirki zaman harby uçarlary döwletimiziň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş kuwwatynyň pugtalandyrylmagy, Milli Ýaragly Güýçleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edarlarynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere döwletimiziň yzygiderli üns berýändigini äşgär etdi.

Soňra Döwlet münberiniň öňünde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalonynyň harby gullukçylary peýda boldular. Olar ýarag ulanmagyň ussatlygyny görkezmek bilen, ýaraglaryň üsti bilen birnäçe çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýärler. Şeýle hem Aýratyn hormat garawuly batalonynyň harby gullukçylary Döwlet tugumyzdaky aýy, bäş ýyldyzy hem-de parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun ýapragyny we baş baýramymyzyň şanyna “22 ýyl” diýen ýazgyny emele getirdiler.

Milli Ýaragly Güýçlerimiziň birleşdirilen harby orkestriniň belent ruha beslenen çykyşlary mähriban Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň hormatyna guralan baýramçylyk ýörişiniň jemini jemledi.

Dabaraly ýörişiň dowamynda bedewleriň toýnak sesleri eşdilip başlaýar. Her bir türkmen üçin ýakymly hem-de tanyş bolan toýnak sesleri okgunly hereketiň, erkinligiň, belent ýeňişlere bolan meýliň alamaty bolan bedewlere atlanan milli lybasdaky çapyksuwarlar döwlet münberiniň öňündäki dabarany dowam edýärler.

Ahalteke bedewleriniň döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky bedew badyny alamatlandyrýan ýörişi başlanýar. 22 bedewden ybarat bolan topar beýik ýeňişler we şanly wakalar bilen taryhy senenamamyzyň üstüni ýetiren Garaşsyzlygymyzyň möhletini äşgär edýär. Bu görnüşler halkymyzyň belent ruhuny, agzybirligini, bütewiligini täze sepgitlere ýetmekdäki ynamyny hem-de gaýratyny alamatlandyrýar.

Dabarany alypbaryjy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ählumumy söýgä mynasyp bolan ahalteke bedewiniň halkymyzyň ykbalyndaky ähmiýeti barada gürrüň berýär. Türkmen bedewi ýurdumyzyň milli gymmatlygy bolmak bilen, asyrlaryň we nesilleriň arabaglanyşygyny, üstünlikleri we ýeňişleri, öndürijilikli zähmetiň sazlaşygyny, ruhy göterilişi we döredijilligi özünde jemleýär. Ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň salkanmagynda we artdyrylmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn tagallasy bardyr. Milli Liderimiziň aladasy netijesinde milli atşynaslyk ulgamy täze belentliklere çykdy. Ýurdumyzda onuň düzümini ösdürmek, arassa ganly bedewleriň baş sanyny artdyrmak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň we milli at üstündäki oýunlaryň meşhurlygyny artdyrmak boýunça ägirt uly çäreler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan bu babatda dünýäniň ykrar edilen merkezine öwrülýär. Biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz iri gözden geçirilişleriň, abraýly atçylyk bäsleşikleriniň we dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän çapyşyklaryň ýeňijileri bolmagy başarýarlar. At üstündäki oýunlary ýerine ýetirmekde biziň ýigitlerimiz öňdäki orunlary eýeleýärler. Moskwada geçirilen sirk sungatynyň Bütindünýä festiwalynda biziň atly ýigitlerimiziň gazanan uly ýeňşi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Atlylar ýurdumyzyň baş meýdançasynda öwrüm edip, döwlet münberiniň öňünde saklanýarlar. Olaryň göni hatarlary, bedewleriň ýeňil gopuşy we olaryň gözelligi dürli reňkdäki bedewleriň altyn öwüşginleri çapyksuwarlaryň ussatlyklary, utgaşykly hereketleri bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Ýigitleriň ikisi meýdança dürli şaý-sepler bilen bezelen bedewi çykarýarlar. Mähriban Watanymyzyň, tutuş türkmen halkynyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri üçin hoşallygyň hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyza hormatly Prezidentimiziň egindeşleriniň adyndan ajaýyp ahalteke bedewi gowşurylýar.

Atlylar özleriniň çylşyrymly herketleri bilen bir-biriniň üstüne çykyp, türkmen Tuguny belende göterende tomaşaçylaryň şowhunlarynyň çägi bolmady.

Baýramçylyk mynasybetli guralan dabaraly atly ýöriş türkmen halkynyň milli gymmatlyklara bolan ygrarlylygyny we ýokary tehnologiýalar döwründe milletiň gadymy däplere we medeni gözbaşlara hormat goýýandygyny alamatlandyrdy.

Garaşsyz Watanymyzyň 22 ýyllygynyň hormatyna guralan dabara şatlyk-şowhun bilen dowam edýär. Baýramçylyk çäreleriniň göni ýaýlym arkaly görkezilmegi ýurdumyzyň dürli şäherlerinde we obalarynda ýaşaýan adamlara bu dabaralara tomaşa etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem paýtagtymyzda guralan äpet monitorlarda görkezilýän dabaralar milletiň ruhuny göterýär.

Baş meýdança ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen hormatly ýaşulular, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykýarlar. Olaryň gollarynda Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň baýdaklary pasyrdaýar. Dürli reňkdäki howa şarlary asmana göterilýär.

Birnäçe hatarlara düzülen adamlar milli nyşanlar bilen bezegi ýetirilen ulaglaryň hereketi sazlaşýar. Onda oturdylan ýörite diwarlykda Döwlet tugrasy, Türkmenistanyň kartasy bilen baýdagy, ýurdumyzyň Baş Kanuny we türkmen döwletiniň Konstitusiýa binasy ýerleşdirilipdir. Ýörişiň dowamynda dabarany alyp baryjy jemgyýetçilik guramalarynyň orny, döwletiň ösüşinde ýokary kanunçykaryjy guramanyň hem-de onuň raýat we jemgyýetçilik institutlarynyň ähmiýeti barada gürrüň berýär.

Dabaraly ýörişi Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekilleri dowam edýärler. Münberiň öňünden ýurdumyzyň baş şäheriniň bezegine öwrülen täze binalar şekillendirilen ulag geçip gidýär. Paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şäher gurluşyk maksatnamasynyň netijesinde Aşgabadyň keşbi düýpli özgerdi.


Şu ýyl Aşgabadyň taryhynda has-da şanly ýyl boldy. Paýtagtymyz bu ýyl öz çjklerini giňeltdi we dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizildi. Şeýle hem şu ýyl milli Liderimiziň teklibi boýunça Aşgabat şäheriniň Güni esaslandyryldy. Ol indi her ýylyň 25-nji maýynda bellenilýär.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda şäherde tutuş etraplar, paýtagtyň taryhy merkezi düýpli döwrebaplaşdyryldy. Täze ýaşaýyş jaý toplumlary döredi. Täsin binagärlik we inženerçilik çözgütlerini özünde jemleýän ýüzlerçe desgalar guruldy. Olaryň birnäçesi Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizildi. Beýlekiler bolsa halkara derejesinde geçirilen abraýly binagärlik bäsleşikleriniň baýraklaryna mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäheriniň dünýäniň iň owadan paýtagtlarynyň hatarynda mynasyp orny eýeleýändiginiň subutnamasydyr.

Soňky ýyllarda sebitde iri işewürlik we medeni merkez derejesine eýe bolan hem-de halkara hyzmatdaşlyk merkezi hökmünde ykrar edilen myhmansöýer paýtagtymyz häzirki döwürde sazlaşykly ösýän şäheriň, uly geljegi bolan we gözellik bilen amatlylygyň sazlaşygyny, öňdebaryjy binagärlik, inženerçilik çözgütleri bilen milli binagärlik ýörelgelerini emele getiren şäher hökmünde ykrar edildi. Ýöne bu babatda baş maksat gurulýan binalaryň we desgalaryň adamlaryň öndürijilikli zähmeti hem-de oňaýly dynç alşy üçin zerur şertleri döretmekden ybaratdyr.

Ak mermerli Aşgabady wasp edýän aýdymyň owazy has-da belent ýaňlanýar. Dabaraly sazyň astynda howa şarlary asmana göterilýär. Soňra estrada äheňleriniň ornuny halk heňleri eýeleýär. Meýdança ýurdumyzyň bäş welaýatynyň wekilleri çykýar.

Her welaýatyň taryhy ýadygärlikleri we täze binagärlik nyşanlary şekillendirilen uly karta çekilen ulagyň üstünde ajaýyp gölleriň sazlaşygyndan, türkmen topragynyň gözel künjekleri, datly miweleri älemgoşar şekilini emele getirýär. Onda maşgala ojagynyň, öýüň we milli dessurlara wepalylygyň nyşany bolan mukaddes tamdyr öňdäki orunda şekillendirilipdir.

Tamdyr diňe bir maşgala bagtyýarlygyny ýa-da bolçulygy alamatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem halkyň agzybirliginiň baş nyşanydyr. Agzybir ili bolan oba bir tamdyr ýeterlikdir diýen türkmen halkynyň ganatly jümlesi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu görnüşde maşgala gymmatlygy umumadamzat bitewüliginiň, jemgyýetçilik ylalaşygynyň, geçmişiň, häzirki döwrüň we geljegiň, däpleriň we täzeçil ýörelgeleriň arabaglanyşygy hökmünde janlandyrylýar. Bu ýerde adamzat bagty diýip atlandyrylýan ähli gymmatlyklar bir ýere jemlenendir. Onda birek-birege goldaw bermek, sagdyn çagalyk, alada bilen gurşalan gojalyk, nesilleriň birek-birege hormat goýmagy, durmuşy ruhubelentligi we ertirki güne bolan ynamy üpjün edýän iş we okuw bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Maşgala gymmatlyklaryna daýanýan sütün jemgyýetiň üstünlikli ösüşiniň girewi bolmak bilen, ol meýdançada görkezilýän çykyşlarda dolulygy bilen beýan edilýär. Bu ýerde ähli sebitleriň folklor toparlary her welaýata mahsus bolan özboluşly çykyşlary ýerine ýetirýärler.

Şäherleriň we obalaryň keşbiniň özgermegine, olaryň abadan hem-de amatly bolmagyna, mahlasy, ähli künjeklere täze durmuşyň gelmegine goşant goşýan welaýatlaryň zähmetkeşler toparlarynyň hatarlary baş meýdançadan geçip gidýärler. Ilatyň ýokary durmuş ülňüleriniň üpjün edilmegi, adamlara ähli gowulyklary bagyş edýän häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegi ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň esasyny düzýär.

Belent owazly sazlara, joşgunly aýdymlara hem-de tanslara beslenen baýramçylyk ýörişi dowam edýär. Ýene-de dürli reňkdäki ýüz müňlerçe howa şarlary asmana göterilip, gök ýüzünde ajaýyp älemgoşar şekilini emele getirýärler.

Soňra meýdançadan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri geçýär. Şu pursatda münberiň öňündäki meýdança tutuş aklyga beslendi. Ak ýektaýly lukmanlaryň hatary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Ak ýektaýly lukmanlaryň ýokarsyndan asmana göterilýän ak reňkli howa şarlary türkmen topragyna nur-bereket eçilýän ak garlara çalymdaş boldy. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar soňky ýyllarda ýokary halkara ülňülerine çykan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejelerini beýan etdiler. Häzirki döwürde döwrebap saglyk merkezleri lukmançylyk hyzmatynyň ýokary derejesini kepillendirýär. Döwletimiz täze saglyk merkezleriniň gurluşygy we olaryň döwrebap enjamlaşdyrylmagy üçin ägirt uly serişdeleri goýberýär. Özboluşly bezegi bolan ulagyň üstünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň 5 jildi şekillendirilipdir. Şeýle hem onda lukmançylyk ulgamynyň ýeten derejesini, ýurdumyzyň kartasynda öňdebaryjy saglyk merkezlerini şekillendirýän suratlar bar. Bularyň yzy bilen lukmanlaryň, alym-lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň we öz ykbalyny ynsan saglynyny gorpamak ýaly asylly işe bagyşlan beýleki işgärleriň hatarlary geçýär.

Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegi ugrunda netijeli çäreler durmuşa geçirilýär, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi we sport yzygiderli ösdürilýär. Şunlukda ýokary döwlet derejesinde “Saglyk” maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek meselelerine işjeň gatnaşmagy ulgamyň döwrebap derejede ösdürilmegini şertlendirdi. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy milli gymmatlygymyz bolup durýar. Hut şu ýörelge milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň özenini düzýär.

Soňra meýdançada şapagyň altyn öwüşginleri bilen sazlaşýan deňiz tolkunlarynyň şekili emele gelýär. Şu görnüşde ýurdumyzyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň we onuň düzümleýin bölümleriniň işgärleri çykýarlar. Türkmenistanyň meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleri şekillendirilen ulagyň görnüşi ýurdumyzda halkara syýahatçylygynyň ösüş aýratynlyklaryny şekillendirýär. Şeýle hem onda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň baş nyşanlaryna öwrülen kaşaň myhmanhanlaryň, dynç alyş merkezleriniň, ýahtalaryň we ýelkenli gämileriň şekilleri bar. Türkmen topragynyň jenneti mekanyna çakylyk bolup ýaňlanýan aýdym sesi eşildilýär. Mälim bolşy ýaly, bu künjekde milli Lilderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça dünýä giňişligini nazarlaýan pudagyň ägirt uly taslamalary durmuşa geçirilýär.

2013-nji ýyl ýurdumyzyň syýahatçylygynda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilýän we bu ugurda netijeli işleriň durmuşa geçirilýän ýylyna öwrüldi. Şu ýylyň dowamynda biziň ýurdumyzyň wekiliýeti Germaniýada, Belgiýada we beýleki ýurtlarda geçirilen iri halkara forumlaryna, ýarmarkalaryna gatnaşdy. Türkmenistanyň Tokioda şu ýylyň güýzünde geçirilen halkara sergisine gatnaşmagy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň onuň hormatly myhmany bolmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň subutnamasydyr.

Dünýäniň işewür toparlarynyň biziň ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklerine bolan ünsiniň ýokarlanýandygyny bellemeli. Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň baştutany Taleb Rifainiň biziň ýurdumyza guran birnäçe saparlary muňa şaýatlyk edýär. Syýahatçylygyň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikleri özünde jemleýän Türkmenistan täze halkara syýahatçylyk merkezi hökmünde özüni ynamly ykrar edýär. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda gönüden-göni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda we howandarlyk etmeginde pudagyň täze düzümi, onuň häzirki zaman netijeli nusgasy döredilýär.

Syýahatçylyk pudagynyň işgärleriniň yzysüre meýdançada ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleri peýda bolýar. Döwlet Baştutanymyz bu ulgama ýurdumyzy mundan beýläk ösdürmekde möhüm ornuň degişlidigini belleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň döwlet işini şu ulgamy düýpli özgertmekden başlady. Milli bilim ulgamynda ählumumy özgertmeler strategiýasyny durmuşa geçirmäge girişmek bilen, milli Liderimiz bu pudagy beýik maksatnamalaýyn özgertmeleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmginde binýat bolup durýandygyny, ýurduň täzeçil ösüşi üçin esas döredýändigini belledi.

Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, dynç alyş we döredijilik merkezleri diňe bir paýtagtymyzda ýa-da welaýat merkezlerinde däl, eýsem ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda gurulýar.

Her ýylda täze bilim şäherçeleri açylýar. Olarda bilim almak hem-de wagtyňy peýdaly geçirmek üçin ähli amatly şertler döredilýär. Şu ýyldan başlap, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okatmagyň 12 ýyllyk usulyna geçildi. Okuw sapaklarynyň tertipnamasynda täze dersler peýda boldy.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň ýaş raýatlary üçin göwnejaý bilim almaga, hünär saýlamaga, öz zehinini we ukyplaryny açyp görkezmäge oňyn mümkinçilikler döredildi. Türkmen ýaşlarynyň gazanýan üstinlikleri ýurdumyzyň buýsanjyna öwrülse, ýurdumyzyň ýeten derejesi ýaşlarda buýsanç döretdi. Olary watan söýüjilik, ýokary ahlak ýörelgelerine ruhlandyrydy.

Ylym we bilim ulgamynda ýetilýän sepgitler bu dabaraly ýörişe gatnaşýan ulaglarda şekillendirilen görnüşlerde öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň işgärleri, talyp ýaşlar milli Liderimize döredilýän giň mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Umumyadamzat ösüşiniň tejribesi we yzygiderliligi bu ulgama aýratyn ähmiýet berilmeginde ösüşe eýe boldy. Hut şu ugurda döwletimizi dünýä derejesinde ýokary orunlara çykarýan ägirt uly ykdysady ösüşler gazanylýar.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan nebitgaz toplumy boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzyň baş meýdançasynda bu ugra degişli önümçilik kuwwatlyklary görkezilýär. Ulagyň üstünde ýerleşdirilen görnüşlerde çägeliklerde, deňiz giňişliklerinde dikilen buraw wyşkalary, dürli ugurlar boýunça çekilen turba geçirijiler görkezilýär. Ýörite iş lybaslaryny geýnen pudagyň işgärleri dabaraly ýörişe goşuldylar. Olar özleriniň yhlasly zähmetleri bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýarlar we Türkmenistanyň energetika döwlet hökmündäki derejesini berkidýärler.

Türkmenistanyň gazylyp alynýan baýlyklary hakyndaky aýdym-sazyň astynda özboluşly kompozisiýa ýaýbaňlandyrylýar. Olarda täze ýataklary gözlemek we özleşdirmek, türkmen gazynyň eksport ugurlaryny artdyrmak, ýangyjy sarp ediji ýurtlara ugradyp, olardan peýda gazanmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler dabara gatnaşyjylaryň hereketlerinde äşgär bolýar.

Şu pursatda hem dürli reňkdäki howa şarlary asmana göterilýär. Meýdançada milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri peýda bolýarlar. Olaryň hatarynda ýörite iş eşigine giren senagat düzümleriniň hünärmenleri, köp sanly işçiler bar. Ulaglaryň üstündäki suratlarda Türkmenistanyň häzirki döwürde ýeten derejesi beýan edilýär.

Şeýle hem olarda düýpli gurluşyk, elektroenergetika we ulag ýol ulgamyny ösdürmek boýunça gazanylýan üstünlikler aýdyň görkezilýär. Häzirki döwürde bu pudaklar ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň baş ugurlaryny, onuň maýa goýum ýagdaýyny kesgitleýärler we beýleki ýurtlar, daşary ýurtlaryň kompaniýalary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň artmagyny, ýurdumyzyň pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň we eksport mümkinçiliginiň ýokarlanmagyny şertlendirýärler. Tutuş dünýä boýunça gurluşyk, elektroenergetika tehnologiýalary ulgamyndaky iň täze gazanylanlar milli ykdysadyýetimiziň düzümleriniň ösüşinde giňden ulanylýar.

Ykdysady düzümleriň bank-maliýe ulgamlarynyň işgärleriniň dabaraly ýörişi hem örän täsirli boldy. Onuň barşynda Türkmenistanyň işewür durmuşynyň ýokary netijelere eýe bolýandygy, milli manadymyzyň durnuklylygynyň pugtalanýandygy görkezildi. Mälim bolşy ýaly, ýene-de birnäçe günden milli manadymyzyň dolanyşyga girizmeginiň 20 ýyllygy belleniler. Biziň ýurdumyzyň geljekki ykdysady ösüşini çaklaýan Halkara walýuta gaznasynyň bilermenleriniň oňyn baha bermekleri Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasydyr.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary mukaddes Garaşsyzlymyzyň 22 ýyllyk baýramçylygyna zähmet sowgatlaryny taýýarladylar. Alyp baryjynyň olar baradaky gürrüňi dabara gatnaşyjylaryň ýörişi bilen utgaşdy. Şeýlelikde, dabaraly ýörişi Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň, Balyk hojalygy döwlet komitetiniň we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işgärleri dowam etdi. Ýeri gelende aýtsak, ýakynda bu pudaklaryň işgärleri Arçabil şaýolunda gurlup ulanmaga berlen Senagat toplumynyň edara ediş binasyna göçüp bardylar.

Senagat pudagynyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň bu pudagynyň ähli ulgamlaryny doly döwrebaplaşdyrmak we yzygiderli ösdürmek, ony senagat taýdan kämilleşdirmek ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň baş maksady bolup durýar. Ol pudagyň kärhanalaryny häzirki zaman tehnikalary we täze tehnologiýalary bilen üpjün etmäge, hojalygyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyny, önümçiligiň ösüşini we pudaklaýyn ylmy höweslendirmegi, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagyny ugur edinýär.

... Dabaraly sazyň ornuny tüýdügiň ýakymly owazy eýeleýär. Onuň owazynda mähriban Watanymyzyň ümmülmez giiňişlikleri, bahar ýagyşlary, dürli gülleriň gözelligi, eli hünärli zenanlaryň elinden çykýan täsin halylaryň owadanlygy äşgär duýulýar. Soňra meýdança “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň işgärleriniň hatarlary çykýar.

Ýurdumyzyň halyçylyk kärhanalarynyň işgärler öz pudagynyň aýratynlyklaryny aýdyň beýan etmäge çalşypdyrlar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň halyçylyk kärhanalarynda türkmen zenanlarynyň gadymy halyçylyk däpleri kämil esasda dowam etdirilýär. Ulagda ýerleşdirilen diwarlyklarda nagyşly, tebigy şekiller, owadan görnüşler janlandyrylan halylar goýlupdyr. Lşeýle hem ol ýerde tebigy serişdeler, boýaglar we haly önümçiliginde giňden ulanýalýan beýleki serişdeler, haly dokmak üçin gurnama görkezilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösýän pudaklarynyň biri bolan dokma pudagynyň işgärleriniň meýdança çykmagy has-da täsirli boldy. Keteniniň owadan zolaklaryny emele getiren adam akymy meýdançada ajaýyp şekilleri döretdi. Olaryň ýokarsynda bolsa dürli reňkdäki howa şarlary açmana göterildi.

Meýdançada aýdym-sazyň sesi joşgünly tanslar bilen utgaşyp gitdi. Dabara gatnaşyjylar Beýik Ýüpek ýolunyň wakalaryny, gymmat bahaly matalar hem-de halylar ýüklenen söwda kerwenlerini janlandyrdylar. Taryha gysgaça gezelenji häzirki zaman görnüşleri çalyşdy. Ýaşajyk oglanlar we gyzlar halk lybaslarynyň esasynda döredilen geýimleriň häzirki zaman nusgalaryny görkezdiler. Geçmiş bilen geljegiň arabaglanyşygy çuňňur manyly tasnlarda dowam etdi. Milli lybasdaky ýigitleriň we gyzlaryň ornuny häzirki zaman geýimlerindäki tansçylar eýeledi.

Soňra Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň nobaty geldi. Ulagda gurnalan diwarlyklarda öňdebaryjy hususy önümçilik kärhanalary, belli kompaniýalaryň nyşanlary görünýär. Olaryň önümleri alyjylaryň ýokary ynamyna mynasyp bolup, içerki bazarda öz orunlaryny berkitdiler we daşarky bazarlara ynamly aralaşýarlar.

Bazar gatnaşyklarynyň giňeldilmegini, ykdysadyýetiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny ugur edinýän türkmen döwleti telekeçilik işini, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň tşjeňligini hemmetaraplaýyn höweslendirýär. Bu bolsa ýokary hilli we köpsanly önümleriň artmagyny, hususy pudakda öndürilýän harytlaryň görnüşleriniň we türkmen işewürleriniň işiniň netijeliliginiň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Şu ýyl ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalaryna Aşgabat şäherini ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň binalar toplumynyň gurluşygy ynanyldy. Munuň özi örän ähmiýetli we şanly wakadyr.

Soňra meýdançada ak-ýaşyl öwüşginli “Boing” uçary, wagonlaryň düzümi, ak reňkli deňiz gämisi peýda bolýar. Olaryň yzy bilen bolsa “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň, demir ýol edaralarynyň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň işgärleri barýarlar.

Dabaraly ýörişe gatnaşyjylaryň özboluşly lybaslary baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýýar. 2013-nji ýylda bu pudaklaryň durmuşynda hem birnäçe möhüim we iri wakalar bolup geçdi. Howa we suw ulaglarynyň tehnikalarynyň üsti häzirki zaman ulaglary, lokomotiwler we wagonlar bilen ýetirildi. Halkara deňiz menziliniň düýbi tutuldy we “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi Ýewraziýanyň sebitara üstaşyr-ulag aragatnaşyklaryny kemala getirmekde we ony netijeli peýdalanmakda yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny, yklymyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilýändigini alamatlandyrýar.

Awtomobil ulaglary we Aragatnaşyk ministrlikleriniň düzümleýin bölümleriniň işgärleriniň ýörişi bu günki dabarany dowam etdi. Bu pudaklaryň ösdürilmegi hem-de olaryň gazanan üstünlikleri, eýeleýän sepgitleri ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant boldy. Şeýle çäreler ýurdumyzyň baş meýdançyasynda aýdyňlygy bilen çeper beýan edildi.

Meýdançada welosipedçileriň hem-de weloarabalaryň peýda bolmagy bu ýerde şu ýylyň 1-nji sentýabrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýollbaşçylygynda geçirilen welosipedli ýörişi hakyda janlandyrdy. “Wolkikarlaryň” peýda bolmagy şol döwrüň ýakymly pursatlaryny ýatlatdy.

Döwlet münberiniň öňündäki meýdançadan köpsanly türkmen türgenleri geçip başladylar. Olaryň hatarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça milli we halkara ýaryşlarynyň ýeňijileri, olaryň tejribeli tälimçileri bar. Häzirki döwürde türkmen türgenleriniň ygtyýarynda ajaýyp sport toplumlarynyň, stadionlaryň bardygyny bellemeli. Ýakyn wagtda Aşgabatda sebitde iri Olimpiýa şäherçesi peýda bolar.

Münberiň öňünldäki meýdançada ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Olar özleriniň dürli çykyşlary bilen birnäçe görnüşleri emele getirýärler we şu günki dabaranyň depgininiň has-da ýokarlanmagyny, oňa sport hyjuwynyň çaýylmagyny şertlendirdiler. Türgenleriň ýörişi türkmen paýtagtynda Aziýa oýunlarynyň geçiriljek senesini alamatlandyrýan “2017” senesiniň şekillendirilmegi bilen jemlendi.

Ýeri gelende aýtsak, dabaraly ýörişe gatnaşýan toparlaryň iň irileriniň biri-de ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň zähmetkeşler toparydyr. Oňa bu strategiki ulgamyň ähli düzümleýin bölümi gatnaşdylar. Döwlet münberiniň öňünde türkmen topragynyň datly miwelerini, obasenagat toplumynda giň möçberli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň dürli önümleri görkezildi. Bugdaý sümmülleri, gowaça gozalary, ýygnalan hasylyň bolçulygyny alamatlandyrýan şekiller, häzirki zaman oba hojalyk tehnikaldary dabaraly ýörişiň täsirliligini artdyrdy.

Dabaraly ýörişe gatnaşyjylaryň hatarynda “Türkmenpagta” döwlet konserniniň, “Türkmengallaönümleri”, “Türkmen atlary” we “Türkmenmallary” döwlet birleşikleriniň, Suw hojalygy we Tebigaty goramak ministrlikleriniň işgärleri bar. Soňra meýdançada Azyk senagaty döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň işgärleri peýda bolýar. Olaryň diwarlyklarynda türkmen topragynyň sahylygy, biziň ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleriniň dürli görnüşleri görkezilýär.

Soňra meýdançada ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri peýda bolýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasyna milli we dünýä medeniýetiniň gazananlaryny giň köpçülige wagyz etmek, jemgyýetiň estetik ýörelgelerini kemala getirmek wezipesi ynanyldy. Medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegine, döredijilik toparlary üçin ajaýyp şertleriň üpjün edilmegine döwlet tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýär.

Sahna gurnalan awtoulaglar döwlet münberiniň öňünde saklanýar. Şowhunly sazyň astynda sahnalaşdyrylan çykyşlar ýerine ýetirilýär. Onda türkmen şahyrlarynyň keşpleri janlandyrylýar. Pederlerimiziň ýörelgelerini, sungatyny dowam edýän ýaş nesilleriň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Hormatly Prezidlentimiziň beýik işlerini wasp edýän çagalar akkordeonçylar toparynyň çykyşy has-da täsirli boldy.

Dabaranyň şowhunyny meşhur tans toparlary, türkmen estradasynyň belli aýdymçylary alyp göterýärler. Olar belent owaza beslenen aýdymlary bilen milli Liderimize alkyş aýdýarlar. Bu çykyşlar baýramçylyga gatnaşyjylar tarapyndan dabaraly garşylandy. Watandaşlarymyzyň kalplary mähriban Watanymyzyň ajaýyp we bagtly geljegine bolan pugta ynama, agzybirlige bolan buýsanç duýgularyna gaplanýar.

Baýramçylyk ýörişiniň ahyrynda meýdança ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen köpsanly körpeler çykýar. Türkmen döwletiniň nurana umydy we geljegi bolan körpeler özleriniň zehinini we ukyplaryny görkezmek arkaly aýdym-sazly, tansly çykyşlary ýaýbaňlandyrýarlar. Ýaşajyk artistler joşgunly tanslary ýerine ýetirýärler, bagtyýar çagalyk, mähriban Watan, dostluk we nurana arzuwlar hakynda şatlykly aýdymlar aýdylýar.

Şöhratly pederlerimiziň paýhasly däplerini, asylly ýörelgelerini dowam etdirijiler bolan körpe nesillere Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň geljekki ykbaly ynanylandyr. Hut şonuň üçin hem döwletimiz ýaşlaryň döwrebap we ýokary hilli bilim almagy, dürli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanmagy, erkin we bagtly ýaşamagy, döredijilikli hem-de ruhubelent zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleri döredýär we mundan beýläk-de döreder.

Ýurdumyzyň baş meýdançasynda geçirilen dabarany Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, milli Liderimize, mähriban Watanymyza we mukaddes Garaşsyzlyga bagyşlanan “Jan Watanym, Türkmenistan!” atly aýdym jemleýär.

Watanymyzyň merkezinde başlanan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giç agşama çenli dowam etdi we adamlara ýokary ruhy göterilişi, şatlyk we bagt eçildi.

* * *

Şu gün Garaşsyzlyk güni mynasybetli “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde baýramçylyk aýdym-sazly çykyşlar boldy. Oňa paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary we myhmanlary tomaşa etdiler.

Bu aýdym-sazly aýdyň öwüşginli çykyşlar Garaşsyzlygyň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özboluşly senasyna öwrüldi. Belli sahna ussatlary, ýaş artistler, tans we folklor toparlary öz çykyşlarynda bereketli türkmen topragyna gelen ajaýyp döwri wasp etdiler. Ýaňlanan aýdymlarda halkyň abadançylygy we Watanymyzyň gülläp ösmegi, parahat durmuşda bagtyýarlykda ýaşamagy, döretmegi, ähli arzuwlaryň we belent maksatlaryň hasyl bolýan ýurdunda asuda durmuşda ýaşamak üçin edýän yzygiderli aladalaryna milli Liderimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

Tomaşaçylar häzirki döwürde milli sungatyň özboluşly däp-dessurlaryny dowam edýän halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Garaňkynyň gatlyşmagy bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň asmanynda dürli öwüşgin saçýan baýramçylyk feýerwerkleri peýda boldy. Ajaýyp feýerwerk şöhleleri ähli türkmenistanlylar üçin Garaşsyzlyk gününiň şanyna ägirt uly gül çemeni görnüşindäki sowgat boldy.