Ï Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 666
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutanyny mähirli, doganlarça mübärekläp, ony we ähli türk halkyny şu gün bellenilýän Türkiýe Respublikasynyň jar edilen güni bilen gutlady hem-de bagt, abadançylyk we ýurduň gülläp ösmegini arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Abdulla Güli Türkiýäniň baş döwlet baýramçylyklarynyň birine gabat gelýän doglan güni bilen hem gutlady we öz kärdeşine berk jan saglyk, uzak ömür we köptaraply döwlet işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Prezident Abdulla Gül hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, ýene-de bir gezek türkmen halkyny we onuň Liderini ýakynda bellenen şöhratly sene, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygy bilen gutlady, parahatçylyk, hoşniýetlilik we çalt depginler bilen ösüş ýolunda täze üstünlikler arzuw etdi.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary gyzyklanma bildirilen söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalaryň we sebitleýin düzümleriň çäklerinde depginli ösýän döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alyşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebitleýin we halkara syýasatynyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Abdulla Gül halkara gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Türkiýäniň garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen nygtap, türkmen Lideri tarapyndan öňe sürülýän, häzirki döwrüň giň möçberli meselelerini çözmegiň ýollaryny, hususan-da, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berdi, munuň özi iki ýurda dünýä derejesinde netijeli gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berýär. Bellenip geçilişi ýaly, bütin dünýä üçin möhüm bolan bu meseläni çözmäge netijeli çemeleşmeleri hödürlemek bilen, Türkmenistan öz başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň ýolunda, hususan-da, iri halkara forumlaryny, geçirmekde yzygiderli çäreleri görýär. Muňa ýakynda Aşgabatda bolan, Türkiýäniň habar beriş serişdelerinde uly seslenme döreden “Energiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş—ÝHHG-niň geljegi” atly halkara maslahatyny görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyllaryň içinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyçlary ösdürmekde beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen halkynyň doganlyk Türkiýäniň ykdysady ösüş we demokratik özgertmeler ýolunda gazanýan üstünliklerini goldaýandygyny hem-de mundan beýläk-de sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy we rowaçlygy üpjün etmek üçin bilelikdäki tagallalary etmegi maksat edinýändigini nygtady.

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary gönüden-göni ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, gatnaşyklaryň ynanyşmak häsiýetiniň Türkmenistana we Türkiýä diňe bir gazanylan ylalaşyklaryň ählisini durmuşa geçirmäge däl, eýsem, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kemala getirmäge-de mümkinçilik berýär diýen pikire geldiler.

Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, “Türkmenistan we Türkiýe --iki döwlet, bir millet” diýen öňden gelýän ýörelgä eýerip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan türkmen döwletiniň okgunly ykdysady ösüşine öz önjeýli goşant goşýan türk kompaniýalarynyň işine ýokary baha berýär.

Prezident Abdulla Gül halkara gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi bolan ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistana özüniň ähli saparlaryny, şol sanda şu ýylyň maý aýynda bolan döwlet saparyny aýratyn mähir bilen ýatlaýandygyny nygtady, şol saparyň çäklerinde ýakynda sirk sungatynyň Bütindünýä festiwalynyň ýeňijisi bolan meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň täsirli çykyşyny görmek bagtynyň miýesser edendigini, şol çykyşyň özünde ýatdan çykmajak täsir galdyrandygyny aýtdy.

Söhbetdeşler türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljegine ýokary baha berip, döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek we diňe bir iki dostlukly ýurduň däl, eýsem, tutuşlygyna alnanda, ähli sebitiň hem ykdysady taýdan rowaçlanmagyna hyzmat edýän täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek barada biragyzdan pikiri aýtdylar.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn ähmiýetli taslama bolan, Stambulda Bosfor aýlagynyň aşagyndan Ýewropany we Aziýany birleşdirýän suwasty demir ýol geçelgesiniň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen türk halkyny mähirli gutlady. Iki tarapyň hem pikirine görä, hut şunuň ýaly iri möçberli ulag-kommunikasion taslamalar yklymyň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, diýmek, parahatçylygyň we ählumumy howpsuzlygyň esaslaryny berkitmäge hyzmat eder.

Taraplar köpýyllyk hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge özara çalyşýandyklaryny tassyklap, uzakmöhletleýin, deňhukuklylyk esasda guralýan özara peýdaly hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türk Lideri Türkmen döwletiniň Baştutanyny özi üçin amatly islendik wagtda Türkiýä gelip görmäge çagyrdy. Bu çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Taraplaryň ylalaşmagy boýunça saparyň möhletleri diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül iki ýurduň halklaryna abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edip, ýene-de bir gezek iň mähirli arzuwlaryny aýtdylar.