Ï Hukuk meselelerine bagyşlanan halkara maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hukuk meselelerine bagyşlanan halkara maslahaty

view-icon 705
Şu gün Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň mejlisler zalynda biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan hukuk özgertmeleri bilen baglylykda dünýä tejribesini öwrenmäge bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Ýokary kazyýeti tarapyndan Halkara hyzmatdaşlygy boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada hukuk döwletliligine ýardam etmek” atly sebitleýin maksatnamasy bilen bilelikde guraldy. Maslahat esasy türkmen we daşary ýurt hünärmenleriniň biziň ýurdumyzda köpçülikleýin – hukuk meseleleri babatda raýat prosesini has-da özgertmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança öwrüldi.

Maslahata Germaniýadan we Latiwiýadan halkara bilermenler, kazyýet edaralarynyň wekilleri, şol sanda Mejlisiň we Ýokary kazyýetiň, Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň hünärmenleri, belli bir ugurly ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary gatnaşdylar.

Gutlag sözleri bilen çykyş eden Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Wolfgang Brett, şeýle hem GIZ-niň Merkezi Aziýadaky sebit direktory hanym Elizabet Beer kanunçylyk babatda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim hökmünde maslahatyň ähmiýetini bellediler hem-de milli hukuk ulgamyny dünýä tejribesinde umumy ykrar edilen kadalara laýyk getirmek boýunça çäreleriň üstünlikli geçirilýändigini nygtadylar.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, Türkmenistanda amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň maksady Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jar edilen demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmaga tarap alnan ugry kanunçylykda yzygiderli amala aşyrmak bolup durýar. Ol adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanuny ileri tutmak ýörelgelerine esaslanandyr.

Maslahatyň barşynda oňa ýygnananlar milli raýat – iş ýörediş kanunçylygyny kämilleşdirmek, Türkmenistanda administratiw hukuk özgertmelerini ösdürmek babatda esasy ugurlar we meýiller bilen tanyşdyryldy. Bu ugurda daşary ýurt tejribesi hakynda Germaniýanyň Federal administratiw kazyýetiniň kazysy Garold Dýorig, Berlin şäheriniň administratiw kazyýetiniň kazysy jenap Ýorg Pudelka, Latwiýa Respublikasynyň Ýokary kazyýetiniň kazysy jenap Ýanis Neýmanis çykyş etdiler.

Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň we Halkara hyzmatdaşlygy boýunça German jemgyýetiniň netijeli gatnaşyklaryny bellemek bilen, maslahata gatnaşyjylar netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda hukuk ulgamynda gatnaşyklary giňeltmäge özara islegiň bardygyny bellediler.