Şu gün Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleri geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin düýn agşamara Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko resmi sapar bilen türkmen paýtagtyna geldi.
Ýokary derejedäki nobatdaky duşuşyga heniz taýýarlyk döwründe taraplaryň ikisi hem ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde—iri halkara guramalarynyň we abraýly düzümleriniň çäklerinde uzakmöhletleýin netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanmalarynyň gabat gelýändigini hasaba almak arkaly onuň aýratyn möhümdigini bellediler.
1-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede boljak gepleşikleriň ähmiýeti barada aýdyp, olaryň iki ýurduň we halk abadançylygynyň bähbidine gabat gelýän döwletara gatnaşyklarynyň hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine täze itergi bermäge gönükdirilendigini belledi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2012-nji ýylyň aprelinde Minskä amala aşyran resmi sapary türkmen-belarus gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy. Ol türkmen we belarus halklarynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň ýylýazgysyna täze röwşen sahypany ýazdy.
Täze taryhy şertlerde köpugurly hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn alamatlaryny birnäçe ýagdaýlar, ilkinji nobatda, soňky ýyllarda döredilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň saldamly kadalaýyn-hukuk binýady, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň işi şertlendirdi.
Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparynyň öň ýanynda Aşgabatda bu bilelikdäki toparyň nobatdaky, hasap boýunça bäşinji mejlisiniň geçirilendigi bellärliklidir. Onuň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi hem-de ony diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýollary barada gyzyklanma bildirilen özara pikir alyşmalar boldy. Bu bolsa durmuşa geçirilýän birnäçe bilelikdäki taslamalarda, şol sanda, Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyny gurmak baradaky bilelikdäki taslamada öz beýanyny tapýar.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda şu gün geçiriljek duşuşyk hem köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygyny ösüşiň täze belentligine çykarmaga hyzmat eder. Olaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Belarusyň milli gyzyklanmalaryny hem-de döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak arkaly ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan däp bolan gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekiler.